09:12 Gorkmagy öwrenmek / hekaýa | |
GORKMAGY ÖWRENMEK
Düşegine düşen düşdüş oglanjygy elheder aldyrdy. Ol zyňlyp galdy-da, ylgap barşyna telewizoryň öňünde gyşaryp ýatan kakasynyň arkasyna gysmyljyrady. Gorkusyna süňňi bilenem galpyldaýar. -Nämmoll-ow, owlum?! -Möý. Etmelisi... Belli. Etmedi. Etmelisi ýaly etmäň deregine, dogry bolmalysy ýaly edip, oglanjyga dözümli darady: -Şy war-a, dagy-duwara möýden gorkaýsaň ahmal bolmagyň! Bolýamy?! Kakasyndan eýmenen oglanjyk: “bolýa” diýen terzde ýuwaşja baş atdy. Şeýdibem möýden gorkusynyň üstüne ýene-de üç gorkyny öwrendi: Birisi, haraý hantama bolup gelseň, kakaňdan gorkmagy; Ikinjisi, möýden, galyberse-de başga-da nämedir bir zatdan gorkýandygyňy özge birine bildirmekden gorkmagy; Ýene biri, möýden ýa başga bir zatdan gorkmakdan gorkmagy... | |
|
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |