17:24 Goşa ganat -2: goşgular | |
ÖŇE, DIŇE ÖŇE, ARKADAG BILEN!
Ganat ýaýan wagty halkyň ykbaly, Öňe, diňe öňe Arkadag bilen! Döwür bolan däldir bu döwür ýaly, Öňe, diňe öňe Arkadag bilen! Bagt türkmeniň ykbalyna zynatdyr, Ruhlarymyz belent, kalplarmyz şatdyr, Garaşsyzlyk, Bitaraplyk — ganatdyr, Öňe, diňe öňe Arkadag bilen! Bir göwrä öwrülip, uýup bir Başa, Buýsanyplar diýýäs Arkadag ýaşa! Beýik işler bilen menziller aşa, Öňe, diňe öňe Arkadag bilen! Hak işlerin baky ýazyp ýadyna, Dünýä aşyk Arkadagyň adyna, Tizligmizi deňäp bedew badyna, Öňe, diňe öňe Arkadag bilen! Maksadymyz aýdyň, ýollarmyz ýagty, Türkmen heniz görmändi beýle bagty, Ykballaryň patrak deý güllän wagty, Öňe, diňe öňe Arkadag bilen! ARKADAGYMYZYŇ ŞADIWANLARY Her jümlesi nakyl, umman deý many, Arkadagymyzyň şadiwanlary. Ruhy dünýämiziň höregi — nany, Arkadagymyzyň şadiwanlary. Gatlarynda türkmen arypy söýlär, Şöhratly geçmişiň tarypyn söýlär, Beýik Ýüpek ýoluň taryhyn söýlär, Arkadagymyzyň şadiwanlary. Oguz nesillerniň asly beýikdir, Milli miraslaryň waspy beýikdir, Ylma teşne göwünlere seýikdir, Arkadagymyzyň şadiwanlary. «Ile döwlet geler bolsa...» saz geler, Bagşy joşup, göwünlere ýaz geler, Medenýeti wasp edende saz geler, Arkadagymyzyň şadiwanlary. Tiriberseň dok maňyz deý sözlerin, Bada-bat açylar köňül gözleriň, Görkezer pederleň keşbin-ýüzlerin, Arkadagymyzyň şadiwanlary. Ýigitlermiz mert pederlere meňzär, Atalarmyz misli Görogla deň är, Eneleri mukaddeslige deňär, Arkadagymyzyň şadiwanlary. «Döwlet guşy» gonup halkyň başyna, Bagtly iliň bal goşuldy aşyna, Hemmeleri jem eýläpdir daşyna, Arkadagymyzyň şadiwanlary. Okasaň taparsyň islän zadyňy, Wasp edýär döwrümiň bedew badyny, Dünýä doldurandyr türkmen adyny, Arkadagymyzyň şadiwanlary. Şaýat bu gün dünýäň ýakyn-yragy, Tizligimiz ýada salýar Byragy, Düýne buýsanç, ertirleriň çyragy, Arkadagymyzyň şadiwanlary. Köpugurly işler durmansoň çakda, Bardyr saglyk hakda hem sport hakda, Ulag ýollarydyr ägirt port hakda, Arkadagymyzyň şadiwanlary. Bu gün seýran edip ýakyn-alysy, Jahany aňk edýär türkmen halysy, Diýýär hiç ýerde ýok onuň ýalysy, Arkadagymyzyň şadiwanlary. Durmuşdyr, birdenkä ýoňlasaň eger, Ot-çöpe taý derman tapylmaz, meger, Melhem ösümlikleň salgysyn berer, Arkadagymyzyň şadiwanlary. Der bilen dert çykar, der berer gök çaý, «Çaý — melhem hem ylham», ýokdur oňa taý, Diýer içgilerde çaýdyr göwnejaý, Arkadagymyzyň şadiwanlary. Türkmen Watan diýip goýar janyny, Dost üçin gaýgyrmaz hanymanyny, Arşa ýetirendir bedew şanyny, Arkadagymyzyň şadiwanlary. «Atda wepa-da bar, sapa-da» diýip, «Türkmen alabaýy» mertlikde beýik. Millilige teşne kalplara seýik, Arkadagymyzyň şadiwanlary. Ýüňi ýüpek ýaly saryja goýun, Gör-ä, täsinligne hemmeler boýun... Kalbyňa ganat biýr okadyksaýyn, Arkadagymyzyň şadiwanlary. «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», Hoş owaza beslär belendi-pesi, Däp-dessurda dünýäniň göreldesi, Arkadagymyzyň şadiwanlary. Her sözünden duýup soňsuz bagty biz, Guwanýarys — «Garaşsyzlyk — bagtymyz». Has belent ruh berýär okan çagtymyz, Arkadagymyzyň şadiwanlary. Göýä çözülen deý paýhas bujagy, Sözleri bezeýär bagtyýar çagy, Alawladýar her öýi — her ojagy, Arkadagymyzyň şadiwanlary. GUTLY DIÝARYMA ÝENE GUT GELDI Peşgeş bolup her ojaga, kendime, «Türkmen alabaýy» — gorly gut1 geldi. Kalpdan ýer berseňiz wesýet-pendine, Diýersiňiz: «Göýäki Gorkut geldi!». Alabaýyň tohumynyň päkligne, Tutluşsa güýjüniň aňryçäkligne, Wepada, mertlikde ýeke-täkligne, Okap görüň, jedelsiz subut geldi. Şir syraty, agras edebi bilen, Haýran eder sagdyn bedeni bilen. Halkymyzyň haly, bedewi bilen, Gymmatyn deňesem hutma-hut geldi. Eger garşysynda gören apaty, Eýesne bermekçi bolaýsa şaty. Hemmeden öň duýup howply pursady, Wepaly it alabaý ur-tut geldi. Arkadagym — halkymyzyň danasy, Göwhere deň her sözüniň manysy. Bu eserniň paýhas merjen dänesi, Bugdaý kelam bolup tylla küt2 geldi Her jümlesi meňzeş şuglaly Güne, Ele alsaň imrindirer özüne. Keremli kelama teşne il-güne Paýhasyny paýlamakda jut3 geldi. Pelsepewi sözler bezäpdir için, Bu kitaby bagra basmajak neçün?! Ruhy islegmizi gandyrmak üçin, Ertekiden çykyp altyn hut4 geldi. Arkadagyň zehin-azaby bilen, Dörän pelsepewi kitaby bilen, Alabaýyň waspynyň çawy bilen, Gutly Diýaryma ýene gut geldi. 1. Gorly gut — gönezlik bagt. 2. Küt — çäç. 3. Jut —sahylyk. 4. Hut — balyk. TÜRKMENISTAN — PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ WATANY Halk islegin wysal edip, Arkadagym täze ýyla at dakdy: Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany. Bu adyň manysy ýetik, göwünlerde dostluk çyrasyn ýakdy, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany. Arzuw eýläp bütin dünýä, özara ynam hem parahat durmuş, Mertebe münberne münýä, jahan içre doganlyk ýolun gurmuş, Ertirler nurly görünýä, geljegini dost-doganlykda görmüş, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany. Parahatlyk, ynanyşmak — ozaldan baş arzuwy gadym halkyň, Arzuwyň miwesine bak, bütin dünýä saçýar şuglaly ýalkym, Bilýäs Arkadag ýoly hak, şol hak ýolda beýik işlere galkyn, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany. Milli däplere eýerip, mydam peder pendine gulak salýa, Ynsanperwer kömek berip, goňşy halkdan kän-kän alkyşlar alýa, Öz halkyna ganat gerip, Arkadagym bagtyň saýasyn salýa, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany. Garaşsyz, baky Bitarap döwletim dünýe içre şöhratlydyr, Adamzat bähbidin arap işleýän Lider abraýly-atlydyr, Ýagty ertirlere tarap gadamlarmyz ynamly hem batlydyr, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany. 01.01.2021 ý. ÝYLYŇ ADYNA BUÝSANÇ Taryhy şanly döwletimiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany. Bedew batly gadamlarymyz bagtdan paýly ertirlere tarap, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany. Gysym gumy duz dek mukaddes, bu toprak känim, baýlygym-barym, Görsem diýp her kim eder höwes, jennete bäs edýär gül Diýarym, Milletiň sesine goşup ses, joşup hem buýsanyplar diýýärin — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany. Sabalary hoştap howaly, her säher nurly Günüm dogup dur, Sahy ýer ýok bu toprak ýaly, göwsünden nebit-gazym çogup dur, Artar iliň döwleti-maly, her gün rysk çemenini bogup dur, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany. Obalar günsaýyn özgerip, ruhubelent daýhanlar galkynýar, Işlänsoňlar ýeňşe gol berip, her ugurda buýsançly galkym bar, Diýýän ägirt işleri görüp, Arkadagyň ýolunda ýalkym bar, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany. Altyn önýän atyzlara bak, traktorlar gije-gündiz müňzeýär, Bu topragyň sahylygy hak, ýere sepen her dänäň müňleýär, Daýhanyň burçak deri birçak, zer damja öwrülene meňzeýär, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany. Arkadagly işleriň germi, durnukly ösüşleriň nyşany, Nazardan düşürmän bir ýerni, gurşady bagta bezäp çar ýany, Ginnesiň kitabynda orny, artdy dünýe içre şöhrat-şany, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany. Kalbymyz dek giň ýollarymyz, uzap dünýäň halklaryna sary, Gül açyp bu ykballarymyz, dostluk küýseýär bütin Ýer şary, Has öser durmuş hallarymyz, dost bolup päkniýet halklaň bary — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany. Çet ýurduň raýatlary görüp, halkyň gadym milli sungatyny, Aňk boluşyp hem-de ör turup, synladylar behişdi atymy, Dostlugyň sakasynda durup, medenýet göterdi şöhratymy, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany. Şükürimiz kän, biziň ilde, sagdynlyk, rowaçlyk hem ylym bar, Nusgalyk däplerimiz dilde, binýady berk edim hem gylym bar, Akyl serde, güýç-gurbat bilde, şow işlere badalga ýylym bar, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany. Eşret deňzini boýlamyzsoň, bagtyýarlykdan ýaňlanýar gülki, Her ýeňşimizi toýlamyzsoň, sepgit belent düýnküden bu günki Diňe dostlugy oýlamyzsoň, ýolumyz dünýä nusgadyr, çünki Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany. Ykbal bagt sazyny çalansoň, tarynda ýokdur hiç hili düwün, Pällerimiz düzüw bolansoň, Arşyň depesinde gaýýar göwün, Bütin jahana ýaň salansoň, zemin halklary diýýärler bu gün — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany. Ýurt asuda, ilimiz erkin, kalpda Watana peýdaly pişe höwes eýläp işleýär her kim, gujur-gaýratly hem çulum işe, Synlap Diýaryň gözel görkün, diýýän Arkadag bilen hemişe — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany. 17.01.2021 ý. DÜNÝÄ SALAM — TÜRKMENISTAN! Bitaraplyk ýolunda haýyr işlere berip şan, Dünýe içre şugla saçýan nurly daňyň atany. Hoşniýetli dostluga şaýol salan Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany. Adamzat bähbidin arap, gowulyga berip ýan, Milli ýolundan ýöräp, asla goýbermez hatany. Elmydam asudalyk sazyn çalan Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany. Gör, milli Liderimize ynamly garap çarýan, Alkyşlaýar halklary dostluk bagyna çatany. Dünýe içre abraýy arşa galan Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany. Başlangyjy parahatlyk hem-de ynama narwan bolup, dünýäň ösüşlerne gatanjyny gatany. BMG-de mynasyp orun alan Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany. Zerur bolsa Watan üçin gaýgyrylmaz şirin jan, Söýülýändir bu Watan, söýen dek ene-atany. Dagdan arkam hem sarpam, gorag galam Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany. Arkadagyň ýoly dürsdür, dost-doganlyga barýan, Ol ýol bagta atarar ýalňyzy, gama batany. Hemmä gowulyk isläp sözlär kelam Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany. Arkadagyň arzuwy — Zemin bolsa bagy-bossan, Ýer ýüzüniň ynsanlarnyň arşa göterler şany. Hemmä gowulyk isläp dünýä salam, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany. 02.01.2021 ý. BU ÝYL Ýok edip zeminiň doňakçylygyn, Dünýäni gurşajak howa bor maýyl. Çünki «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» bu ýyl. Bitaraplyk ýoly dünýä nep bolar, Ynam bolan ýerde şer iş dep bolar, Bir-birege goldaw-haýyr köp bolar, Äşgär bor ak daňyň atany bu ýyl. Parahat durmuşda el berip ele, Ynanyşyp, zähmet çekseler bile, Gitmän bir döwletiň azaby ýele Öserler, bolmaz hiç batany bu ýyl. Daýhan göge galkyndyryp göwnüni, Zähmet çekse, bolman sözden dönümi. Ýerden köp öndürip dürli önümi, Has-da artar daşa satany bu ýyl. Dowam bolup gadym pederleň ýoly, Mätäje uzansoň sahawat goly, Tüýs ýürekden alkyşlar sagu-soly, Haýyr işe gatanç gatany bu ýyl. Bogazy berk gysylyp bet gylygyň, Ýaýylar nusgasy adamçylygyň, Çünki «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» bu ýyl! 03.01.2021 ý. ŞÜKÜRIM KÄNDIR HER DEMDE Beýik işlere buýsanyp, Hyjuw joşanda bedende, Diýýän gözel Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany, Täze ruh, jandyr her demde. BMG-niň münberinden, Arkadag çykyş edende, Bitarap ýurt Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany, Belent sarpamdyr her demde. Gulluk iş sapary bilen, Çet döwletlere gidemde, Ajap mekan Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany, Dagdan arkamdyr her demde. Topragyny togap kylyp, Özüne sežde edeňde, Garaşsyz ýurt Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany, Güýçdür, gurbatdyr her demde. Arkadagyň ýyl atlarnyň, Ylhamy kalba ýetende, Berkarar ýurt Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany, Şükürim kändir her demde. Ýyl adyndan ybrat alsa, Düzeler betpäl, gedem-de. Sebäp eziz Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany, Haka çelgidir her demde. 03.01.2021 ý. BEÝIK ÝÜPEK ÝOLY — ARKADAG ÝOLY Ykballara nurly şuglasyn saçdy, Beýik Ýüpek ýoly — Arkadag ýoly. Bagt bolup öýleriň gapysyn açdy, Beýik Ýüpek ýoly — Arkadag ýoly. Ösüşleri bilen goýup haýrana, Watanym beslendi şöhrata-şana, Kalbyňa hyjuw biýr çyksaň seýrana, Beýik Ýüpek ýoly — Arkadag ýoly. Awtoulag, demir ýollary gurup, Dünýä gujak açýas, gollarmyz gerip, Öňe alyp barýar bagtdan paý berip, Beýik Ýüpek ýoly — Arkadag ýoly. Göwünler ýyldyzlaň deňinde gaýýar, Milli miraslary gymmatlyk saýýar, Şöhratly geçmişiň tarypyn ýaýýar, Beýik Ýüpek ýoly — Arkadag ýoly. Owaz bolup göwünleriň taryna, Gapy açdyk päk niýetliň baryna, Dostlarmyzy elter öýüň törüne, Beýik Ýüpek ýoly — Arkadag ýoly. BEÝIK ÝÜPEK ÝOLY BILEN! Türkmen Zemine dolandyr, Beýik Ýüpek ýoly bilen. Gatnaşyp, dogan bolandyr, Dünýäň sagy-soly bilen. Gala-kentler bardyr ýüzläp, Goýnunda kän syry gizläp, Geçmişiň ýumagyn çözläp Gür berer düz-go:ly bilen. Kerwenler ýol geçipdirler, Jeýhun suwun içipdirler, Soň ugruny seçipdirler Amulyň sag-soly bilen. Amuldan alansoň azyk, Ýerden sogrulyp kän gazyk, Kerwen ýöräp demirgazyk, Ýol söküpdir maly bilen. Hanha, öňde Daýahatyn, Bakylyga ýazyp adyn, Baglan eken asly zatyn, Beýik Ýüpek ýoly bilen. Soň Ürgenje ýol salypmyş, Piri bardyr üç ýüz altmyş, Duşup ak pata alypmyş Kubra deýin a:ly1 bilen... Kerwen ýollar çarýan uzap, Gyrasyny kentler bezäp, Görmezden kän agyr güzap, Gündogaryň ýoly bilen Barypdyrlar Zemm şäherne, Bazarynda bardyr herne, Kä üzlüşip, zikge ýerne Çiniň ýüpek, şaly bilen Kerweniň gelen sabasy, Üýtgäp şäheriň howasy, Gyzypdyr bazar söwdasy, Bezirgenleň maly bilen. Bir kerwen Merwe aşan, Bazarlary dolup-daşan, Dabarasy daglar aşan, Şaý-seplerdir haly bilen. Bolup parahatlyk ýaňy, Düňňürdände kerwen jaňy, Nurlanypdyr Sarahs daňy, Hindiň zerbap şaly bilen. Ondan soňra Mäne, Änew..., Şükür, kentlerimiz kän-ow. Uzaltsaň, uzar bu sanaw, Dehistanyň ýoly bilen. Gadym Nusaý, Paryzdepe, Soň biraz sowulyp çepe, Kent baryny geçe-geçe, Pederleriň ýoly bilen. Kerwenbaşy — ussat sarwan, Uly suwa galman haýran, Ýol çekdi Ýewropa barýan, Deňziň gaýyk-saly bilen... Ondan bäri kän ýyl geçip, Halklar gürleşip, geňeşip, Gurýarlar ýoly birleşip, Ýürekleriň ýoly bilen. Ýollar uzap dünýä sary, Göýäki tamdyraň tary, Gyzyklanýar halklaň bary, Dutar-gyjak, haly bilen. Jahana çyksam-da seýle, Görmen gözelligi beýle, Guwanmagy nesip eýle, Uzak ömür saly bilen. Ýüpek ýoluň ýüregi diýp, Uly-kiçiň geregi diýp, Watanmyzy jandan söýüp, Barýas türkmen ili bilen — Arkadagyň ýoly bilen! 1Aly — ýokary, beýik, belent. ARKADAGYMYZYŇ HOŞNIÝET ÝOLY Halkyň ykbalyny arşa göterýär, Arkadagymyzyň hoşniýet ýoly. Ýürek arzuwmyzy dünýä ýetirýär, Arkadagymyzyň hoşniýet ýoly. Diýlişi deý ýagşy sözler gala:mdyr, Göwünleriň köprüsi hoş kelamdyr, Ýer ýüzüne köp dogaýy salamdyr, Arkadagymyzyň hoşniýet ýoly. Dosta sary aýdym bolup, saz bolup, Ugur alýar tok bolup ýa gaz bolup, Howany maýladýar misli ýaz bolup, Arkadagymyzyň hoşniýet ýoly. Täzeçe dikeldip Ýüpek ýoluny, Halklara uzadyp dostluk goluny, Birleşdirýär dünýäň sagu-soluny, Arkadagymyzyň hoşniýet ýoly. Mätäç görse ýardam bermäge taýýar, Türkmen häsiýetin äleme ýaýýar, Baran ýerne ýagşylyk nurun çaýýar, Arkadagymyzyň hoşniýet ýoly. AK BUGDAÝYM AK BAGTYMDYR, ŞANYMDYR Bu gün pederleriň kesbin ýöreden, Gallaçyň şanyna ýaňlanýar aýdym. Rysgal çäjimizden daglar döreden, Daýhana diýýäris: «Gözüňiz aýdyň!». Ak bugdaýym ak bagtymdyr, şanymdyr, Kalby päk daýhanyň derinden önen. Desserhanymdaky mele nanymdyr, Uly-kiçiň mukaddesligne dönen. Guwanjy il-günüň guşgursak galla, Dünýä döräp, ynsanlaryň aşy ol. Ak bugdaý ýylsaýyn artar enşalla — Ýerden önýän baýlyklaryň başy ol. Ylham berýär halal zähmet daýhana, Ýere yhlas etseň bolmaz armanyň, Ak bugdaýyň ýurdy beslendi şana, Köpetdagdan has beýgelip harmanyň. Bu gün size diýýäs sözleriň gowsun, Atlarňyzy ýazýarys biz zer bilen. Gallamyz köpelip barýar her möwsüm, Türkmen bagryn badan eken ýer bilen. Guşgursak galla baý eziz Diýarym, Nanymyz bol, saçaklarmyz dolup dur. Ak patasy Gahryman Arkadagyň, Bugdaý bolup atyzlardan çogup dur. Alkyş aýdýar, hoşal adamlaň bary, Lebz edip, sözünde duran daýhana. Ahal, Balkan, Daşoguz hem-de Mary, Lebap gallaçysy beslendi şana! Bu ýeňiş ertire badalga bolup, Has batlansyn Arkadagly gadamlar. Türkmen mydam ýeňiş sazyny çalyp, Bir-biregi gutlap ýörsün adamlar! Iýul, 2019 ý. LEBABYM Amyderýaň mele suwundan gana, Topragyň sahydyr, gözel Lebabym! Suwuň hem-de howaň şypadyr jana, Tebigatyň ajap gazal, Lebabym! Berekede baýdyr Jeýhun kenary, Boldur pagta, bugdaý, alma, enary... Daýhanlaryň ümzügi öňe sary, Ýeňişli günlerden bezel, Lebabym! Artdyryp kuwwatly tehnikaň sanyn, Arkadag göterýär daýhanyň şanyn. Bir mahallar ekin eken daýhanyň, Guraly bolupdyr azal, Lebabym! Indi ol döwürden göçensoň oba, Gün şuglaly dogýar her säher-saba. Halal zähmet deň görülýär ynsaba, Işjanlydyr halkyň, gözel Lebabym! Amulda derýadan iň uly geçit bolansoň, kerwenler üstüňden geçip, Beýik Ýüpek ýoly rysgy bol seçip, Gülledipdi seni ozal, Lebabym! Öň akan ýerinden akansoň aryk, Arkadagly halkyň bagty daş ýaryp, Ömür sürýär ykballara bal garyp, Indi günleň aýdym-gazal, Lebabym! Ýaşyl Tugumyzy çykaryp Aýa, Dostluk ýolun çekip ýörüs çar taýa. Mawy ýangyjymyz akýar Hytaýa, Ýer göwsünden has köp gaz al, Lebabym! Gözellik gurşansoň bütin barlygy, Açyk asman — halkyň bagta ýarlygy. Beýle ajap döwri — bagtyýarlygy, Gören däldir hiç kim ozal, Lebabym! Zähmetkeş iliň bar, belent sarpaly, Bagt deňzinde ýüzýär ömürleň saly. Arkadagdan goldawlysyň — arkaly, Özgerip, ýene-de bezel, Lebabym, Ertirleri has-da gözel, Lebabym! Iýun, 2021 ý. «ÝÜPEK ÝOLY» MONUMENTI Şuglasy dür-göwhere taý, Bezegleri tüýs göwnejaý, Many-mazmuna juda baý, «Ýüpek ýoly» monumenti. Howa, deňiz, demir ýoly, Asfalt ýol — ulagdan doly, Birleşdirýär sagy-soly, «Ýüpek ýoly» monumenti. Meňzäp tamdyraň taryna, Ýollar uzar Ýer şaryna, Ak pata olaň baryna — «Ýüpek ýoly» monumenti. Buşlap bagtyýarlyk çagyn, Boýlap otyr bagt bagyn, Ylhamydyr Arkadagyň «Ýüpek ýoly» monumenti. TOPH TASLAMASY TÜÝS BAGTA TAÝ ZAT Gyşyň sowuk donun syran fewraldan, Baharyň ysynyň kükeýän çagy. Arkadagyň yhlas-aladasyndan, Şine ýardy dostlugyň täze bagy. Türkmen topragynda kök uran bagyň, Goly goňşa, başy uzar asmana. Ol gol berekediň bulagy bolup, Gyzgyn mährin berer Owganystana. Gysga däldir asla bereketli gol, Hem-de egsilerli däldir ýylysy. Soň Pakistan sary salyp nurly ýol, Ataş bolup çoýar bütin ulusy. Ýene uzar nur bolup hem nar bolup, Ýol salar nazarlap ýeriň ýagşysyn. Türkmen mähri baran ýyly öýlerde, Joşdy:r hindiň aýdymçysyn-bagşysyn. Oguz ýüreginiň ýylysyn paýlap, Ähli öýe ýeter menziller aşa. TOPH taslamasy tüýs bagta taý zat, Bagta güzer salan Arkadag ýaşa! 23.02.2018 ý. DOSTLUK ÝOLY SERHETABAT — TURGUNDY Gurluşygna Arkadagym bat beren, Dostluk ýoly Serhetabat — Turgundy. Halklar bir-birege gujagyn gerer, Her iş bolsa dost ýerne durup indi. Ertirlere has ynamly gararys, Otlularyň ýük çekişin görüp indi. Zerur günde bir-birege ýararys, Goldaşyban, dost ýerine durup indi. Beýik Ýüpek ýoluň täzeçe keşbi, Polat ýolum Serhetabat — Turgundy. Sogap işler bilen öňe gideris, Arkalaşyp, kän desgalar gurup indi. Kynçylygy dag daşy deý pytrada, Gurulypdyr Serhetabat — Turgundy. Geň galyp üç aýda dörän gudrata, Seredýärler kä ýöräp, kä durup indi Ýol rysgal seçýändir baran ýerine, Il asuda, parahatlyk durgundyr. Geljegine nazar salsaň sebitiň, Döwletler berkarar, halklar gurgundyr. Bir-birin goldaýan goňşy döwletleň, Ösüşine bir seredip duruň indi. Altyn halkasyna öwrüler sebtiň, Dostluk ýoly Serhetabat — Turgundy. 23.02.2018 ý. ARKADAGA SAGBOL AÝDÝARLAR Dünýä türkmenleri Diýara gelip, Arkadaga alkyşlaryn aýdýarlar. Özlerni Watanly, Hossarly bilip, Arkadaga alkyşlaryn aýdýarlar. «Ata Watan ruh berýär bize» diýip, «Topragyny sylýarys ýüze» diýip, Dünýä türkmenleri bagtdan don geýip, Arkadaga alkyşlaryn aýdýarlar. Bulak bolup teşneleri nemlänsoň, Watan küýsänleriň derdin emlänsoň, Bar türkmeni bir saçaga jemlänsoň, Arkadaga alkyşlaryn aýdýarlar. Ata ýurduň asuda daňy üçin, Dünýä dolan parahatlyk ýaňy üçin, Mätäçlere berýän ýardamy üçin, Arkadaga alkyşlaryn aýdýarlar. Baky bagta tarap türkmeniň ugry, Şatlyk bolup çogýar dideleň nury, Dikeldensoň gadym däbi-dessury, Arkadaga alkyşlaryn aýdýarlar. Görensoňlar durmuşynyň ýazyny, Dadyp bagtyň nygmatyny-nazyny, Dünýä ýaýyp bagtyýarlyk sazyny, Arkadaga alkyşlaryn aýdýarlar, Howandara sagbolsunlar aýdýarlar. «ROWAÇ» GÄMISINE BUÝSANÇ (Döwrüň iň kämil innowasion enjamlary bilen enjamlaşdyrylyşy hem-de daşky görnüşi taýdan ýeke-täk «Rowaç» ýolagçy gämisiniň Hazaryň türkmen kenaryna gelen günündäki buýsançly täsirden dörän setirler) Görkün görüp haýran galdym, buýsandym, Gojaman Hazaryň zynaty, «Rowaç»! Aklygyny deňziň ak guşy sandym, Göýä, gämileriň ganaty, «Rowaç»! Duramsoň esli wagt seredip oňa, Göwnüm joşa geldi begençden ýaňa, Ýüzer bezeg berip her agşam, daňa, Işleň rowaç alýan halaty, «Rowaç»! Nusgalykdyr rahatlygy, päkligi, Buýsançlydyr suwda ýeke-täkligi, Misli durmuş ýollarmyzyň aklygy, Şeksiz bagtyň kaddy-kamaty, «Rowaç»! Gün nuruna şugla saçyp ýalkymy, Yzynda tans oýnar deňiz tolkuny, Döwrüň ruhy oň tizligi, galkymy, Hyýalymda misli suw aty, «Rowaç»! Türkmeniň ak arzuwlary mysaly, Doganlyk-dostlugyň nyşany ýaly, Arkadagyň ak arzuwnyň wysaly bolup, öňe sary ýüz batly, «Rowaç»! 09.08.2019 ý. TÄSIN SERGI (Türkmenbaşy halkara deňiz portunda guralan dünýäde ilkinji «Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisini we «Türkmen sährasy — 2019» atly halkara awtosergisini synlanymdan soň sere gelen setirler) Kämil ylmyň ösen döwrüne laýyk, Öň hiç ýerde görülmedik sergi bi. Üýşürlip önümler, dürli harytlar, Diwarlyklar gerilmedik sergi bi. Ýöne monitordyr led-ekranlarda, Ýetilen sepgitler görünýär aýdyň. Şonuň üçin ony innowasiýaň, Ýeten belentligi — gudraty saýdym. Täsin sergiň başky iki bölümi, Sanly ulgam hem innowasiýalar. Olar barha çuň ornaşyp durmuşa, Geljek günlermize şuglasyn salar. Möçber taýdan juda ägirt serginiň, Dürli önüm ýene iki bölümi. Bu ýerde myhmanlar haýran galyşyp, Synlaýarlar halylaryň gölüni. Görüp işewürleň dürli önümin, Hoş bolýarlar olaň ajap hilinden. Bu sergä gelipdir işewür bary, Sebitiň hem dünýäň dogan ilinden. Dürli şaý-sep, ýeňil awtoulaglar, Döwrüň ýyndamlygnyň nyşany ýaly. Barça myhmanlaryň ünsün egleýär, Bu serginiň her bölümi, her zaly. Kämil tehnikalar hem ýük ulaglar, Gözüň dokundyryp, bolup dur hatar. Bol hasyl almaga, ýük daşamaga, Olaryň ýardamy, kuwwaty ýeter. «Türkmen sährasy — 2019», Halkara sergi hem täsindir, täsin. Köp bolansoň waspy şygra sygardan, Aýdyp geçdim olaryň diňe käsin. Ýöne şuny welin hökman aýtmaly, Bu sergi Watanmy arşa göterer. Arkadagyň hem-de türkmeniň adyn, Has belent şöhrata-şana ýetirer. 11.08.2019 ý. HAZAR YKDYSADY FORUMYNA Arkadagyň başlangyjy ýol alyp, Hazar ykdysady forumy geçdi. Sebite däl, bütin dünýä ýaň salyp, Hazar ykdysady forumy geçdi. Günbatardan hem-de ilerimizden, Myhmanlar geldiler dost illermizden, Awazada saýrap dillerimiz deň, Hazar ykdysady forumy geçdi. Milli Lider çuň manyly söz sözläp, Tekliplerin aýtdy alysy gözläp, Ençe sowallaryň çözgüdin çözläp, Hazar ykdysady forumy geçdi. Arkadagym bu forumyň başlygy, Has ýakyn bor indi ýurtlaň daşlygy, Ösdürip global hyzmatdaşlygy. Hazar ykdysady forumy geçdi. Ýaýjak bolsak milli aýdym-sazy, ýa Çäkden çykarmakçy bolsak gazy, ýa Köpri gurup Ýewropa hem Aziýa, Hazar ykdysady forumy geçdi. Kümüş tolkunlaryň oýny ne ýeser, Oýarýar kalplarda mizemez heser, Diýdirip deňiz ýol hem söwda öser, Hazar ykdysady forumy geçdi. Çözgütlerin eýläp haýra-yhsana, Nepini ýetirer her bir ynsana, Türkmen ýurdun besläp şöhrata-şana, Hazar ykdysady forumy geçdi. 12.08.2019 ý. TÜRKMEN TELEKEÇILERI Arkadagdan arkalydyr, Türkmen telekeçileri. Il içinde sarpalydyr, Türkmen telekeçileri. Saýlap alan ýoluňyz düz, Işlerňize buýsanýas biz. Bu gün köpe nusgalyk siz, Türkmen telekeçileri. Gurup gözel binalary, Il bähbitli desgalary. Şat dilleriň senalary, Türkmen telekeçileri. Ekin ekse boz ýerlere, Toprak eçilýär nerlere. Meňzeş daýhan pederlere, Türkmen telekeçileri. Saýlap nahallaryň hersin, Bag dörediň, dünýe görsün. Ýyl-ýyldan köp hasyl bersin, Türkmen telekeçileri. Kän öndürip miwe, maňyz... Tekjeleri doldurdyňyz, Bazarlar siziň aýnaňyz, Türkmen telekeçileri. Milli senedi ýöredip, Görende guwanç döredip, Ýaşaň, kalplarda ýer edip, Türkmen telekeçileri. Köpeldip balygy, ma:ly, Işlänleň gurat bor haly. Hazyna barmy guş ýaly? Türkmen telekeçileri. Halalyň kalby suwludyr, Işleri mydam şowludyr, Arkadagdan goldawlydyr Türkmen telekeçileri. Ak mermer binalaryň iň köp gurlan şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen paýtagtymyza hem-de onyň aýry-aýry desgalaryna, gymmatlyklaryna buýsançdan dörän goşgular 1. AK ŞÄHERIM, AŞGABAT! Ak şäherim hemmä gujagyn açýar, Kalby deý päkdir ol türkmen halkynyň. Şuglazar gijeler çar ýana saçýar, Älemgoşar öwüşginli ýalkymyn. Hemişelik Bitaraplyk paýtagty, Ertirlere dostluk ýodasyn salýar. Rowaç tapdy gadym milletiň bagty, Il-günüm eşretden paýyny alýar. Mymyk bulutlaryň böwrüni gäde, Ak mermer binalar asmana galyp. Şöhratlandy ady bütin dünýäde, Ginnesiň kitabyndan orun alyp. Arkadag gurdurýar goýman kemini, Binalaň hiç birin salman gözünden. Agtarsam-da bu gojaman Zemini, Taýyny tapmaryn ýeriň ýüzünden. Ýaşy ýüz kyrk, özi juwan paýtagtym — Aşyklaň kalby deý gözel, görkana. Şeksiz bildik nämedigini bagtyň, Ak mermer şäherde ýaşap erkana. Maý, 2021 ý. 2. PARLA SEN! Türkmeniň çuň paýhasyndan dörediň, Umytlary hasyl edip, parla sen! Gözelligne älem haýran, serediň, Ulus-iliň bagty bolup, parla sen! Meşhur bolduň giň jahana aýlanyp, Tuglar içre dursuň mydam saýlanyp, Owal bäş göl, soň zeýtuna şaýlanyp, Garaşsyz, Bitarap bolup, parla sen! Aý-ýyldyzlaň mydam nur saçsyn ile, Bu gün arşa galdyk ýaşyl Tug bile. Ysnyşyp daşyňa, öwrüldik sile, Jebisligiň keşbi bolup, parla sen! Ösüşlerni asyrlara deň bilen, Ýürek alkyşlaýar pyşyrdym bilen, Asuda şemalda pasyrdyň bilen, Parahatlyk sazyn çalyp, parla sen! Ýüz otuz üç metr belende galyp, Ginnesiň kitabyndan orun alyp, Halkyň gursagyna synmaz erk salyp, Mydam iliň ruhy bolup, parla sen! 3. TÄSIN SUW ÇÜWDÜRIMLER TOPLUMY Myhman bolup uçar bilen, Geleni mährine çoýýan, Heýkelleriň toplumy bar, Hemmäni haýrana goýýan. Oguz hanyň degre-daşyn, Dolap dur alty goç ogly. Hersi bir deräniň şiri, Gözlerinde türkmen dogmy. Uçardan düşen myhmanyň, Ilki gözün egläp durlar. Jebisligiň keşbi bolup, Egni-egne deňläp durlar. Göýä seçeleýän ýaly, Oguz hanyň paýhas dürün. Heýkelleri gurşap durlar, Ýigrim ýedi suw çüwdürim. Beýle suw çüwdürimleriň Hiç ýerde bolmansoň taýy. Ginnesçiler kitabyndan, Beripdirler oňa paýy. 4. OGUZ HANYŇ ÝYLDYZY Dagyň belent gerşinde, Bina bolan telediň, Ünsüni egläp otyr, Näbelediň, belediň. Gözelligne buýsanyp, Söýünç bilen serediň. Çünki Ýeriň ýüzünde, Ýeke-täk bu telediň. Sekiz burçly ýyldyzy, Babamyz Oguz hanyň. Belentde şugla saçýar, Beýgeldip türkmen şanyn. Şol ýyldyzdan ýaýraýan, Tolkyn ýeriň ýüzüne, Türkmen sesin ýetirýär, Zeminiň dag-düzüne. Ol ses bütin halklary, Çagyrýar dost bolmaga. Asudalykda ýaşap, Bagtyň sazyn çalmaga. Agzybir, jebis iliň, Eşret bardyr alynda. Diýip, dünýä görkezýär, Watanmyň mysalynda. Ýene dünýä ýetirýär, Arkadagyň sözlerin. Onsoň äpet ýyldyzdan, Aýyrmarsyň gözleriň. Oguz hanyň ýyldyzy, Dünýä dolan çawyndan. Mynasyp orun aldy, Ginnesiň kitabyndan. 5. «ÄLEM» MEDENI-DYNÇ ALYŞ MERKEZI Işden aryp, dynç almaklyk isleseň, Paýtagtymda ýer kändigi mälimdir. Medeni-dynç alyş merkeziň biri, Hem kaşaň, hem gözel bina «Älemdir». Bu binaň içine giren badyňa, Gözellige has-da joşdurar yşkyň. Daşy ýapyk aýlaw çarha münseňiz, Synlap bilersiňiz paýtagtyň keşbin. Ak binalar şugla saçyp çar ýana, Göwnüňizi al-asmana göterer. Binaň içindäki täsin görnüşler, Sizi älem giňişligne ýetirer. Şonda synlap asman täsinligini, Syýahat eden dek borsuňyz Marsa. Aýagňyz zeminde bolsa-da şol wagt, Göwnüňiz guş bolup göterler arşa. Beýik hem-de ýapyk aýlawy bilen, Haýrana goýansoň synlan her kesi. Giripdir Ginnesiň meşhur neşirne, «Älem» medeni-dynç alyş merkezi 6. HEM ÇEPER, HEM ULY NYŞANY ATYŇ Paýtagtymyz täsin binalar bilen, Her gün saýyn gözelleşýär üýtgeşip. Çünki ýurt ýüregin aklyga öwren, Arkadagyň her desgasy üýtgeşik. Şonuň üçin ol desgalar bada-bat, Orun alýar Ginnesiň kitabyndan. Ahalteke atyň çeper keşbi-de, Nyşan bolup ýurduň bedew badyndan. Olimpiýa şäherçesini bezäp, Hol belentden alyslara bakyp dur. Milli däbe sarpasy çensiz halkym, Oň boýnuna alaja bag dakypdyr. Hiç kim biparh geçmez onuň deňinden, Aýak çekip synlar, durlap nepesin. Äpetligi bilen bezäp otyr ol, Olimpiýa stadionnyň depesin. «Ahalteke bedewniň çeper keşbi, Hem-de iň ullakan nyşany atyň» — diýip, Ginnesçiler ykrar edensoň, Bezeýär ol meşhur kitabyň gatyn. 7. IŇ ULY GÖL Gözel Aşgabadyň Halkara howa menziliniň ýolagçy binasynyň. Depesinde görüp iň uly göli, Doňup galşy ýolagçylaň käsiniň Täzelik däl ýa-da bir geň waka däl, Sebäp olar görmändi beýle göli. Uçardan ol göli synlan adamlaň, Kalby gözelleşýär äpet göl ýaly. Şeýdip, ol göl heniz uçarda wagty, Gözellik eçilýär ähli ýürege. Gözellik ornansoň ýürek töründe, Hormat-sylag artýar birek-birege. Diýmek, dünýäň binagärlik kesbinde, «Iň uly göl» diýlip tanalsa-da ol. Halkyň ruhy dünýäsiniň keşbinde, Ynsan ýüreklerne salýar ajap ýol. Ol göl uly türkmeniň göwni deýin, Ol göl gözel ýüregi dek halkymyň. Ginnesiň rekordlar kitabyn bezäp, Oň şuglasy dünýä saçýar ýalkymyn. 8. TÄSIN HOWUZ Suwda ýüzmek sagdynlyk, Bedene gujur-gaýrat. Ýüzüberseň bilersiň, Güýjüň barýanyn ýaýrap. Günbe-günden bedeniň, Sagdynlaşar, taplanar. Suwda ýüzseň endamyň, Ähli dertden saplanar. Sport şäherçesinde, Bardyr howzuň täsini. Onuň bilen hiç howuz, Edip bilmez bäsini. Iň uly üsti ýapyk Suwda ýüzüş suw howzy. Suwy maýyl hem dury, Göýäki süýdüň owzy. Ekologiýa taýdan, Arassa materiallar. Ösen enjamlar bilen, Üpjündir ähli zallar. Ol howuz Ginnesçileň, Pikirlerniň jeminde. Kitaba girizilýär, Taýy ýok diýp zeminde. 9. HALY — TÜRKMENIŇ KALBY Gözbaşyny alyp Oguz döwründen, Öwşün atýar — türkmeniň kalby göýä. Ruhuň götär assaň öýüň böwründen, Eger ýere ýazsaň, ýaz geler öýe. Nepis çitimlerde beýanyn tapdy Ilimiň geçmişi — durmuş kyssasy. Barçalaň kalbyna gözellik sapdy, Eli çeperligiň kämil nusgasy. Üzňe däldir asla il ykbalyndan, Reňki, göli, her çitimi manydyr. Kalbynyň owazy tutuş bir halkyň — Müňýyllyklar içre şöhrat-şanydyr. Lowurdysy gül bahardan gönezlik, Ylla, gülälekli meýdan mysaly. Çelgidir dost-doganlyga gözellik — Dünýäde ýaz bolup aýlanýar haly. Gelin-gyzlaň yhlasy siňen halyň, Her öýdümi kalp owazly gazalmyş. Äpet halyň owazasy dag aşyp, Waspy Ginnes kitabyna ýazylmyş. 10. WELOSIPED SPORTY BOÝUNÇA IŇ KÖPÇÜLIKLEÝIN SAPAK Gülleýän, gül açýan rowaç Watanda, Sagdyn durmuş boldy bize ýörelge. Welosiped sürüp, dürli maşk edip, Sportda Arkadag hemmä görelde. Dünýäň gözi gidýär ussatlygyna, Tigirli geçende uzak arany. «Ekologik taýdan arassa» diýip, Liderimiz tigri etdi ýarany. Bu gün köpler welosiped münýärler, Uzak menzillerden edip öwrümi. Arkadagdan görüm gören türgenler, Ýeňiş bilen bezeýärler döwrümi. Her ädimi halka nusga Arkadag, Tigirli geçensoň alys arany. Ýurdumyzda bu sport rowaçlanyp, Tigir boldy hemmeleriň ýarany. Türkmen halky Ýer ýüzüne görkezdi, Welosipediň ähmiýetin saglyga. Tigir süren ynsan eýe bolýandyr, Belent ruha hem-de keýpiçaglyga. Bu pikiri ykrar eden BMG-äň, Mejlisiniň netijesi şeýledi: 3-nji iýuny bütin dünýäde Welosiped güni diýp Karar eýledi. Biziň ýurtda tigre bolan höwese, Asyl hiç kim biparh bakyp bilmedi. Köpçülikleýin geçilen sapagy, Ginnesçiler ilki bolup belledi. Welosipedçileň beýle sapagy, Haýranlar galdyrdy ýakynam, ýadam. Çünki oňa gatnaşanlar az-küş däl — Laýyk üç müň iki ýüz kyrk alty adam. Beýle sapak öň hiç ýerde bolmansoň, Onuň waspy aşyp Köpetdagymdan. Özüniň mynasyp ornuny tapdy, Ginnesiň dünýä meşhur kitabyndan. 11. IŇ DOWAMLY BIR NYZAMLY WELOSIPEDLI ÝÖRIŞ Arkadag bilen baglydyr, Bizde gudratlaň döreýşi. Iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýörişi. Neneň gudrat diýmejek sen, Öň görülmänsoň zeminde. Ol ýörişe haýran galyp, Bakyp Ginnesçi emin-de: «Ýyl bilen deň adam sany, Iki müň on dokuz göni. Şoň üçin bu ýöriş däldir, Ýönekeý ýörişleň çeni». Diýenmişin haýran galyp, Hem laýyk bilipdir ony. Şeýdip ýene köpelipdir, Ginnese girenleň sany. 12. AKHAN Döwrümiň buýsanjy — behişdi malym, Üstüň misli tagt-Süleýman, bedewim. Nepis jul-esbabyň, altyndan nalyň, Ýöräňde gözeller haýran, bedewim. Äleme aýlandyň guş bolup uçup, Mertler seň üstüňde söweşdi göçüp, Ençe dag, ençe çöl, deňizden geçip, Şöhratyň giň dünýä ýaýran, bedewim. Haklaýan deý il-günümiň diýýänin, Ula gitseň göwni bolýaň eýýäňiň, Ruhy sensiň bu bagtyýar eýýamyň, Türkmen Tugrasynda ornan, bedewim. Üstüň jana rahat, nazaryň ýagty, Reb ýaratmyş seni keýpi çag wagty, Köňli joşup hem-de daş ýaryp bagty, Münen dünýä eder seýran, bedewim. Eýäň bilen bolup bir tenu-bir jan, Namarda däl, mert ýigide berdiň şan. Bak, çarpaýa galyp ýörände Akhan, Erkinlikden ajap nyşan, bedewim. Ynsan dek ýörände çarpaýa galyp, Ginnesçi synlady haýranlar galyp. Iki gezek kitapdan orun alyp, Halkymyza getirdi şan, bedewim. Döwür etse edibersin aýlawyn. Eýerňe müneni bagta şaýlagyn. Waspyň ýetip baglap ýörkäň aýlawym, Il-gün sag-salamat, aman, bedewim! «BAGT KÖŞGI» — BAGTA GAPY Oguzhanyň sekizburçly ýyldyzy, Daşyn halkalaýyn gurşan bu bina. Gözel keşbi bilen hem işi bilen, Bolupdyr ýaşlaryň dillerne sena. Howalanyp baýryň belent gerşinde, Diýdirýär ol: «Düşüpdir tüýs jüpüne». Nusgalykdyr täsin görnüşi bilen, Dünýäň gözel binalarnyň köpüne. Bu bina bagtyýar durmuşa gapy açyp, jübütlerde joşdurýar yşky. Aşyklary bagtyna duşuransoň, Kaşaň binaň ady boldy «Bagt köşgi». «Bagt köşgi» ak bagta sary ak pata, Şugla saçýar söýgiň päkligi bilen. Göreni haýrana goýýan bina ol, Ýer ýüzünde ýeke-täkligi bilen. AŞGABAT Ak mermerden binalaryň mesgeni, Görküň göwünleriň şady, Aşgabat. Çar ýandan arzuwlap gelýärler seni, Dogan etdiň ýakyn-ýady, Aşgabat. Şaýollaryň bu giň dünýä uzaýar, Gyralarny ajap güller bezeýär, Çüwdürimleň al-asmana dyzaýar — Diýdirip döwrümiň bady, Aşgabat. Sen söýgiň şäheri, gülleň mekany, Şat saýraýan şirin dilleň mekany, Saňa aşyk bu gün göwünleň käni, Sende gördüm täsin jady, Aşgabat. Gurluşyklar gurşap alyp çar ýany, Gün-günden köpelýär binalaň sany, Beýik işler haýran edýär jahany, Ösüşleriň bedew bady, Aşgabat. Bu gün görke gelip nowjuwan çarbag, Bagtyýar ynsanlaň göwni boldy çag, Döwrüň ruhy bedew atly «Arkadag», Il-günümiň şan-şöhrady, Aşgabat. Bu zemine ýaýyp türkmen galkymyn, Alyslara şugla saçýar ýalkymyň, Guwanjy sen Arkadagly halkymyň — Arzuw etmen başga zady, Aşgabat. AK ŞÄHERIŇ AŞYGY MEN Säheri sergin howaly, Ak şäheriň aşygy men. Howasy derde dowaly, Ak şäheriň aşygy men. Hiç kemlik ýokdur görkünde, Ylham döreder her kimde, Binalary kalp reňkinde, Ak şäheriň aşygy men. Hak türkmene rowa görmüş, Nirä baksaň gözel görnüş, Ylhamyňa joşgun bermiş, Ak şäheriň aşygy men. Diýýän dek arşa ýeteýin, Çüwdürimleň wasp edeýin, Arzuwlan ak bagtym deýin, Ak şäheriň aşygy men. Gaýta-gaýta bakyp herýan, Gözelligne başym egýän, Ýaşasaň ýaşanňa degýän, Ak şäheriň aşygy men. Ýeriň myhy Köpetdagly, Degre-daşy ýaşyl bagly, Arkadagly — ajap çagly, Ak şäheriň aşygy men, Aşgabadyň aşygy men! PAÝTAGTYŇ SEÝILGÄHLERI Gezim etseň göwnüň açar, Paýtagtyň seýilgähleri. Birenaýy şugla saçar, Paýtagtyň seýilgähleri. «Garaşsyzlyk» hem «Arkadag», Gören göwünler bolar çag, Her biri ajaýyp çarbag, Paýtagtyň seýilgähleri. «Ylham», «Laçyn», «Atamyrat»... Kändir sanasaň atma-at. Zehiniňe bererler bat, Paýtagtyň seýilgähleri. Bezeg baglar, elwan güller, Wasp edip saýraýar diller, Gözelligňe haýran iller, Paýtagtyň seýilgähleri. Çyralary salkym-salkym, Howasy tenekar-ýakym, Islegli ýeridir halkyň, Paýtagtyň seýilgähleri. Alkyş aýdyp Arkadaga, Seýl edýär goja hem çaga. Meňzeýändir Erem baga, Paýtagtyň seýilgähleri. AŞGABADYŇ ÝOLLARY Giňligi türkmeniň kalby mysaly, Ak şäherim Aşgabadyň ýollary. Iliň ýagşy arzuwlarnyň wysaly, Ak şäherim Aşgabadyň ýollary. Düzlügi halkymyň päline meňzeş, Uzynlygy ömür salyna meňzeş, Köprüleri halyň gölüne meňzeş, Ak şäherim Aşgabadyň ýollary. Ýanýodalarynda ädimläp assa, Gezim etse hökman sagalar hassa, Misli halkyň neti deýin arassa, Ak şäherim Aşgabadyň ýollary. Güller bilen jäheklenen ýanýoda, Göreniň nazaryn egleýär bada, Gözelligi bilen mynasyp o:da, Ak şäherim Aşgabadyň ýollary. Aşyk ýigdi magşuk bile duşurýar, Päk niýetli halka — ile duşurýar, Arzuw eden menziliňe gowşurýar, Ak şäherim Aşgabadyň ýollary. OLIMPIÝA ŞÄHERÇESI Ylhamly yhlasdan dörän, Olimpiýa şäherçesi, Her desgasy ajap örän, Olimpiýa şäherçesi. Derýalydyr, köllüdir, Asma demir ýoludyr. Welotrek zallydyr, Olimpiýa şäherçesi. Seýran etseň her gün säher, Kalbyňa gondurar bahar, Şäherçe däl — giden şäher, Olimpiýa şäherçesi. Sagdynlygyň gujagydyr, Türgenleriň ojagydyr, Ajaplaryň ajabydyr, Olimpiýa şäherçesi. Yhlasyndan Arkadagyň, Gülleder dostlugyň bagyn, Dünýä doldy:r türkmen çawyn, Olimpiýa şäherçesi. TARYPY GAZAL, AŞGABAT Binalaryň şugla saçar, Paýtagtym, gözel Aşgabat! Seýil etseň göwnüň açar, Tarypy gazal, Aşgabat. Her gün irden saba-säher, Kalbyma gonduryp bahar, Diýýän: «Sen deý ajap şäher görmedim ozal, Aşgabat.» Mähirden, yhlasdan dörän, Her bir desgaň ajap örän, Görenleriň yşky körän, Myhmana güzer, Aşgabat. Goýnuň mähir ojagydyr, Misli ene gujagydyr, Ajaplaryň ajabydyr, Bir kemsiz gözel Aşgabat. Bu bagtyýar çaglarymda, Gözel seýil baglaryňda, Başy belent daglaryňda, Seýl edip gezeli, Aşgabat. Gülledip dostlugyň bagyn, Dünýä doldur türkmen çawyn. Yhlasyndan Arkadagyň, Ýene-de bezel, Aşgabat. Ölçäp bilmen çenim bilen — Söýgimi jan-tenim bilen. Arkadag hem seniň bilen, Döwrümiz gözel, Aşgabat, Her günüm gazal, Aşgabat! AŞGABADYŇ SÄHERI Adat bolan endigime eýerip, Seýle çykanymda süýt deý säherde. Göwnüm ganatlandy gyzaryp dogan, Gün nuruna ýalbyraýan şäherde. Gör-ä, gündogardan dogan bir Güne, Müňlerçe Gün gülüp gujagyn açýar. Mermer binalaryň hersinde bir Gün, Ýalbyrap çar ýana şuglasyn saçýar. Şonuň üçin has nurludyr sabalar, Paýtagtymyň her säheri üýtgeşik. Şol säherden ylham alýan obalar Barýandyrlar her günsaýyn üýtgeşip. Aşgabadyň ak säheri ylhamdyr, Päklik bolup kalplarmyza seçiler. Säher bilen Güne salam berene, Rysgal suprasyndan paýyn eçiler. ARKADAGYŇ AK ŞÄHERI, AŞGABAT Kä belentden uçup, kämahal ýerläp, Ýüz kyrk ýyllyk ýoly geçdiň külterläp. Bu gün tarypyňy ýazýarys zerläp, Çünki ösüşlerňe laýyk bedew bat — Arkadagyň ak şäheri, Aşgabat. Köküň uzap çuňluklarna taryhyň, Dünýe içre belentdir seň tarypyň. Döreden mirasy ençe arypyň, Ruhy dünýämize berýär tagam, dat — Arkadagyň ak şäheri, Aşgabat. Garaşsyzlyk nurly Gün deý dogansoň, Ykbalymyz ýagty, ünji ýok onsoň. Şanly toýuň üçin çemen bogamsoň, Gözelligňe deň görülmez hiç bir zat — Arkadagyň ak şäheri, Aşgabat. Sensiň baky Bitaraplyk paýtagty, Senden Ýer ýüzüne ýaýraýar ýagty. Owadan keşbiňde görýäris bagty, Görküňe guwanyp diýýär ýakyn-ýat: — Arkadagyň ak şäheri, Aşgabat. Bagtyýarlyk döwrüň galkymy bilen, Göwünler şat, günleň salkyny bilen. Ak mermer binalaň ýalkymy bilen, Merjen şäher diýip aldyň ýagşy a:t — Arkadagyň ak şäheri, Aşgabat. Gün-günden şöhratyň belende galyp, Barýaň parahatlyk sazyny çalyp. Şuglaňy saçaňsoň misli Gün bolup, Nuruňdan ruh alýan ýurdumyz abat — Arkadagyň ak şäheri, Aşgabat. Isle myhman bolsun, isle mediwan, Guwanýarlar saňa seýran edibän. Goýnuňda arzuwly bagta ýetibän, Ähli kişileriň göwni bolýar şat — Arkadagyň ak şäheri, Aşgabat. Nesillermiz meňzeş batyr alplara, Aramyzda orun ýokdur galplara. Ata Watan ruh berensoň kalplara, Seň goýnuňda bize sussupeslik ýat — Arkadagyň ak şäheri, Aşgabat. Gutlap bir ýüz kyrk ýyllyk şanly toýun, Waspyn söýläp, ýüregňize el goýuň! Gözelligne Ginnesçiler-de boýun, Buýsan hem-de çyn kalbyňdan bekle ýat — Arkadagyň ak şäheri, Aşgabat. 25.05.2021 ý. TÄZE ERTEKI Ýene seýle çykdym agşam çagynda, Gijäň gözelligne göterlip yşkym. Hyýal guşum uçup, seýil bagynda, Täsin bir ertekiň gujagna düşdüm. Ol erteki ozal okalandan däl, Eşdenlerimdenem däl ol, bilýärin. Bu görýän zatlarym düýbünden başga, Mümkin, meňzeş ýerem bardyr bir-ýarym. Ýaşyl baglary ýa güli meňzeşdir, Ýöne olaryňam timary aýry. Dürli şekil alan baglar diýdirýär: Gözellik bolarmy, heý, şundan gaýry?! Şarlawugam, çüwdürimem öňki däl, Olar älemgoşar reňkin alypdyr. Ertekileň hiç birinde duşmandyk, Çüwdürimler tans oýnap, saz çalyp dur. Ýodalary dürli güller jähekläp, Jygasyna öwrülipdir yşyklar. Bu gözel görnüşi synlap durşuňa, Gursakda möwç urýar Watana yşklar. Indi seýilgähe seýle çykanlar, Şekim ýok, şeýle bir täsinlik görmüş. Atalaryň erteki diýp arzuwlan, Arzuwlaryndanam gözel ol görnüş. Bu görnüş biz üçin hakykat, emma Kimler ony täze erteki bilýärler. «Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen» diýip, elin synlamaga gelýärler. Görüp paýtagtymyň seýilgählerin, Mermer binalaryn, ýolun-ýodasyn... Aşgabadyň waspyn söýläp her ýerde Kalplara ýazýarlar ajap odasyn. Ýetirýärler öwgüsini şähermiň, Çünki çyn gözellik mynasyp waspa. Gijesiniň, gündiziniň, säherniň, Ajaýyplygyna söz bolmaz asla. «Aşyklaň şäheri Aşgabat» ady, Dünýä doldy bu gün daglardan aşa. Ertekini has ösdürip, özgerdip, Çyn jennet döreden Arkadag ýaşa! AK ŞÄHERIŇ AK GÜLLERI Il bagty deý açylypdyr, Ak şäheriň ak gülleri. Anbar ysyn eçilip dur, Ak şäheriň ak gülleri. Gijäniň tümlügin böwser, Sabanyň ýeli ne ýeser, Birenaýy täsin öwser, Ak şäheriň ak gülleri. Diýip gülleriň töresi, Her kimiň geler göresi, Dürli çeçekleň seresi, Ak şäheriň ak gülleri. Päklikde şol güle deňleş, Gözelligne ýokdur deňdeş, Türkmeniň kalbyna meňzeş, Ak şäheriň ak gülleri. Aklygna guwanyp häli, Diýdim halkyň ýagşy päli. Arkadagyň ezizläni, Ak şäheriň ak gülleri. Maý, 2020 ý. ÝANÝODA Giň ýollara boýun deňläp, Uzalyp gidýär ýanýoda. Gyrasynda ýaşyl düşek, Keýpiňi göterýär bada. Ýatladyp baýdagyň reňkin, Gyşyn-ýazyn ýaşyl öwser. Çygly gijäň peşgeş beren, Damjalary misli göwher. Bulduraşar Gün nuruna, Ummanyň dür-hünjüsi deý. Bu görnüşi synlanlaryň, Bolarmyka ünjüsi, heý? Allaň seçen rysgalyndan, Nesibeli boljak bolsaň, Bereketden hem saglykdan, Senem paýyň aljak bolsaň Her gün irden garşy alsyn, Gül-gülälekli ýanýoda. Tämiz howadan dem alyp, Ýöräberseler pyýada. Kimsäni işine eltip, Bereketden paýyn berer. Kimsäň islegin bitirip, Saglykdan serpaýyn berer. Garaz, ýoda kiçem bolsa, Arman uzak güni bilen, Adamlaň ruhun göterýär, Ýaşyl oty, güli bilen. AŞGABADYŇ GIJELERI NE GÖZEL! Asman ýyldyzlary ýere düşen deý, Ak şäheriň gijeleri ne gözel! Şahyr bolsaň waspyn etmän bormy, heý — Ak şäheriň gijeleri ne gözel! Bu gijeler täsinlikden doludyr, Elwan güller has terlenen ýalydyr, Göwünleriň heserlenen halydyr, Ak şäheriň gijeleri ne gözel! Älemgoşar reňkin alan çüwdürim, Keýpiň götär oýnadyp damja-dürün. Şol pursat argynlyk bor gürüm-jürüm, Ak şäheriň gijeleri ne gözel! Hak aşyklaň dilleriniň senasy, Dolan Aýam ylla gijäniň şasy. Seýle çykan ýaş juwanlaň penasy — Ak şäheriň gijeleri ne gözel! Çyralaryň süýt dek reňki goýalyp, Duransoň töwerek nura boýalyp, Gijäň tümi gizlenipdir uýalyp — Ak şäheriň gijeleri ne gözel, Aşgabadyň gijeleri ne gözel! Maý, 2020 ý. «AŞGABAT 2017» Ulus-iliň garaşany, «Aşgabat 2017». Watanymyň şöhrat-şany, «Aşgabat 2017». Baş şygary — «Sagdynlyk, Ruhubelentlik. Dostluk». Dünýäň ýüregne şatlyk «Aşgabat 2017». Şekili Alabaý itim, Nyşanynda bedew atym. Arşa göterer milleti «Aşgabat 2017». Güýç-gaýrat täze dogan Aý, Tumary miraslara baý, Nyşanlaryň tüýs göwnejaý «Aşgabat 2017». Parahatlyk sazyn çalar, Ähli kalplara ýol salar. Doganlyga köpri bolar «Aşgabat 2017». Yhlasa myrat getirer, Ökdelere at getirer. Güýçlini ýeňşe ýetirer, «Aşgabat 2017». BUŞLUK, ATLYLARYMYZ GELÝÄR! Bäş ýüz günlük ýoly geçip, Buşluk, atlylarmyz gelýär! Golda alaw — şugla saçyp, Bady batlylarmyz gelýär! Ak patasy Arkadagyň, Ruhlandyrdy olaň baryn, Geçip ýollaryň yragyn, Merdi-merdanlarmyz gelýär! Ýurt içini geze-geze, Her ýerde sylynyp ýüze, A:tlarny taryha ýaza, Ismi bakylarmyz gelýär! Görkezip mertlik nusgasyn, Saýlaman ýoluň gysgasyn, Ýaýyp Aziadaň kyssasyn, Şirin zybanlarmyz gelýär! Gadym galalara baryp, Geçmiş miraslary görüp, Pederlere salam berip, Merdem zürýatlarmyz gelýär! Ýöredip mertlik ýodany — Milli däp-dessur, kadany, Wagyz edip Aziadany, Sözi datlylarmyz gelýär! Göterdiler bagt saýyp, Goşa baýdak — ne ajaýyp! Nyşanlary dünýä ýaýyp, Gymmat zatlylarmyz gelýär! «Galkynyşdan» alaw alyp, Şöhrat-şany arşa galyp, Ýeňşiň şat mukamyn çalyp, Buşluk, atlylarmyz gelýär! 17.09.2017 ýyl. OLIMPIÝA ŞÄHERÇESINDE Kalplarda oýanýar ýakymly duýgy, Arkadag gurduran şäherçesinde. Bada-bat döreýär sporta söýgi, Arkadag gurduran şäherçesinde. Dostluga hem parahatlyga açar bolup, ýaryşlara gapysyn açar, Sport giň äleme şuglasyn saçar, Arkadag gurduran şäherçesinde. Türgenleri ýeňşe sary atarar, Türkmen sportuny arşa göterer, Arzuwlary hasyl boldy atalaň, Arkadag gurduran şäherçesinde. Suw howzy, at şekli alypdyr orun, Ginnes kitabyny açyň-da, görüň, Olara buýsançly seredip durun, Arkadag gurduran şäherçesinde. Anyk bilýän, sagdynlygyň köşgi bor, Hemmeleriň küýsegi bor, yşgy bor, Halkyň ruhy dünýäsiniň keşbi bar, Arkadag gurduran şäherçesinde. «AMUL — HAZAR 2018»-e BUÝSANÇ Gadym kerwen ýoldan rallä ýol beren, Bütin dünýäň nazarynda Garagum, Arkadaga alkyş aýdýar türgenler, Synlap Beýik Ýüpek ýoluň ýüregin. Bilýärin ýolugra haýrana goýan, Türgenlere kän täsinlik duşandyr Sözen salam berip başyn yrasa, Deň ylgaşan keýik, tilki, towşandyr. Eko-ralliň geçişine buýsanyp, Bütin daş-töwerek gelipdir joşa. Gojaman Garagum ýigdelen ýaly, Hem diýýän ýaly ol «Arkadag, ýaşa!» Ýok, diýýän ýaly däl, anyk diýýär ol, Bir gulak sal, Garagumuň sesine. Arkadaga alkyş sözi dolupdyr, Giň sähranyň belendine-pesine. Ol sese ses goşýar bütin halaýyk, Göwünlerde begenç gaýnap-daşypdyr. Dürli dilde Arkadaga aýdylýan, Alkyş sözler belent dagdan aşypdyr. Teleýaýlymlarda rallini synlap, Çet ýurtlular diýendirler «Aperin!» «Garagum ýalkymy» şugla saçanda, Geň galmadyk adam barmyka berin?! Tebigatyň gudratyny görenler, Höwes atyn eýerländir şol bada. Gözel Diýar hemmäň ünsün çekendir, Sebäp topragymyz baý täsin zada. Eko-ralli diňe sporty däl-de, Dünýä ýaýdy mirasymyň tarypyn, Atalaryň sünnä ýasan zatlary, Haýran etdi halklaň alym-arypyn. Amuldan badalga alan ulaglar, Garagumuň kötel ýollaryn geçe. Hazara sag-aman geldiler bu gün, Buýsanýan adamlaň sany gör, niçe?! Hemmeleň ýüzünde şatlyk nury bar, Türgenler gutlaýar birek-biregi, Sportda iň esasy dostluk ýeňýändir, Bu gün bile urýar olaň ýüregi. Amuldan başlanan ilki tanyşlyk, Hazara çen doganlyga öwrülip. Dostluk hakda hiňlenmedik barmyka, Ulaglaryň gujagynda üwrelip?! Bu gün Awazada uly il bolup, Sportuň hem ýeňşiň toýy tutulýar. Il içinde belli synçy bolsaň-da, Bilmersiň hiç kim utýar, kim utulýar. Sebäp ähli türgenleriň ýüzleri, Türkmen Güneşi deý nurly görünýär. Zybanlardan joşup çykýan hoş sözler, Arkadagymyza rowa görülýär. Eko-ralliň başyn başlan, Arkadag, Döwrümiziň Siz iň ökde türgeni! Köpugurly ussatlygyňyz bilen, Arşa çenli beýgeltdiňiz türkmeni. AÝLAWDA At çapýarmy, bagt çapýar, Ikisi-de deň çapýar. Deň çapanda ikisi, Hemmäň göwnüni tapýar. Ýene iki zat çapýar, Olar bilen deňme-deň. Birisi çapyksuwar — Gujurly, syrdam beden. Bu mahal goja seýis juda tolgunyp bakýar. Çünki onuň yhlasam bedew bilen deň çapýar, Allanyň bagty çapýar, Seýsiň yhlasy çapýar. Bedewiň ýüwrükligi, Ýigdiň ykbaly çapýar. Şol dörtlük jem bolanda, Bedewe şan getirýär, Aralygy ilki alyp, Pellehana ýetirýär. | |
|
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |