20:12

Gõräýmäge biziñ dünýämiz aýry

GÕRÄÝMÄGE BIZIÑ DÜNÝÄMIZ AÝRY

Bilýän, saña aglak gurjak gerek däl,
Maña şol gurjagy diñdiren gerek.
Gerek wagty gyra çekilip däl-de,
Durmuşda meñ bilen deñ duran gerek.

Saña nesihatçy, dana gerek däl,
Seniñ õz akylyñ özüñe ýetik.
Duýguçylam däl sen, sähel zat üçin,
Ýõreñok sussypes gam-gussa batyp.

Saña takyk däl zat gyzykly hem däl,
Men bolsa olary has artyk sõýýän.
Neneñ sungat bolup galyp bor meger,
Düşnüksiz zatlaryñ lezzetin duýman?!

Hereketi söýýäñ, gaýnap dur ganyñ
Maña seniñ joşgunyñdan ýetenok.
Käte bir-birekden sowaşan bolýas
Bilýäsem barybir karar ýetenok.

Diñe öz düşünjäñ, pikiriñ dogry-
Käte hakykaty diñlemä derek.
Gõräýmäge biziñ dünýämiz aýry,
Şonda-da sen maña, men saña gerek.

Meñli AŞYROWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 687 | Добавил: Nurdan | Теги: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 4.5/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Великому князю Константину Константиновичу и великой княгине Елисавете Маврикиевне / Goşgular - 30.01.2023
Serimsal / Goşgular - 07.01.2023
Годы в былом / Goşgular - 11.02.2023
Эры / Goşgular - 28.01.2023
П. И. Вейнбергу / Goşgular - 08.01.2023
Gabriela Mistraly ýatlap... / Goşgular - 10.01.2023
Obam bilen hyýaly söhbet / Goşgular - 06.01.2023
«Я обращаю речь к вам, выброски природы…» / Goşgular - 06.02.2023
Иная красота / Goşgular - 14.01.2023
Легенда лет / Goşgular - 08.02.2023

Teswirleriň ählisi: 11
1
1 B. Tekäýewa  
Meñli gowy ýazýar. Mundan bäş-alty ýyl ozal şu goşgyny öz okamagynda diňlemek nesip edipdi. @ Nur ýetireniňiz üçin minnetdar. Meňliniň özi girmeýärmikä?

0
9 Nurdan  
100
@Bagtygül, Meñli gelsin diýdiñ, soñam özüñiz görünmediñiz.. Sizem ýazyp duruñ

Meñliden Iñ gowy görýän goşgulamyñ biri şu, okap başlanymdan ýylgyryp başlaýan, öz pikirlerimi okaýan ýaly şu goşgyda

1
2 Мylayym  
83
Gowy goşgy eken.

1
3 Garaýolly  
27
Meñli uyamyzyñ goshgysy gowy eken. Yone Kalba nur uyamyz soñky mahallar name ucin dymyshlyk edyarka? Onuñ ozen-orkuni durmush ,,chajinden" susup alyan,okyjyny'setirleriniñ yzyna dushuryan goshgylary bardy. Oñat shygyrlardy. Uyamyz kopden bari ,,Kitapcyñ"sahypalarynda bashga shahyrlañ goshgylaryny goymak bilen,teswir yazmak bilen gorunip gidyar. Yakyn arada oz goshgysyny goyanyny bilemak. Gormani galan bolsam bagyshlañ. Emma ,,Kitapcyny"her gun diyen yaly bash alty gezek waraklayan. Her nicikde bolsa bu zehinli shahyr uyamyzyñ dymyshlygy ep-esli goshgylar toplumyny, ya-da bir liriki ( epiki bolsa has gowy ) poemany getirip,sowgat berayjege um-ysharat edyan yaly bolup dur. Shahyr uyamyz shol ,,tamamyzy tala dañaymazda herna!".

0
10 Nurdan  
100
@Garaýolly aga, köp sagboluñ, bu teswiriñizi görmändirin, bizi sylany Alla sylasyn,.

1
4 Azady  
225
@Nur, hawa menem bardym şol duşuşukda. Meňliniň şol döwürler ertir.com saydyny okaýany ýadyma düşýär. Biziň kitapçymyzdan habary ýokmyka?

1
5 Gumlygelin  
8
Öz goşgulam barada diýdim.Ýazgylañ gymmaty bolmasa ýüz müñ adamly saýt bolanda näme!?

0
6 Hаwеrаn  
245
@menli9105, Meñli salam, hoş geldiñiz, goşgularyñyzy paýlaşyp okyjylary begendirersiñiz diyip umyt edýäris.

0
7 menli9105  
553
Salam,hoş gördük

0
8 menli9105  
553
Salam,hoş gördük
Goşgulamy nädip goýup bilerin,täze giremsoň düşünip ýetişemok heniz

0
11 Pero  
801
Aýal dogan 4 nji bendi şeýleräk bolmaly:

Hereketi sõýýäñ, gaýnap dur ganyñ
Maña seniñ joşgunyñdan ýetenok.
Käte bir-birekden sowaşan bolýas
Bilýäsem barybir karar ýetenok.

Admin düzedip berse minnetdar borduk.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]