17:33 Gorkýan men | |
GORKÝAN MEN Seni indi söýmäge-de gorkýan men, Içimden gaýtalap söýgi sözlerin. Öňem yşkdan ýanan bir gowy şahyr diýer eken:"Entek-entek sönmerin!". Saňa indi duşmaga-da gorkýan men, Duýgularym gider elem-tas bolup. Gursagymda göterdigim armanlar, Gözlerimden akar durar ýaş bolup. Seni indi ýatlamaga gorkýan men, Özüme gadagan edip söýmegem. Söýgä düşünmeýän kişi özünden özgeleri söýen däldir, söýmezem. Saňa indi bakmaga-da gorkýan men, Ýyldyrym kibidi otly nazarym... Gamda galan täleýimi yzarlap, Ýatlama öwrüler barça ýazanym. Seni indi goramaga gorkýan men, Özümiňem häzir mätäç zadym ol. Yşkdan başym sämäp parlaýyp ýörkäm, Ýokdy senden hiç bir aýry zadymam. Saňa indi "jan" diýmäge gorkýan men, Ýetişmerin öýdüp nokat goýmaga. Eýämden çoh hoşal bordum, bir pursat tapylsa bu ýaşaýyşdan doýmaga. Seni indi yzlamaga gorkýan men, Assa-ýuwaş barýarys biz ýat bolup. Goý, güýzi ýüregi ýananlar söýsün, Bu dünýäde ýaşa baky ýaz bolup. Saňa bir zat diýmäge-de gorkýan men, Sözlerim ýürekden çykmasa aglar. Başymyzdan sypan bolup bu durmuş, Bizi entek ýene kän gezek aldar. ...Seni indi söýmäge-de gorkýan men, Ol göwnüme gudrat ýaly bir zatdy, Ol göwnüme jady ýaly bir zatdy... Ýöne halyma-da rehm eýlemän, Wah, ol meni juda kän-kän aglatdy, Ýanyp duran otdugyny aňlatdy. ...Joşup gelýän duýgymdanam ürkýän men, Çünki seni söýmäge-de gorkýan men! Ogultäç ORAZTAGANOWA. | |
|
√ Dagdaky ot hakynda / Goşgular - 08.01.2023 |
√ «Не говори мне, что ты любишь меня!..» / Goşgular - 12.02.2023 |
√ «Скала к скале; безмолвие пустыни…» / Goşgular - 07.01.2023 |
√ Графу А.В.Олсуфьеву / Goşgular - 14.01.2023 |
√ Н.Ф.Щербине / Goşgular - 04.02.2023 |
√ Watan / Goşgular - 07.01.2023 |
√ «Моя земля хранит покой…» / Goşgular - 09.02.2023 |
√ Duýgularym / Goşgular - 10.02.2023 |
√ Sözüň güýji / Goşgular - 07.01.2023 |
√ «Рожь вокруг волновалась… и шелест стеблей…» / Goşgular - 29.01.2023 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |