13:33

Görelde. Kitap. Terbiýe

GÖRELDE. KITAP. TERBIÝE

Tak­sä mün­düm. Mü­ne­nim­de­nem te­le­fo­ny­my eli­me aldym-da, okap otu­ran ki­ta­by­my açyp, ba­şy­my gal­dyr­man oka­dym. Swet­la­na Alek­si­ýe­wi­çiň «Sink og­lan­lar» ki­ta­by­dy ol. Ha­ky­kat­dan-da, oňa bir gy­zaň­soň, ba­şy­ňy gal­dy­ra­syň gel­jek däl­di. Sü­rü­ji wag­tal-wag­tal yzy­ny gör­kez­ýän aý­nadan ga­ra­ýan eken. Öýe go­laý­lan uçur­la­rym ol il­kin­ji ge­zek söz gat­dy: «Oýun oý­na­ýaň­my, dost?!». «Ýok, ki­tap oka­ýan» di­ýip, oňa haý­sy ki­ta­by oka­ýan­dy­gy­my, nä­me ba­ra­da­dy­gyny aýt­dym. Gy­zyk­ly ki­ta­ba aşa güm­ra bo­la­nym­da, şu gün­ki ýa­ly, öz ula­gy­my sür­män, bar­jak ýe­ri­me çen­li tak­sä mü­nüp, ki­tap oka­ýan­ly­gy­my aýt­dym…
Me­niň aý­dan bu söz­le­ri­miň ba­ry sü­rü­jä öz be­ren so­waly­na «ha­wa» di­ýen ýe­ke söz­den yba­rat jo­gap bo­lup eşi­dildi öýd­ýän. Ol özü­ni­ňem öle­men oý­na ber­len­di­gi­ni, bir baş­la­sa, hiç go­ýup bil­me­ýän­di­gi­ni aýt­dy. «Ki­tap oka­ýar­lar…» di­ýip, gür­rü­ňe baş­laý­jak wag­tym hem, bar­ma­ly ýe­ri­me ýe­tip, düş­me­li bol­dum. Öýe ge­le­nimden soň hem, bir­hi­li, ol sü­rü­ji bi­len gür­leş­ýän ýa­ly, oňa aý­daý­ma­ly söz­le­ri­mi içim­den gaý­ta­la­dym. Şol köp no­ka­dyň (…) de­re­gi­ne nä­me­ler go­ýup bi­ler­dim?!
Baş­ga-da köp ki­şi­den eşid­ýän ça­ga­la­ry­nyň te­le­fon­da aşa köp oýun oý­na­ýan­dy­gy ba­ra­da. Häl­ki sü­rü­jem aýt­dy ça­gala­ry­na ga­har edip, kä­te el­le­rin­den te­le­fon­la­ry­ny hem al­ýan­dy­gy­ny. Beý­di­bem ça­ga­ny ol en­di­gin­den çürt-ke­sik bo­ýun tow­la­dy­bam bol­ma­sa ge­rek. Se­bä­bi ola­ryň gö­rel­de­si öňün­de-dä: ka­ka­la­ry gal­man te­le­fon­da oýun oý­na­ýan bolsa, ça­ga­lar hem şeý­le edäý­me­li, me­niň pi­ki­rim­çe. Nä­mä­ni ga­da­gan et­seň, ça­ga-da şo­ňa be­ter me­ýil­li bor­ly-da…
Ýi­git çy­kan og­ly bi­len ka­ka­sy­nyň ça­ga ter­bi­ýe­si ba­ra­daky söh­bet­le­ri­ni okap­dym bir­çak. Ol wagt hä­zir­ki ýa­ly tele­fo­nam ýok bol­ma­ly. Ka­ka­sy: «Ça­ga­kaň men sa­ňa her ag­şam ir­gö­zin ýat­ma­gy sar­ga­ýar­dym. Sen bol­sa he­mi­şe öz di­ýe­ni­ňe tut­ýar­dyň. Ahy­ry men ota­gyň çy­ra­sy­ny öçü­rip gaý­dar­dym. Şon­da sen nä­me iş­le­ýär­diň?». Og­ly: «Ba­ry­bir men wag­ty bi­len ýa­typ bil­mez­dim. On­soň her gi­je tä uky gö­zü­mi bü­räý­ýän­çä, ýor­ga­ny­ma bü­re­nip, onuň aşa­gyn­da ki­çi­jek çy­ra­jy­gy­my ýa­kyp, ki­tap oka­ýar­dym…» di­ýip­dir. Ka­ka­sy: «Sen şon­da çy­ra­nyň ba­ta­re­ýa­la­ry­nyň hiç ha­çan çök­me­ýän­di­gi ba­ra­da, heý, oý­la­nyp­my­dyň…» di­ýip­dir. Bu ýer­dä­ki köp no­ka­dyň (…) de­re­gi­ne «Men ony her gün tä­ ze­le­ýär­dim» di­ýen söz­le­riň bol­ma­ly­dy­gy hem­mä düş­nük­li bol­sa ge­rek.
Oýun­lar­dan ün­sü­ni so­wup, ça­ga­da ki­ta­ba bo­lan hö­wes dö­ret­mek üçi­nem, şol ka­ka­nyň­ky ýa­ly­rak usul­la­ra ýüz­lenil­se, ýer­lik­li bol­sa ge­rek…
Şu zat­la­ry ýaz­dym-da, he­ni­zem hy­ýa­lym­da häl­ki tak­si­çi bi­len gür­le­şip otu­ran ýa­ly, «Göw­nü­ňe al­ma­we­ri, dost!» di­ýip, ula­gyň ga­py­sy­ny ýa­pan ýa­ly, dep­de­ri­mi ýap­dym hem-de ki­ta­by aç­dym…

Orazmyrat MYRADOW.
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 177 | Добавил: MмС | Теги: Orazmyrat Myradow | Рейтинг: 3.0/2
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]