20:18

Göwnüm...

GÖWNÜM

Göwnüm!
Eziz göwnüm!
Mähriban göwnüm!
Mähre zar göwnüm!
Köşeş!
Sowur gamyňy!
Aladasyz dünýä bardyr öýdemok.
Özüň dünýä ahyryn!
Iň bolmanda, dünýä ýaly giňdiň-ä!
Ygtybarly ýerdiň özgeler üçin,
Altyndyň,
Kümüşdiň,
Ýersiz-ýere ýakylan,
Öz ugrunda dökülen
Gan tagamly der-diň özgeler üçin.
Dürdüň.
Zerdiň.
Kä dünýä barabar lezzetden ganyp,
Kä-de güzap gördüň özgeler üçin.

Ezizim!
Ejizim!..
Ýykylaňda gyýylma!
Aýakda men şindi.
Men ýykylmasam, ýykyldym diýme özüňe!
Saňa şu günki ýaly düşünmändim hiç haçan,
A indi...

Sapa HOMMADOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 462 | Добавил: Pegas | Теги: Sapa Hommadоw | Рейтинг: 4.0/5
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Şert / Goşgular - 09.02.2024
Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024
"Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024
Alabahar / Goşgular - 21.03.2024
Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024
"Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024
«Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024
Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024
Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024
Nokat / Goşgular - 28.01.2024

Teswirleriň ählisi: 5
0
1 Garaýolly  
27
Shahyryñ aydyshy yaly,gowun ruhy dunyaniñ icindaki magnawy alem.Liriki gahryman material barlykda jismi jany bilen eyecilik edyan shol magnawy koñul aleminde aga-yana, donup-dolanyp,erkin gezip yormegi ance kuysese-de, real barlyk yashayshynyñ elemlerinden erkin saplanyp gezip bilmejegini añlayar we boyun alyar. Shygyr deklomassiyahasiyetde bolsa-da, shahyr gowun ,,gowresini" erbet shekillendirmandir. Meniñ pikirimce goshgynyñ mazmun hem ceperciligi sazlashykly yaly gorunyar. Yorute derñeyjileriñ pikiri nahilika.

0
2 Garaýolly  
27
...ance-nace...

1
3 Gumlygelin  
8
Mähre zar göwnüm!
Sapa bu setirleri okap oýlandym. Diñe zenanlar mähre zarmyka diýen düşünje bilen ýaşap ýören ekenik.

0
4 Pegas  
98
Köp sag boluň. "Baky minnetdar!" diýýär-ä Gurbandurdy Oraz)) Baky minnetdar size, agalar, doganlar!

0
5 Мylayym  
83
"Göwnüm!
Eziz göwnüm!
Mähriban göwnüm!
Mähre zar göwnüm!
Köşeş!"
diýýä welin, gaýtym, agym tutýa... )
Bu goşgusynda Sapa birsalym, öz dünýäsine özi seýil edipdir...
Täsirli goşgy.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]