23:38

Görenem dälsiñ...

GÖRENEM DÄLSIÑ...

Barýaryn men ýene öňki ýol bilen,
Gursagym heserli, kalbym ýaraly.
Belki-de, sen entek görenem dälsiň,
Gözün ýaşlap, gamgyn goşgy ýazany.

Gün-günden kütelip barýar görejim,
Her gün gije ak kagyzy nagyşlap.
Şeýle bir mähriňi duýasym gelýär,
Ýeke sözde bilmesem-de bagyşlap.

Aýdyp ýetişmedik sözlerim, yşkym,
Ýüregimden paýrap-paýrap dökülýär.
Şu gün "Söýýän!" diýip, adam nämüçin,
Ertir bolsa munuň üçin ökünýär.

Meňzeýärin menem şolaň birine,
Söýgi, ökünç... gatym-garym bolupdyr.
Düşünşime görä, meniň bu söýgim
Wah-eý, seniň rahatlygyň bozupdyr.

Aglap goşgy ýazmagymy bes edip,
Seniň rahatlygyň bozmajak borun.
Güller açylypdyr,
ýöne olardan
Seniň üçin çemen bogmajak borun.

...Barýaryn men ýene öňki ýol bilen,
Gursagym heserli, kalbym ýaraly.
Belki-de, sen entek görenem dälsiň,
Gözün ýaşlap, gamgyn goşgy ýazany,
Hemem yşky üçin şeýdip ýanany.

Ogultäç ORAZTAGANOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 353 | Добавил: Мylayym | Теги: Ogultäç Oraztaganowa | Рейтинг: 3.8/5
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

«Великий день Кирилловой кончины…» / Goşgular - 13.02.2023
Nirede sen, jenanym? / Goşgular - 01.01.2023
Sözüň güýji / Goşgular - 07.01.2023
Одиночество / Goşgular - 25.01.2023
«Плещут в море волны…» / Goşgular - 22.01.2023
Встреча / Goşgular - 12.01.2023
Преосуществление / Goşgular - 18.01.2023
Tümlük, içgepletme hem-de ýekelik / Goşgular - 22.01.2023
Отцветшая краса / Goşgular - 01.02.2023
Başym saňa sadaga / Goşgular - 06.01.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]