00:42

Gören-eşidenimizden habar bersek: Homeýni

III. HOMEÝNI

Ymam Homeýni ýigriminji asyrda yslam äleminde dörän iň beýik şahs bolsa gerek. Onuň goýup giden edebi mirasynyň, eden işleriniň, wesýetleriniň hem-de pähimleriniň bir bölejigi bilen tanyş bolanyňda-da şeýle pikire geleniňi özüň hem duýman galýarsyň.
Ol Allanyň birdigine, Muhammet aleýhiwesselemiň Onuň resulydygyna, şyga mezhebiniň hem dünýäde adalatly, sosial deňligi berkarar etmek hem-de ynsan päkligini saklamak, ysnan derejesini belende götermek üçin ýeke-täk dogry ýoldugyna bütin durky bilen ynanan adam. Sowet döwründe “ösen sosializmiň” habar beriş serişdeleri (asylly neşirleri hem) Homeýnini yslamyň köne däplerine tutunýan, barypýatan, aňrybaş fundamentalist diýip suratlandyrýardylar. Häzir hem günbatarda bu pikire tutunýanlar az däl bolsa gerek. Ýöne meniň pikirimçe, Homeýni hezretlerine beýle baha bermek hakykata ol diýen bir dogry gelenok. Ymam Homeýniniň yslamyň köne ýollaryna tutunyp, ony dikeltmek ugrunda göreşeni, şerigat esasynda döwlet gurany hakykat. Ol yslamyň ýörelgelerini hem dikeldipdir. Eýranda başy, aýagy, bilegi açyk maşgala görjek gümanyň ýok. Ýöne bu onuň goýup giden mirasynyň daş görnüşi. Dogrudan hem şäherde ýas tutýan ýaly şar gara geýnip ýören aýal-gyzlara gözüň düşende ilki kelläňe gelýän pikir hem şol bolýar.
Ýöne Eýran Respublikasynyň döwlet gurluşyna, onuň konstitusiýasyna pugta üns berseň onuň yslamy döwrüň talaplaryna ýakynlaşdyranlygyna, yslama özşekilli täze bir röwüş berendigine göz ýetirmek kyn däl. Konstitusiýa yslama tutunýan, onuň kadalaryny berjaý edýän bendelere ýeterlik demokratiýa berýär. Bu konstitusiýa yslama şek ýetirmezden öz dinlerine uýýan beýleki din wekillerine sosial deňligi yglan edýär. sosial deňligi üpjün etmek üçin konstitusiýada birnäçe institut göz öňünde tutulýar. Ol institutlardan iň möhüminiň biri Yslam Sowetiniň mejlisi. Nu maslahatyň wekilleri konstitusiýa boýunça gizlin ses bermek arkaly saýlanmaly. Ol ýurduň esasy parlamenti. Ol konstitusiýanyň dogry ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek baradaky Geňeş bilen bilelikde Eýran Yslam Respublikasynda kanun çykaryjy funksiýalary hem ýerine ýetirýär.
Elbetde, gazet sahypasynda edilýän bir çaklaňja gürrüňde Homeýni ýaly beýik şahsyň ähli eden hem-de etmäge ýetişmedik işlerine dogry baha bermek mümkin däl. Ýöne biz aýdanlarymyzyň üstüne Ymam Homeýniniň “Doýar-dolary bolmaz, ezilýän halk köpçüligini gysyp-gowurýan zalym kapitalizmi sylamyň ykrar etmeýändigi-hä beýlede dursun, eýsem ony ýazgargar hem, ony sosial adalatlylyga garşy gelýär hasap edýär. Yslam gurluşy jemgyýetçilik eýeçiligini ykrar edip, şahsy eýeçiligi ykrar etmeýän kommunistik, marksçy-leninçi düzgüne-de meňzemeli däldir, bu gurluş aramy bolup, ol çäkli eýeçiligiň hem-de (girdejiden) çäkli peýdalanmagyň çäklerinde şahsy eýeçiligi ykrar edýär” diýip, geljek nesillere wesýet edip gidenligini hem göz öňünde tutsak, meger, şonda okyjylarymyza onuň näme isländigi barada azda-kände, belli bir derejede düşünje berip bileris.
Yslam rewolýusiýasy ýeňenden soňra Ymamyň ýaşan hem işlän ýeri bolan Jemarana barýarkam awtobusda oturan ýerimden köçelerdäki aýal-gyzlary synlap, bu beýik şahsyň aýdanlaryny hem-de edip giden işlerini kellämde bir-bir aýlaýardym.
Jemaran dag içinde ýerleşen, howasy salkyn ýer. Göze ilginç kaşaň jaýlar bolmasa-da, bu ýeriniň ýurduň wezipeli hem-de belli adamlarynyň ýaşaýan ýeridigini aňşyrmak kyn däl. Awtobusdan düşüp, biraz ýöränimizden soňra darajyk köçäniň burçunda duran esgerler bizi garşy alýarlar. Birdir-ikidir kitap satylýan kiçijik dükanlaryň duşundan geçdik. Ýaşyl reňk çalnan agaç haýatyň boýuny syryp, biraz ýöränimizden soňra çepe öwrüldik. Ine, şu ýerde-de Ymam Homeýniniň ýaşan hem işlän jaýyny görkezdiler.
Töweregindäki jaýlar bilen deňeşdireýin diýsem, bu töwerekde agyz dolduryp gürrüňini eder ýaly üýtgeşik jaý hem ýok. Bu bir howlynyň burçuna gysylyp oturan çaklaňja jaý. Boýy biziň adaty jaýlarymyzyň boýy ýaly, depesinde üçegi barmy-ýokmy üns bermändirin. Megerem, ýok bolsa gerek, sebäbi bu ýerdäki jaýlaryň köpüsinde üçek ýok.
Ýşbiz, gelen adamlar, Homeýniniň ýaşan jaýyny görmek üçin nobata durýarys, howlynyň içine on-on bäş adamdan bölüp goýberýärler. Sebäbi hemmämiz birden onuň içine sygjak däl.
Howlynyň eýlesi-beýlesi, bolaýsa, on metr, bolmasa, onça-da ýok. Howlynyň gaýra çeti bir diwary durşuna diýen ýaly aýna tutup duran otag. Onuň ini-boýy bolaýsa, dört-bäş metr çemesi. Aýdyşlaryna görä, Ymam bu jaýda-da kireýine oturan bolarly.
Otagyň içiniň bezegi jaýyň daş görnüşinden hem sada. Onuň içindäki bar goşy bir kreslo, güllüje göwşüldän düşekçe, kitap okalýan, hat ýazylýan tekje, öýde geýilýän mata şypbyk. Biz bu zatlaryň baryny otagyň aýnasyndan synladyk. Otagyň içine goýberenoklar, goýberäýenlerinde-de ol erde başga görer ýaly zat ýok.
Homeýni barada onuň dosty hem hyzmatkäri Şyh Mahmyt gürrüň berýär. Ol gürrüň berip durka käwagt erbet bozulýar. Biz bilen bu ýere zyýarata gelen bosniýaly ýaş ýigit onuň gürrüňini diňläp, ýarym-ýaş bolup aglady. Mahmyt Şyhyň özi biziň Türkmenistandan gelenimizi eşidip, näme üçindir has-da bozuldy.
Bu beýik şahsyň durmuşy talaplarynyň sada bolandygy barada oýlanyp, pikire batyp durun. Terjimeçi: “Käwagt men oňa çaý gaýnadyp bererdim, käwagt hem ol maňa gaýnadyp bererdi” diýip, Mahmyt şyhyň sözlerini terjime edende öz ýanymdan Ymamy beýik sahabalar bilen deňeşdirenimi hem duýman galypdyryn.
Soňra biz Homeýniniň ýaşan ýeriniň ýakynyndaky metjitde bolduk. Ol ýerde bize gürrüň berip durkalar wideokanaldan Homeýniniň ölmeziniň üç-dört sagat öň ýanynda namaz okap oturan ýerini görkezýärler. Ol seždeden çep goluna daýanyp, zordan galýardy, galandan soňra hem şol goluna daýanyp, yraň atyp oturan ýerinden namazyny dowam edýärdi.
Soň onuň ölümi, jaýlanyşy, ony ahyrýet ýoluna ugratmaga gelen sansyz mähelle...
Soň bize Ymam Homeýni barada köp gürrüň bererler, her hili Gurhan okaýyş agşamlary bolar. Ymam Homeýniniň ýüzi nurana agtygy Seýit Hasan Homeýni hem çykyş eder. Ýöne mundan beýläk nirede bolsam hem, näme diňlesem hem şu kiçijik jaý, aglamjyrap gürrüň berýän harryja hyzmatkär, çep elini ýere diräp zordan seždeden başyny göterýän Ymam Homeýni, ekram bilen arada toplanyşyp oturan üst-başlary gara geýimli aýallar hiç wagt meniň gözümiň öňünden gitmedi...
Bu kadrlar häzir hem gözümiň öňünden janly ýaly geçip dur. Bu ýagdaýda bolsa gürrüňi dowam etmek kyn. Gowusy, gürrüňi ýene bir amatly güne goýaýyn.
Категория: Ýol ýazgylary | Просмотров: 193 | Добавил: Haweran | Теги: Setdar Garajaýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Ýol ýazgylary bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]