17:11 Goşa ganat -1: goşgular | |
GOŞA GANAT
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Döwrangeldi Agalyýew soňky ýyllarda döwletimizi berkararlyga, halkymyzy bagtyýarlyga ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň köpugurly beýik işlerinden ylhamlanyp, şygryýet meýdanynda öndümli işleýär. Onuň goşgularynda eziz Watanymyzyň waspy belentden ýaňlanyp, döwletimiziň goşa ganaty hasaplanýan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we baky Bitaraplygymyzyň ähmiýeti şahyrana beýan edilýär. «Seniň Aýly gijelerňi ýorgan edip, her säher, Gujagyňdan örlemesem bu giň dünýä dar, Watan» diýýän awtoryň ata Watanymyza, mukaddes topragymyza, milli gymmatlyklarymyza, bedew batly ösüşlerimize bolan buýsanjy okyjylary biparh goýmasa gerek. Şeýle hem ýygynda girizilen öwüt-nesihat häsiýetli şygyrlar ýaş nesillerimiziň hormatly Prezidentimize wepaly, watanperwer, edepli-ekramly, halalhon ynsanlar bolup ýetişmeklerine oňyn täsirini ýetirer diýip pikir edýäris. WATAN Waspyň eýläp şygyr ýazsam, yşkyňdan joşa gelýän, Arkadagly, ajap çagly, baky bagta ýar, Watan. Sende ýaşap, sende işläp bir zady anyk bilýän — Ýeke-täk sen, kyblagäh sen, sende gudrat bar, Watan. Şonuň üçin bu Diýary kalbyň bilen söýmeli, Gursagyňda ezizläp, mydam yşkynda köýmeli, Topragyna togap kylyp, «Kyblagähim!» diýmeli, Dünýä belet — sarpaň belent, halkyň bagtyýar, Watan. Dile alyp ýörmesem-de «Söýýärin!» diýip seni, Zerur bolsa kaýyldyryn bermäge jany-teni, Eden ähdi-peýmanymdan hiç zat dändermez meni, Saňa bolan söýgim joşly, yşkym çogly nar, Watan. Zemin içre kändir, bilýän, gözel ýurt, gözel şäher, Olaryň hiç birine eger-eger bermen mähir, Seniň Aýly gijelerňi ýorgan edip, her säher Gujagyňdan örlemesem bu giň dünýä dar, Watan. Peder ruhly topragyňda keramat bar, kerem bar, Dag ýerinde belent dagyň, derýalaňda tereň bar, Deňzi — umman, çöli — ýaýla, bag-bakjaly Erem bar, Gujagyňda bagtyýar men, sensiz ömrüm har, Watan. Sussupeslik diýen zady bir wagt ýere duladym, Gujagyňda göwnüm gaýýar depesinde buludyň. Bir pursat aýra düşsem, mähriňden albaý buladyň, Saparlarda bolan çagym kalbym intizar, Watan. Dost diýene gapy açyp, ak ýürekden çagyrdyň, Begenjine begenipler, agyrsyna agyrdyň... Sahawatly, sahypkyran, Hak halatly Ägirdiň — Arkadagyň paýhasyndan şöhrat-şana ýar, Watan. Maý, 2016 ý. BAGTY BEREN BITARAPLYK Arzuwlapdy seni peder, näçe keren, Bitaraplyk, Dünýäniň ünsüni çeker, bagty beren, Bitaraplyk, Ýagşylyk tohumyn eker, haýry tereň, Bitaraplyk, Seni görse dyza çöker, dawa-şerem, Bitaraplyk, Buýsanyplar ýürek böker, sen bir kerem, Bitaraplyk. Ykbal bagt sazyny çalýa, belent ruh berip güýçlere, Watanym ýagşy at alýa, bat berip ajap işlere, Günsaýyn belende galýa, döwri besläp ösüşlere, Beýle döwür, hemme bilýä, girenem däldir düýşlere, Seň güýjüňe tagzym eder, altyn-zerem, Bitaraplyk. Türkmene ýat ruhy darlyk, güýjümiz öwrüldi sile, Seň saýaňda bütin barlyk, ösýär bedew bady bile, Höküm sürüp bagtyýarlyk, soňsuz bagt getirdi ile, Abadan ýurt gülgüzarlyk, töwerek bürendi güle, Deňäp bilmez eger-eger, özün Erem, Bitaraplyk. Säherler owuz süýdüdir, şypadyr tämiz howasy, Agzybir durmuş güýjüdir, şoldur eşretiň dowasy, Töwerek şatlyk-gülküdir, ýaşarar gözleň owasy, Asudalyk müdimidir, asla aýak sekmez a:sy, Yşkym ýanardag deý çogar, saňa berem, Bitaraplyk. Gurýas parahatlyk ýolun, hemmeler bilen il bolup, Uzadýarys dostluk golun, agzybirlik heňin çalyp, Haýyr işde sagu-soluň, ýüreklerine ýol salyp, Ýaşar duýup goňşy halyn, elmydama habar alyp, Zerur bolsa kömek eder, haýyr-kerem Bitaraplyk. Ýer ýüzüne mälim boldy, bagtyýarlyk owazamyz, Bagşy joşup dutar çaldy, gör, neneň şirin sazymyz?! Tarypy zemine doldy, jennet mekan Awazamyz, Ykdysadyýet has galdy, çogup dur nebit-gazymyz, Her günümiz gandu-şeker, sahy — ýerem, Bitaraplyk. Arkadagym şan berensoň, giň dünýä ýaýrap ýalkymy, Ruhlarymyz ter onsoň, şatlandyrmaz bu hal kimi?! Bagt guşy ganat gerensoň, buýsandyrdy il-halkymy, Ertiri aýdyň görensoň, joşup ýürekleň galkymy, Ruhy güýji kalba ýeter, belent — serem, Bitaraplyk. 11.12.2020 ý. GARAŞSYZLYK, BITARAPLYK, ARKADAG Üç sütüni döwlet berkararlygnyň, Garaşsyzlyk, Bitaraplyk, Arkadag. Kepilidir halkyň bagta ýarlygnyň, Garaşsyzlyk, Bitaraplyk, Arkadag. Gadymy ýodany öwürip ýola, Hak işleri bilen kalplara do:la, Dost-doganlyk ýolun saldy sag-sola, Garaşsyzlyk, Bitaraplyk, Arkadag. Peder pähimlerin öwürip kada, Milli ýolumyzdan ynamly äde, Parahatlyk tugun dikdi dünýäde, Garaşsyzlyk, Bitaraplyk, Arkadag. Bu gün ol tug zeminiň depesinde, Pasyrdaýar halkyň her nepesinde. Duýulyp dur ýele ýakym sesinde: — Garaşsyzlyk, Bitaraplyk, Arkadag. Zähmet bilen döwri öwürip mana, Ösen döwlet diýlip goşuldyk sana. Türkmeni dünýäde ýetirdi şana, Garaşsyzlyk, Bitaraplyk, Arkadag. Il-gün gadyr goýup her pursat wagta, Guwanyp ýaşaýar bagtyýar çagta. Mizemejek binýat müdimi bagta, Garaşsyzlyk, Bitaraplyk, Arkadag. Millet jebisleşip, misli bir göwre, Lideri alkyşlap günde ýüz öwre, Diýýäris: «Ýetirdi arzuwly döwre — Garaşsyzlyk, Bitaraplyk, Arkadag». Eziz Watanyny kyblasy saýyp, Öňe barýan halkyň neti ajaýyp. Ýaşarys waspyňy giň dünýä ýaýyp, Garaşsyzlyk, Bitaraplyk, Arkadag. Sentýabr, 2021 ý. TÜRKMENISTAN — ROWAÇLYGYŇ WATANY Garaşsyz hem hemişelik Bitarap, Türkmenistan — rowaçlygyň Watany. Gadamlarmyz röwşen geljege tarap, Türkmenistan — rowaçlygyň Watany. Bu toprak kyblagäh, baýlygym-barym, Jennete meňzeýär tutuş Diýarym, Göwnüm joşup, buýsanyplar diýýärin: — Türkmenistan — rowaçlygyň Watany. Saba-säher nurly Günüm dogup dur, Nebit-gazym ýer göwsünden çogup dur, Ertirleriň rysk çemenin bogup dur, Türkmenistan — rowaçlygyň Watany. Obalar özgerýär, daýhan galkynýar, Her ugurda buýsandyrýan galkym bar, Barýan ýolumyzda nurly ýalkym bar, Türkmenistan — rowaçlygyň Watany. Atyzlarda traktorlar müňzeýär, Her gysym gum berekede meňzeýär, Bu topraga sepen dänäň müňleýär, Türkmenistan — rowaçlygyň Watany. Durnukly ösüşiň bolup nyşany, Gurluşyklar gurşap aldy çar ýany, Ginnes kitabynda binalaň şany, Türkmenistan — rowaçlygyň Watany. Ýollarymyz uzap dostlara sary, Bu gün bize bakýar bütin Ýer şary, Diýýärler päkniýet ynsanlaň bary: — Türkmenistan — rowaçlygyň Watany. Milli medenýetim, milli sungatym, Duýgur alabaýym hem bedew atym... Arşa ýetirendir türkmen şöhratyn, Türkmenistan — rowaçlygyň Watany. Biziň ilde sagdynlyk bar, ylym bar, Köpe nusga däp bar, edim-gylym bar, Kerwen guran bagtdan paýly ýylym bar, Türkmenistan — rowaçlygyň Watany. Eşret deňzin boýlap ýaňlanan gülki Hem ýetilen sepgit düýnki, bu günki, Pellehana däldir, däldir ol, çünki Türkmenistan — rowaçlygyň Watany. Ykbal uşlybynda bolmansoň düwün, Arşyň depesinde aýlanýar göwün, Uly buýsanç bilen diýýäris bu gün — Türkmenistan — rowaçlygyň Watany. Geljek günlermizi etmän endişe, Nesiller bagtyýar hem çulum işe, Arkadag baş bolsa, bolar hemişe, Türkmenistan — rowaçlygyň Watany. 22.12.2018 ý. DÜNÝÄDE YKRARLY LIDER, ARKADAG! Her tutumy ýagşy işlere ýaran, Dünýäde ykrarly Lider, Arkadag! Bütin adamzadyň bähbidin aran, Dünýäde ykrarly Lider, Arkadag! Çarýana uzadyp dostluk goluny, Dogana öwürdi sagu-soluny. Hemmeler oňlansoň tutan ýoluny, Dünýäde ykrarly Lider, Arkadag! Bu ýyl Türkmenistan GDA-ň başlygy Ýakyn boldy ýurtlaň aradaşlygy. Giňäp ynsanperwer hyzmatdaşlygy, Dünýäde ykrarly Lider, Arkadag! Adalat aslyndan bolansoň kada, Her tutumy goldanyldy GDA-da, Iş bitirip ýetdi hormata-ada, Dünýäde ykrarly Lider, Arkadag! Beýiklik ýok ynsanperwerlik ýaly, Hemmelere hoş niýet saýlan ýoly, Diýýäs gutlap rowa görlen medaly — Dünýäde ykrarly Lider, Arkadag! Haýra, adalata, ýagşa ýar bolup, Iş başlaýar alysa nazar salyp, Başlangyjy BMG-de ýol alyp, Dünýäde ykrarly Lider, Arkadag! Teklip edip ulag geçelgesini, Täze ösüşleriň hil belgisini, Salgy berdi halklaň bagt çelgisini, Dünýäde ykrarly Lider, Arkadag! Dünýäň ösüşleri durmansoň çakda, Daşky gurşawmyzy goramak hakda, Teklipleri goldaw tapyp bar halkda, Dünýäde ykrarly Lider, Arkadag! Energiýaň howpsuz geçmegi üçin, Halklaryň süýji suw içmegi üçin, Alada edýärkä diýmäli neçün — Dünýäde ykrarly Lider, Arkadag?! Kalp töründen orun berip päk nete, Haýyrly işlerden çekilmän çete, Bagtly durmuş isläp bar ynsanýete, Dünýäde ykrarly Lider Arkadag! Il-gün bolup bir zada göz ýetirýäs, Lider bilen beýik işler bitirýäs. Şonuň üçin joşup dile getirýäs — Dünýäde ykrarly Lider, Arkadag! 24.10.2019 ý. ÝAŞA, ARKADAGLY WATAN! Zeminiň päk, asmanyň päk, Jan ýeke-täk, sen ýeke-täk, Aramyza düşmesin çäk, Ykballarmyz bagly, Watan. Saňa kalp törüni berdim, Hossar bolduň — ganat gerdiň, Men wepaly jigerbendiň, Söýgüden sylagly, Watan. Dost-dogan ileri-gaýraň, Bagt bolarmy mundan gaýram, Dünýä mähir bolup ýaýran, Ojagy alawly, Watan. Çyn ýürekden ezizlänim, Görmersiň hiç ejizlänim, Bagtyýar ösüp-bekänim, Goýnuň ajap çagly, Watan. Halklar bilen bolup dogan, Dogan üçin çemen bogan, Dabarasy dünýä dolan, Ýaşa, Arkadagly Watan! 17.01.2020 ý. GARAŞSYZLYK GANATDYR Garaşsyzlyk ganatdyr, Baky bagta ýetiren. Asly halal milletiň, Ykbalyny göteren. Berkarar döwlet isläp, Şygyr ýazan Pyragy. Arzuwlandyr şol mahal, Şeýle bagtyýar çagy. Garaşsyzlyk şahyryň, Arzuwynyň wysaly. Halkymyz bagtly döwri, Görmändi şunuň ýaly. Döwlet berkarar bolup, Il ýaşaýar bagtyýar. Garaşsyz Diýarymda, Hemmeleriň bagty bar. Eşret bormy şunuň deý, Ýurt özbaşdak, il erkin. Zähmet çekýäs höwesli, Artdyryp Watan görkün. Garaşsyzlyk gudrat hem Watana altyn jyga. Şoldur berk binýat bolan, Baky Bitaraplyga. Indi Bitarap ýurdum, Dünýä içre şanlydyr. Günsaýyn ösmek üçin, Soňsuz hanymanlydyr. Gahryman Arkadagyň, Başlangyjy ýer alýar, BMG-äň münberinden, Tekliplerne garalýar. «Şol teklipler boýunça, Halklar bagtdan paý alar» diýlip, kabul edildi, Ençe Kararnamalar. Şonuň üçin sylagly, Zemin içre Arkadag. Islegmiz ähli halka, Ajap zaman, ajap çag. Dünýä nusga işleriň, Arkadag dur başynda. Liderne guwanýan il, Bir göwre dek daşynda. Ösüşlermiziň bady, Göýäki bedew atdyr. Arkadagly Watana, Garaşsyzlyk ganatdyr. 12.09.2019 ý. WATANYM Gursakdaky jan kimin, Ýeke-täkdir, Watanym. Asuda asman-zemin — Ýoluň päkdir, Watanym. Sensiň ýalňyzym, ýekäm, Mukaddes dagyň, depäň, Saňa ogullyk wepam, Aňryçäkdir, Watanym. Aýdymymda, heňimde, Ýatlaýan her demimde, Ýurt görmedim deňinde, Kalp deý täkdir, Watanym. Hossar garry-ýaşlara, Dostdur ýakyn-daşlara. Ähli arkadaşlara Kyblagähdir, Watanym. Badyny joşly derýaň, Arkadagymda görýän, Bagty nazarlap barýan, Ýoluň akdyr, Watanym! 12.12.2019 ý. TÜRKMENISTAN Owazaň dagdan aşa Ýaşa sen, Türkmenistan! Urup gadamy joşa- -joşa sen, Türkmenistan! Waspyň diýsem söz bilen, Gursakdaky köz bilen, Meňzeş gara göz bilen gaşa sen, Türkmenistan! Il jebis — iş ileri, Haýran dünýäň illeri Ýazýaň beýik işleri daşa sen, Türkmenistan! Köňül köşgümde şasyň, Dillerimde senasyň, Nirde gezsem penasyň başa sen, Türkmenistan! Ösüp barýaň günsaýyn, Tapylmaz seniň taýyň, Dünýe içre abraýyň aşa seň, Türkmenistan! Dal bedew badyň bilen, Şanyň-şöhradyň bilen, Dost ýakyn-ýadyň bilen ýaşa sen, Türkmenistan! Aprel, 2021 ý. WATANA ÝÜZLENME Ak säherleň hoştap bady, Küýsetmez hiç özge zady, Her günümiň süýji dady, Bal garylan ýagmy, Watan?! Parlap galanda göge Gün, Arşda ganat ýaýýar göwün, Sende gömülen göbegim, Örküm baglan bagmy, Watan?! Kakyp tamdyraň taryna, Duşdum bagtyň ykraryna, Rowaç döwür ykbalyma, Peşgeş berlen çagmy, Watan?! Işim rowaç, bijäm şowly, Hiç zat kalba salmaz dowly, Nirde gezsem ýürek suwly, Sen daýanjym — dagmy, Watan?! Mähriňe kalbymy ezsem, Beýgelýäň ýene bir gez sen, Elmydam taryplap gezsem, Seniň deýin barmy, Watan?! 17.01.2020 ý. BU ÝYLLAR Haýran edýär bedewiň, Bady bilen bu ýyllar. Ýaýar türkmen edebin, Ady bilen bu ýyllar. Her pursady eşrepi, Göwün joşup, esredi. Eçilýär kän eşreti, Dady bilen bu ýyllar. Ýokdur ykballaň şory, Ojaklaň öçmez go:ry, Yz goýar soňsuz gory — Zady bilen bu ýyllar. Hoş sözüň berip «häsin», Kaş işiň etmän bäsin, Kalba ornar bir täsin, Jady bilen bu ýyllar. Çözüp bagtyň bujagyn, Gülden doldy:r gujagyň. Ýyladar öý-ojagyň, Ody bilen bu ýyllar. Kalpda bolmaz düwünleň, Waspy aýry bu günleň. Güllär gözel göwünleň Şady bilen bu ýyllar. Arkadagly galkymyň, Dünýä görýär ýalkymyn. Ýaşar türkmen halkynyň Ýady bilen bu ýyllar. Uýup mydam bir Başa, Diýýäs: «Arkadag ýaşa!» Kalplary geti:r joşa, Ady bilen bu ýyllar. 27.05.2020 ý. WATANDYR BAGTYŇ KYSSASY Watany namys-aryňa Deňäp, bagla kalp taryňa. Dünýä inen Diýaryňa, Ýazylsyn ömür kyssasy. Ösüp kemala geleňde, Ýagşy-ýamany bileňde, Watana gezek gelende, Bolgun öz erkiň ussasy. Mertler özge mesgen seçmez, Ýat ýerleriň suwun içmez. Biwatanyň güni geçmez, Watanlyň bolmaz gussasy. Küýlenip göwün şadyňdan, Hergiz çykarma ýadyňdan, Ýat iliň çogly odundan, Ýegdir Watanyň tüssesi. Goragynda durup merdem, Zerur bolsa geçgin serden. Bagt tapmarsyň özge ýerden, Watandyr bagtyň üssesi. 06.10.2020 ý. ARKADAGLY ILIŇ ÖŇE GADAMY Ykballar oýanyp, döwlet ýar bolup, Hasyl boldy Pyragynyň aýdany. Garaşsyz ýurt baky bagta ýol salyp, Döwrana ýetirdi her bir adamy, Türkmenistan — rowaçlygyň Watany. Çar tarapa uçýar ganatly göwün, Ýaýyp atalaryň gadym däbini. Beýik işler bilen tanaldyk bu gün, Jahana dolduryp türkmen çawyny, Türkmenistan — rowaçlygyň Watany. Berkarar döwletde, bagtyýar ilde, Baş baýlygmyz saýýarys biz adamy. Zähmetkeş ynsanlaň tarypy dilde, Gün-günden batlanýar bedew gadamy, Türkmenistan — rowaçlygyň Watany. Halal kişä mydam rysgal-döwlet ýar, Altyn bolar toprak diýip gapany. Arkadag sylaýar, il hormatlaýar, Maňlaý derin şu topraga gatany, Türkmenistan — rowaçlygyň Watany. Jebis halk ýatladyp göýä dag silin, Ynam bilen öňe urýas gadamy. «Zähmet soňy rähnet» — toý tutýar ilim, Şirin-şerbetlerden doldur badany, Türkmenistan — rowaçlygyň Watany. Ykballar oýanyp, döwlet ýar bolup, Hasyl boldy Pyragynyň aýdany. Bu gün türkmen ady zemine dolup, Arkadagly iliň öňe gadamy, Türkmenistan — rowaçlygyň Watany. 10.01.2019 ý. ARKADAGYM BILEN WATAN BEÝGELÝÄR Arkadagym bilen gülleýär ülkäm, Arkadagym bilen Watan beýgelýär. Halkyň ykbalynda bagtyýar gün kän, Rowaç ýyllar bir-birinden eý gelýär! Her günüm aýa taý, aýym ýyla taý, Ýyllarymyz bäs eýleýär asyra. Bedew batly öňe barýas, her işi Agzybirlikde amala aşyra. Bilýän, öňde ýetilmejek sepgit ýok, Millet atlanansoň bedew atyna. Bu gün bütin dünýä guwanyp bakýar, Arkadagly türkmeniň gudratyna Geljegi nazarlap gadam urýarys, Halal işläp, ruhumyz belent tuta. Arkadagyň yhlasyndan ýetdik biz, Sowulmaz eşrete hem baky guta. Bu bagtyýar döwri soňsuza öwrüp, Kalplarda jebislik tohumyn ekiň! Çünki bir agyza bakýan milletiň, Gutly güni kän bor, ýok muňa şekim. 27.06.2020 ý. WASPNAMA Arkadagly, ajap çagly Watanym, Asudadyr, kyblagähdir, keremdir. Baky bagtyýarlyk daňy atanym, Hemmelere bagtdan paýyn berendir. Rowaç gün-aýlarym ýyllara sapýar, Ykbal atym bagty nazarlap çapýar, Munda ähli arzuw wysalyn tapýar, Şekim ýok, bu Diýar Hydyr görendir. Bu döwürde ýaşamak bagt, hezillik, Binalaryň her haýsy bir gazallyk. Göwünlere ganat berýär gözellik Nirä baksaň ylham gory tereňdir. Dagyn, düzün, derýa, deňzini halap, Waspyn edýäs dilimizde senalap, Bagtyň guşy bu Watany penalap, Müdimilik ganatyny gerendir. Arkadagly zamanama ýokdur taý, Bedew batly ösüşlermiz göwnejaý. Serhowuzly, çüwdürimli, güle baý Seýilgähli ýurdum bagy Eremdir. 12.12.2019 ý. WATAN, SENIŇ GÜL JEMALYŇ YLHAMDYR Halkyň yhlasyndan berkarar bolan, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym. Beýik işleň waspy giň dünýä dolan — Sensiň jahan içre şöhratym-şanym. Bildim, duzuň iýip ulaldyksaýyn, Topragyň keramat, suwuň melhemdir. Neneň onsoň joşup waspyň etmäýin, Watan, seniň gül jemalyň ylhamdyr. Köp gün däl, birje gün aýra düşäýsem, Delmuruplar gül görküňe zar boldum. Çet ýurtlarda mähriň küýsäp üşäýsem, Kalbymy ýyladan çogly nar bolduň. Seň baryňda dagdan arkam bar meniň, Ykbal näme berse goýnuňda bersin. Seniňkidir janym, seňkidir tenim, Iki dünýe senden aýyrmawersin! Sende ýaşap ýetdim bagtyýar döwre, Halal duzuň iýe, howaňdan sora. Şoň üçin her säher diýýän müň öwre — Bu Watany ýaman gözlerden gora! Sentýabr, 2019 ý. WATANYM TÜRKMENISTAN — BITARAPLYGYŇ MEKANY Çärýek asyr mundan ozal zemine dolup ýaňy, Parahatlyk sazyn çaldy Bitaraplygyň zaňy, Goýmady ol göwünlerde tot-tozan, gerdi, çaňy, Her saba-säherimde şugla saçyp nurly daňy Atanym Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany. Bir perdeden hiç gopmandy, indem gopmaz a:l bilen, Mertebesini çalyşmaz baýlyk bilen, mal bilen, Ikilik diýen zady millete mahsus däl bilen, Dosta gujagyn geren hoş niýet, ýagşy päl bilen Watanym Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany. Watany bar kişiler gezmez hiç mahal nalyna, Watana hamrak köňüller düşmez durmuş alyna, Watan biperwaý bolmaz öz perzendiniň halyna, Watany kyblam bilip, ykbalymy ykbalyna Çatanym Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany. Jebis iliň kuwwaty ýatladansoň joşly sili, Agzybirlikde ýapyşýas, her işe guşap bili, Dünýä sarpalaýar bu gün Hak Howandarly ili, Gündiz işläp, gijelerne wehim etmän hiç hili Ýatanym Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany. Ertire ynamly garap hem-de guwanyp düýne, Geljegi nazarlap gurýas, asla ýer goýman müýne, Päk niýetden gaýry duýgy gelmez hiç kimiň küýne, Durmuşda halal ýaşap, ýetip eşrete, bal güne Batanym Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany. Arkadagyň ak ýolunda bolansoň çyn watançy, Hemişelik Bitaraplyk boldy türkmen buýsanjy, Bu bagtyýar döwrümiziň böwrüne bolman sanjy, Bedew batly ösüşlere azam bolsa gatanjy Gatanym Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany. 23.01.2020 ý. DÜNÝÄ NUSGA BITARAPLYK ÝOLUMYZ Atalaň arzuwnyň wysaly boldy, Hemişelik Bitaraplyk ýolumyz. Ýagşy niýet bolup äleme doldy. Hoşniýetli bakýar sagu-solumyz. Gök asmanda ganat ýaýýan kepderi, Türkmen kalby bolup gezýär köp ýeri, Bir-birege ýakyn etdi köpleri, Gatnaşýarys, göýä dogan ýaly biz. Şükür, kalpda şübhämiz ýok hiç hili, Bagtly il işleýär bek guşap bili, Jebislik joşguny ýatladýar sili, Agzymyz bir, ýeke göwre ýaly biz. Ruhuňy göterýän işler köp juda, Türkmene nazaryn salypdyr Huda, Asmanym arassa, ilim asuda, Parahat ýüzüp ýör ykbal salymyz. Ösüşlermiz günbe-günden bat alýa, Watanyň şöhraty asmana galýa, Haýyr işler müňýyllyga badalga, Mydam ýar ederis ýagşy päli biz. Bitarap döwletiň gözel paýtagty, Aklyga beslenip saçyp dur ýagty, Şol ýagtyda görýäs bihasap bagty, Günsaýyn nurlanyp durmuş halymyz. Arkadagymyzdan alyp ak pata, Watanym beslendi beýik şöhrata, Has nurly günleri berip dur wada, Dünýä nusga Bitaraplyk ýolumyz. 13.12.2018 ý. BITARAPLYK — dünýäň ýüregine dolmak (aýdyşyk äheňinde) — Bitaraplyk näme, bilýärmisiňiz?! — Atalaryň wysal tapan arzuwy. Ol Watana dünýä içre mertebe, Millet üçin dereje ol arzyly. — Bitaraplyk näme, bilýärmisiňiz?! — Dünýe içre ol türkmene şöhrat-şan. BMG-niň Bitarap diýip ýeke-täk Ykrar eden döwleti — Türkmenistan! — Bitaraplyk näme, bilýärmisiňiz? — Açylan gapy ol dünýäň ýüregne. Bagtyň ummanynda asuda ýüzýän Dostluk gämisiniň meňzeş küregne. — Bitaraplyk näme, bilýärmisiňiz?! — Zemin halky bilen dost-dogan bolmak. Ynsanperwer, haýyr işler arkaly, Çar ýana ýol salyp, giň dünýä dolmak. — Bitaraplyk näme, bilýärmisiňiz?! — Parahat durmuşyň bähbidin arap, Zerur bolsa bir-biregi goldaşyp, Gadam urmak diňe hak işe tarap. — Bitaraplyk näme, bilýärmisiňiz?! — Şere, dawa garşy sarsmajak böwet. Şoň üçin ikilenç ykrar etdiler, Biragyzdan bir ýüz togsan üç döwlet. — Bitaraplyk näme, bilýärmisiňiz?! — Müdimilik asudalyk kepili. Baram bolsa şoldur ylalaşdyrýan, Agzy ala, bir-birine çep ili. — Bitaraplyk näme, bilýärmisiňiz?! — Haýyr işde hemmä hyzmatdaş bolmak. Deňlik hem adalat ýolundan ýöräp, Adyllykda dünýäň ýüregne dolmak. — Bitaraplyk näme, bilýärmisiňiz?! — Ol türkmene müdimi asudalyk. Parahat Watanda ýaşaýan iliň Göwni ganatly bor, ruhlary galyk. — Bitaraplyk näme, bilýärmisiňiz?! — Halklar bilen deňhukukly gatnaşyk. Ýaşamaklyk bir-biregi sarpalap Dostdan ötri dogan bolmak gatnaşyp. — Bitaraplyk näme, bilýärmisiňiz?! — Arkadagyň hoşniýet ýörelgesi. Ynsanperwerlikde, beýik işlerde Giň jahana nusgalyk göreldesi. — Bitaraplyk näme, bilýärmisiňiz?! — Kändir onuň ýene borjy, hukugy. Türkmenistan baryn berjaý edensoň, Pasyrdadyp belentde ýaşyl Tugy. Öňe çykdy bedewiň bady bilen, Ägirt işler üzre ýazdyryp adyn. Ak mermerden ajaýyp binalarda, Yhlasyny gördüler çyn Ussadyň. Ol ussat dünýäde ykrar edilen, Bitarap döwletiň adyl Lideri. Zemin içre türkmene şan getiren, Arkadagyň tutumlary ileri. Şol tutumlar ýurdumyzy gülledip, Bütin dünýä sahawat nurun saçýar. Bitaraplyk açsa dünýäň gapysyn, Dünýä bolsa Türkmenistany açýar. — Bitaraplyk näme, bilýärmisiňiz?! — Ýaşaň diýip bolelin hem asuda, Peşgeşi ol göterilen ykbalyň Bagt bagy gülleýän Garaşsyz ýurda! 12.12.2019 ý. «TÜRKMENISTAN — BITARAPLYGYŇ MEKANY» ÝYLYNA BUÝSANÇ Ýer ýüzüne Gün bolup şugla saçan, Türkmenistan — Bitaraplyk mekany. Mähir bolup dünýäň gapysyn açan, Türkmenistan — Bitaraplyk mekany. Şol mähirden her kime berip paýy, Mertebesi Arşa galýar günsaýy. Ýagşylyk bolansoň ömürlik taýy, Türkmenistan — Bitaraplyk mekany. Haýyr işde goldap islendik ýurdy, Mydam ýagşylygyň sapynda durdy. Bu gün sahawatyn Ýer ýüzi gördi, Türkmenistan — Bitaraplyk mekany. Zerur bolsa dostluk golun uzadyp, Çarkandakly ýol bar bolsa düzedip, Çärýek asyr ykballary uz edip, Türkmenistan — Bitaraplyk mekany. Heý-de bagt bolarmy bu döwür ýaly, Erkin ýüzýär milletiň durmuş saly, Atalaryň arzuwynyň wysaly, Türkmenistan — Bitaraplyk mekany. Arkadagyň jöwher sözi diňlenýär, BMG-de teklipleri oňlanýar, Uly-kiçi buýsanç bilen seslenýär: — Türkmenistan — Bitaraplyk mekany! 30.12.2019 ý. BITARAPLYGYŇ PAÝTAGTY, AŞGABAT Zemine hoşniýet ädimi äde, Parahatlyk zerur çagty, Aşgabat. Asudalyk küýsäp, bolduň dünýäde Bitaraplygyň paýtagty, Aşgabat. Bu gün waspyň giň äleme ýetendir, Her kim görsem diýip arzuw edendir. Seň goýnuňda nur daragty bitendir, Gijeleň gündiz deý ýagty, Aşgabat. Çar tarapdan myhman bary gelende, Gözelligňe haýran galar gezende. Abraýyň mundan-da galsyn belende, Bagt bagynyň güllän wagty, Aşgabat. Ulus-ile diňe ýagşylyk isläp, Sebitde asuda durmuş höwesläp, Merkez açdyň, maksat — gowluga besläp, Bolduň Aziýanyň bagty, Aşgabat. Şer işleriň öňüne çekip perde, Hoş niýeti şineledip her serde, Seniň deýin şäher barmy bir ýerde?! Gözelligiň täji-tagty, Aşgabat. Arkadagym bilen arşa ýetensiň, Parahatlyk bilen bile bitensiň. Merkezi Aziýaň göwheri sensiň, Budur sözlerimiň nagty, Aşgabat! Maý, 2020 ý. GOŞA GANAT Türkmen döwletiniň goşa ganaty, Garaşsyzlyk hem-de Bitaraplykdyr. Asly halal iliň Hakdan halaty, Garaşsyzlyk hem-de Bitaraplykdyr. Ilime sowulmaz ýazy getiren, Daga, düze ajap güller bitiren, Atalaryň arzuwyna ýetiren, Garaşsyzlyk hem-de Bitaraplykdyr. Kepderä bak, mawy asmana galýa, Ganatlary dostluk sazyny çalýa. Dünýä parahatlyk ýoluny salýan, Garaşsyzlyk hem-de Bitaraplykdyr. Ol saz türkmen ýüreginiň owazy, Baran ýerniň tämizlenýär howasy. Müdimilik bagtyýarlyk güwäsi, Garaşsyzlyk hem-de Bitaraplykdyr. Bu gün ýurdum dünýe içre at alýa, Abraý-mertebesi belende galýa. Arkadagyň tutumlarna badalga — Garaşsyzlyk hem-de Bitaraplykdyr. Sentýabr, 2021 ý. BITARAP WATANYMDA Bir-birege hormat öwrülip kada, Jebislik islänsoň ýakyna-ýada, Bagt baky galmagy beripdir wada Hemişelik Bitarap Watanymda. Hoşniýetliligi kalplara guýup, Ynsanperwerligiň gudratyn duýup, Millet kuwwatlandy bir Başa uýup, Hemişelik Bitarap Watanymda. Nazar salsaň şäher-kende, obama, Köpugurly ösüşleri rowana, Haýyr işler öwrülipdir dowama Hemişelik Bitarap Watanymda. Golda dutar, bagtyň mukamyn çalyp, Ýaşaýarys çar ýan bilen il bolup, Barýarys günsaýyn belende galyp Hemişelik Bitarap Watanymda. Türkmeniň şer işi bolmaz bileri, Sarpalanýar dostlaşdyryp illeri, Serimiz dik, ümzügimiz ileri Hemişelik Bitarap Watanymda. Arkadagly işler şow alýar bada, Zähmet bilen ýetdik şöhrata-ada, Aýlar aýdan, ýyllar ýyldan zyýada Hemişelik Bitarap Watanymda. 27.05.2020 ý. BITARAP TÜRKMENISTAN — PARAHATLYGYŇ MEKANY Guwan, ýurdumyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap, Bitarap Türkmenistan — parahatlygyň mekany. Bedew batly gadamlarmyz röwşen geljege tarap, Bitarap Türkmenistan — parahatlygyň mekany. Gysym gumy mukaddes bu toprak baýlygym-barym, Jennete bäs edýändir bagy-bossan, gül Diýarym, Gözelligne göwnüm joşup, buýsanyplar diýýärin — Bitarap Türkmenistan — parahatlygyň mekany. Sabalar hoştap howaly, nurly Günüm dogup dur, Goja Zeminiň göwsünden nebit-gazym çogup dur, Ertirki nesillermiziň rysk çemenin bogup dur, Bitarap Türkmenistan — parahatlygyň mekany. Obalarymyz özgerip, daýhanlarmyz galkynýar, Her ugurda halkymyzy buýsandyrýan galkym bar, Arkadagyň şaýolunda bagta nurly ýalkym bar, Bitarap Türkmenistan — parahatlygyň mekany. Altyn önýän atyzlarda traktorlar müňzeýär, Mele nan deý mele gumum berekede meňzeýär, Sahydyr bu topragymyz, sepen dänäň müňleýär, Bitarap Türkmenistan — parahatlygyň mekany! Durnukly ösýän döwletiň bolup aýdyň nyşany, Ak mermerli gurluşyklar gurşap aldy çar ýany, Ginnesiň kitabyndan orun aldy olaň şany, Bitarap Türkmenistan — parahatlygyň mekany. Kalbymyz dek giň ýollarmyz uzap dostlara sary, Ol ýollardan nusga alýar bu gün bütin Ýer şary, Guwanyplar diýýärler päkniýet ynsanlaň bary — Bitarap Türkmenistan — parahatlygyň mekany. Ýer ýüzüniň halklary görüp gadym sungatymy, Aňk bolup synladylar behişdi bedew atymy, Medenýet bilen göterdi milletiň şöhratyny, Bitarap Türkmenistan — parahatlygyň mekany. Şükür, bu gün biziň ilde sagdynlyk bar, ylym bar, Dünýä nusgalyk milli däp hem-de edim-gylym bar, Gelejege kerwen guran bagtdan paýly ýylym bar, Bitarap Türkmenistan — parahatlygyň mekany. Eşret deňzin boýlamyzsoň batly ýaňlanýar gülki, Ýetilen arzyly sepgit düýnki hem-de bu günki, Asla soňky sepgit däldir, öseris ýene, çünki Bitarap Türkmenistan — parahatlygyň mekany. Halkyň ykbal uşlybynda bolmansoň hiç bir düwün, Pälimiz Ýerde bolsa-da, Arşda aýlanýar göwün, Bütin dünýä ýaň salyp, buýsanyp diýýäris bu gün — Bitarap Türkmenistan — parahatlygyň mekany. Ýurt asuda bolansoň, hiç zady etmän endişe, Bagtyýar nesillermiz gaýratly hem çulum işe, Arkadag yhlasyndan, şekimiz ýok, bor hemişe, Bitarap Türkmenistan — parahatlygyň mekany. HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY Her säher şükür etgin, diläp döwre yhsanlary, Gör-ä, asuda dogýan Gün kalplara berýär ýyly. Bir-birege dost bolsun Ýer ýüzüniň ynsanlary, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly. BMG-de Arkadagyň başlangyjy goldanyp, Ýyl mynasyp at alansoň, göwünlere ýol salyp, Meşhur bolar asudalyk hem bagtyň sazyn çalyp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly. Çyn dostluk uzap gitsin asyrlara, müň ýyllara, Zemin ýüzi bezelsin hoş owaza hem güllere, Gelse diňe süýji söz gelsin zybana-dillere, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly. Dostlara myhman baryp hoş niýetli, saçakly, Myhman gelse mediwan biz, giňden açyk gujakly, Doganlygyň waspyn edýär bagşy dutar, gyjakly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly. Bitarap Watanymdan arşa galan ak kepderi, Bu Zeminden müdimilik ýok edip dawa-şeri, Ýüreklere aklyk paýlap, dik etsin her bir seri, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly. Milletler biri-birine dostluk ganatyn gerse, Ynama kökün urup, parahatlyk höküm sürse, Myrat tapar yhlasymyz halklar gola gol berse, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly. Ähli iller dost bolsalar, artar günleriň şowy, Arkalaşyp, goldaşyp ýaşamak, gör, neneň gowy?! Ýer ýüzüne asudalyk — Arkadagyň arzuwy, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly. 24.02.2021 ý. HOŞ GELDIŇIZ, BITARAPLYK TOÝUNA! Bu gün parahatlyk toýun toýlaýas, Hoş geldiňiz, Bitaraplyk toýuna! Dost bilen il bolup bagty boýlaýas, Hoş geldiňiz, Bitaraplyk toýuna! Guwanyp gülleýän sähra hem düze, Asuda günleri sylýarys ýüze, Ak ýürekden «Gardaş!» diýýäris size, Hoş geldiňiz, Bitaraplyk toýuna! «Bitaraplygyň dostlarny» dost bilip ýöremizsoň, begendiriň siz gelip, Şatlykdan ýaşarsyn gözlermiz gülüp, Hoş geldiňiz, Bitaraplyk toýuna! Toýda owaz eýläp gyjak, dutar, tar, Halkymyzyň däbi aslyna dartar, Dost gelse ojagyň döwleti artar, Hoş geldiňiz, Bitaraplyk toýuna! Doganlygy ýüreklere keşde edip, Synlaň, görüň paýtagtyma keşt edip, Zeýtun baldakly Tuguma sežde edip, Hoş geldiňiz, Bitaraplyk toýuna! Dost bilen bolýandyr ynsan arkaly, Gelseňiz ýa wideoşekil arkaly Gatnaşsaňyz, bolarsyňyz sarpaly, Hoş geldiňiz, Bitaraplyk toýuna! Geliň, Arkadagyň ýoluny görüň, Görüp, bir-birege dost golun geriň, Kalby päk ynsanlar bezegi törüň, Hoş geldiňiz, Bitaraplyk toýuna! 10.12.2020 ý. ROWAÇLYGYŇ WATANY Arkadagyň teklibinden bat alan, Türkmenistan — rowaçlygyň Watany. Hemişelik Bitarap diýp at alan, Türkmenistan — rowaçlygyň Watany. Garaşsyz, Bitarap döwlet berkarar, Her gursakda Jeýhun joşly hyjuw bar, Jebislikde üstünlikler bize ýar, Türkmenistan — rowaçlygyň Watany. Zeminim parahat, asmanym dury, Bagtdan şuglalanýar dideleň nury, Dünýä ýaýdy gadym däbi-dessury Türkmenistan — rowaçlygyň Watany. Serediň, gökdäki ördek-gazyma, Ses goşýarlar Arkadagyň sazyna, Ýer ýüzi aşykdyr oýun-bazyma, Türkmenistan — rowaçlygyň Watany. 12.01.2019 ý. ARKADAGLY TÜRKMENSIŇ Geçmişde kän döwletleri döreden, Arslan-şir ýigitli, hanly türkmensiň. Ruhun belent tutup, däbin ýöreden, Asly halal, aşly-nanly türkmensiň. Şadöwletler gurup, şa bolup ýaşan, Söweş güni ner deý kükreýip-joşan. Ykbal çüwüp, dabarasy dag aşan, Zemin içre şöhrat-şanly türkmensiň. Lebizlidir dosta, päli pes murdan, Ygrarlydyr söze, pataly pirden. Gönezligni alyp toprakdan, nurdan, Ynsanperwer, päk imanly türkmensiň. Meşhur atalarmyz eredip demrem, Ylym ojagyna öwrüpdir Merwem... Zalymlara garşy mert gylyç gemren Togrul, Çagry, Alp Arslanly türkmensiň. Üçýyldyz dagynda atyn segreden Röwşen begdir «it urşuny» öwreden. Külli türkmen ilin ýeke göwre eden Mert pederli — Oguz hanly türkmensiň. Eždatlarmyz dünýä görkezip zorun, Nepislikler bilen alypdyr orun. Haly bilen bezäp köşkleriň törün, Ajap jaýly, tagt-eýwanly türkmensiň. Lälezar Watanyň gülleýän wagty, Köpe arzuw boldy türkmeniň bagty. Ymmat jebis bolsa geljegi ýagty, Namut dälsiň, bagtdan paýly türkmensiň. Alys ýolda saklap dessuryn-däbin, Bu dünýä dolduryp milletiň çawyn, Adyl gördüm taryhynyň her babyn, Hupbulwatan, haka taýly türkmensiň. Arşda bilip erkinligiň gymmatyn, Saýrynyň hiç çekmändirler minnetin, Ynanjy dürs çykyp gadym milletiň, Neberesi bu gün şanly türkmensiň. Atalarmyz adyllyga berip ýüz, Ýolun takyk seçipdirler dogry, düz, Erkinlige ýetip, bir müň dokuz ýüz Togsan birden il deň sanly türkmensiň. Ine, şeýdip geçip alys pelleden, Peslik pikrin sumat eýläp kelleden. Bu dünýäde ýene adyn belli eden, Orunly, ojakly, nanly türkmensiň. Lebzi halal halka mahsus irilik, Millete ýüz berdi baky dirilik. Azat durmuş işiginden girilip, Jahan içre bu gün şanly türkmensiň. Ak arzuwlar bagtyň daňyn atyrdy, Külli türkmen ykbalyny göterdi. Atalaryň küýsegine ýetirdi, Dünýä dönüp, çyn döwranly türkmensiň. Arassa ýol — saýlan ýoly halkymyň, Menzil aşyp, şol ýollarda galkynyň! Zähmet bilen halal ýaşaň, ýalkanyň, Ata-baba tüýs işjanly türkmensiň. Türkmen ebedinde ýalkawly Hakdan, Gadyr görýär bu gün ýakyn-yrakdan. Yhsanlyklar çogsun her bir gursakdan, Mertebesi belent, şanly türkmensiň. Millet bolup dünýä içre beýgelen, Alysdan-ýakyndan myhmanlar gelen. Türkmen ülkesini daglary bilen Lälä öwren çyn Bagbanly türkmensiň. Ygtybarly Bitaraplyk ýolumyz, Gör-ä, dogan etdi sagu-solumyz. Ykbal göterilip, ömür salymyz, Nurlandyran hoş namaly türkmensiň. Ykbalyň bagt guşy ganatyn gerdi, Göwün diýen ajap döwrümiz berdi, Ertirlermiz has bagtyýar göründi, Tükenmejek hanymanly türkmensiň. Ilin jemläp bir supranyň daşyna Ruhlandyryp, ballar goşan aşyna. Deňäp her raýatyn gara başyna, Il hossary — Arkadagly türkmensiň! HABAR BER — JOGAP ŞEÝLEDIR (Aýdyşyk) Döwrangeldi Agalyýew: — O nämedir, ýalkym saçýar zer ýaly, O nämedir, joşa geti:r derýany, O nämedir, älem-jahan seýrany, Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber? Akmyrat Rejebow: — Ol bugdaýdyr, ýalkym saçýar zer ýaly, Ol tolkundyr, joşa geti:r derýany, Ol arzuwdyr, älem-jahan seýrany? Bizden salam bolsun, jogap şeýledir. — O nämedir, çöl içinde köl bolan, O nämedir, sähra nagyş-göl bolan, Agşamlarna şugla saçyp köz bolan, Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber? — Ol köl — «Altyn asyr: Türkmen kölüdir», Täze oba sähraň nagyş-gölüdir, «Garagum ýalkymy» alaw közüdir, Bizden salam bolsun, jogap şeýledir. — O nämedir, açylyp dur gül ýaly, O nämedir, nura beslär dünýäni, O nämedir ynsanýetiň binýady, Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber? — Ol göwündir açylyp dur gül ýaly, Ol döwürdir nura beslän dünýäni, Ol ömürdir adamzadyň binýady, Bizden salam bolsun, jogap şeýledir. — Ol nämedir, toý-baýramda çalarlar, Bagşy-sazandalar ele alarlar, Owazyndan ganman gulak salarlar, Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber? — Ol dutardyr, toý-baýramda çalarlar, Bagşylarmyz joşup, ele alarlar, Owazyndan ganman gulak salarlar, Bizden salam bolsun, jogap şeýledir. — O nämedir, jana geler tebigat, O nämedir, ynsanýete ybadat, O nämedir gülleýişden alamat, Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber? — Bahar pasly jana geler tebigat, Ol Watandyr, ynsanýete ybadat, Bagtyýarlyk gülleýişden alamat, Bizden salam bolsun, jogap şeýledir. — Haýsy ýurtdur, rowaçlygyň Watany, Özgerişi haýran edýän jahany, Ak mermerli binalarnyň hatary, Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber? — Türkmenistan — rowaçlygyň Watany, Özgerişi haýran edýär jahany, Barha artýar binalaryň hatary, Bizden salam bolsun, jogap şeýledir. — O nämedir, ýurda ýaň salýan şowhun, O nämedir, gökde atyp dur owsun, Arkadaga şöhrat bolsun, şan bolsun, Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber? — Garaşsyzlyk toýy — ýaň salýan şowhun, Ýaşyl Baýdagymyz atyp dur owsun. Eziz Arkadaga şan-şöhrat bolsun, Bizden salam bolsun, jogap şeýledir. TÜRKMENISTAN BIRINJI (Aýdyşyk) Akmyrat Rejebow: — Her jümlesi bolup kalplara ýagty, Ili galkyndyrdy döwletsiz wagty, Haýsy gudrat nesip eýläp bu bagty, Erkinlik binýadyn goýdy birinji? Döwrangeldi Agalyýew: — Halky etmek üçin bir jan, bir göwre, Pyragy zynharlap ýazdy ýüz öwre, Berkarar döwlete, bagtyýar döwre, Garaşsyzlyk binýat goýdy birinji. — Ne gudratdyr dünýä nur bolup ýaýran, Ne tizlikdir bütin Ýer ýüzi haýran, Bitarap diýp çawyn dolduran çarýan, Haýsy döwlet dünýä içre birinji? — Türkmen gazy dünýä nur bolup ýaýran, Bedew badymyza Ýer ýüzi haýran, BMG-gäň Kararyn goldansoň çarýan, Bitarap diýp Türkmenistan birinji. — Kimdir toplumlaýyn işler bitiren, Halkyny bagtyýar döwre ýetiren? Ganat bolup ýurt abraýyn göteren, Goşa gudrat haýsy ilde birinji? — Toplum işler Arkadaga adatdyr, Ýurdy abat, halky bagtyýar-şatdyr. Garaşsyzlyk, Bitaraplyk ganatdyr — Goşa gudrat Watanymda birinji? — Ak mermerli binalaryň binýady, Bu gün haýran eýläp ýakyny-ýady, Ginnes kitabyna ýazyldy ady, O ne şäher gözellikde birinji? — Bir-birinden täsin binalara baý, Aklykda, päklikde ýokdur oňa taý, Ginnes kitabynda ady — göwnejaý, Aşgabadym gözellikde birinji. — Watan yşky şugla çaýsa meňzine, Başartmajak iş ýok ynsan deňzine, Gazy işläp, öwrüp ECO benzine, Haýsy zawod dünýä içre birinji? — Watanyna yşk ataşyn söndürýän, Ýokdur bizde işden ýüzün döndürýän, Ahaldaky gazdan benzin öndürýän, Täze zawod dünýä içre birinji. — Ornaşdyryp sanly ulgam toruny, Artdyryp nesilleň ylym goruny, Zemine görkezip paýhas zoruny, Haýsy Gerçek öňe çykdy birinji? — Sanly ulgam, internete çatylyp, Ylym bilen täze döwre ýetilip, Paýhasy dünýäde ykrar edilip, Milli Lider öňe çykdy birinji. — Birleşmegi üçin durmuş sallarnyň, Goldawyny alyp sagu-sollarnyň, Halkara üstaşyr ulag ýollarnyň, Kimdir başlangyjyn başlan birinji. — Bilensoň dünýäniň tabyn-hallaryn, Çarýana uzadyp dostluk gollaryn, Arkadag üstaşyr ulag ýollaryň, Başlangyjyn öňe süren birinji. — Deňizde bar bäş döwletiň oruny, Goralyň suwuny, baýlyk goruny, Diýip, geçirmäge Hazar forumy, Haýsy Lider teklip eden birinji? — Çägi ýogam bolsa deňiz gorunyň, Hetdi bar döwletleň çolpy-torunyň, Şoň üçin zerur diýp Hazar forumyn — Teklip eden Arkadagdyr birinji. Bilelikde: — Has berkäp dostluk hem arkalaşyklar, Indi işjeň ösdürler gatnaşyklar, Çar tarapda ýanyp ýaşyl yşyklar, Ykdysadyýetde borus birinji. GARAŞSYZLYK KUÝAŞY (oda) Müň dokuz ýüz togsan biriň güýz güni, Buýsançdan joşduryp gojany-ýaşy. Ykbal gülläp, türkmeniň asmanynda, Nurun saçdy Garaşsyzlyk Kuýaşy. Saba-säher bilen ýalbyrap dogan, Bu Kuýaşyň nury düýpden aýrady. Ol nur çapar deýin täze döwletiň, Döränini buşlap dünýä ýaýrady. Parlak Kuýaş bütin dünýäň ýüregne, Çyn dostlugyň goly bolup uzansoň. Synladylar hem-de magat bildiler, Türkmeniň göwni päk, sözi uz, onsoň, heý-de ony ykrar etmän bolarmy? «Bolmaz!» diýip, bir karara geldiler. Şeýdip dünýäň uly-kiçi döwleti, Bu Watany özbaşdak diýp bildiler. Ähli döwletlerden goldaw görensoň, Bütin Ýer ýüzünde göterlip şany. Dünýä döwletleri ykrar etdiler, «Garaşsyz ýurt!» diýip, Türkmenistany. * * * Täsin gudrat Garaşsyzlyk Kuýaşy, Onuň bir şuglasy habar geçmişden. Bir şuglasy şu güne ýalkym saçyp, Hemmeleň köňlüne nurun seçýär deň. Ýene bir şuglasy nurly görünýär, Aklyga öwürip ertirlermizi. Oňa bakyp, ynam bilen diýýäris — Maksada ýetirer ertirler bizi. Geçmişi, şu güni hem-de geljegi, Nurlandyryp, edip duransoň aýan. Hyýalymda üç zamana syn kylyp, Çalyşdym özümçe etmäge beýan. * * * Bir ynanja uýduryp milletini, Ilki göz alnymda janlandy Oguz. Giň jahana hanlyk eden-de bolsa, Oguz han birjik-de bolmandyr ýowuz. Baran ýurtlaryna rehimli darap, Kalbynda ýakansoň dostluk çyragy. Öz islegi bilen boýun sunupdyr, Döwletleriň ýakyny hem yragy. Oguz hanyň adalatyny gören, Köp şalar söweşmän, gürleşipdirler. Kiçi Aziýanyň döwletleri-de, Jeň etmezden oňa birleşipdirler. Frank döwletleri boýun bolupdyr, Meýil etmän ot-ýalynly apada. Bilseň ol döwletler ýerleşipdirler, Merkezi hem Günbatar Ýewropada. Taryh şaýat, Maşrykdan Magrypa çen, Oguz hanyň adyl şalyk sürenne. Çünki Oguz adalata ýol açyp, Pislikleri dykypdyr sürenine. Oguz-türkmen adalaty dünýäde, Müňlerçe ýyl höküm sürýär, ýol alyp. Şol ýola ygrarly gerçek pederler, Bu giň dünýäň ýüregine ýol salyp. Hiç bir halka nähak sütem etmezden, Döwlet gurupdyrlar ýetmişden aşa. Ýöne ahyrsoňy dolanypdyrlar, Watanyn deň görüp göze hem gaşa... * * * Türkmeniň Watany göwni deýin giň, Bir ýany Köýtendag, Hazar bir ýany. Döwlet gurup, şu çäklerde ýaşan halk, Dünýä berdi ençe soltany, şany. Görogly, Seljuk beg, Togrul hem Çagry, Alp Arslan, Mälik şa hem Sanjar soltan. Batyr gerçek Ärtogrul, Jelaleddin... Zemin içre millete getirip şan. Pasyrdadyp adalatyň tuguny, Türkmeniň adyny dünýä ýaýdylar. Nirelerde bolsalar-da hak üçin, Şu Diýary ata Watan saýdylar. Şeýdip, bu toprakda ençe müň ýyllap, Döwlet gurup, halk bagtyýar ýaşady. Agzybirlik höküm süren mahaly, Jebis iliň bagty çenden aşady. Ýöne nätjek, alys durmuş ýolunda, Elmydama bolup durmy isläniň?! Döwletsizlik döwri beýik Pyraga, Diýdirdi: «Berkarar döwlet islärin». Gerçek pederlermiz sekiz asyrlap, Çekseler-de döwletsizligiň zaryn. Gysym gumy janyndan eziz görüp, Serden geçip, goradylar Diýaryn. Ýitirmän dilini hem-de däbini, Mert pederleň wesýetin hakladylar. Döz gelip heňňamlaň apatlaryna, Jebis bolup milletin sakladylar. Şonuň üçin Watanyň garyş ýerin, Duşman alyp bilmedi kän synanyp. Bu topragy goradylar, nesilleň Berkarar döwlet gurjagna ynanyp. «Owal akan ýerinden akyp aryk», Sekiz asyrdan soň gülledi ykbal. Iller çüwen ykbalyna guwanyp, Diýdiler: «Ak bagta badalga bu hal». Halkyň ynamynyň dürs çykanyny, Gördük otuz ýyllyk menzili aşa. Bu döwürde halky bagta ýetiren, Berkarar döwletli Arkadag ýaşa! * * * Garaşsyzlyk Kuýaşynyň nurundan, Ýagty güne, erkinlige ýetildi. Täze bir durmuşyň ilki ýyllary, «Geçiş döwri» diýlip yglan edildi. Asudalyk, Agzybirlik, Jebislik, Şygaryny baýdak edinip bada. Ýöredip pederleň milli ýoluny, Dostluk golun berip ýakyna-ýada. Dünýe üçin açdy giňden gapysyn, Ýurduň «Açyk gapylar» syýasaty. Zeminde parlatdy ýaşyl baýdagyn, Tugrasynda türkmeniň bedew aty. Baýdakda jem boldy bäş haly göli, Bäş ýyldyz, nurly Aý — birlikden nyşan. Il paýhasy siňen Esasy Kanun, Raýatlaryň ykbalyna berdi şan. Arzuwlanan döwletine ýetensoň, Bir göwre deý bolup ynsanlaň bary. «Geçiş döwri» üçin yglan etdiler, «On ýyl Abadanlyk» diýen şygary. Asuda durmuşda gurup, döredip, Milli ýoly bilen ýöräp pederleň. Garaşsyzlyk Kuýaşyndan nurlanyp, Watany gülletdi yşky heserleň. Milli ýolda ak bedewe atlanan, Arkadagym halkyna ganat gerdi. Şeýdip, «Geçiş döwri» tamamlandy-da, Täze döwre bedew badyny berdi. Ol döwür «Täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamy» adyn aldy. Bu döwürde Garaşsyz Watanymyň, Ady şöhratlanyp, has arşa galdy. Arkadagym beýik özgertmelerin, Döwletiň çet etrabyndan başlady. Şonda bütin ýurduň gülläp ösjegin Duýup, il-gün göwünlerin hoşlady. Sähel wagtda Diýaryň ähli ýeri, Öwrülip gurluşyk meýdançasyna. Döränsoň döwrebap şäher, obalar, Alkyş ýagdy ýurduň adyl Şasyna. Bu döwürde ylym giň ýola düşüp, Opera, milli saz, sport galkyndy. Halkyň gadym däplerini dikeldip, Arkadagym alkyşlardan ýalkandy. Buýsanyp Garaşsyz, Bitarap ýurda, Bagşylaryň sazy belent ýaňlandy. Jebis halk agzybir zähmet çekensoň, Ösüşlermiz Ýer ýüzünde aňlandy. Bedew batly köpugurly ösüşler, Bagt bolup çarýanda şuglasyn saçdy. Bäş ýyldan «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri» gapysyn açdy. Indi halk bagtyýar, döwlet berkarar, Millet Arkadaga uýup ýaşaýar. Her ädimde Garaşsyz döwletiniň, Aladalaryny duýup ýaşaýar. Onsoň neneň buýsanmajak Lidere, Ähli işler edilýärkä halk üçin. Halal ýaşap, işlemeklik borç bize, Arada hiç orun goýman galp üçin. Bu borja wepaly bagtyýar millet, Jebis bolup Arkadagyň daşyna. Belent sepgitleri çelgi edinýär, Baranynda her bir işiň başyna. Gurup binalary, giň şaýollary, Haýyr işler bilen tanalýas diňe. Ýer ýüzüne parahat ösüş isläp, Milli ýolumyzdan barýarys öňe. Ol ýoluň ugrunda göýä monjuk deý, Düzülen binalar ap-ak mermerden. Her gün säher Gün nuruna ýalbyrap, Joşgunly ylhamy göçürýär serden. Syn salsaň ýene-de ýoluň ugruna, Gözüň düşýär fabrik, zawod, kärhana. Täze gurlan howa menzillerinden, «Boingler» ganat gerýär çarýana. Tebigy gaz geçiriji turbalar, Bu gün sebit döwletlerne uzaýar. Türkmen togy ençe goňşy halklaryň, Kuýaşly nur bolup öýün bezeýär. Milli ýolumyzda edilen iş kän, Medeni ojaklar, sport desgalar. Döwrebap enjamly ak mekdeplerden, Nesillere öwüt-ündew, ders galar... Bedew batly ösüp, geljege barýan, Watanym owadan, döwletim juwan. Agzybirlik bilen bir Başa uýup, Ýagty geljeklere goýduk merduwan. Ol merduwan uzap arşyň deňine, Nesilleri has belende ýetirer. Arkadagly, asly halal millete, Soňlanmajak bagtly günler getirer. * * * Oguz handan gözbaşly gutly ýolda, Öňde Arkadagym ak aty bilen. Galkyndyrdy döwletini, halkyny, Bagtly döwrüň goşa ganaty bilen. Garaşsyzlyk Kuýaşy ertirlere, Ýagty şuglasyny saçansoň boldan. Geljek günler bir-birinden nur alyp, Bagtyň dagy görünip dur bu ýoldan. Nesillermiz Bagt dagyny nazarlap, Bu ýol bilen çür başyna çykarlar. Müň ýyl soňam Arkadagy alkyşlap, Belentlikden giň jahana bakarlar. Garaşsyzlyk Kuýaşyndan ýagtylan, Ýoldan ýöräp bagtyýar neberämiz. Mertebesi barha galyp belende, Dünýe içre dag aşar dabaramyz. Ýar saňa şöhrat-şan, gyratly Türkmen. Arkadagy Hakdan halatly Türkmen, Garaşsyzlyk, Bitaraplyk gazanyp, Laçyn guş deý goşa ganatly Türkmen. Bagtyýar döwrümden alyp badalga, Bagtdan paýly edip gojany, ýaşy. Geljek asyrlara, müňýyllyklara, Şugla saçsyn Garaşsyzlyk Kuýaşy! 14.09.2021 ý. TÜRKMENIŇ AK ÖÝ BINASY Göýä dolan Aý mysaly, Türkmeniň ak öý binasy. Depesi päk asman ýaly, Türkmeniň ak öý binasy. Gurluşy täsindir, geňdir, Milletiň kalby deý giňdir, Döwletli ojaga deňdir, Türkmeniň ak öý binasy. Çyn miras ol, buýsanç düýne, Söz ýok mukaddesdigine, Geçmişden köpri şu güne, Türkmeniň ak öý binasy. Garaşsyz döwre zynatdyr, Görenleriň göwni şatdyr, Alty däl, altmyş ganatdyr, Türkmeniň ak öý binasy. Içiniň howasy ýagşy, Haýran eder milli nagşy, Has gözel joşanda bagşy, Türkmeniň ak öý binasy. Giňdir, görseň boýun eder, Bedew atlar oýun eder, Mirasdyr, geljege ýeter, Türkmeniň ak öý binasy. Bolansoň durşuna many, Haýrana goýdy dünýäni, Arkadagyň ezizläni, Türkmeniň ak öý binasy. BAGTYÝARLYK ÇAGY GÖZEL Bu Watanyň gülleriniň, Gyzyl, mawy, agy gözel. Säher öwsen mylaýymja Ýelleriniň çawy gözel. Kenarynda tallar öser, Tolkunlary oýnar ýeser, Kalba salar yşky heser, Mele suwly ýaby gözel. Bal deý suwuň teşnesimiň, Lezzeti bar içmesiniň, Durnagözli çeşmesiniň, Dolup akýan a:by gözel. Şat günlere bolup emin, Durar, durdukça bu Zemin, Parasatly goja kimin, Kümüş başly dagy gözel. Keýerjekläp keýik, jeren, Birenaýy ürküp-tezen, Deresinde gaplaň gezen, Kert gaýaly zawy gözel. Ösüşlermiz bedew batly, Nan pyýada, biz gyratly, Tagamy asaldan datly, Bol miweli bagy gözel. Agzybirligmizi gören, Bagt guşy ganatyn geren, Maksatlara myrat beren, Bagtyýarlyk çagy gözel. Her işde bir göwre dek jem bolup, ýapyşýarys işjeň, Arkadagly beýik işleň, Bedew batly taby gözel. Ösen döwletleň sanynda, Abraýy şöhrat-şanynda, Watanymyň çar ýanynda, Görýänlermiň bary gözel. GÖWÜN HOŞUMYZ Watan göwün hoşudyr, Ömri oň bolsun baky! Misli Jeýhun joşudyr, Söýgimiz gursakdaky. Tutuş ýurdy gülledip, Ösýäris bedew batly, Asly nurdan milletiň, Ruhy galkýar gyr atly. Öňe, diňe öňe galk, Sensiň Hakdan halatly, Agzybir hem jebis halk, Öňe barýar gyr atly. Alysa nazar dikip, Diňlemän böwrümizi. Bina gurup, ýol çekip, Gülledýäs döwrümizi. Watany jandan söýýäs, Sähra, düz, dagy bilen. Bagty gulaçlap ýüzýäs, Eşretli çagy bilen. Jebis halka garaşýar, Bagtyýar günler diňe. Gül Diýara ýaraşýar Bedew deý gitmek öňe. Bu bagtyýar döwrümiz, Göwünleri ýaş eden, Bütin il bolup diýýäs: — Türkmenistan, ýaşa sen! 12.12.2019 ý. BAGT GUŞUŇ GANATY BAKY GERILMIŞ Bu döwüriň ajaplygyn görsene, Buýsançly wakadan doly her sene. Owalynda asly halal türkmene, Bagt guşuň ganaty baky gerilmiş. Agzybir halkymyz bir dogan ýaly, Şükür, her günümiz şöhratdan doly, Öňe alyp barýar bagtyň ak ýoly, Ol şaýola elwan güller serilmiş. Mukaddeslik — halkyň gadym däbi bar, Ertirlere galkyndyrýan çawy bar. Pederlerden gelýän miras ýadygär, Nesillere geçirilip ýörülmiş. Gymmatlyklaň biri saryja goýun, Ýüňüniň hiline hemmeler boýun. Şol ýüňüň halysy bezänsoň toýun, Halk tarapy:n ileri iterilmiş. Erk berip, şan berip her bir ynsana, Kalba nurdur, ady bezeg dahana. Owazasy dolup külli jahana, Halylarmyz öý töründe gerilmiş. Nurlandyryp taryhyň çuň gatlaryn, Yza taşlap tüweleýdir batlaryn, Asyrlardan aşyp gelen atlaryň, Ýyndamlygy toý-baýramda görülmiş. Mertlikden, wepadan alypdyr paýyn, Jahan içre tapmarsyň deňi-taýyn. Gazankelle, şir penje alabaýyň, Bu gün şany has beýge göterilmiş. Milli ýol ýetirdi bagtyýar çaga, Watanym beslendi bossana-baga. Sahypkyran, Gahryman Arkadaga, Owalynda Hakdan halat berilmiş. 12.12.2019 ý. ARKADAGYŇ DOSTLUK ÝÖRELGELERI Köňül küýsegmiziň wysaly boldy, Arkadagyň dostluk ýörelgeleri. Ýagşy niýet bolup äleme doldy. Arkadagyň dostluk ýörelgeleri. Gök asmanda ganat ýaýýan kepderi, Türkmen kalby bolup gezýär köp ýeri, Ýer ýüzünde dogan etdi köpleri, Arkadagyň dostluk ýörelgeleri. Bitarap döwletiň gözel paýtagty, Aklyga beslenip saçyp dur ýagty, Ynsanlara berdi bihasap bagty, Arkadagyň dostluk ýörelgeleri. Şat ýaşaýas, alada ýok hiç hili, Halal zähmet çekýäs bek guşap bili, Bir göwrä öwrüpdir giden bir ili, Arkadagyň dostluk ýörelgeleri. Watanyň şöhraty asmana galýa, Ösüşlermiz günbe-günden bat alýa, Haýyr işde müňýyllyga badalga, Arkadagyň dostluk ýörelgeleri. Günbe-günden il-gün galyp gaýrata, Watanym beslendi şana-şöhrata, Has nurly günleri berip dur wada, Arkadagyň dostluk ýörelgeleri. | |
|
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Şert / Goşgular - 09.02.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |