23:43

Göwündäki gündelik -16/ dowamy

DANALARYŇ YLMYNA UÝAN ADAM

Gül pürkülen ýaly giň otagyň içinde ýaşulularyň şu günden açýan söhbetleri diýseň gyzypdy. Biziň döwrümiziň täsinliklerine haýran galýan gojalar gürrüňiň soňuny könä sapdylar. Gürrüň könä ýazandyram welin, häliden bäri sesini çykarman oturan Çary aga:
— Ynha, görersiňiz. Wagt geler, kiçijek gapyrjagyň nurbatyny towlasaňyz, dünýäden habar berer. Onuň hiç ýerde zada ilteşigi-de ýokdur. Hat okap, hat ýazyp bilmeýän adamy tapmarsyňyz. Daýhançylyk işleriňiziň köpüsini maşynlar bitirer. Ulagyňyz özi ýöreýän her dürli maşynlar bolar-diýip Annagylyç molla aýdardy. Şonuň aýdanlary boldy-diýdi. Çary aganyň başlan gürrüňini ýaşy 70-e ser uran, dürdäne sözleýän Annadurdy aga alyp göterdi. Ol bendäniň aýdanlarynyň yrýasy barmy näme.
1928-nji ýylda arap harpyndan latyn elipbiýine geçilende halypamyz Annagylyç molla: «Latynça elipbiýe geçilmegi gowy zat. Ýöne, täze öwrenmesi aňsat elipbiýe geçilenine görä kiril elipbiýine geçilmelidi. Iň soňy şoňa geçmel-ä bolar» diýerdi. Aýdyşy ýaly, 1940-njy ýylda rus elipbiýine geçildi, şonuň üçin çagalara sowat öwretmek hem ep-esli aňsatlaşdy-diýip, Annadurdy aga öz mugallymynyň öňden görüjiligine guwanmak bilen, gürrüň gezegini ýoldaşyna berýän ýaly, goltugyna alyp oturan ýassygyny ýanbaşlap gyşardy.
— Siz ony diýýäňiz, Annagylyç molla jugrafiýadan okadanda Aýyň-Günüň tutulyşyny bize görkezmäge, onuň sebäplerini düşündirmäge çalşardy-diýip, Saparly aga gürrüňini dowam etdirdi.
Eýsem ýaşulularyň hormat bilen ýatlan Annagylyç mugallymy kim bolmaly? Annagylyç Suwhannazar ogly 1878-njy ýylda Baýramalynyň Müjewür obasynda daýhan maşgalasynda dogulýar. Annagylyç ilki öz önüp-ösen obasynda, soň maryly Molla Töre ahunyňkyda okaýar. Soňra bolsa Buharadaky Gögeldaş medresesine okuwa girýär.
Agy-garany aýyl-saýyl etmäge düşünip başlan ýigit medresesindäki okuwlarynyň daşyndan gizlinlikde geçilýän täze (jezit elipbiýini öwrenmäge) okuwa gatnaşýar. Ol bu okuwda dünýewi ylymlara baş goşýar. Annagylyç aýratyn çydamlylygy hem-de erjelligi bilen medresäni 1908-nji ýylda gutaryp, öz obalaryna dolanyp gelýär. Agasy Nurgylyjyň ýanynda ep-esli wagtlap daýhançylyk edýär.
Mümkinçilik bolsa ol günübirin okuwa-çagalara sowat öwretmäge başlajakdy. Emma hany, häzirkiler ýaly mekdepler, okuw kitaplary? Nätmeli? Baýlaryň işiginde, hakynatutma molla bolmalymy ýa-da daýhançylyk edip ýörmelimi. Ýok, her zat etmeli okamaga başlamaly-sowatsyzlyga garşy göreşmeli? Ine, şeýle maksat bilen Annagylyç dogan-garyndaşlaryna, oba ýaşulularyna maslahat salýar. Maslahat soranlarynyň hemmesi diýen ýaly Annagylyjyň tutan maksadyny unaýarlar. Oňa nähili kömek gerek bolsa, ikelläp bermäge taýýardyklaryny aýdýarlar.
Şondan soň Annagylyç Suwhannazar Gyzylgümmezde (Baýramaly etrabynyň Harsanly, häzirki Agaýusup Aly obasynda) 4 otagly jaý gurduryp okuwa başlaýar. Bu ýerde ol bary-ýogy 2 ýyl okadýar.
1910-njy ýylda Molla Annagylyç Gyzyldaýhanda-häzirki Parahatlyk obasynda öňkä görä has uly, 8-10 otagly jaýyň-mekdebiň gurluşygyna başlaýar.
1912-nji ýylda mekdebiň gurluşygy doly tamamlanyp, okuwa başlanýar. Gyzylgümmezdäki hüjrede öň bary-ýogy 8 çaga okan bolsa, indi bu ýerde diňe ýatyp okaýanlaryň özi 40-dan geçýär.
Täze mekdepde dini kitaplardan başga-da, taryhdan, jugrafiýadan, arifmetikadan sowat öwredýärdi.
Okuw kitaplaryny bolsa Annagylyç Suwhannazar ogly Kazandan, Daşkentden ýazylyp alýardy.
Okuwçylara sowat jezit elipbiýinde öwredýärdi. Jezit elipbiýiniň öwrenmesi arapçadan has aňsatdy. Bu bolsa çagalaryň tiz sowat öwrenmeklerine getirdi. Täze usulda okadylýan okuwyň gün geldikçe dabarasy artyp ugrady. Täze mekdebiň dabarasy artdygyça Annagylyç mollanyň üstüne howp abanyp başlady.
1914-nji ýylda ýerli häkimiýetler Annagylyç mugallyma täze mekdebi ýapmaga 24 sagat puryja berýärler. Mekdep görkezilen pursadynda ýapylyp, talyplar öýli-öýüne dargadylýar.
Täze mekdebiň gapysy 1919-njy ýyla çenli şol ýapyklygyna durýar. Soň görüp otursalar, ýerli işan-mollalar ony Mary häkimlerine ýamanlan ekenler.
1919-njy ýylyň ahyryndan başlap, Annagylyç molla Müjewür obasyndaky 40 orunlyk mekdepde täze döwrüň mugallymy bolup çagalary okadyp başlaýar.
1919-1920-nji ýyllarda bolsa gerek, Maryda 3 aýlyk pedagogik kurs açylýar. Molla Annagylyç şu kursda täze döwrüň ilkinji mugallymlaryna sapak berýär. Soň bolsa ýene-de öňki mekdebine gelip işläp başlaýar.
Molla Annagylyç 1925-nji ýyla çenli Baýramalydaky internatda mugallymçylyk edýär hem-de Türkmenistan Halk magaryf komissarlygy bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýar.
1925-nji ýylda Baýramalyda Politehnikum açylýar. Annagylyç Suwhannazar ogluny täze açylan tehnikuma mugallymçylyga çagyrýarlar. 1930-njy ýyla çenli ol türkmen dili hem-de edebiýaty boýunça şu tehnikumda sapak okadýar.
Molla Annagylyç 1925-nji ýylda Moskwada açylan mugallymlaryň Bütinsoýuz I gurultaýyna Marydan Bäşim Kazyýew, Aşgabadyň Köşi obasyndan Gulmyrat Şahmyradow bilen delegat bolup gatnaşýarlar. Molla Annagylyjy gurultaýyň prezidiumyna saýlaýarlar. Gurultaýdan soň molla Annagylyç kärdeşleri bilen «Izwestiýa» gazetiniň redaksiýasynda myhmançylykda bolýarlar hem-de ýadygärlik surata düşýärler. 1928-nji ýylda molla Annagylyç 50 ýaşynyň dolanlygy mynasybetli Türkmenistan Halk Komissarlar Soweti tarapyndan «Hormat haty» bilen sylaglanýar.
1930-njy ýylda molla Annagylyç halk magaryfynda bitiren hyzmatlarynyň 20 ýyllygy mynasybetli Türkmenistan hökümetiniň karary bilen «Türkmenistanyň at gazanan mugallymy» diýen belent ada mynasyp bolýar hem-de hormatly dynç alşa çykýar.
Molla Annagylyç diňe bir görnükli magaryfçy däl-de, eýsem türkmenlerden ilkinji fotografdy, tanymal hünärmentdi.
Annagylyç Suwhannazar baryp-ha rewolýusiýadan has ir Moskwadan fotoapparat getirdip, şony özbaşdak öwrenipdir. Ilkinji türkmen fotografynyň 1915-1916-njy ýyllardaky alan suratlary, ol suratlaryň negatiwi hem saklanýar. Entek obada elektrik yşygynyň adynyň-da ýok wagty Annagylyç mugallymyň fotosurat çykaryşy örän täsin hem-de gyzykly.
Annagylyç mugallymyň baý kitaphanasy bolupdyr. Ol kitaphanadan Aşgabatda çykýan «Zakaspiýskaýa tuzemnaýa gazetyny-da», Ufada çykýan «Wakyt» gazetini-de, Kazanda çykýan «Alemi Niswan» žurnalyny-da, A. M. Gorkiniň, Žýul Werniň romanlaryny-da tapmak bolýardy. Bulardan başga-da, ol Krymda, Astrahanda, Daşkentde çykýan gazet-žurnallaryň köpüsini alýardy- diýip, Annagylyç mugallymyň ilkinji okuwçylary gürrüň berýärler.
Annagylyç Suwhannazar öz ene dilinde ilkinji okuw kitaplaryny ýazmaga hem işjeň gatnaşan adam. 1925-nji ýylda Poltoraskide (Aşgabatda) Annagylyç mugallymyň awtorlygynda başlangyç klaslar üçin ene dilinden, jugrafiýadan, arifmetikadan okuw kitaplary çykýar. Ol okuw kitaplarynyň diňe birini jugrafiýadan okuw kitabyny ele salmak bize başartdy. Beýleki okuw kitaplaryny bolsa, ideg-sorag etsek hem heniz tapamyzok.
Hormatly mugallymyň elinde başlangyç sowadyna çykan onuň ilkinji okuwçylary öz döwrüniň tanymal adamlary, belent mertebeli mugallymlary bolup ýetişdiler.
Türkmen dil biliminde kän hyzmatlar bitiren, Türkmen döwlet uniwersitetiniň merhum professory Gurban Sopyýew, respublikamyzda magaryfçylaryň arasynda ilkinjileriň biri bolup Lenin ordenine mynasyp bolan Annadurdy Amangylyjow, Türkmenistan SSR-niň at gazanan mugallymy, merhum Sapardurdy Bekmyradow we ýene-de birnäçe mugallymlar Annagylyç Suwhannazar oglunyň mähir siňdiren şägirtleridir.
Annagylyç mugallymyň elinded sowat alan ilkinji okuwçylarynyň gürrüň bermegine görä, 1923-nji ýylda bolsa gerek, Mary welaýatynyň mugallymlarynyň tomusky maslahaty Baýramalynyň Gyzyldaýhan obasyndaky täze sowet mekdebinde geçýär.
Annagylyç Suwhannazar ogly çagalara sowat öwretmegi zähmet terbiýesi bilen utgaşykly alyp barypdyr.
“Çagalary ýaşlykdan diňe bir okamagy ýa-da ýazmagy däl, ekinlere seretmegi hem, mallary idetmegi hem öwretmek gerek, zähmet terbiýesini bermek mydama gerek” diýip, dana mugallym öz kärdeşlerine aýdar eken.
Manyly ömrüni il-günümiziň çagalaryna sowat, edep öwretmäge bagyşlan pähimdaryň aýdanlary dogry hem bolup çykdy.
Ýakymly ýatlamamyzyň soňunda ýene-de bir zady belläp geçesimiz gelýär. Annagylyç ahun il-günüň çagalaryna sowat öwredişi ýaly, öz çagalaryny hem hatly-sowatly etmäge köp üns beripdir.
Annagylyç ahunyň elinde başlangyç sowadyna çykan iň uly ogly Reşit Gylyjow Baýramalydaky politehnikumy tamamlansoň (1930 ý.) ömrüňi welaýatymyzyň suw gurluşyk işlerine bagyşlady. Reşit Gylyjow TSSR-iň at gazanan irrigatorydy.
Hormatly mugallymyň iň körpe ogly Yzzat Gylyjow ajaýyp hudožnik hökmünde diňe bir Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzdan başga-da, eýsem daşary ýurtlarda hem tanalýar. Yzzat Gylyjowyň ýiti zehininiň gülläp ösmeginde kakasy Annagylyç Suwhannazar oglunyň täsiri uludyr.
Danalara gol beren, öz döwründe ýaş nesilleriň egsilmez bagtyna guwanan Annagylyç Suwhannazar oglunyň durmuş ýoly, onuň bitiren işleri ýatdan çykmaz.
Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň şöhratly baýramçylygy mynasybetli, ajaýyp mugallymyň ady ebedileşdirildi. Onuň bitiren hyzmatlaryna uly hormat goýup, Baýramaly şäheriniň iň owadan köçeleriniň biri, Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky böwrek hem ýürek kesellerini bejerýän sanatoriniň işigindäki gül-çemenli ýol Annagylyç Suwhannazar adyndaky köçe diýlip atlandyryldy.
Annagylyç Suwhannazar oglunyň manyly ömri Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda has giňişleýin öwrenilmäge mynasypdyr.

1964-1994 ý.

Seýitli Söýün.
Eýsem men gündelige bu uzyn söhbedi näme üçin goşdum?
Käte aşgabadyň hoştap gijesiniň tereň howasyndan dem almak üçin Seýdi hem Mollanepes köçeleriniň aralygyndaky alleýa aýlanaýmak edähedim bar. Şonda mundan birküç ýyl ozal biri Seýdi köçesiniň çüňkünde-“Teke bazaryna” tarap öwrülýän ýerde kaşaň salnan (öz döwründe hasam “bäý-bä” diýdiren), kaşaňlygynyň sebäbem ýerzemini bilen üç gatltgynda däl-de, arhitektura-binagärlik aýratynlygy taýdan “täsin-aý” diýdirýän jaýy görkezip, “Yzzat Gylyhyň öz eli bilen guran jaýy” diýdi. Her gezek durup-durup synlaýan. Daşy gür baga bürenip, dürli güller ekilenem bolsa, häzir eýesizdigi, kän bir girim-çykymyň ýokdugy bildirýär. Idi-yssywat edilmänsoň, howlyny ot basypdyr, diwar çüňlerini gurum baglan ýerlerem göze ilýär, aýna-äpişge çaňjaryp dur. Şonda içimden “beh, beýle uly ussadyň öýüni muzeýe ýa döredijilik ussahanasyna öwrüp, Çeperçilik akademiýasyna beräýmel-ä. Şonuň talyplarynyň girip-çykmagam, sungat ybatdathanasyna zyýarat edenden artyk bolardy” diýýän. Sebäbi Çeperçilik akademiýasy gündogar gapdalda bir köçe geçen ýeriň.
Içimi byjyklan ýene bir gyzyklanma hem bu ajaýyp, türkmeniň milli sungatynda ýyldyz bolup lowurdaýan, öçmejek, özem diňe özüne muwapyk döredijilik yzyny goýan (beýle bagt hemmä ýetdirip durmaýar) ussat, SSSR-iň halk hidojnigi, akademik Yzzat Gylyjow hakda has köpäk bilmek höwesi boldy.
Bir gezek kitaplaryň birini dörüp otyrkam, dünýä belli ýazyjy Çingiz Aýtmatowyň aýdan sözleri meni hasam hyjuwlandyrdy. Ussat ussada gör nähili baha berýär: “Siziň çeken suratlaryňyzda Gün edil meniň dünýämiň ähli adamlary üçin şöhlelenmegini isleýşim ýaly ýaşaýar. Seniň beýik hudojnnikligiňe söz ýok”.
Onsoň-a ymykly yzyna düşüp şulary bildim:
Türkmen nakgaşylygyna täzelik getiren Yzzat Nazarowiç Gylyjow 1923-nji ýylda Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň Ýalkym obasynda dünýä inýär. Çagalykdan surat çekmek bilen gyzyklanan oglanjyk 1940-njy ýylda Aşgabat şäherinde Çeperçilik uçilişede Ýuliýa Daneşwaryň ussahanasynda okap başlaýar. Emma Beýik Watançylyk urşy sebäpli 1942-nji ýylda fronta gidýär we 1945-nji ýylda dolanyp gelýär.
Suratkeş 1947-nji ýylda Aşgabada gelende mugallymy Ý. Daneşwar ony Lelingrada-Repin adyndaky institutyna “Milli studiýa” okamaga ugradýar. Ol ýerde rus-sowet suratkeşi Boris Iogansonyň ussahanasynda işläp, 1953-nji ýylda “Garagum çölünde” atly diplom işi bilen üstünlikli tamamlaýar. Soňra 1953-nji ýylda Aşgabada dolanyp gelýär we çeperçilik uçilişede mugallym bolup işläp başlaýar.
Suratkeş soňra ussatlygyny has-da kämilleşdirmek üçin okuwyny dowam etdirmegi ýüregine düwýär. Şeýdibem 1954-nji ýylda Moskwanyň W.I. Surikow adyndaky çeperçilik institutynyň aspiranturasyna girýär we Aleksandr Gerasimowyň ussahanasynda işläp, “Gowy durmuş üçin” atly taryhy taslamasy esaynda kandidatlyk işini 1957-nji ýylda üstünlikli goraýar.
1950-nji ýyllarynyň ikinji ýarymynda Moskwanyň we Leningradyň sergilerinde suratkeşleriň arasynda ýüze çykan täze “Gazaply stil” ýaýrap başlaýar. Bu ugurda az sanly serişdeler bilen işlenilýär, daşky alamatlary plakat dilinde bolup, şekilleriň we tekiz reňkleriň çäkliligine garamazdan, eseriň many-mazmuny giň beýan edilýär. Hemişe täzeligiň gözleginde gezýän suratkeşleriň biri bolan Y. Gylyjow türkmen nakgaşçylyk sungatyna şol täzeligi getirýär.
1966-nji ýylyň tomsunda Moskwada geçirilen şahsy sergisinde Y. Gylyjow “Meniň Türkmenim” atly suratlar tapgyry üçin 1667-nji ýylda SSSR-iň döwlet baýragyna mynasyp bolýar. Bu eserler: “Men we meniň ejem”, “Rowaýat”, “Gyrkymçylar”, “Buluçlar”, «Ene».
Yzzat Gylyjowyň döredijiliginiň irki tapgyrynyň eserleri sosialistik realizm usulynda işlenýär. Bu eserlerde durmuşyň pursatlary, öz takyk kompozisiýasy we reňk çözgütleri bilen hakyky tebigaty akademizm usulynda ýazylýar
1957-nji ýylda Beýik Oktýabr rewolýusiýasynyň 40 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen sergide Y. Gylyjowyň “Gowy durmuş üçin ” atly eseriniň ýany bilen onuň portret eseri hytaý suratkeşi Si Mu Dunyň portreti sergilendi. Bu eseri sergide iň şowly bolup çykan işleriň biri hasaplandy.
1966-nji ýylyň tomsunda Moskwada geçirilen şahsy sergisinde Y. Gylyjow “Meniň Türkmenim” atly suratlar tapgyry üçin 1667-nji ýylda SSSR-iň döwlet baýragyna mynasyp bolýar. Bu eserler: “Men we meniň ejem”, “Rowaýat”, “Gyrkymçylar”, “Buluçlar”, «Ene».
“Buluçlar” eserinde suratkeş öz dogduk mekany bolan Maryda ýaşaýan buluçlaryň uly bolmadyk halkynyň durmuşyny görkezmegi başarýar. Garagözli, garaýagyz zenanlar ýagty milli eşikde halynyň üstünde oturan, arka fonynda geçip barýan buluç zenanlar we kerpiç diwary ýagty reňklerde tekizlikde görkezilýär. Zenanlaryň asuda, arkaýyn oturyşy geljege bolan ynamlaryny açýar.
Suratkeş «Rowaýat» eserinde halyçy gelin-gyzlaryň döredýän ajaýyplygy, haly rowaýaty hakynda gürrüň gidýär. Umumylaşdyrylan formalary we tekiz gyzyl reňkler bilen eser ýadyňda galýar.
Zähmetkeşleriň arasynda köp bolan suratkeş «Gyrkymçylar» eserini ýazýar. Adamlaryň hereketleri we ýyly sary, ak we gyzyl reňkler esere ritm berýär.
«Men we meniň ejem» atly eserinde suratkeş öz maşgalasynyň keşbini şöhlelendirýär. Bu taslama dürli reňkleri bilen türkmen keçesini ýada salýar.
Şol ýyllarda suratkeş türkmen halkynyň bagtly durmuşyny beýan edýän eserlerini-triptihi «Şatlyk güni», “Halyçylar”, “Ertir toý”, “Toýa” atly taslamalaryny ýazýar.
70-80-nji ýyllarda suratkeş ene temasy bilen baglanşykly birnäçe işleri ýerine ýetirýär. “Bagt” atly tondo eseri beýik ene söýgüsi barada söhbet açýar. Geljege bolan umytly, çagalarynyň bagtly durmuşyny arzuw edýän eneler nar bagynda şekillendirilýär.
Plakat görnüşli, dekoratiw haşam usulda ýazylan bu eserleri suratkeş gyzyl reňk bütewiliginde berýär.
«Ilkinji tarp ýer» atly taslama öz gahrymanlaryň hereketler we reňkler bilen ekspressionistik serişdelere gabat gelýär.
Gylyjow köp ýurtlara syýahat edip şol ýerleriň taryhy, adamlarynyň ýaşaýyşy, medeniýeti bilen gyzyklanyp, olara uly söýgi we haýranlyk bilen garaýar.
Ussat suratkeş öz halkynyň ýaşaýyş durmuşy bilen baglanyşykly dürli syužetli, diňe göwün açyjy, bagtly durmuşy we erkin zähmeti öz döredijiliginde beýan edýän “Ene şatlygy”, “Obamyzyň gyzlary”, “Çeper eller” eserlerini döredýär.
Tematiki işleriniň ýany bilen portretleriň hem dürli görnüşlerini ýerine ýetirýär. Olar portret-kartina görnüşinde bolup, adamyň daşky keşbi bilen birlikde içki durmuşyny açyp görkezýär
Belli ýazyjymyz Hydyr Derýaýewiň portreti has täsin. Onuň arka fonynda ýazyjynyň «Ykbal» romany bilen baglanyşykly bolup geçen wakalary-türkmen halkynyň durmuşynyň köne döwürden täze döwre geçiş agyr ýoluny açýar.
II Jahan urşunyň weterany Ahmet Nargylyjowyň portretinde köp kynçylygy başdan geçiren ýaşulynyň kyn durmuşynyň beýany reňler bilen açylýar.
Aktýor we dramaturg Bazar Amanowyň portretinde dartgynly gyzyl reňkler bilen modeli janlandyrsa, çagalaryň söýgüli şahyry Kaýum Taňrygulyýewiň portretinde özüne ynamly, pikirden doly keşbi çekýär.
Amerika eden syýahaty döwründe meşhur ýazyjylar bilen duşuşyp, olaryň portretlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirýär.
Suratkeşiň türkmeniň täze durmuşyny, täze başlangyçlaryny aňladýn eseri kakasyna bagyşlanyp, onda bilimiň adamzat durmuşynyň manysydygy juda aýdyň görkezýär.
Suratkeşiň döredijiliginde türkmen topragynyň bereketini, bollygyny beýan edýän durmuşy we natýurmortr işleri “Güýz aýdymy” eserinde has duýguly şöhlelendirilýär.
Yzzat Gylyjow köp sanly işlerinde–peýzaž, portert, natýurmort eserlerinde çuňňur duýgyhem-de poeziýa diýseň özboluşlylygy bilen özüne imrindirýär. Olarda asuda Watanyň, bereketli türkmen topragynyň reňlerdäki waspy üýtgeşikdir.
2000-nji ýylda Londonda şahsy sergisi guralan ýeke-täk türkmen hudožnigidir.
Sosialistik Zähmetiň Gahrymany, SSSR-iň Döwlet baýragynyň, Türkmenistanyň Döwlet baýragynyň eýesi, akademik.
2006-njy ýylda aradan çykýar.

* * *

Essalawmaleýkim Gurbannazar aga!
Öý-içeri, jan saglyk, iş-güýç gowumy agam?
Seniň eserleriniň, makalalaryňy höwes bilen okaýaryn. Eserleriň dili, maglumata baýlygy, many-mazmuny taýdan aýratyn saýlanýar. Has hem, gözel tebigatymyz, ýurdumyzyň belli şahslary hakynda ýazýan eserdir makalalaryň uly öwgä mynasyp. Ýazyjy-şahyr, žurnalist nusga alarlyk şahsyýet barada eser döretmek bilen, örän uly iş edýär, şunda ol özgelere ýaşamagy öwredýän, dogry ýoly salgy berýän akyldara öwrülýär diýip hasaplaýaryn. Seniň eserleriň hem hut şu babatda örän ýokary derejä mynasyp bolýar. Il-günümiziň taryhy, medeniýeti, tebigy baýlyklary, ata Watanymyzyň abraýyna abraý goşan görnükli şahslar hakynda düýpli we örän täsirli eserleri döretmek bilen, uly, ilhalar işleri edýärsiň, agam!
«Garagum» žurnalynda çap edilen «Türkmen topragyndaky yzlar» we «Ertekä meňzeş ykbal» atly eserleriňi aýratyn agzasym gelýär, agam! Bu eserler juda gyzykly, täsirli bolmak bilen, olaryň esasy ähmiýeti, gymmaty başga zatda bolup durýar. Eserlerde halkyň ykbalyny, mertebesini beýgelden, halkyň ruhuna ýugrulyp, onuň gizlin ýatan milli baýlyklaryny elýeterli eden ärler, hawa, hakyky ärler hakynda gürrüň berilýär. Her bir halky şeýle şahsyýetler beýgeldýär. Aýratyn hem, Gaýyp Nepesow hakyndaky dokumental hekaýa diýseň täsirli bolup, ähli babatda ýerine düşüpdir. Bu eseriň üçin aýratyn minnetdarlyk bildirýärin, agam, taňryýalkasyn! Bu eserde hakyky ömür, il-gün üçin ýaşalan ömür bar we ol ähli soňky nesillere nusga bolup durýar. Şeýle ilhalar eserleriň höwri köp bolsun! Halkymyz beýgelden şeýle ärler hakynda şunuň ýaly çeper many-mazmunly, nesihatly eserleriňe sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.

Hormatlamak bilen Hojamuhammet Agorazow.

Tel.: 95-57-60, 865-53-49-37

* * *

Essalawmaleýkim Gurbannazar aga!
Öý-içeri, jan saglyk, iş-güýç gowumy agam?
Seniň eserleriniň, makalalaryňy höwes bilen okaýaryn. Eserleriň dili, maglumata baýlygy, many-mazmuny taýdan aýratyn saýlanýar. Has hem, gözel tebigatymyz, ýurdumyzyň belli şahslary hakynda ýazýan eserdir makalalaryň uly öwgä mynasyp. Ýazyjy-şahyr, žurnalist nusga alarlyk şahsyýet barada eser döretmek bilen, örän uly iş edýär, şunda ol özgelere ýaşamagy öwredýän, dogry ýoly salgy berýän akyldara öwrülýär diýip hasaplaýaryn. Seniň eserleriň hem hut şu babatda örän ýokary derejä mynasyp bolýar. Il-günümiziň taryhy, medeniýeti, tebigy baýlyklary, ata Watanymyzyň abraýyna abraý goşan görnükli şahslar hakynda düýpli we örän täsirli eserleri döretmek bilen, uly, ilhalar işleri edýärsiň, agam!
«Garagum» žurnalynda çap edilen «Türkmen topragyndaky yzlar» we «Ertekä meňzeş ykbal» atly eserleriňi aýratyn agzasym gelýär, agam! Bu eserler juda gyzykly, täsirli bolmak bilen, olaryň esasy ähmiýeti, gymmaty başga zatda bolup durýar. Eserlerde halkyň ykbalyny, mertebesini beýgelden, halkyň ruhuna ýugrulyp, onuň gizlin ýatan milli baýlyklaryny elýeterli eden ärler, hawa, hakyky ärler hakynda gürrüň berilýär. Her bir halky şeýle şahsyýetler beýgeldýär. Aýratyn hem, Gaýyp Nepesow hakyndaky dokumental hekaýa diýseň täsirli bolup, ähli babatda ýerine düşüpdir. Bu eseriň üçin aýratyn minnetdarlyk bildirýärin, agam, taňryýalkasyn! Bu eserde hakyky ömür, il-gün üçin ýaşalan ömür bar we ol ähli soňky nesillere nusga bolup durýar. Şeýle ilhalar eserleriň höwri köp bolsun! Halkymyz beýgelden şeýle ärler hakynda şunuň ýaly çeper many-mazmunly, nesihatly eserleriňe sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.

Hormatlamak bilen Hojamuhammet Agorazow.

Tel.: 95-57-60, 865-53-49-37

* * *

Saparmyrat Nyýazow adyndaky etrabyň 38-nji orta mekdebiniň mugallymy Orazmuhammet Myradowyň şu aşakdaky makalasyny öz işleýän “Diýar” žurnalymyzyň şu ýylyň sentýabr sanynda berdik. Täsin maglumatlar bar eken, sizem okap görüň!

ŞABAT AKABASY
döreýiş taryhy hakda

XVI asyryň ortalarynda Amyderýa öz ugruny Aral deňzine tarap üýtgedipdir. Şonuň netijesinde öňki akabanyň ugrundaky uly-uly obalarda, şäherlerde ýaşaýyş togtaýar. Suw ýok ýerinde ýaşaýyş ýok. Bu durmuşyň kanunyna aňryýany bilen göz ýetirýän ýerli han-begler, ýaşulular, kethudalar her edip, hesip edip öz ýerlerine, obalaryna, etraplaryna suw getirjek bolupdyrlar. Bu işiň bir özlerine başartmajagyny bilip, goňşy hanlara, patyşalara ýüz tutupdyrlar, olardan kömek sorapdyrlar. Muňa mysal edip, olaryň Hywa hany Anuş hana ýüz tutmaklaryny, Amyderýany Hazar deňzine tarap öwürmegi towakga edip, Kyýat hanyň rus patyşasynyň ýanyna gitmegini we beýlekileri görkezse bolar.
Bu haýyşa ilki bolup Hywa hany, «Türkmenleriň nesil daragty» kitabyny ýazan Abulgazy hanyň ogly Anuş han (1663-1688ý.) seslenýär. Şol döwürde Hywa hanlygy syýasy we ykdysady taýdan güýçlenýär, oňa özüni başga uluslara tarap ýörüşleri geçirmek üçin nöker gerek bolýar. Türkmenleriň nähili söweşýändigini bolsa Anuş han birinden sorap bilmeli däl. Şonuň üçin ýomut kethudalary, aksakallary, hanlary, begleri bilen ähtnama baglaşýar. Şol ähtnama laýyklyda, Anuş han türkmenlere kanal çekip suw getirip bermeli, türkmenlerem ony nöker bilen üpjün etmeli bolýarlar. Şol esasda her hojalyga 10 gektara golaý ýer bölünip berlip, ol ýerler «atlyk ýer» diýlip atlandyrylypdyr. Ýer eýeleri Anuş handan çakylyk bolan dessine bir atly-ýaragly ýigidi bir aýlyk azygy bilen Hywa ugratmaly bolupdyrlar. “Atlyk ýer” ady şondan galan.
Taryh ylymlarynyň kandidaty A. Nuryýew özüniň «Baý mirasly Daşoguz» diýen makalasynda şol döwürde Şabat kanalynyň uzynlygynyň 143 kilometr, ininiň 30 metr, çuňlugynyň 3,5 metr bolandygyny aýratyn belleýär. Şabat kanalynyň ady barada «Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde»: «Şabat — Daşoguz we Horezm welaýatlarynyň içinden geçýän kanal. Bu at şah (şa) we abat (şäher, gala) sözlerinden emele gelip «şanyň şäheri, şanyň galasy» diýen manyny berýär» diýilýär.
Taryh gatlaryna ser salsak, şol döwürlerde, ýagny XVII asyrda Horezmde-de, Daşoguzda-da patyşa bolmandyr. Onda Şabatdaky «şa» sözi nireden geldikä? Bu soraga Özbegistan Ylymlar akademiýasynyň taryhçy alymlary şeýle jogap berýärler: “Anuş han demirgazyk Eýrana ýöriş edip, onuň birnäçe ýerlerini we Maşat şäherini basyp alýar. Ol şalyk ýerleri eýelänligine begenip, şol ýeňşiň hatyrasyna özüni Anuş-şa atlandyrýar hem-de öz adyna zikke kakdyryp, teňňe pul çykardýar. Anuş şa özüniň taryhy ýeňşini mahabatlandyrmak üçin Hazarasp galasynyň 150 kilometr demirgazyk-günbatarynda Şabat galasyny gurdurýar. Şol galany we onuň töwereklerini suwlylandyrmak üçin Amyderýadan Şabat kanalyny çekdirýär”.
Belli gündogarşynas alym, akademik W. W. Bartold 1965-nji ýylda Moskwa şäherinde çap bolan «Saýlanan eserleriniň» 3-nji tomynyň 178-nji sahypasynda şeýle maglumat berýär: «Şabat kanaly ilki «Parfaýz» diýlip atlandyrylypdyr, bu söz «bolçulyk» diýen manyny berýär. Bu sözi düzýän arap harplaryny ebjet hasabyna öwrenimizde, 1092 belgili san emele gelýär. Bu san Şabat kanalynyň 1092-nji hijri (miladynyň 1681-nji) ýylynda gazylyp başlanandygyny aňladýar.
Diýmek, Şabat kanaly 1681-nji ýylda gazylyp başlanan bolsa, ol Daşoguz galasyna, şol wagtyň ýap gazylyş tärlerini göz öňüne tutsak, 1685-1690-njy ýyllarda gelip ýeten bolmaly. Soňra bu kanal häzirki Gurbansoltan eje, Akdepe etraplaryna çenli uzaldylypdyr.
XIX asyryň başlarynda Hywa hany Muhammetrahym han Şabat kanalyny täzeden gazyp, gyrmançadan arassaladýar.
Häzirki döwürde Şabat kanaly öz gözbaşyny welaýatymyzyň S.A.Nyýazow etrabynyň içinden geçýän Türkmen derýasyndan alýar.

13.09.2019.

* * *

“Gydyrap ýaşasam, büdräp ösem” diýen nakyly döreden türkmen ýaşamagyň heziliniň garynja gaýratyndagyny-zähmetdegini, şeýle-de gylça jany gynaman, iň ýakynlaryňa-da ýük bolman, ap-aňsatja amanadyňy tabşyrmagyň nähili gowudygyny aýdyp gidipdir.

20.09.2019.

* * *

Şu aýyň 13-ine bolan wakany aýdyp bereýin. Şol gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 8 aýyň jemine bagyşlanan giňişleýin mejlisi boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow edilen işler hakda degişli ýolbaşçylaryň hasabatyny diňledi, anyk garaýyşlaryny, belliklerini beýan etdi. Soňra milli Liderimiz özüniň täze ýazyp gutaran “Türkmen alabaýy” kitabyny mejlise gatnaşyjylara sowgat berjekdigini, şeýle hem milletiň guwanjyna hem hemişelik hemrasyna öwrülen bu janawerler hakda täze bir goşgyny hem düzendigini aýdyp, bu goşga baha berip biljek ekspertiň-edebi seljerme berip biljek adam gerekdigini aýtdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahargül Adyýewa hem-de Prezidentiň Metbugat sekretary Kakageldi Çaryýardurdyýew ýerlerinden tutup, meniň adymy tutdular. Bu garaşylmadyk ýagdaýdy. Men hasyr-husur ýerimden turdum-da, münbere haýdadym. Prezident goşgusyny okap ugrady. Her bendinden soňam “nähili?” diýip soraýar. Menem “gowy” diýýän. Ol mähremlik bilen ýylgyryp: “gowy” diýip durma how, tankydyňam aýt, ýogsam duran ýeriňden kowaryn” diýip, gülýär. Menem diýenimden dänemok. Ahyry ol goşgyny tamamlap, “birje ýerine düzediş edesim gelip dur” diýip, bir setirini çalyşdy. Soňra hem kagyzy meniň elime berip, “me, çap etmegi size-gazet-žurnallaryň redaktorlaryna ynanýaryn” diýdi. Men kagyzy alyp, hormatly Prezidentimize döredijikde hem-de umumy alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw etdim.
Agşam bu görnüşleri “Watan” habarlar gepleşiginde berdiler weli, elime gelýän jaňlaryň yzy häzirem üzülenok. Elbetde, Hudaýyň Ýerdäki wekiliniň gözüne ilmek, ynamyna mynasyp bolmak bagtdan ýeten peşgeş ahbetin!
Hawa, agzym gyzanda ondan sähel öňräk-sentýabr aýynyň 26-28-i aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Singapur Respubliksyna döwlet saparynyň düzümindäki hökümýet wekilýeti bilen bu ýere gidip-gelendigimizem aýdaýyn.
Ýütgeşik ýurt. Klimat bärde ekwatorial häsiýetli. Geografik dilde aýdanda, Singapur Ýer togalagynyň ekwator çyzygynyň edil ortarasynda ýerleşýär. Şeýle bolansoň, galyberse-de, ummanyň içinde oturansoň, ygal kän ýagýar, sanlarda aýdanda, aýda 170-250 millimetr derejede ygal düşýär. Tomsy-gyşy, tapawudy ýok, ortaça 34 gradus derejede yssy.
Ýene bir aýrarynlygam hökman agzamaly. Günorta-Gündogar Aziýada ýerleşen Singapur adalar ýurdy. Hawa, uçar pessaýlap ugraýar weli, çyrpynyp ýatan ummanyň içinde ululy-kiçili adalar bir-birine degşip diýen ýaly otyr. Ýurtda 63 ada bolup, şolaryň onlarçasy ýaşamak üçin ýaramsyz hasaplanýar. Ýöne bärde bir söz ýörgünli: “singapuryň ýaşalmaýan adalaryna janankeşdeler höwes bilen baryp, daş bölejigini alyp, ornuna gyzyl pul goýup gidýärler”. Hakyt şeýle. Iň esasam, ýaşalmaýan adalar goralýan tebigy zona-zapowednik diýlip yglan edilen.
Bukit-Timah bu sebitde tpopik tokaýlarynyň ýeke-täk tebigy goraghanasy hökmünde jahankeşdeliň iň köp höwes edýän künjekleriniň biri. Türkmeniň “hakyt ýeriň aýagujynda ýerleşýen eken” diýýän bu ýurduna internet maglumatlaryna görä, her ýylda ortaça 17 million syýahatçy gelýär. Şeýle bolansoň, milli ykdysadyýetiň bu pudagy çalt ösýän hem iň girdejili hasaplanýar. Şol bir wagtda Singapur dünýäniň iň gymmat şäheri hökmünde hem bellidir.
Ilaty esasan hytaýlylardan, şeýle-de malaý, tamil, hindi milletlerinden düzülen Singapur 1965-nji ýyldyň 9-njy awgustynda ozbaşdaklyk alýar. Eýsem “Ykdysadyýetiň Aziýa gaplaňy” diýdirmegi başaran ýurduň taryh üçin juda az mütdediň içinde görkezen beýle gudratynyň syry nämede?
“Ýer togalagy biziň islegimiz boýunça däl, öz kanuny boýunça aýlanýandyr” diýen jümläni hemişe köp gaýtalan tanymal şahsyýet-Singapur Respublikasynyň ilkinji Premýer-minisrti Li Kuan Ýun belli döwlet işgäri, ýiti paýhasly syýasatçy, düýpli hem saýhally pikir edýän ykdysatçy hökmünde taryha girdi. Gelip çykyşy boýunça hytaýly bu şahsyýet “Gejekki dünýä meniň garaýşym” atly kitabynda şeýle ýazýar:
“Globalizasiýa dünýäniň islendik ýerindäki ýaşaýyşa hem-de ösüşe diýseň çalt täsirini ýetirýär. Şol bir wagtda ykdysadyýeti berk gözegçilikde saklamak, onuň bozulmazlygyna ýol bermezlik berk talap bolmalydyr. Deňeçerligi saklamak zerurdyr. Ilatyň iň aşaky gatlagynyň ýaşaýyş derejesini hem talap edilýän derejä, islenýän ölçege getirmeseň jemgyýet agsar, närazylyk dörär”.
Hawa, şeýdip Singapur sanly ulgama geçmekde haýran galdyryjy “böküş” edýär. Häzir bu döwletde bary-ýogy 10 minudyň iüinde elektron poçta arkaly hususy kärhanany açmak üçin gerekli maglumatlary ýygnap bolýar. “Kanun dürs işlän ýerinde ykdysadyýet güberçekleýändir” diýen jümle hem Singapur gudratyny döredene degişlidir.
Ine, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şeýle ýurda döwlet saparynyň özboluşly manysynyň bardygy düşnüklidir. Häzir dünýäde iň çalt ösýän, esasanam elektonika pudagynda hem-de sanly ulgamda bütin Ýer ýüzüni haýran galdyrýan Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti bilen gatnaşyklar möhümdir. Bu aýratynlyk Singapuryň Prezidenti Halima Ýakob hem-de ýurduň Premýer-ministri Li Sýan Lin bilen geçirilen gepleşiklerde hem nygtaldy.
Garaz, göreniň, gezeniň, bileniň özüňki. Gidip geleňsoň, bir ýaşan ýaly bolaýýaň.

24.09. 2019.

* * *

Şägirtsiz ussatlar perzentsiz ynsan,
Şägirtsiz ussatlar miwesiz bagdyr,
Halypadan öwrenmese şägirtler,
Hünär ýiter» diýlen bir nakyl bardyr!

(Mämmet Seýidow)
Gör nähili ajaýyp setirler! Bize-de nusga almaga çagyryş bolsa gerek.

4.10.2019.

* * *

Hawa, bu ýazgylar ýandepderçäni ýassanyp ýatsa ýatybererdem... Men ol ýazgylary mundan sähel salym öň- sentýabr aýýynyň 26-28-si aralgynda Singapura hormatly Prezidentimiziň döwlet sapary wagtynda belläpdirin. Saparyň resmi hökümet wekiýetiniň düzüminde bolmak gör, nähili hormat hem bagtlylyk! Men bu sapar, umuman, Singapur hakda ýokarda-da ýazypdym, göwrümli makala-ýol ýazgylary gazetlerde çap hem bolupdy. Ýöne hut ýandepderçäme, biziň dilimizde aýdan bloknota bellenen ýazgylary gaýtadan ýatlamagyma birje waka sebäp boldy.
...Saba-säherde öýden işe pyýadalamak edähedim bar. Şol günem şeýtdim. Günüň ýaňy Zemine salam beren şuglasy ýöräp barýan ýanýodamyň, beýlämdäki saglap ýatan ýoluň ýüzünde oýnap dur. Beýle tämizlik, howanyň beýle tereňligi göwräňi gamak, keýpiňi zereň ediberýär. Birdenem...uly ýoldan gelýän ýeňil ulag deňimden geçiberende, bir zat gütüläp gaçan ýaly boldy. Ýel bolup giden ulagyň içinden zyňlan zat boşan plastik gapjagaz eken. Ilkibaşda içine suw guýlup gaplananam bolsa, boşansoň tigrlenip barýan gapjagazy nädip ylgaşlap baryp garbap alanymy guýman galypdyryn. Elime alyp gaýdyşyma, hol öňümde görnüp duran, özem daş-töweregi täp-tämizje zibilhana atyp goýberdim. Nädip hüňürdänimem bilmedim:
-Şeýdeni üçin janyna batarlyk jerime töläýse, öňem şeýden bolsa degerlije temmisini alaýsa bilerdem weli...
Garaşylmadyk bujagaz waka keýpime sogan dogranam bolsa, ak şäherimiz Aşgabadyň şeýlekin gözelligi, “tüf” diýmäge dözülmejek tämizligi, säheriň kükregiňiňi giňeldip barýan howasy, enaýyja guşlaryň säher salamy ýene aýaklaryma ýeňillik berdi.
Şäher-bu biziň umumy öýümiz. Muny aýratyn ýanjaýanym, şäher ýerinde arassaçylyk oba seredeňde has artygrak, has hysyrdyly, has giňişleý. Ylaýta-da ýurduň ýüzüniň tuwagy, döwletiň ýüregi hasaplanýan paýtagtyň tämizligi, gözüň düşen ýeriniň gözel bolmagy, her agajynyň, gülüniň özüne muwapyk röwüşdäki keşbi bilen tapawutlanmagy hökmanylyk. Seýil-syýahat ýa-da iş-gulluk meselesi bilen baglylykda, dünýäniň uly şäherlerine gidilip gelnenden soň ilki berilýän sowallaryň biri: “arassa şähermi?” diýlen sözdür, pikir edip görseňiz. Şähere gelen myhmanyňam ilki synlaýan zady, asyl-ha “biziňkiden üýtgeşikmikä?” diýip, gözi bilen soraýan zady arassalykdyr.
Ynha, şu ýylyň awgust aýynyň ahyrynda Ýer togalagynyň üýtgeşik bir künjegine, has anygy, Günorta-Gündogar Aziýada ýerleşýän Singapur şäherine eden saparymyzda hem şu edähet gaýtalanypdy. Arassalygyna söz ýok. Ýöne heniz uçardan düşmänkäk bu ýurduň hiç ýeriňkä meňzemeýän, diňe özüne laýyk kada-düzgüni hakda eşidenimiz bada-bat haýran galdyrdy.
-Bilip goýaweriň, bu şäherde sakgyç çeýnemek düýpden gadagandyr. Şeýle-de köçä zir-zibil zyňmak, tüýkürinmek, çilim galyndysyny oklamak, köçäniň diňe pyýadalara niýetlenen böleginden başga ýerden ýoly kesip geçmek düýpden bolýan däldir. Anyk aýdanda, bu düzgün-kadalary berjaý etmediklere uly bol, kiçi bol, tapawudy ýok, ilki uly möçberde jerime salynýandyr, ikinji gezek bozsaň bolsa, jenaýat jogapkärçiligine çekilýändir.
Hawa, bileniň, berjaý edeniň ýagşy. Ylaýta-da myhman bolup baran ýeriň tertibini dürs berjaý etseň, ol hormat-sylagdan nyşan ahbetin! Dana türkmen birwagtalardan bäri aýdypdyr-a: “myhman öý eýesiniň guly” diýip.
“Adalar ýurdy” adyny alan, has anygy, 63 sany adany birleşdirip bir döwlet guran, onda-da häzir ykdysady taýdan dünýäniň “men” diýen ýurtlarynyň birine öwrülen Singapur juda arassalygy bilen “bäý-bä” diýdirýär. Asyl görüp otursak, singapurlylarda “ähli ösüş arassaçylykdan başlanýar” diýlen söz ýörgünli eken. Munuň bu ýerde başga, has wajyp manysynyň bardygyny hökman aýtmalydyrys. Ol şeýle: Singapur Älem içinde korrupsiýany düýp-teýkary bilen ýom-ýok eden ýeke-täk döwletdir. Bu ýerde adamyň içki-ruhy dünýäsi bilen daşky fiziki gözelliginiň berk utgaşyklygy esasy talaba öwrülen. Şol kada Garaşsyzlyk alnan gününden bäri durmuşyň hökman berjaý ediläýmeli düzgünine öwrülipdir.
Irden fiziki maşklary berjaý etmek, işe, okuwa hiç wagt gijä galmazlyk, esasanam jemgyýetçilik ulagy hökmünde welosipediň ulanylmagy, maşgala kadalaryna mukaddeslik derejesinde çemeleşmek durmuşyň bozulmaz kadasyna öwrülen. Galplyk, ýalan söz, eli egrilik, ýaramaz pişelelere ýüz urmak gaty gadagan-gabahat, dogrusy, jenaýat hasaplanýar.
Singapuryň özbaşdak döwlet hökmünde başlanan täze durmuşynda korrupsiýa gaty berk gadaganlyk girizen, biziň dilimizde aýdanda, böwsülmejek böwet goýan ýurtdygyny agzapdyk. Bu ýerde “parahorluk”, “korrupsiýa” diýen düşünje häzir düýbünden ýok. Sebäbi bu etmişlere garşy iň berk jeza çäresi girizilen.
“Içki gözellik daşky gözelligi döredýändir”. Ine, bu ýerde berk eýerilýän ýene-de bir kada-düzgün. Singapurlylar “çaga ene garnyndaka halalygy öwrenmelidirler. Şonuň üçinem bäbejik ýagty dünýä inenden tä soňky demine çenli diňe päklik bilen ýaşamalydyr” diýen ýörelgäni durmuşyň mizemez kanunyna öwrübilipdirler.
Men oýlanýan. Milli mentalilitetimiziň düýp süňňüniň hallaykdan, lebzi päklikden, nebsi däl-de, ynsaby öňe tutmakdan, özgäni gaýmak, özüňi süýt bilmekden, kendirigiň gowzanam bolsa, şoňa gyrp-çyrpdan salman, diňe kanagatlylyk bilen halal lukma salyp, bala-çagaňa iýdirmelidigi, hemişe şükranalyk bilen ýatyp-turmalydygy juda gadymlardan gelýän, nesilbaşymyz Oguz handan gaýdýan ýörelge, hut ahlak kanuny dälmidir? Eýsem buýsanç, şol bir wagtda-da, tumar edip boýnuňdan däl-de, beýniňden ýer bermeli bu zerurlygy gyşarnyksyz dowam etsek uly utuş bermezmi?
Ata-babalarymyzyň aýdyp giden pendine ýene bir öwre gulak goýup görüň: “Bir menzile ýetmez ýüküň egrisi”.
Şu ýylyň 11-nji oktabrynda bolan Türkemnistanyň Ministrler Kabinetiniň we Howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurduň Mejlisiniň Başlygyna milli kanunçylykda parahorluk hem-de korrupsiýa üçin temmi çärelerini berkitmek boýunça tabşyryk berende, halkymyzyň uly-kiçi hemmesiniň “tüýs edilmeli zat” diýendigi kireňziz çyndyr.
Gadymlaryň süňňünden gelýän uly hem buýsançly hakykaty ýada salyň! “Döwlet gurmagy türkmenden öwreniň!” Ine, şöhraty bedew atyň ýelgini ýaly bolup jahany aýlanan ata-babalarymyzyň bize goýup giden süňňi berk mirasy.
Mizemez gurlan döwletiň baş sütüni jemgyýetdir.
Jemgyýetiň baş baýlygy adamdyr.
Döwleti kuwwatlandyrýan hem-de jemgyýeti öňe äkidýän şahsyýet kämilligidir. Şahsyýet kämilligini bina edýän zerurýetlik bolsa halallykdyr, lebzi päklikdir, zähmetsöýerlikdir, dogry sözlülkidir, gaýratlylykdyr. Diýmek, biz dokuzy düzüw, aýdylyşy ýaly, gyzyl görende azmajak, süňňi halal şahsyýetleriň kämiligine has uly üns bermelidiris. Bu diýseň wajyp, birjik-de gijikdirilmän desbi-dähel hem-de juda oýlanşykly ýerine ýetirilmeli, şol bir wagtda-da jiç kimiň çetde durmaly däl meselesidir.
Aýdylyşy ýaly, “halala hasap bar, harama kesip”. Mizemez döwleti guran türkmen halky öz zandy ýaly halal jemgyýeti, gyly dik iki bölýän hakykatçylygy-hallalygy bilen Äleme nusga bolmalydyr.

10.10.2019.

* * *

“Owaz” teleýaýlymynda Türkmenistanyň halk artisti (oňa ýaňy-ýakynda “Türkmenistanyň hormatly il ýaşulysy” diýen hormatly at hem dakyldy) Atageldi Garýagdyýew birnäçe aýdymlary aýtdy. Nähili uly ussat! Pianinoda aýdymça Türkemnistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtýan sazandarlyk etdi. Gurbannazar Ezizowyň sözlerine döredilen aýdymlaryň sazynyň hem heňiniň utgaşygyny diňläp göräýseň! Iniň jümşüldäp, bokurdagyň agzyndan damar üzülip giden ýaly bolýar. Men milleti ermeni sazandanyň türkmen sazlaryny şeýle aňrybaş kämillik (hawa, ol ussatlykdan has aňyrda) bilen, şeýle şirin, kemsiz-kössüz çalyşyny görüň agzymy açdym. Öz ýanymdan “eger şu çalmadyk bolsa Atageldi halypanyň aýdyşam şeýlekin täsirli bolmazdy” diýdim. Ussatlyk utgaşanda hakykatdanam hakyky sungay döreýär.

13.10.2019.

* * *

“Durmuş edil welosiped süren ýaly, eger saňa agyr düşýän bolsa, onda sen belende çykyp barýansyň” .
(gazetden okapdyryn).

18.10.2019.

* * *

Düýn agşam aşakdaky goňşymyzyň bäbejigi çirkin-çirkin aglady weli, ýüregim ezilip gitdi. Baryp başyny sypap diňdiräýesim geldi. Şol bir wagtda-da enem pahyryň “bäbek aglanda künbir diňdirjegem bolmaň, köpräjik aglasa, gözi garaja bolýandyr” diýen sözüni ýatlap, öz ýanymdan hem-ä aglaýan bäbejigi, hemem özümi köşeşdirdim.

31.10.2019.

* * *

Bedew atlaryň mertligi, ýüregi aýagyndamyş. Şonuň üçinem aýagynyň ýüwrükliginde aýlaw baglap bilmejegini bilse, ýüregi ýarylyp ölýärmiş.

7.XI.2019.
* * *

Düýn ady rowaýata öwrülen Aleksandra Pahmutowanyň 90 ýaş ýubileýi mynasypybetli uly dabarany “NTW”-de görkezdiler.
SSSR-iň halk artisti, Sosialistik Zähmetiň Gahrymany, SSSR-iň Döwlet baýratynyň iki gezek, Russiýa Federasiýasynyň Döwlet baýragynyň, Lenin komsomoly baýragynyň eýesi, 400-den gowrak aýdymy döreden kompozitor.
Onuň adamsy, Döwlet baýragynyň eýesi, şahyr Nikolaý Dobronrawow kompozitoryň hemme aýdymlarynyň diýen ýaly sözüniň awtory. Olaryň maşgala bolup ýaşap ýörenlerine bolsa 61 ýyl bolupdyr. Şonuň üçin düýn ýubileý mynasybetli guralan döredijilik agşamyna gatnaşan Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti henizem ýelgamak ýaly ýeňil gopýan, dabara gatnaşanlaryň belleýşi ýaly, huşy edil 4 ýaşyl çaganyňky deýin eşidenini şapladyp ýatda saklap duran, zehin käsesi henizem püre-pür, döredijilik gerimi hem-de heň ýasamak ussatlygy bilen dünýäniň saz sungatynyň sejdegägähine öwrülen kopmozitor zenany maşgala mukaddesligine ygrarlylylygy babatda tapylygsyz nusga, döredijilihi taýdanam hiç wagt öçmejek ýyldyza meňzedip, bu döwletiň iň naýbaşy sylagy-Aleksandr Nezwannyý ordeni bilen sylaglady.
...Bu görnüşleri mawy ekranda” edil özüň sylaglanýan ýaly buýsançly galpylda gaplanyp synlap otyrkaň, kelläňe şeýle pikir gelýär: “Meger, Ýer ýüzünde iň aňrybaş baýlyk tanymallykdyr. Özem harwar-harwap pul-teňňäň bilen tanalmak däl-de, nesillere, milletlere hiç wagt ýitip-ýok bolmajak sungaty, edebiýaty miras goýup gidýän şeýle uçursyz zehinli, söze sygmaz talantly-başarnykly adamlaryň goýup gidýän intellektual baýlygydyr. Maddy baýlygy toplanlar bir gün lütjek düşer, emma Pahmutowa ýaly hiç wagt tükenmez sungat baýlygyny goýup gidýänler baky ýaşar”.
Diňläp görüň-ä! Ol aýdymlaryň sözem, sazam, aýdymçysam ýerine düşen weli, käsi gamgyn bolsaň, göwnüňi açyp, beýlekisem keýpiň topugyňdan dökülýän wagty, gussaly oýlara batyryp, dünýä, durmuş hakda pikirlendirip... garaz, parlap duran owadan, akap dünýä-dä! Şeýle dünýäni döredibilenler, garrar, ýöne, panydan gaýdansoňam aýdym bolup ýaşar ýörer. Nähili ajaýyp ykbal!

11.XI. 2019.

* * *

“Edebiýat we sungat” gazetinde Döwlet Garkynyň (Döwletgeldi Annamyradow) “Arabaçynyň söýgüsi” atly tutuş bir sahypany tutup duran hekaýasy çykdy. Birinji sözleminde okyjyny “daňýar” hemem tä soňuna çenli okamaga mejbur edýär. Ine, ol jümle ”Obamyzda Mommy arabaçy peýda bolansoň, meniň pyýada ykbalym arabada ýol geçip başlady”. Tutuşlygyna çeper lirizme ýugrulan, juda ynandyryjylykly wakaly, dili şireli, bir söz bilen aýdanda juda gowy hekaýa.
Döwlet Garkynyň öňki ähli ýazan goşgularyny diňe şu hekaýanyň “gymmatyny “ berip satyn alyp bolardy.

13.XI.2019.

* * *

Okanlarymdan ýadymda galanlary:
Robert Lois “Ikiýüzli adam” atly eserindäki 300 setirden ybarat goşgusyny düýşünde görüp, hasyr-husuram kagyza geçiripdir.

Ady Älemi tutan italýan suratkeşi Pikasso 13500-den gowrak eserini döredipdir, 300 sany hem heýkel ýasapdyr.

Gündogaryň beýik astronomy, matematigi Ulugbek özüniň döreden ýyl hasabynda bary-ýogy 14 sekunt ýalňyşypdyr.

Ýunanly (Gresiýa) bir tütjar ähli baýlygy bolan bir çuwal altyny akyldar Sokrata miras goýupdyr. Sokrat bolsa haltany deňze gapgaryp: “Eý, pul, men seni deňze gark edýärin, ýogsam sen meni gark edersiň!” diýipdir.

973-nji ýylda Hywada dünýä inen Biruny ýaşan ömründe 1132 sany kitap ýazypdyr.

IX asyrda Buharada gurlan Ysmaýyl Beg mawzoleýiniň kerpiçleri düýe süýdüne eýlenip, ýumurtganyň agyna ýugrulypdyr.

22.XI. 2019.

* * *

Gyş birden düşäýdi. Edil geçen ýekşenbe-altynjy güni iş otagymyň penjiresinden seretsem, şeýle bir gar ýagýar weli, ak tozgalaryň içine oglanlygyňy ýada salyp, ylgap girip gidäýesiň gelýär. Ýöne uzakçyl bolmady-da, ýeri agardyp-agartman, diňdi duruberdi. Soňam aýaza tutup, gijesi bilen uçganaklan boldy-da, diňe dagyň depesine düşek bolarlyk ýagdy. Howa weli sowujak, Aýdyşlaryna görä, Daşoguzda hasam sowuk, Aýböwür taraplarda, Üstýurt eteklerinde hatda 17 gradus aýza hem barypdyr. “Gyşy gyşsyramadygyň, ýazy ýazsyramaz” diýleni. Gyş sowugy, gary bilen gowy.

26.XI. 2019.

* * *

“Garagum” žurnalynyň täze-11-nji sanyny okadym. Şonda filologiýa ylymlarynyň doktory Muhammetguly Amansähedowyň (Han aganyň) ýazan çaklaňja “Edebiýatçynyň ýazgylary” çap edilipdur. Şonda bir bölüminde şeýle setirler bar eken: “Zehin bilen zähmetiň utgaşmalydygy baradaky hakykat hemmä mülim. Beýik rus hudožnigi Ilýa Periniň “Sürümçi” atly meşhur kartinasynda beýik rus ýazyjysy Lew Tolstoýyň obrazy dikeldilýär. Bu ýerde hidožnik L. Tolstoýyň sadalygyny, ýönekeýligini, aşa jepakeşligini tekrarlamak isläpdir.
Şahyr Atamyrat Atabaýew hakynda şahyr Nobatguly Rejebow “Azapalla” diýip işleýär” diýen wagtynda Atamyradyň okyjynyň bilýän uly şahyrlygynyň üstesine, onuň aşa jepakeşligi baradaky maglumat hem goşulýar.
Ýazyjy Osman Ödäýewiň “Altynjan hanym” roman epopeýasyny birnäçe gezek täzeden işländigini men bilýärin.
Ýazyjy Gurbannazar Orazgulyýewiň metbugatdan günde-günaşa dürli janrlardaky döredijiligini höwes bilen, lezzet alyp okanymda, Gurbannazara ýiti zehinden başga-da, jepakeşligiň berlendigine begenýärin”.
Belki şeýle bolsun-da!

2. XII. 2019.

* * *

“Suw bermedige sen süýt bergin!” Ýaňyja telewizorda çykyş edenleriň biriniň aýdan şu nakyly türkmeniň sahawatyny, mertligini ýeke söze sygdyran kesgitlemedir.

11.XII. 2019

* * *

Owganystanyň Hyrat welaýatyna döredijilik saparyna gidip geldik. Gelip, “Türkmenistan” gazetinde çap etdirilen “Nurdan ýeten peşgeş” atly ýol ýazgysy-publisistikada şeýle setirler bar:
“Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” ýylynyň paýawynda, has anygy, 17-nji dekabrda ir säher bilen biz Serhetabatdan aňryk — Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesine tarap ötdük. Ir säherde gyşyň uly çillesiniň aýaz awusy bardy. Ýüzler weli gülüp durdy. Sebäbi Türkmenistandan iberilen ynsanperwer kömeginiň gelmegi kalplara nur, röwüşlere çyrag paýlapdy. Dostlukly ýurduň ykdysady hajatlary üçin kuwwatly elektroenergetika enjamlarynyň nähili zerurdygyny diýseň gowy bilýärdiler.
Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň noýabrynda gol çeken Buýrugyna laýyklykda, owgan tarapyna güýjenmesi 220/110/10 kW, kuwwatlylygy 125 MWt bolan transformatory degişli enjamlary bilen bilelikde ynsanperwer kömek hökmünde ibermek tabşyrylypdy. Bu goňşy ýurtda ygtybarly energiýa üpjünçiligini ýola goýmakda, şeýle hem Mary döwlet elektrik stansiýasyndan ugradylýan elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmakda juda zerurdy.
Biziň iň ýakyn goňşymyz bolan owgan halky bilen ählitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezdentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yglan eden “Ösüş arkaly parahatçylyk” ýörelgesi Ýewraziýa yklymyna, ilkinji nobatda bolsa, biziň serhetdeş ýurtlarymyza, elbetde, Owganystana hem degişlidir. Gadymy goňşuçylyk däplerine hemişe ygrarly Türkmenistan iň gymmatly baýlygyň parahatçylykdygyny dünýä ýaýýan syýasaty arkaly Älem içinde parladýar. Owganystanda durnukly syýasy ýagdaýy kemala getirmek, ilkinji nobatda bolsa, ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösmegi, agzybirligiň hem-de howpsuzlygyň berk binýadynyň goýulmagy, raýat jebisliginiň kadalaşmagy üçin hemmetaraplaýyn goldawdyr kömekleri yzygider berýär.
Türkmenistan indi onlarça ýyldan bäri Owganystan Yslam Respublikasyna elektrik energiýasyny ýeňillikli nyrhdan, üznüksiz ugradýar. Goňşy ýurduň demirgazyk welaýatlarynda türkmen gurluşykçylary ençeme durmuş maksatly desgalary bina etdiler. Ynsanperwerlik goldawy bilen bitirilen mekdeplerde owgan çagalary bilim-terbiýe alýar. Gurlan ençeme lukmançylyk edaralarynda saglyklaryny dikeldýänler, gerekli kömekleri alýanlar müňlerçedir. Şeýle desgalar häzir hem gurulýar”.
Häzir bolsa saba-säherde başga ýere ýola düşjek bolup otyryn. Öwlüýä tarap. Sapar Öre ýogalypdyr, 88 ýaşynyň içinde. Şony şu gün soňky ýoluna ugratmaly. Bende meniň hem halypam, “Garagum” žurnalynda işlämde ençeme ýyllap başlygym bolupdy. Gowy şahyrdy, onlarça goşgulary aýdyma öwrüldi, “Oba oglany”, “Daş” romany höwes bilen okalypdy. Öz döwründe Magtymguly adyndaky döwlet baýragyny aldy, “Türkmenistanyň halk ýazyjysy” adyna mynasyp boldy, birnäçe orden-medallary hem bar.
Aýaly Arzygül gelneje ýogalansoň, Sapar dädede bu dünýäde uzak durmady. Olar tüýs bir-biri üçin şu dünýä gelen ýalydylar. Hernä yzlary ýarasyn, iman baýlyklaryny bersin!

25. XII.2019.

* * *

Täze ýylam garşyladyk. Edil köne ýyl taryh gatyna gitjek, täze ýylam gapydan girjek bolup durka, iki sany gowy waka boldy. Birinjisi-hä, ele agram berip duran “Heňňam hekaýatlary” kitabymyň signal (buşluk) sany geldi. Ikinjisem, Oguzhan adyngaky “Türkmenfilm” birleşiginde surata düşürilen, 2 bölümden ybarat “Ene toprak” atly çeper filmi “Miras” teleýaýlymynda goýberdiler. Ekrana giden bu filmiň awtory (edebu ýazgysy) meniňki. Režissýory Şirli Mollaýew. Umuman, erbet bolmandyr.
Hä, ýene-de bir zat ýatdan çykyp barýan eken. Agzalmaga mynasyp how, azaby az edilmedi. Geçen ýylyň 4-nji aprelinde başlanan “Akmaýanyň yzy” atly dokumental powesyimiň 28-nji dekabrda soňky nokadyny goýup, eseriň baş gahrymanyna-akademik Agajan Geldiýewiç Babaýewe ugratdym. Sag bolsun, 90 ýaşan akademik eýýäm okap, ýaňy jaň etdi, “gowy bolupdyr, ylaýta-da käbir tapaýýan sözleriň meni haýran galdyrdy, käbir belliklerim bar, olam ownuk-uşak, telefonda aýdyşaýaly, iş ýeriňe baryp jaň edäý” diýdi. Bu eseri hem “Garagum” žurnalyna hödürläp göräýsem gerek.
Ýöne gas täsin ahwalat 31-ne günortadan soň boldy. Agtyjagym Mälik jan bilen gezelenç edip ýördük, sebäbi köne ýylyň soňky güni ýazyň howasy boldy. Öýüň gapdalyndaky “Atamyrat Nyýazow alleýasy” diýilýän ýerde ýaňy 3 ýaşap barýan agtyjak bilen aýlanyp-dolanyp, aýagyň ýelini alyp ýörkäk, ine, birden ýanýodanyň gapdaljygynda syrdamdan berdaşly biten sosnanyň hemişe yzgarlanyp durulýan düýpjagazynda kiçeňräk käsäniň agzy ýaly bolup bir zat akjaryp görünýär. “Nämekan-aý?” diýip, köwşümiň ujy bilen galdyrp goýbersem, ine bir gelin kömelek düňderilip gitdi. Haýran galyp, hem begenip, öýe aýamda göterip gaýtdym. Gowulyga ýordum, “ýyl bereketli geljekdir”, “enşalla, meniň üçin şowly, ak zatlaryň köp ýyly boljakdyr” diýdim.
Häli şu gün ertir çaýynda Ogulnabat öňümde iki sany gyzgynjak somsa goýdy, dişledim weli, kömelegiň ýakymly ysyny duýdum, diýmek, şol meni begendiren kömelek bolmaly.
Ylahym, “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” diýlip atlandyrylan ýyl bagtly-bereketli, agzybirlikli, rehnettli gelsin!

2. 02. 2002.
* * *

Kakamyrat Rejep ikimizi Balkan welaýatyna döredijilik saparyna ugratdylar. “Hem daýymlara gidýän, hem taýyma baş öwrdeýän” diýleni boldy. (men şu nakyky köpräk gaýtalaýýan öýdýän). Guwlyduza, Hazar döwlet tebigy goraghanasyna bardyk, “Daşoguz” sagaldyş-dynç alyş merkezi hakda “Altyn asyr” teleýaýlymyna gepleşik etdik, derrew gitdem. Deňziň howasyndan dem alyp, heziller etdik, üç günjügem bolsa. Sag bolsun, “Daşoguz” myhmanhanasynyň direktory Pälwan Ataýew hyzmat etme kemini goýmady, towukly palawam, tamdyrlama-da iýdirdi. Ylahym, beren eliň berekedi artsyn!
Gelşimize-de “tamdyry gyzanda ýap” etdik. “Nesil” gazetinde tutuş bir sahypalyk “Gök tolkunlaryň gülgüne reňki” atly esse-ýol ýazgylary çykdy, “Altyn asyr” teleýaýlymy üç-dört gepleşik berdi.
Saglyk bolsa, “Guwlyduza gelip görüň!” atly publisistika hem ýazylyp gutarylyp barýar.
Iň gowy hoş habar ýaňy geldi. Köşke ugradylan “Heňňam hekaýatlary” atly ele agram berip duran, 340 sahypa çemesi kitabym elujy düzediläýmeli birküç bellik bilen geýdyp geldi. Indi nesip bolsa, umumy tiraja ugradybermeli.
Kitabyň çykmagy eli galam tutýan üçin düşündirip bolmaýan şatlyk, göwün guşuny asmana uçurýan uly bagt!

15.01.2020.

* * *

Işden gelip, telewizoryň “Спорт” ýaýlymyny açdym weli, iki sany gyzmy, gelin bir-birini eli ýetdiginden, maý tapdygy malçyldadyp dur. Birerbet boldum. Zenan Allanyň şeýle näzik, şeýle görmegeý, şeýle dözümsiz, şeýle hamrak ýasan ynsany dälmi?! Onsoň gözellik bilen gözellik ýumruklaşyp dursa, göze gör nähili gödek görünýär?
Özüme galsa-ha, bir-ä aýallaryň arasyndaky boksy, hemem it urşuny gadagan ederdim.

17.01.2020.
Категория: Ýatlamalar | Просмотров: 303 | Добавил: Haweran | Теги: Gurbannazar Orazgulyýew | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Ýatlamalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Yusup  
50
Yzzat Gylyjowuň kakasy Annagylyç molla 30-njy ýyllarda töhmet bilen sürgün edilen. Gaýdyp gelenini gelmänini bilmedim.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]