14:59

Gören-eşidenimizden habar bersek: Kum

V. KUM

Kum Maşatdan soň Eýranyň iň uly dini merkezleriniň biri. Ol Tährandan günbatarrakda 160 kilometr daşlykda ýerleşýär. Bu şäherde bize takmynan ýüz segsen müň adam ýaşaýar diýip aýtdylar. Olardan aglabasy şyga mezhebini tutunýan musulman.
On iki (ýazyksyz) ymamlar döwründen bäri bu şäheriň ilaty şu mezhebe tutunýanlaryň esasy daýanjy bolup gelipdir. Ymam Reza (Gyzyl ymam) görnükli alym hökmünde bu ýerde uly ynama giren eken. Onuň abraýy uly bolansoň, Mamun halyf ony wezir edip öz ýanyna, Arabystana alýar. Ýöne Ymam Rezanyň köp sanly tarapdary bu ýerde galýar. Soňra Ymamyň uýasy Fatyma (lakamy Magsuma bolan) saý-sebäp bilen Arabystandan öz ýurduna gaýtmaly bolanda Ymamyň tarapdarlary Kuma gelenden soňra gozgalaň turzarlar öýden halyf nökerlerine haýsy-da bolsa bir ýol tapyp, Magsumany öldürmeklerini buýurýar. Hezreti Magsuma hem Kuma ýetenden soňra uzak ýatman, bu ýerde dünýäden gaýdýar. Ozaly bilen guburynyň üstüne gümmez galdyrýarlar, soňra guburynyň ýanynda metjit gurýarlar, soň bu ýeri medrese bolýar. Şeýdip kem-kemden bu ýeri şyga mezhebiniň dini merkezine öwrülýär. Magsuma bärik gelmezinden öň hem şyga medeniýeti bu ýerde güýçli bolupdyr.
Magsuma jaýlanandan soň bu ýeri pygamber neslini (şygalar dini atalar diňe pygamber nesli bolmaly diýip düşünýärler) özüne çekýän magnite öwrülip, ylma bolan höwes hasam möwjäp, kem-kemden ylmyň gaýnap duran ojagyna öwrülýär. Bu ýerde ylym kä pese düşýär, kä möwjäp galýar, şeýlelik bilen Kum şygalaryň medeniýete baý, dini miraslary öwrenilýän, wagyz edilýän ylym merkezi bolýar.
Ymam Homeýniniň kakasy hem ylymly adam bolan, ýöne ol ylmy bu ýerde däl-de Nejepde alypdyr. Homeýni atly şäheriň atly alymlarynyň biri bolupdyr. Döwlete garşy iş alyp baranlygy üçin gajarlar dinastiýasynyň hakynatutma jellatlary ony Ymam Homeýni bäş aýlyk çagaka öldürýärler. On bäş ýaşynda Ymam Homeýni ejesinden hem jyda düşýär. Ýetim galan çaga hossarlaryndan biri terbiýe berýär. Şeýlelik bilen Ymam Homeýniniň çagalygydyr ýaşlygy öz dogduk şäherinde geçýär.
Ymam Homeýni ýedi ýaşynda Gurhany ýatdan bilýän eken. Soňra Homeýni Arak diýlen şäherde meşhur yslam alymy Haýeriniň elinde sapak alyp, biliminiň üstüni ýetirýär.
1921-nji ýyla çenli Kum dini ulamalaryň yslamy hem-de medeniýeti öwrenýän güýçli merkezine öwrülýär. Homeýni hem bu herekete gatnaşýar, bu ýerde ylymdan ýüküni tutup, filosofiýada, şergi teswir etmekde we beýleki ylymlarda uly öňe gidişlik gazanyp, arap dilinde ençeme kitap ýazýar. Mahlasy, 1925-nji ýylda ol öz döwrüniň atly dini alymlarynyň hataryna goşulýar.
Muhammet Reza Pehlewiniň şalyk süren döwründe Homeýni çylşyrymly wakalary başyndan geçirýär. Ol Muhammet Pehlewiniň halka zulum edýän režimine garşy birinji bolup baş göterýär. Ony 1963-nji ýylyň 5-nji iýuny daňdan sagat üçde patyşa hökümetiniň nökerleri tutýarlar. Bu habar ýyldyrym çaltlygynda şähere ýaýraýar. Halk şol günüň özünde basgy bolup şäheriň köçelerine çykýar. Bu gozgalaňy patyşa hökümetiniň nökerleri birehimlik bilen ýatyrýarlar. Gozgalaňdan soňra Ymam Homeýnini tutup sürgün edýärler, ynamyndan dänderjek bolup synanyşyp görýärler. Netijede ol Watanyny terk edip, daşary ýurtlarda ýaşamaga mejbur bolýar. Ol şol ýerden hem patyşa hökümetiniň halka edýän zulumyny paş edip, çykyşlar edýär, öz sesini magnitofon lentalaryna ýazdyryp, ýurduna iberýär, halky patyşa režimine garşy göreşe aýaga galmaga ruhlandyrýar. Onuň uzak ýyllara çeken göreşi 1979-njy ýylda halkyň ýeňşi hem-de Eýranda Yslam Respublikasynyň berkarar edilmegi bilen tamamlanýar.
Biziň şu günki barjak ýerimiz hem Ymam Homeýniniň ömrüniň bir bölegini okap hem işläp, göreşip geçiren şol şäheri.
Ýol gowy. Ýoluň iki tarapynyň hem şol öňki görnüşi, ýöne ýörän ýollarymyz öňki ýaly tutuş ak ekin däl, ýorunja, bag ekilen meýdanlar hem duş gelýär. Ýoluň birki böleginde uzakda şorluk bolaýarly aksowult düzlük hem görnüýär. Öňki geçen ýollarymyzda beýle görnüşler gabat gelmeýärdi.
Kuma 25 kilometr galanda ýoluň gyralarynda onda-munda üsti üçekli, üçegem şifer bilen örtülen jaýlar gabat gelip başlady.
Kuma ýetenimizde şäher häkimi öňümizden çykyp garşy aldy.
Kumda Feýziýe (uly) medresesini synlanymyzdan soňra, Azaliýe metjidine bardyk. Onuň içinde zyýarata gelen adam biçak köp. Hezreti Magsumanyň mazarynyň başy durşuna goh-galmagal, her kim bu zyýada zenanyň guburyna elini ýetirip, ony ýüzüne sylmaga çalyşýar. Metjidiň beýleki jaýlarynda-da Gurhan okap oturan, namaz okaýan, jaýyň içinde dürli şekilde oturanlaryň san-sajagy ýok. Bu ýerde biziň metjitlerimizdäki ümsümlik ýok.
Ymam Homeýniniň 34 ýyl mundan owal ýaşan, okan jaýynyň atmosferasy Azaliýe metjidiniň gohundan soňra ümsüm görünýär. Bu sadaja salnan jaýa biziň delegasiýamyz gyslyşyp oturanymyzda-da sygmady. Biz bilen bile aýlanyp ýören gürgenli türkmen Hallygylyç (ýörgünli ady Hajy müdül ahun) müjewürleriň aýdanlaryny terjime edip berýänçä biz bir käse-bir käseden çaý berdiler. Müjewürleriň aýdan zatlaryny men esasan şu gürrüňimiň başynda getirdim. Bir goşmaly zat – Ymam Homeýni bu jaýda bary-ýogy sekiz ýyl ýaşapdyr, ýöne ol Homeýniniň syýasy göreşe baş goşan ýyllaryna gabat gelýär. Megerem, bu ýyllar onuň ömrüniň iň bagtly ýyllary bolan bolsa gerek diýip çaklamaga mümkinçilik berýär.
Homeýni özünden soňra maddy miras galdyrmandyr. Ymam Homeýniniň ogly Ahmet kakasy dünýäden gaýdandan soňra bu jaýy hem döwlete, il-güne bagyş edýär. Ol Yslama tutunyp dünýäniň ähli problemalaryny çözüp boljakdygyna bolan berk ynamyny öz halkyna-da miras goýup gidipdir. Ol halkyna musulman dinine tutunmagy, özbaşdak bolmagy, günbatara-da, gündogara-da öýkünmezligi, hiç bir döwlete bakna bolmazlygy, ýurduň özbaşdak ykdysadyýetini döretmegi, ony berkitmegi wesýet edipdir.
Homeýniniň ölen gününiň sekiz ýyllygyna bagyşlanan uly dabara onuň jaýlanan ýerinde bolup geçdi. Onuň guburynyň üstüne uly gümmze galdyrylypdyr. Giň giden meýdany tutup duran bu meýdanda medrese üçin niýetlenen jaýlar gurulýar. Onuň gurluşygy şindi gutarylmandyr. Şol gurluşygyň giň howlusynyň içinde-de bu dabara gatnaşýan halkyň öňünde Ymam Homeýniniň ynamdar egindeşi, Yslam rewolýusiýasynyň baştutany Aýatolla Hamaneý çykyş etdi. Onuň sözüni diňleýän mähelle ymgyr kändi. Olar wagtal-wagtal ellerini depelerine urup, gygyryşýardylar. Men öz ýanymdan Homeýniniň pikirleriniň halkynyň aňyna mäkäm ornap, ýüreklerinde orun tutmagyny Ýaradan Biribardan diledim.
Hormatly okyjy. Ymam Homeýni bilen baglanyşykly Eýrana edilen syýahat baradaky söhbetimiz uzagraga-da çekdi. Biz ony gazetimiziň indiki sanynda jemlemekçi. Söhbetimiziň üçünji bölüminde biz Ymam Homeýniniň sözlerinden mysal getiripdik. Şol mysala redaksiýanyň käbir işgäriniň säwligi bilen nätakyklyk ornaşypdyr. Getirilen mysalyň birinji sözlemini şu aşakdaky ýaly edip okamagy sizden haýyş edýäris: “Doýar-dolary bolmaz, ezilýän halk köpçüligini gysyp-gowurýan zalym kapitalizmi yslamyň ykrar etmeýändigi-hä beýlede dursun, eýsem ony ýazgarýar hem, ony sosial adalatlylyga garşy gelýär hasap edýär”.
Категория: Ýol ýazgylary | Просмотров: 142 | Добавил: Haweran | Теги: Setdar Garajaýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Ýol ýazgylary bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]