12:20

Göwreli gelin hakda ballada

GÖWRELI GELIN HAKDA BALLADA

Işikdäki buýra saçly garagaç
Ýukaldyp başlady goýras saýasyn.
Dolmuş gelin sallam-sajak kölgede
Otyr ýaňaklarna diräp aýasyn.

Alasarmyk gussaň belli sazy ýok,
Hem kyn tapmak ondan dynmaň tärini.
Gamgyn gelin ýada salýar öýlenip,
Bir aýdan soň taşlap giden ärini.

Bar zat ýada düşýär süýjülik bilen,
Söýgi,
posa,
mähir,
täsin galpyldy.
Ýada düşýär howatyrly , utanjaň
Göreçlerden çykan ilki ýalpyldy.
Ähli zat täsindi, täzedi bar zat.
Gussaly gutardy ajap hekaýa.

Kanikula gelen agajet oglan
Gitdi,
gitdi çydam etmän iki aýa.
Beýder ýaly öýke-kine bolmandy.
Bolmandy tersleşip ýaraşmagam-a.
Ýazypdyr: «Bagyşla , söýýänim bardy,
Bir ýalňyşlyk boldy, garaşma maňa!»

Güýzüň golaýlanna düşünýär gelin,
Çapgyn ýol daraýar eleşan baga.
Pyşyrdaýar gelin: «Sende günä ýok,
Sag-aman dünýä in bigünä çaga».

Atajan ANNABERDIÝEW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 354 | Добавил: Arzyman | Теги: Atajan Annaberdi | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024
Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024
Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024
Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024
Tazy / Goşgular - 30.01.2024
Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024
Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024
Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024
"At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024
Siziñki / Goşgular - 30.01.2024

Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Hаwеrаn  
245
Gurbannazar, Nobatguly ýaly läheñler bilen deñ hatarda görülmäge mynasyp, ähli gözellikleri b.n şygryýetde başgalaryñ ýetip bilmedik kanoniki derejesine ýeten ussat şahyr.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]