12:09 "Goşgy" keseli | |
"GOŞGY" KESELI
Bilen günüm - Ýokdugyny enemiñ, Maña bir "kesel" degdi. Şol "keseliñ" azaryna çydaman, Samrapdyryn, Çyrşapdyryn, Iller oña "Goşgy!" diýdi... Düşen günüm - Bir gözeliñ yşgyna, Huşumy ýitirip, çaşypdyr başym, - Ýagdaýym agyrmyşyn. Samranmyşym, Aýdanmyşym bir zatlar, - Şolar - deñ-duşlaryñ diýmegne görä, Şygyrmyşyn... Muña hiç kim gelmän ekeni baky: Mähriban atamy ýerlesem bir gün, Bir günem... Üç aýlyk söwer oglumy (Öwez ogul diläp) Ýerledi il-gün... Şondan soñ köpeldi ýalñyz oturmam... Ýykylan dek bolup bir bet eşekden. Señselände - Dolan ekeni içim, Birhili gaýgyly-gussaly gepden. Ýazyp goýdum gözýaşyma batyryp, Men olary bir çydamly kagyza. Ony bir gün çap etdiler gazetde, Ýokarsynda bir ýalñyz söz "Poeziýa". Atam barka, Diñläp çyrşanlarymy, Diýrdi: "Şükür, ölenmiz ýok, ajyndan! Senem höwrügäýsäñ nädýär ýer bilen, Çörek iýenmiz ýok galam ujundan..." Ynansam-da sözlerine atamyñ Goşgyny ýanymdan kowup bilmeýän. Onsoñ... aşa begensem ýa gynansam, - Goşgy bilen "keselleýän", Ýöne şükür, ölmeýän... Gurbanýaz DAŞGYNOW. | |
|
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |