13:49

Göwün sensizlige öwrenşip barýar...

GÖWÜN SENSIZLIGE ÖWRENŞIP BARÝAR...

Iller ýaly göwün ýüwürtdim menem,
Arzuw etdim, islemedim artyk zat.
Hemdemim — gijigen söýgi boldy-da,
Ýaşaberdim umytlarmy goltuklap.

Gyşlarda gar bolup ýagasym geldi,
(Kemje-kerdem däl islenmek hiç kese.)
Söýen sähel zatdan dilgir bor eken,
Garaşany gelmese ýa giçlese...

Men şuňa düşündim, duşdum-da saňa:
Hasabyna jür ekeni dünýämiz,
Hem herimiz aýry dünýä öýderdim,
Asyl biziň bir ekeni dünýämiz.

Ýüzümi asmadym gideniň üçin,
Ýöne ýatlamalar boýnumy burýar.
Göwün ümsümlige öwrenşen ýaly,
Göwün sensizlige öwrenşip barýar...

Sapa HOMMADOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 493 | Добавил: Мylayym | Теги: Sapa Hommadow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Käbir göz ýetirenlerim / Goşgular - 01.01.2023
Ymtylyş... / Goşgular - 13.01.2023
Kölege / Goşgular - 31.01.2023
Sönmezek umyt / Goşgular - 21.01.2023
«Когда читала ты мучительные строки…» / Goşgular - 15.02.2023
"Bu ne apat, gazabymy Allanyň? / Goşgular - 12.02.2023
Чудесный охотник / Goşgular - 05.01.2023
Agşamlyk / Goşgular - 08.01.2023
Голос города / Goşgular - 03.01.2023
«Только закрою горячие веки…» / Goşgular - 20.01.2023

Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Trigger  
643
ýürejigim bolduň, şahyr booze

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]