23:38

Göwnüm

GÖWNÜM

Oýan gaflat ukusyndan,
Eglenme hiç mahal, göwnüm!
Geç bu dünýä duýgusyndan,
Alnyñda bar ajal, göwnüm!

Ýazar bolsañ ýazgyl haky,
Razy kyl özüñden Haky.
Iýme hergiz ýetim haky,
Kanagatda kemal, göwnüm!

Ýaşasañ hak üzre ýaşa,
Ygtybar ýok ömre-ýaşa.
Säher çagy akan ýaşa,
Tañla ýokdur sowal, göwnüm!

Ömür soñy togsan ýa ýüz,
Dogrulykda görmäwer ýüz,
Agmalyñ bilen ýüzme-ýüz,
Bolmaly sen herhal, göwnüm!

Haýrulla MYRADY ÇALYŞ,
Owganystanly türkmen.

گؤونیم:

اویان غفلت اوخیسیندان
ایگلنمه هیچ ماحال گؤونیم
گچ بو دنیا دویغیسیندن
آلینگدا بار اجل گؤونیم

یازار بولسانگ یازغیل حقی
راضی قیل اوزونگدن حقی
ایمه هرگز؛ یتیم حقی
قناعت ده کامل گؤونیم

یاشاسانگ حق اوزره یاشه
اعتبار یوق؛ عمره- یاشه
سحر چاغی آقان یاشه
تانگلا یوقدور سوال گؤونیم

عمر سونگی توغسان یا یوز
دوغریلیقده گورماور یوز
اعمالینگ بیلن یوز مه یوز
بولمالی سن هر حال گؤونیم.

خیرالله مرادی چلیش
Категория: Goşgular | Просмотров: 171 | Добавил: Haweran | Теги: Haýrulla Çalyş | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024
"Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024
Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024
Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024
Tazy / Goşgular - 30.01.2024
Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024
"Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024
Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024
Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024
Hasap / Goşgular - 18.02.2024

Teswirleriň ählisi: 3
0
1 sylapberdimuhamov  
1428
Owganystanly türkmen gardaşymyz Haýrulla Çalyşyň Kitapçymyzda goýlan ilkinji şygyry meni begendirdi. Umyt edýärin ýakyn wagtda bu türkmen şahyrynyň başga-da şygyrlaryny bu ýerde okarys we özara pikir alyşarys.
Meniň tanaýan daşary ýurtly türkmen şahyrlarymyň arasynda goşgy ýazmagyň täze bir formalaryny agtarýan we olary öz döredijiliginde synag edip görýän Haýrulla Myrady bu ugurda uly üstünlikler gazanýar.
Häzrki bize ýetirilen şygyrda hem gadymy türk şygyr ýazylyş formasynyň kyn bir görnüşi bolan týug kapyýalary ulanylypdyr.
Haýrulla gardaş, saňa döredijilikde we türkmen çagalaryna bilim-sowat öwretmekde edýän we etjek bolýan işleriňde uly üstünlikler dileg edýärin!
Galamyň ýiti, ylhamyň derýa bolsun, şahyr gardaşym!

0
2 Remezan  
1397
سلم خيرالله گوشكينگا بركالله اوستونلك،

0
3 Jennet_guli  
360
Türkmen nirde bolsa-da türkmendir, onuñ ýüregi birdir.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]