22:11

Göwündäki gündelik -17/ dowamy

Gijrägem bolsa (kitap geçen ýylyň ortalarynda çykypdy), Juma Nurtaýewiň “Arzylym” atly goşgular ýygyndysy ahyry elime gowuşdy. Ony awtor gyzy Aýbölekden ugradypdyr. Açan ýerimde-de meniň kitaba ýazan sözbaşym bar. Şony şu ýerde hem ýerleşdirmegi göwnüme makul gördüm.

SÖZBAŞY

Ykbalyň emrine, pelegiň gerdişine sered-ä! Men şahyr däl, elbetde, ömür ýolunda oýundan-çyndan, adamy mejnunlyga salybilýän jahyllyk döwründäki göçgünlikden oýnam setirleriň ýazylan bolmagam ahmal, olam meň hakyda depderimde-de galmandyr, gazet-žurnal sahypalarynda-da görünmändir, wessalam!
Ýöne elime diplom alyp, gazete işe baramda meni şahyrlyk dünýäsiniň çuňluklaryna düşüren Juma Nirtaýew bolupdy. Dogry, ondan öňem Magtymgulynyň, Mollanepesiň, Kerim Gurbannepesowyň, Berdinazar Hudaýnazarowyň, Halyl Kulyýewiň, Gurbannazar Ezizowyň, Atamyrat Atabaýewiň käbir goşgularyny ýatdan bilýärdim. Ýöne şahyryň ýanynda işlemek, her gün diýen ýaly ýüzbe-ýüz bolmak, onuň gijeler ýatman döreden, aýdylyşy ýaly, “diňe ýyldyz gören, ýalňyz perişdeler eşiden” setirlerini ilkinji bolup diňlemek, başardygyňdan pikiriňi aýtmak, eýsem, şygryýet Älemine seýil-seýrandan habar dälmidir?!
Juma Nirtaýew meniň hemişe nygtaýşym ýaly, golumdan tutup, ýol öwreden halypam bolupdy. Muňa birje mysal:
...Ýekatirenburg uniwersitetiniň (häzirki B. Ýelsin adyndaky Ural Federal uiwrsiteti) 4-nji ýyl talyby mahalym, şol wagtky “Kommunizm ýoly” (häzirki “Daşoguz habarlary”) gazetine ömünçilik tejribesine gelipdim. Şonda baş redaktor, häzirem aramyzda gezip ýören 103 ýaşly baýry žurnalist, “Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri” Baba Garaýew önümçilik ýygnagynda meni ýüzugra tanyşdyryp geçende, ýygnakdan soň ýonasrak ses bilen tegelekden peşeneli ýüzli, pälwansypat adam maňa ýüzlendi:
-Inim, sen mekdepde okap ýörkäň biziň gazetimizde çykan “Oda atylan dutar” hekaýasyny ýazan oglan-a dälsiň?
Men çekinjeňlik bilen baş atdym, ol hezil edip ýylgyrdy:
-Ýet onda, redaktoryň yzyndan, “ men Juma Nurtaýyň bölümine işläbereýin” diý!
Ine, şeýdip tanyşdyk. Şodur-da-şodur, biz “kelte tirkelelen ýaly” bolduk gidiberdik. Meni has imrindiren zadam, Juma halypanyň hamraklygy, ýuka ýürekligi, elmydama kömege töwekgeligi, iň esasam, goşgulary boldy.
...Bi gezek bahar ortasynda ol garaşylmadyk teklip aýtdy:
-Inim (ol hemişe şeýle ýüzlenerdi), ýör köne ýurtlara kömelek gözlemäge gideli. “Hem daýymlara gidýän, hem taýyma baş öwreýän” diýen ýaly, barylmadyk ýerden seň bir zatjagaz ýazaýmagyňam ahmal. Radaktory habarly etdim, ýola düşübereli!
Şol gezekki saparymyzdan sanly gün soň ol “Nurtaýyň obasy” goşgusyny ýazdy. Käbir setirleri häzirem ýadymda:

Işledi maňlaýdan saçyp derini,
Miwesini iýip, köňlün çag etdi.
Giňýandagyň kän ýandakly ýerini,
Jennet etdi, bilbil saýran bag etdi.

Ýene küýsäp arkadagym atamy,
Görmek üçin ojagymy ýurt-öýüm,
Ötegçi maşyna elim sagadym,
Diýdi:-Barýan obasyna Nurtaýyň.

Juma halypanyň goşgularynyň labzy süýji, dili şirin. Onuňam sebäbi, oba ýerinde önüp-ösensoň, dili şeýdaýy adamlaryň arasynda ýaşap ösensoň, ol inçe näziklik kükrege ornap, soňam setirlere siňip gidýän bolmaly. Onsoňam liriki tärleri, meňzetmeleri goşgynyň “ýüregine” ýerleşdiribilmek-awtoryň ýene bir ussatlygy. Mysal gerekmi?

Deňze şemal gahar etdi gaňtarlyp,
Garşysyna gomlar çykdy eňterlip.
Şemal güýçden gaçdy, deňiz köşeşdi,
Arman, gaýyk galdy döwlüp-düňderlip.

Ýa-da:

Gijeler yşkyň hemrasy,
Ýeligipdir gabaklarym.
Ýaş damjalap deşýär daşy,
Guş ýitirse ganatlaryn.

Siňňin üns etseňiz, ençeme gulaga del degýän, ýöne guşuň ganatynyň sesi ýaly näzik sözler, täsin meňzetmeler setirleri owazlandyryp durandyr.
Bu awtoryň galamyndan çykan oçerklerdir çeper publisistikany bir ýere ýygnasaňam küti kitap boluberer. Ýöne Juma halypa hemişe onuň Alyhezretleri poeziýa çyn yhlasyny siňdirdi. Ine, muňa gadyrly okyjylar, siziň eliňizdäki “Arzylym” goşgular ýygyndysy güwüdir.
Kitabyň ady köp zady aňladýar. Ýürekden syzylyp, köňül mährine eýlenip, soň setirlere geçen pikir-duýgular awtoryň “meni”, ýagny özi.
Damardan şaha beren peder arzyly. Ak süýt beren ene arzyly. Ak ojagyň eýesi bolup oturan söwer ýar arzyly. Ak guşa meňzeş perzentler arzyly. Dogandan ýeg dostlar arzyly. Gözüňe söweýin, bu owadan sähralar arzyly. Bir däne atsaň, müň edip gögerdýän, gurbany gitdigim mele toprak arzyly. Garaz, göwni giň, hyýallary ganatly awtor üçin ähli zat, iň bärkisi, ösüp barýan ötegçi şemal hem arzyly. Çünki onuň birmahallar yşkynda telbe eden, soňam pelegiň gerdişi bilen ýollarda monjuk deý üzülüp galyp, özgäniň bagtyna öwrülen, ýöne suraty gözde, ady ýürekde galan şo-ol melegi görüp gelýän bolmagy ahmal-a!
Ine, poeziýanyň jadyly dünýäsinde şeýle duýguçyl ýüregiň owazyna diň salmak üçin “Arzylymy” okamaly.
Goý, ömür menziliniň ýetmişinji onlugy öňem dury çeşmä meňzeş zehin bulagyňa bat, galamyňa hümmet bersin, Juma halypa!

21.01.2020.

* * *

Elime ýene-de Berdinazar Hudaýnazarowyň “Mertebe” atly goşgular hem poemalar kitaby düşdi. Gatyny açan ýerimde şu goşgy bar:

Guwanjym, gynanjym şu toprakdadyr,
Şu toprakda meniň namysym-arym.
Ýalaňaç çägäňe müň togabym bar
Eý, ata mekanym,
Eý, bribarym!

Şunça ýaşap henize deň görmedim
Watan topragyndan keremli zady.
Şony kemsidýäne ok bolup deger
Atalaň yhlasy,
Eneleň süýdi!

Özüm-ä ussadyň şu setirlerini Watanyň öňündäki kasam diýip bilýän.

* * *

“Edebiýat we sungat” gazetiniň geçen sanynda Gurban Agalyýew hakynda “Gezende hem göýende” atly ýatlamam çykdy. Gurban Hallyýewiç gör hähili ajaýyp adamdy! Häzirem ol soňky işlän ýeri bolan “Diýar” žurnalynyň gapysyndan şo-ol mährem ýylgygyşy bilen giräýjek ýaly bolup dur.
Gazet sag bolsun, ýazylanyň gylyny gymyldatman diýen ýaly beripdir. Ýöne birje kem goýberipdir. “...Kuba baramda, şol ýurduň ýolbaşçysy Fidel Kastro bilen düşen suratlarymam bardy. Nesibe meni Bolgariýada iş saparynda bolamda, ady Äleme belli müneçjim-bilgiç ene Wango bilenem duşurdy” diýen sözlemjigi gyrkyp goýberiberipdirler. Türkmeniň mertebesini has belende galdyrýan şeýle täsin ahwalatlary aýtmakdan näme üçin çekinmeli, hä?! Haýp!

23.01.2020.

Abulgazy Bahadyr hanyň 1660-njy ýylda ýazyp soňlan “Şejer-e terakeme”, ýagny “Türkmenleriň nesil datagty” atly kitabynda şeýle täsin setirler bar: “Ozalky öten halk şeýle aýdypdyr: “Oguz iliniň göçüni çekip ýöremedik ýoly barmy, öý tutup oturmadyk ýurdy barmy?”

* * *

Ömür saly almyşdan agansoň, “wagt” diýilýän zadyň gadyr-gymmaty hasam süýjeýän eken. Ýekeje sagadyň bihuda-boş geçse-de, etiňden kesilýän ýaly endamyň jümşüldäp dur.

27.01.2020.

* * *

Ömürler bolýandyr,
Diri wagty ölüdir.
Ömürler bolýandyr,
Ebedilik diridir.

Tanymal şahyr Maksud Şaýhzada.

31.01.2020.

* * *

Şatlyk bilen gaýgy tirkeşip gelýän borly. Şu gün “Heňňam hekaýatlary” çeper-publisistik atly kitabym 21 çap list möçberinde (332 sahypa) 3 müň nusgalykda çapdan çykdy. Ýazyjy-şahyr üçin kitabynyň çykmagyndan aňrybaş şatlyk ýok. Sebäbi ýürekde elenip, ele geçip, kagyzda nagyşlanyp, setirme-setir bolup, soň harmana dönýän, şeýdibem döreýän kitap-bu seniň perzendiň.
Şol gün hem ajaýyp adam, kärdeşimiz, belli fotožurnalist Robert Borisowiç Kozubowy jaýladyk. Ömrüniň ahyrlaryny “Diýarda” geçiren, Köýtendaga iş-döredijilik saparyna gidip, şol ýerdäki 1 kilometr çemesi çuňlukdaky ýerasty köle düşüp, iki fotoapparaty birden “doňup” işlemän galanda-da, üçünji ätiýaçlyk fotoapparaty bilen “Dem alýan köl” atly, dünýäde hiç ýerde ýok geň-taňlygy surata düşürip getiren 83 ýaşly fotožurnalist şondan soň endam-jany ýara bolup, çişip, Aşgabadyň ähli keselhanalarynda diýen ýaly ýatyp çykdy. Lukmanlar “uran radiasisyndan zäherlenme bolaýmasa” diýen belli däl, gümüna netijä geldiler. Şeýdibem ýaş ýigit ýaly ylgap ýören, 80 ýaşynyň içinde-de alpinistler bilen deň dyrmaşyp dagyň çür depesine çykybilýän adam dünýäsini täzeledi.
Imany hemra, topragy ýumşak bolsun halypanyň!

1.01.2020.

* * *

Şu gün men dünýä inipdirin-de, ynha, 62 ýaşly aksakal boldum duruberdim. Halypa Baýram Jütdi aýtmyşlaýyn, “he-eý, ömrüm-eý, ýel ýaly bolup geçäýen ekeniň oguşýa”. Hernä Allam, galan ömrem dolulygy, bagty-berekedi, abraýy-mertebesi, maşgala dowamaty bilen beren bolsun!
Irden işgärler gelip gutladylar. Ondan ozalam el telefonyma jaň edip, SMS ýazyp gutlanlar boldy. Alladan gaýtsyn!
Iň uly sowgadam, ynha, şu günki “Türkmenistan” gazetini açdym weli, aşakdaky makala-syn dur ýalpyldap. Sizem okap görüň!

HEŇŇAMYŇ BAGTYÝARLYK HEŇLERI

Eliňe galam alanyň bilen oňat eserler döremeýär. Onuň üçin zehin gerek. Diňe zehinmi, eýsem?! Ýok, iň esasy yhlas gerek, armasyz zähmet gerek. Zehiniň kämilleşmegi-de, yhlasyň irginsizligine, hünäriňe bolan söýgiňe bagly. Şular dogrusynda söhbet açylanda, bada-bat döwrümiziň görnükli ýazyjylarynyň biri Gurbannazar Orazgulyýew hakydaňa gelýär. Ýazyjynyň köp ýyllaryň dowamynda toplan tejribesi, sütün halypalaryň edebi mekdebini kemsiz geçmegi onuň çeper döredijiliginde öz beýanyny tapýar.
Dogrusy, şu günüň okyjylaryna ýazyjynyň döredijilik terjimehaly barada gürrüň bermegiň zerurlygy-da ýok. Ýazyjynyň eserleri köp ýyllaryň dowamynda döwürleýin metbugat sahypalarynda yzygiderli çap edilip gelinýär. Soňky ýyllarda onuň «Heňňam hekaýatlary» diýlip atlandyrylan eserler toplumyna girýän oçerklerden ençemesi gazet-žurnallarda çap edilip, okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Ol eserleriň ählisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýik başlangyçlary, Watanymyzyň ägirt uly üstünlikleri teswirlenip, zähmet adamlarydyr jemgyýetiň öňdebaryjylarynyň işi çeper beýanyny tapýar. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň ilkinji günlerinde bolsa, ýazyjy öz okyjylaryna uly serpaý ýapdy: Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýazyjynyň «Heňňam hekaýatlary» ady bilen çeper-publisistik ýygyndysy çapdan çykdy. Megerem, bu ýygyndy soňky ýyllarda şu mazmunda çap edilen kitaplaryň ilkinjisi bolsa gerek. Okyjylar habarlydyr, G. Orazgulyýew kän-kän çeper powestleriň, hekaýalaryň, birnäçe telefilmleriň, spektakllaryň edebi ýazgysynyň awtory. Kyssa eserleri ýerleşdirilen kitaplary mundan birnäçe ýyl ozal sözsöýüjileriň eline gowşupdy. Şonuň üçin-de, ýazyjynyň täze kitaby onuň öz döredijiligi üçin-de uly täzelikdir. Döwrümiziň belli publisisti hökmünde çeken zähmetiniň miweli hasylydyr.
Dolanalyň, «Heňňam hekaýatlaryna»! Kitabyň başlangyjy görnükli ýazyjymyz Atajan Taganyň «Durmuş hakykatynyň çeper beýany» atly giriş sözi bilen açylýar. Onda beýan edilişi ýaly, täze kitap awtoryň durmuşda sapak boljak wakalar bilen okyjyny gyzyklandyrmak, oňa haýsydyr bir möçberde oňyn täsir ýetirmek maksady bilen ýazan kitabyna öwrülipdir. Şeýle maksatly kitap bolsa edebiýatyň mydama garaşýan kitabydyr.
Ýazyjynyň bu pikiriniň hakykata laýykdygyny kitapda ýerleşdirilen publisistik makalalary, oçerkleri okanyňda magat göz ýetirmek mümkin. Oçerk, publisistika wagta garaşmaýan žanrlar. Oňa örän uly dessinlik gerek, ýüwrüklik gerek. Şeýle mazmunly eser döretmek üçin ilki özüň durmuşy bilmeli, soň bileniňi ile ýetirmeli.
G. Orazgulyýewiň täze kitabynda ýerleşdirilen «Garagumuň gerçegi», «Kasam siňen ömür», «Horjuny hazynaly adam», «Aýwaly oýa» geliň!», «Ýaza meňzeş ömür», «Kerwen ýükli ykbal»... ýaly oçerkleriniň gahrymanlarynyň aglabasy ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda abyrsyz hyzmatlary bitiren şahsyýetler, görnükli döwürdeşlerimiz, zähmetden bagt tapan daýhanlar. Şeýle oçerkler arkaly bolsa, ýazyjy bizi tutuş Türkmenistana aýlaýar. Diňe bir aýlamak bilen çäklenmän, öz döwürdeşlerimiz bilen tanyşdyrýar, oba hojalygynyň halal zähmetiniň, maldarçylyk aladalarynyň, gurluşyk işleriniň jümmüşine äkidýär. Dogrusy, owadan we sahy topragymyzyň biografiýasyny G. Orazgulyýewiň ýazan oçerkleri arkaly öwrenmek mümkin. Şonuň üçin ýazyjynyň publisistik makalalary, oçerkleri okyjyny biparh goýmaýar: oýlandyrýar, hyjuwlandyrýar, tolgundyrýar, täze maksatlara ruhlandyrýar. Il içinde adyňy galdyryp, kesbiňden kemal tapmak üçin halal, yhlasly zähmet çekmelidigine ünsi çekýär. Biz muny Ýer togalagynyň aglaba ýerine aýagy degen, çöllük ýerleriň geografiýasyny, ekologiýasyny öwrenmek boýunça milli mekdebi döreden alymlarymyzyň biri Agajan Geldiýewiç Babaýewiň («Garagumuň gerçegi»), aladaçyldan ajap adam, diňe bir galam ýöretmek ussatlygyny däl, eýsem, ýadaman-ýaltanman işlemegiň, bu dünýäde baky galjak bolsaň, onuň azabyndan gaçman zähmet çekmegiň nusgasyny görkezip giden görnükli ýazyjy Osman Ödäýewiň («Dogan» diýen dilleriň...»), Garagumuň çyn perzendine öwrülen, ömür menzillerinde 27 ylmy ekspedisiýany amala aşyran, hatda Hytaý çölleriniň heniz adam aýagy degmedik künjeklerine-de ekspedisiýa guran akademik Mihail Platonowiç Petrowyň («Ak çägedäki yzlar»), gadymy Çohpetde obasynda ýaşaýan, ömrüniň agramly bölegini mugallymçylyga bagyşlap, hormatly dynç alşa çykan, häzir ýörgünli ady «Agageldi bagban» bolan Agageldi Çaryýewiň («Çohpetdeli ussat»)... häsiýetlerinde görýäris. Bularyň hemmesi öz döwrüniň görnükli wekilleri, durmuşdaky adamlar. Şularyň gysgaça jeminden näme gelip çykýar? Megerem, zähmetsöýerlik, öz ykbalyňy Watanyň ykbalyndan aýra saýmazlyk, zerur hasap edilýän meseleleriň döwlet bähbidinden ugur alýandygy. Awtoryň galamyna beletler bilýändir, onuň isle publisistik, isle-de oçerk žanrynda ýazylan eseri bolsun, parhy ýok. Şeýle duýgy döreýär: ýazyjy seniň ýanyňdan daşa giden däldir-de, gapdalyň bilen ýöräp barýandyr. Suwsasaň- suw içer, ajyksaň-nan iýer. Ýadasaň — aýak uzadar, ýöreseň — ýoldaşyň. Mahlasy, täze kitapda ýerleşdirilen eserlerde durmuşda nusga alarlyk mekdep hökmündäki gahrymanlar gyt däl, köp.
Ýazyjynyň oçerkleriniň aglabasynda jemgyýetiň ähli baýlygyny, berekedini döredýän zähmet adamy — janypkeş hem gaýratly döwürdeşlerimiz baş gahryman bolup öňe çykýar, onuň bütin durky bilen şekillenýän merdana keşbi örboýuna galýar. Durmuş gahrymany çeper eseriň gahrymanyna öwrülýär. Gyşyn-ýazyn telim tüýsli öwsüp duran türkmen sährasynyň uç-gyraksyz giňişligini, oba durmuşyny ýazyjynyň aýratyn eý görýänligindenmi-nämemi, biziň pikirimizçe, ýazyjynyň çöl adamlarynyň, oba zähmetkeşleriniň durmuşyndan döreden oçerkleriniň has-da üýtgeşik lezzeti bar. Olaryň haýsy birini okasaň-da, çölüň jümmüşinde, çopan goşunda gapdaly gara taňkaly ojar odunyň başynda çaý süzüp, öri meýdanlarynda agyp-dönüp ýören goýun sürülerine, ak atyzly pellere hut özüň syn edip oturan ýaly bolýarsyň.
Ýazyjy öz oçerklerinde gahrymanlarynyň kyn, gyzykly, köp taraply durmuşyny, çylşyrymly, jogapkärli zähmetini suratlandyrmak bilenem çäklenmeýär. Ol döwletiň ykdysadyýetiniň hem-de medeniýetiniň has çalt depginde, has belent derejä göterilmegi ugrundaky abyrsyz uly işlerden söz açýar. Muňa kitapda ýerleşdirilen «Köne kinony görüp», «Temeçde gögeren güjüm», «Mülkamaşadan uzaýan ýol», «Gaplaň bilen garpyşan», «Sözüň, sazyň gudraty», «Ak çynaryň aýdymy» ýaly eserleri dykgat bilen okan okyjy derhal göz ýetirer.
Sözümizi tükellemek bilen, gadyrly okyjy, bir hakykata ünsi çekmek isleýäris! Ýazyjynyň eserleri dili, çeperçiligi hem-de örän dessinligi bilen tapawutlanýar. Eseriniň žanry bolsa, ýörite rubrika arkaly görkezmäniňde-de, onuň mazmunyndan gelip çykýar. Özüňiz okarsyňyz, tanşarsyňyz!
Ýazyjy G. Orazgulyýewi täze kitaby bilen gutlap, oňa Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan beýik işleri wasp etmekde, döwürdeşlerimiziň çeper keşbini beýan etmekde ýeneki üstünlikli menzilleri arzuw edýäris.

Muhammet BEKGIÝEW.
«Türkmenistan».

5.02.2020.

* * *

...Köne döwürlerde bir kişi baýamagyň kül-külüne düşüpdir. "Gel-aý, şu hiç wagt gadyryny gaçyrmaz , islän wagtym pula-teňňä-de öwrüp bilerin, gerekli harydyma-da çalşyp bilerin, iň gymmatly närse şudur“ diýip, göwnüne osýar-da, aldygyna altynmydyr kümiş ýygnap, beýlesine basyp ugraýar. Şeýdip indi-hä şu jelegaýda menden eli uzyn, menden barjamly adam ýokdur öýdup geziberýär ýygnan-ýygşyranjasyna guwanyp. Ine, ömrüň bir müçesinde-de bijin ýyy gelýär tüwelwýläp. Gerek däl wagty gar-gaýa tutup, harasat gopduryp, baharyň başynda-da Zemine Arşdan eke damja damdyrman. Topraga atylan tohum keliň saçy ýaly gögeren, onuňam ysgyn-deramatyny ýalynly epgek alan. Gepiň keltesi, gallaçlyk başlanan. Hakyt „Nan atly, ony iýjegem pyýada“ diýlenine dönen. Kendiriginde kakmaga zat galmansoň, ýaňky altyn-kümüşli kişem haryda haryt çalyşmaga çykan.
-Däne gerek maňa.
-Hop ýagşy.Eliňde malyň bamy, ýa haly-palas, keçe, çuwalyň bamy?
-Olar-a ýok, ýöne ynha, näçe diýseň altyn kümüşim-ä bar.
-Päh-eý, kiş-ä gürledi-ow. Iýmäge, geýmäge, düşenmäge ýaramaýan zadyňy başymyza uralymy? Agzanlaryňy äkidip jara dökäýmeseň, iliň häzirki ýetde-gütde gününde olaň itiň alnyndanam däl-ä, dogan jan!
Ýaňky bende nirä barsa eşidýäni şeýle gürrüňmiş. Ümzügini mal-gara bereniň ýa-da dokma-darak kakýanyň haly garaz, el-halrakmyş. Al emma, gytçylyk-gahatçylyk ýakadan ýapyşan çagty lowurdysy näçe gözüňi eglese-de, altyn-kümüşiň ýüzine seredýänem ýokmuş. Şonda eňek atyp zordan açlykdan çykan ýaňky adam şeýdiýipdir diýýä:
-Wah, bilmändirin, arpa-bugdaý aş eken, altyn-kümüş da:ş eken.
Meger, „Gallaly öý-tyllaly öý“ diýen nakyl şondan dörändir.
Araplar Türkmen topragyna gelende-bu waka VIII asyrlarda bolup geçýär, bu ýerdäki ippigasion-suw gurluşy olary haýrana goýýar. Şonda arap taryhçylary „Mekge-Medinä seredeňde, bu ýerde ekerançylyk has uly derejede“ diýip ýazýarlar. Haýp, soň bu desgalar Çingiz hahyň sülsatlary, Teýmirleňiň çozuşlary, soňam sefewiler tarapyndan ýumrulypdyr.
Ýer bilen, suw bilen, hasylyň agramy bilen, uzak-ýakynlyk bilen, howa bilen bagly türkmenleriň döreden ölçeg atlaram gaty takyklygy hem sazlaşyklygy bilen haýran galdyrýar. Ynha, görüň:

Agar-6-7 kilometre deň bolan uzynlyk.
Batman-20 kilograma deň bolan agyrlyk.
Gadak -(iňlisçe-funt) 409,5 grama deň bolan agyrlyk.
Put-16,38 kilograma deň bolan agyrlyk.
Menzil-30 kilometr uzynlyk.
Maşryk- Gyndogar, ýagny Günüň dogýan ýeri.
Magryf-Günbatar, ýagny Günüň ýaşýan ýeri.
1 tanap ýer-gektaryň bäşden bir bölegine deň bolan ýer ölçegi, ini-boýy 60 arçyna deň bolan meýdan.
Arçyn-0,71 metre barabar bolan uzynlyk ölçegi.
1 farsah -7 kilometr aralyk.
Mysgal-24 karat, ýagny 4,68 gram agram ölçegi.

Meşhur "Aýgytly ädim“ kinofilmini ýada salyp görüň! Azap edip eken bugdaýynyň çäjini döwen wagty ýelden-ykdan ýetip gelen algydarlar, hüşür-zekatçylar harmany hazan urana dönderýändirler sähel salymda. Güjräk ýetip gelen Gandym aga şonda dolagynda galan däneleri „me, bu-da siziň paýyňyz bolsun!“ diýip oklap goýberýän Artyga ýüzlenip, „ýeri, myndan bize bir gadak, ýarym gadak galmadymy, how!“ diýip, ýaranyň üstüne duz guýýandyr. „Artygyň harmanyna dönderipdirler“ diýlen söz häzirem ýörgünlidir.
Bir rowaýaty ýatlasym gelýär. Edeni ugruna bolman, elmydama ýetde-gütdelikden ýaňa ýanyp-bişip ýören bir biçära Hydyr ata duşupdyr. Bendäniň halyna dözmedik Hydyr ata diýipdir:
-Saňa özüňi tutup gideriň ýaly ýedi goşawuç altyn bereýinmi, ýa ýedi tanap ýer, saýla birini!
Şonda eli ýuka bolsa-da, akly doly adam şeýle diýdpdir:
-Altyn berseň, özem ýedi goşawuç bolsa, ol baýlyk meň galan ömrüme-de, belki ogul-gyzyma-da eklenmäge ýeter. Ondan soň meň bu günüm olaryň başyna geler. Ýer berseň weli, ol tükenmez baýlyk bolar. Häzir özümi eklär, Alla amanady tabşyramsoň, ogul-gyzy, agtyk-çowlugy eklär, şeýder gidiberer. Berjek bolsaň ýer ber!

9.02.2020.

* * *

“Edebiýat we sungat” gazetiniň şu günki sanynynyň 4-nji sahypasynda şeýle makala çap edilipdir:

«HEŇŇAM HEKAÝATLARY»

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan 3 müň nusgalykda täzelikde neşir edilen çeper-publisistik ýygyndy şeýle atlandyrylýar. Durmuş hakykatynyň çeper beýanyny okyjylara ýetirmekde galamyny ezber işledip bilýän ýazyjy Gurbannazar Orazgulyýewiň bu kitaby häzirki zaman edebiýatymyzda ozalky däpleriň döwrebap dikeldilmegidir.
Ýygynda girizilen oçerklerde türkmen topragynyň şöhratly taryhy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik işler wasp edilýär. Kitaba girizilen «Garagumuň gerçegi», «Ýagty ýyldyz nur saçar», «Bagtly günler aýdyma meňzeş», «Daýhanyň alyn deri» ýaly oçerkleri okanyňda, täsin duýgulary başdan geçirýärsiň. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň bize beren eşretli durmuşyna, bedew bady bilen öňe barýan Watanymyzyň ýeten derejesine buýsanýarsyň.
Ýazyjynyň döwürdeşlerimiziň bitirýän işleri, durmuşy barada söz açýan eserlerinde, belli-belli şahsyýetlerimiz baradaky ýatlama ýazgylarynda beýan edilýän wakalar kitaby okan adamlary biparh goýmasa gerek.
Edebiýatyň kyn hem arzyly žanrynda döredilen eserleriň dili ýeňil, çeperçiligi ýokary. Olarda okyjylary yzyna düşürip biljek täze aňlatmalar, pikir ýöretmeler, garaýyşlar ýeterlik. Bu bolsa ýazyjynyň göz öňünde tutan maksadyna ýetip bilendigine şaýatlyk edýär.

* * *

Tebigatyň täsinligine dered-ä! Öňki endigime görä, irden sagat 6-dan geçiberende öýden işe pyýadalap gelýärkäm, daňyň hemem nurana yşyklaryň ýagtysynda gözüme görünýän ahwalata ynanman, aýak çekip duruberipdirin. Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalary köşgünden ýokaryk-ýola çykaýan ýeriňde haýatyň düýbünde (meger, şonuň üçin sowuk sörtük-şemal degýän däldir) bir düýp erik bilen bir düýp ülje güle basyrynyp otyr. Häý, öňdäki apata-sowuga, belki-de gara (şonuň birki gün öňünçäsi Aşgabada gowja gar ýagdy) gülüni, nowçasyny paýhyn etdiräýmese ýagşydyr. Herki zat öz möwrütinde bolup dursa ýagşy.

14.02.2020

* * *

3 ýaşyň içindäki agtyjagym Mäligiň “diline” hezil edip gülýän. Gülmez ýalymy: ýumutga “dadah”, kolbasa “şabatan” diýýär.
Gaty garagollygygam hezil berýär. Özünden has uly-10 ýaşap barýan dogany Aýjäjege “Aýam!” diýip, ýanyna halymsyrap gelýär-de, elinde näme bolsa dik depesinden berip goýberýär. Garaz, agyjaklaryň ýaş bolsa, öý mugt tomaşadan doly.

17.02.2020.

* * *

Düýn Türkmenabar şäherine uçup barýarkak, uçaryň içinde “Nesil” gazetiniň täze sany bar eken. Şonuň 3-nji sahypasynda şeýle makala çap edilipdir:

HEŇŇAM HAKYKATYNYŇ HEKAÝATLARY

Ynsan durmuşy ýeňişlerden, ýalňyşlardan ybarat. Onda hiç bir zat tarp ýerden döremeýär. Adam öz ýaşan ömrüniň dowamynda haýsydyr bir garşylyklara, päsgelçiliklere, dürli kynçylyklara duş gelýär. Olardan baş alyp çykmak üçin göreşýär. Göreşýär we ahyrky netijede hem çeken zähmetine, eden yhlasyna görä, öz maksat-matlabyna, kämillige ýetýär. Bu adaty durmuş kanuny. Şol kanun bolsa dürli adam ykballarynyň özara baglanyşyklylygynda ýüze çykýar.
Ine, şeýle adam ykballaryny öwrenip, olar hakda çeper-publisistik žanrdaky eserleri döretmek hem-de ony desbi-dähelligi bilen okyjylara ýetirmek ýeňil-ýelpaý iş däl. Ol abyrsyz uly zähmeti hem yhlasy talap edýär. Bu babatda döwrümiziň belli publisist ýazyjysy Gurbannazar Orazgulyýew köplere nusgalyk ýoly, ýazyjylyk hem žurnalistlik mekdebini döredip bildi. Ýakynda bolsa ýazyjynyň “Heňňam hekaýatlary” atly täze kitaby 3 müň nusgalykda neşir edilip,öz okyjylaryna gowuşdy hem-de olar tarapyndan gyzgyn garşylanyldy.
Çeper-publisistik ýygyndy bolan bu täze kitabyna esasan, ýazyjynyň, halypa žurnalistiň öz käri bilen baglanyşyklylykda dürli wagtlarda ýurdumyzyň dürli künjeklerine amala aşyran iş saparlarynyň dowamynda gören, tanyş bolan hem ykbal öwrümleri, nusgalyk durmuş ýollary hakynda eser döretmegi ýüregine düwen adamlary hakyndaky oçerkleri girizilipdir. Şu ýerde ýazyjynyň döredijilik işindäki käbir ajaýyp häsiýetleri hakynda hem kelam agyz belläp geçsek, ýerlikli bolar. Ol islendik žanrda eser ýazsa hem, “Tamdyra gyzanda ýap” diýlenini edip, ony tüýs öz wagtynda okyjylara ýetiribilýän, özem her günde iň azyndan bäş sahypa ýazmasa, ýüregi ynjalyk tapmaýan özüne talapkär ýazyjy. Galamyny öndümli işledýän ýazyjynyň möhüm hem jogapkärli wezipesiniň, jemgyýetçilik işleriniň daşyndan nädip munça eserleri ýazyp ýetişýändigine okyjylar-da, döredijilik işgärleri-de haýran galýar. Ol hut şol tarapdan-da wagtyň iň uly gymmatlyklaryň hataryna giren häzirki zaman dünýäsinde söz sungaty bilen iş salyşýanlara, aýratyn-da, ýaş döredijilere nusgalykdyr. Publisistiň okyjylaryň islegini tüýs öz wagtynda kanagatlandyryp durýandygy, döredijilik işinde dessinligi dogrusynda halypa ýazyjy Atajan Taganyň onuň täze kitabyna ýazan sözbaşysynda hem anyk mysallar arkaly nygtalyp bellenilýär.
Halypa žurnalist öz döredijilik topary bilen bilelikde “Altyn asyr: Türkmenistan” teleýaýlymynda berilýän “Salam, mugallym!” atly publisistik häsiýetli telegepleşigi-de taýýarlaýar hem-de ony alyp barýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde netijeli hem göreldeli zähmet çekýän mugallymlar hakyndaky bu gepleşik ýygy-ýygydan tomaşaçylara ýetirilýär. “Bir okda iki towşan” diýlişi ýaly, ýazyjynyň şol mugallymlar hakynda ýazan çeper oçerkleri-de iş saparynyň yzýanlary eýýäm gazet sahypalarynda peýda bolýar. Olaryň birnäçesi täze kitaba-da ýerleşdirilipdir. “Ömri mugallymçylykdan başlardym”, “Çohpetdeli ussat”, “Mülkamaşadan uzaýan ýol” ýaly oçerkler muňa mysaldyr. Bulardan başga-da, türkmeniň geçmiş-taryhyna degişli baý maglumatlary öwrenip, şol taryhy şöhratlandyran ägirtler, öz döredijiligi bilen halkyň ruhy durmuşyny baýlaşdyran, milli ylmyň ösüşini belent derejelere çykaran ussatlar hakynda ýazylan ýatlama häsiýetli çeper-dokumental eserler-de ýygyndydan orun alypdyr. Muňa ýazyjynyň “Horjuny hazynaly adam”, “Dogan” diýen dilleriň”, “Derýa deý çyrpynan zehin”, “Kasama siňen ömür”, “Kerwen ýükli ykbal” ýaly eserleri degişlidir.
Kitapdaky çeper-publisistik eserlerde tema babatda çäklilik ýok. Oçerkleriň baş gahrymanlary ýurduň dürli künjeklerinde, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda abraý bilen halal zähmet çekip ýören ýagşy niýetli ynsanlar. Olaryň arasynda daýhanam, mugallymam, lukman hem, demir ýol işgäri-de, ylym adamlary-da bar. Awtor olaryň iş-aladalaryny, duýgy-düşünjelerini, hüý-häsiýetlerini örän beletlik bilen beýan edýär. Munuň özi onuň her bir gahrymanyny inçelik bilen öwrenýändigini subut edýär. Aslynda, oçerk žanrynyň özi ýazyjydan durmuş wakalaryndan iň ähmiýetlilerini saýlap almagy, gahrymanlarynyň durmuşyny köptaraplaýyn öwrenmegi talap edýär.
Oçerkleriň dili sadadan düşnükli. Gahrymanlarynyň keşbini aýdyňlaşdyrmakda, söz bilen olaryň suratyny çekmekde, nusgalyk hüý-häsiýetlerini açyp görkezmekde ýazyjy türkmen diliniň baý çeperçilik serişdelerinden, wakalary beýan ediş tärlerinden ussatlarça peýdalanýar. Oçerkleri okanyňda, türkmen tebigatynyň täsin künjekleri, şol sanda hazynaly huma deňelen mukaddes Garagum sähralygynyň syrly hem sahawatly goýny okyjynyň göz öňünde janlanýar. Ýazyjynyň özi aslynda oba ýerinde önüp-ösensoň, daýhanlaryň, çöl içinde mesgen tutan çarwalaryň durmuşyny örän beletlik bilen, täsirli açyp görkezmegi başarýar.
Ýygynda ýerleşdirilen oçerkler çeper-publisistik žanrlardan edilýän talaba görä, tutuş jemgyýete dahylly, döwrüň öňe çykarýan möhüm wezipeleri bolan bag ekmek, daşky gurşawa, tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmek, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gadyryny bilmek, ony has-da berkitmeklige goşant goşmak ýaly meseleleri-de gozgaýar. Bulardan başga-da, ol eserler ylym adamlaryna, dürli kärlerde zähmet çekýän ussat halypalara sylag-hormat goýmaklygy hem ündeýär. Şol taraplardan ýazyjynyň täze kitabyndaky görelde alarlyk zähmet adamlary, biziň döwürdeşlerimiz hakyndaky dürli hünärlere degişli maglumatlara baý eserler, aýratyn-da, ýaşlar üçin hem öwredijilik, hem-de terbiýeçilik ähmiýetine eýedir.
Mahlasy, heňňam hakykatynyň hekaýatlaryny özünde jemlän bu täze kitap ýazyjynyň Garaşsyzlyk döwründäki türkmen publisistikasynyň kämilleşmegine hem baýlaşmagyna goşan özboluşly goşandy boldy.

Aýmyrat PIRJIKOW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň 5-nji ýyl talyby.

21.02.2020.

* * *

Ökdä “ökde” diýmeli. Äl-aý, biziň Serdar aga diýip ýören kärdeşimiz Gurbanmämmet Ýegenmyradowyň birden ýatyp ataýmasy bar. Seýregräk ýazýar, al, emma ýazanda göni “nyşanadan” urýa-da, “bäý-bä” diýdiräýýär. Ine, şu günki “Türkmenistan” gazetinde (öz aýdyşy ýaly “tabak ýalaýan”—işleýän ýerinde) “Sarwan sapaklary” atly täsin ýazylan publisistik, dogrusy-ha, edil hekaýa okan ýaly ediberýän makalasy çykypdyr. Şonuň soňundaky şeýle maglumatlar belki beýlekilerem gyzyklandyrar, gerekli bolar diýip, göçürip alanymy dogry bildim.
Ynha, görüň, belki dogry edendirin:

Paşmak — daban, aýagynyň aşagy. 2. Injik. 3. Dyz. 4. Gary. 5. Pilçe. 6. Goltuk. 7. Şaňryk — ýokarky dodagy burny bilen tutulanda, şaňryklamak bolýar. 8. Myşşyk — burnuň dem alarynyň myşşyldaýanlygy bilen bagly. 9. Çogda — ýeňsesindäki ösgün ýüňi. 10. Döş. 11. Küpe — guýrugyň taýly tarapy. 12. Türre — butlarynyň birigýän ýeri. 13. Guýruk. 14. Ak et — botlanda, köşeginiň gelýän ýoly. 15. Artbaş — gumalaklaýan ýeri. 16. But. 17. Ýamyz. 18. Art injik. 19. Aşyklyk — bogun birikýän ýeri.

***

4-5 litr süýt berýän düýeden bolan gyrmyzy-gyzyl, gara, erkek köşekden iňňän gowy höwür erkek ýetişýär.
4 ýaşyndaky höwür erkegiň tagarçygy çala bildirýär.
5 ýaşynda kükräp, lummurdap başlaýar.
6-7 ýaşynda azy ýarýar.
8-9 ýaşynda azysy päki ýaly bolýar, tutan ýerini goparýar.
Hersiniň öňünde 50-60 düýesi bolan iki sany çyrpynyp duran höwür erkek örüde ýa-da oýa suwa inende gabatlaşyp, urşaýmalary bolýar. Zyňýan erkek garşydaşynyň boýnuna böküp, onuň daş (sag) garysyndan azyny salýar.
Garysyndan azy giren erkek dişiň awusy süňňüne dökülensoň, agyra çydaman çökýär. Garydan dişlän erkek bolsa, çöken erkegi bogýar. Sürini gabanmakdan ýaňa, ony ölüm tabyna eltäýmesi-de bolýar.

* * *

Ýörände artky aşyklykdyr söbügi biri-birine degmeýän, arasy açyk, guýrugy uzyn düýe süýtli saýylýar.
Saglanda könek bedrä degen süýt damjasy goýy bolup, syrykman dursa, onuň agarany-da goýy, ýagly bolup, köşegi-de tiz saýykýar.
Saglanda könek bedrä syçran süýt syryksa, agaran ýeljikli, ýokumy-da az bolýar.
Garnynyň aşagyndaky damarlar näçe ýogyn bolsa, düýe şonça-da süýtli hasaplanylýar.
Sözsoňy ýerine:
Ynha, hormatly okyjy, Garagumuň jümmüşine döredijilik sapary wagtynda görlüp-eşidilenlerden galan täsirleriň teswir-ä şeýleräk. Eger ol maňzyňa batyp, okap çykan bolsaň, hoşallygymyzyň çägi ýok.

Gurbanmämmet ÝEGENMYRADOW.
«Türkmenistan».

23.02.2020.

* * *

Şu ýylyň bahary ygally, onda-da boldan guýýan ak ýagyşy, käte-de gara tutmasy bilen geldi. Ynha, bu gün bolsa ýalbyrap Gün çykyp dur. Düýn çytawun, sowuklaç howa boldy. Ony diňe men däl, agyr märeke türkmeniň uly bir şahyrynyň ýitgisi bilen baglady. Hawa, düýn Atamyrat Atabaýew dünýäden gaýtdy.
Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň, öz wagtynda ýurduň Ýaşlar baýragynyň eýesi, onlarça kitaplaryň awtory, gaýtalanmajak şahyr, üýtgeşik adam, hakyt toý-märekäniň bezegi, uly bilen uly, kiçi bilen kiçi ýaly... garaz, adamçylgyň ähli gowulyklaryny özünde jemlän Atamyrat halypa 72 ýaşynda aramyzdan sogruldy gidiberdi.
Düýn Aşgabadyň gündogar-ilersindäki Magtymguly daýhan birleşigindäki öwlüýäde jaýlan mahalymyz asman aglajaga meňzeýärdi. Üstüne bir pil gum atmaga baran adamlaryň sany-sajagy ýokdy. Nätjek-dä, ömrüniň ahyrynda agyr derde uçran, agyzdan-dilden galan, hereketsiz süýnüp, düşege daňlan uly şahyr ynha, bir tümmek gum boldy ýatyberdi. Bi ýalançy dünýäniň soňunyň şeýledigini.
Jaýyň jennet, imanyň hemra bolsun, halypa! Sen undylmajak ägirtsiň!

5.03.2020.

* * *

Dünýäni “koronawirus” diýen bir bela howp-hatara salyp dur. Telewizorda Orsýediň, Ýewropanyň haýsy ýaýlymyny açsaň, gürrüňiň başy şu hakda. Düýnden başlap biziň ýurdumyzda-da welaýatlaryň, etraplaryň arasynda “karantin” diýlen berk düzgüni girizipdirler. Hernä, diňe bizden däl, tututş Ýer ýüzünden tizräk bir dep bolup gitsin-dä! Ýer togalagy biziň umumy öýümiz ahbetin! Onuň bir ujunda dörän ýagşy ýa ýaman zadyň zarby biziň döwrümizde dessine hemme ýere gelip ýetýär. Alymlaryň-lukmanlaryň aýtmagyna görä, yssylyk 26 gradusa barsa şol wirus gyrylýarmyş. Şükür, türkmeniň, özbegiň, täjigiň, gyrgyzyň, gazagyň, arap dünýäsiniň... garaz, musulman ýurtlarynyň yssysy ýetig-ä. Hernä, beýleki döwletlerdenem dep bolsun!

20.03.2020.

* * *

Belli heýkeltaraş, Türkmenistanyň at gazanan suratkeşi Saragt Babaýewiň döredijiligine degişli parçalar:
Ussadyň “Nury Halmämmedow” atly taslamasynda saz sungatyna ömrüni bagş eden ussat kompozitoryň keşbi şekillendirilýär. Taslamanyň birinji planynda eli dutarly ussadyň keşbi şekillendirilip, onuň arka tarapynda durnalaryň keşbi şekillendirilipdir. Heýkeltaraşyň bu taslamada durnalaryň keşbini şekillendirmeginde şeýle many bar. Onuň gürrüň bermegine görä: “Bir gün Nury Halmämmedow çagaka dostlary bilen bir ýere barýarkalar, asmandan birnäçe durnalaryň uçup barýandygyny görüpdirler. Şonda olar “ol durna meňki-de, bu durna meňki” diýşip, hersi bir durnany belläpdirler. Şonda Nury Halmämmedowyň bellän durnasy uçup barýan ýerinden birden aşaklygyna gaýdyp, jeňňeliň içine gaçypdyr. Muňa Nury birhili bolup, “meniň durnam aşak gaçdy, oňa näme bolduka, men ony gözläp tapaýyn” diýip, durnany gözlemäge gidipdir. Nury uzak wagtlap gelmänsoň, obaň adamlary ony gözlemäge gidipdirler, emma wagty bilen tapman, “Nury nire, durna nire?” diýip, agtaryp-agtaryp, ýarygije tapypdyrlar. Bu wakany men eşidip, taslamada şol durnalary şekillendirdim” diýip, durnalaryň keşbini belli wakanyň esasynda döredendigini aýtdy.
Ol “Mahmyt Zamahşary” atly taslamasynyň döreýşi barada şeýle gürrüň berýär: “Entek Zamahşary ýaşka, bir serçäni tutup, onuň aýagyna ýüp daňyp, uçuryp ýörkä, ýaňky serçe bir jaýyň oýuk ýerine baryp giripdir. Şonda Zamahşary guşy oýukdan çykarjak bolup, çekipdir welin guşuň aýagy teninden gopup, ýüpi bilen Zamahşarynyň eline gelipdir. Muny görüp duran enesi gahary gelip, “Hudaýym, seniň hem aýagyň döwläýbilsedir” diýip, ogluna käýäpdir. Zamahşary on dört ýaşyndaka atdan ýykylyp, aýagyna şikes ýetip, agsak bolup galypdyr. Agyr işlere ukypsyz bolan Zamahşary durmuşda juda köp kitaplary okap, döwrüniň belli alymy, şahyry we giň gözýetimli adamsy bolup ýetişipdir”.
“Birnäçe ajaýyp hekaýalary, powestleri hem-de romanlary döredip, halkyň söýgüsine mynasyp bolan Gyrgyzystanyň halk ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň heýkeli ýöne ýerden döremedi” diýip gürrüňe başlan ussat heýkeltaraş bu ajaýyp ynsanyň býust heýkeliniň döremegine şeýle bir ýagdaýyň sebäp bolandygyny düşündirdi: “Çingiz Aýtmatowyň segsen ýaşyny bellemeli bolanlarynda maksatnama boýunça ilki Gyrgyzystanda belläp, soň Turkiýede bellemeli edipdirler. Çingiz Aýtmatowyň 80 ýaş dabarasyna barmaly adamlaryň arasynda seňem adyň bar” diýdiler. Onda menem pikir etdim, “oňa boş-a baryp bolmaz, bir zat etmel-ä bolar” diýip pikirlendim-de, eger haly etsem, ol täzelik däl, horjun eltsem, täzelik däl, keçe eltseň, ol hem täzelik däl bu zatlar olarda-da bar. Dutar eltseň, ol hem däl, gyjak eltseň, ol hem däl, näme etmeli diýdim-de, birden hem fotoçy Alikber Guseýinowy göreýin-le diýip, ony tapdym. Alikberem “mende Çingiz Aýtmatowyň suraty bar” diýdi. “Biz onuň “Elwan ýaglykly serwim” atly powesti esasynda spektakl goýduk. Ýazyjy şol spektaklyň birinji görkezlişine geldi. Şonda suratlaryny aldym” diýdi. Onda ýazyjynyň köp suratlary bar eken. Menem şol suratlary aldym-da, ýazyjynyň býustyny ýasadym”.
Ýazyjynyň býusty stolyň başynda oturan görnüşde ýerine ýetirilipdir. Heýkeltaraş ýazyjynyň özüne göwniýetijilik bilen oturşynda onuň giňligini, arkaýynlygyny, ýiti zehinini açyp görkezipdir. Ussat heýkeltaraş ýazyjynyň içki dünýäsini, içki häsiýetini onuň portretinde şekillendiripdir. Çünki ýazyjynyň agrasdan salykatly ýüzünde we gözlerindäki pähimde onuň juda giň dünýägaraýşly ynsan bolandygyny görmek bolýar.

Ussat heýkeltaraş “Döwletgeldi Ökdirow barada ýatlama” atly taslama işinde ussat bagşy Döwletgeldi Ökdirowyň durmuşyndan bir pursaty şekillendirýär. Bu taslamanyň mazmun çözgüdi barada heýkeltaraş şeýle gürrüň berýär: “Gürrüň bermeklerine görä, Döwletgeldi Ökdirow ömrüniň ahyrky ýyllarynda ýaraman hassahanada ýatyrka, Allaýar Çüriýew onuň halyny soramaga gelýär. Ol bagşynyň ýanynda otyrka, birdenkä penjiräniň öňünde bir guş peýda bolýar. Şonda Döwletgeldi bagşy Allaýara garap, ”Şahyr, şu ajaýyp guş barada bir goşgy ýazsana!” diyip haýyş edende, ol “Deňiz guşum” atly goşgusyny döredýär. Bu goşgy bagşynyň göwnüne ýarap, oturan ýerinde dutaryny eline alyp, ony saza salyp, aýdym edip hiňlenýär. Bu aýdymyň dowamyny inim Alyhan döreder” diýip, ussat bagşy uzak ýaşaman, ertesi aradan çykýar. Şeýdibem “Deňiz guşum” atly aýdym döreýär. Men bu gürrüňleri eşdip, inim tikenekläp gitdi, şeýdibem meniň şu taslamam döredi” diýip, ussat heýkeltaraş taslamasynyň nähili ýagdaýda dörändigini belledi. Ussadyň bu eseriniň taslama çözgüdi diýseň jaýdar düşüpdir. Çünki taslamadaky hassany soramaga baran şahyr bilen bagşynyň arasyndaky döredijilik gatnaşygyny heýkeltaraş ussatlyk bilen açyp görkezipdir. Eserdäki iki ýürekdeş dost bilen çarlak guşunyň keşbi bir bitewi taslamany emele getirýär. Heýkeltaraş bu deňiz guşly gürrüňiň has soňrak başgaçarak ýagdaýda bolandygyny eşitse-de, başky gürrüň ussadyň duýgusyna has ýiti täsir edip şeýle ajaýyp taslama döräpdir.
“Baky äheň” atly taslamasynda heýkeltaraş Mämmet lal atly ýetginjegiň durmuşyndan bir pursaty şekillendirýär. Mämmet lal hakyndaky durmuşy jümleleri diňläniňde, onuň näderejede arzuwçyl, umytçyl adam bolandygyna göz ýetirýärsiň. Ynsan durmuşynyň her bir täsirli pursatyny gözden sypdyrmadyk heýkeltaraş bu taslamanyň döreýşi barada şeýle gürrüň berýär: “Biz ýaşkak goňşy obamyzda Mämmet lal diýip bir ýetginjek oglan bardy. Ol mydama bize eliniň hereketleri bilen “men owadan gelin alyp öýlensem, mator edinsem, onsoň gelnimi hem matora mündirip, myhmançylyga gitsem” diýip arzuw ederdi. Ol bu gürrüňlerini mydama eliniň hereketleri bilen biziň ýanymyzda gaýtalardy.
Ondan soň köp ýyllar geçdi. Men bir gün goňşy oba baranymda, Mämmet lal meniň ýadyma düşüp, obadaşlarymdan soranymda, onuň uzak ýaşap, öýlenip bilmän, aradan çykanlygyny aýtdylar. Men onuň maşgala gurmak arzuwyna ýetip bilmänligine juda gynandym hem-de Mämmediň ýaşlyk döwründäki arzuwlaryny taslama eserime geçirip, şu taslamamy döretdim” diýdi. Taslamada Mämmediň durmuş arzuwlaryny täsirli ýagdaýda beýan edilýär.
...Mämmet arzuwyndaky gelnini matoryň yzyna mündirip, nirädir bir ýere myhmançylyga barýar. Ussat taslamada matory öküziň kebinde görkezip, öküzi hem balygyň üstünde şekillendiripdir. Ussadyň şeýle şekillendirmeginde uly many bar. Çünki taslamada rowaýatlarda berlişine görä, Ýeri sary öküziň göterýändigini görkezip, öküzi bolsa, balygyň göterip durandygyny alamatlandyrypdyr. Şeýle şekillendirmek bilen ussat ynsan durmuşynda Ýeriň üstünde dürli ýagdaýlaryň bolýandygyny açyp görkezýär.
Birnäçe ýyllaryň dowamynda käbesiniň gürrüň beren ýatlamasyny ýüreginde göterip, bişirip, taslamada taraşlan heýkeltaraş bu eseriň döreýşi barada şeýle gürrüň berdi: “Ejem şeýle gürrüň beripdi: “Uruş ýyllarydy, obanyň ähli erkek adamlary Watan goragyna fronta gidipdiler. Obada diňe aýallar, çagalar hem-de gojalar galypdy. Kolhoz işinde esasan aýallar işlärdi. Gazy gazardyk, bugdaý ekerdik, hasylynam özümiz ýygnardyk. Meniň Mäjik kakam bardy. Ol hem çölde mal bakardy. Bir gün Mäjik kakam duýdansyz çopan goşundaka aradan çykypdyr. Kömekçisi çoluk ýigidem näme etjegini bilmän, kyn ýagdaýa düşüpdir. Ol mallary taşlap, merhumy öýe alyp gaýtsa, mallary möjekler talajak, alyp gaýtmasa, ölen şol ýerde ýatjak. Ahyry ol oýlanyp, Mäjik kakamy keçä dolap, ýüp bilen daňyp, düýäniň üstüne ýükläp, töweregine-de sazaklary aýlap, düýäniň owsaryny hem başyna aýlap, düýäni oba garşy ugradypdyr. Düýe 60 kilometrlik ýoly geçip, oba geläýipdir. Biz düýäniň üstündäki odundyr öýtsek, odun däl, bu nämeka?” diýip görsek, merhum Mäjik kakam eken. Biz onsoň obada erkek adamlar bolmansoň, obanyň aýallary bolup, däp-dessurymyz bilen merhumy jaýladyk” diýdi. Men ejemiň bu ýatlamasyny köp ýyllap ýüregimde göterip, ahyry 1989-njy ýylda taslamama geçirdim. Şeýdibem “Ejemiň ýatlamasy” atly eserim döredi”.
Taslamada oba aýallarynyň merhumy jaýlamaga barýan pursaty açylyp gökezilýär. Taslamada öňde eşek, onuň üstünde bolsa başyny aşak salyp, gaýga batyp ýaş oglanjyk otyr. Heýkeltaraşyň bellemegine görä: “Men taslamamda oglanjygyň keşbini öňde şekillendirmegimiň bir sebäbi bar. Çünki türkmençilikde aýallar öwlüýä barmak bolanok diýen däp bar. Biziň ata-babalarymyz milli däbimizi berk saklapdyrlar. Şu ýerde men bir wakany ýatlasym gelýär. Biz çagakak ejem bir gün towuk soýmaly bolanda, öýde uly erkek adam bolmansoň, bir gara towugy alyp geldi-de, ilki onuň bir ganatyndan özi aýagy bilen basyp saklady. Soňra beýleki ganatyny basdy, soňra meni aýagynyň arasynda duruzyp, elime pyçagy berip, özem elimiň üstünden eli bilen tutdy-da, towugyň damagyny çaldy. Şeýdip aýallar erkek adam ýaly bolup, kyn pursatlarda-da çykalga tapýan ekenler. Çünki türkmençilikde aýal adam malyň damagyny çalmak bolanok diýen däp bar. Şol däbi biziň ata-babalarymyzdyr enelerimiz berk saklaýan eken. Şonuň üçin men taslamamda hem däp boýunça ilki erkek adamlaryň nyşany hökmünde oglanjygyň keşbini işledim. Şonuň üçin hem taslamada ilki erkek adam öwlüýä girsin diýip, öňde oglanjygyň keşbini şekillendirdim”.
Onuň yzynda arabanyň üstünde merhum ýatyr. Arabanyň yzynda bolsa başlaryny aşak salyp, merhumy jaýlamaga barýan birnäçe aýallaryň keşbi şekillendirilýär.
Heýkeltaraşyň “Enelik” atly taslamasynyň döremegine hem şeýle ýagdaýlar sebäp bolupdyr. Ol bu çuň mazmunly eseriň döreýşi barada şeýle gürrüň berýär: “ Biz kiçiräkkäk “Maugli” atly multfilmi köp görerdik. Möjekleriň arasynda ulalan çaga hakyndaky rowaýatlary hem köp diňlärdik. Geçen asyryň 70-80-nji ýyllarynda Türkmenistanyň günbatar tarapyndaky Gyzylgaýa diýen ýerinden dikuçardan tor oklap, möjekleriň arasynda ýaşap ýören bir jahyl ýigidi tutdular. Bu ýigit möjekleriň arasynda ýaşap, olaryň terbiýesini alypdyr. Soňra ony Manyşda bir rus zenanyna terbiýelemäge beripdirler hem-de oňa Juma diýip at goýupdyrlar. Rus zenany yhlas bilen ony terbiýeläp, rus dilini hem öwredip başlapdyr. Soňra ony Moskwa äkidip, “Türkmen Mauglisi” diýip, teleýaýlymda gepleşik hem etdiler. Şonda gepleşigi alyp baryjy şol ýigitden “Seniň rus ejeň gowymy ýa-da möjek ejeň?” diýip soranda, ol pikirlenmezden, “möjek ejem gowy” diýip jogap berdi. Aslynda adam çagasy möjekleriň arasynda 6-7 ýyl ýaşap ulalyp, soňra adamlaryň arasyna düşse, ol uzak ýaşamaýar diýip aýdylýar. Juma hem soňra uzak ýaşaman aradan çykdy. Möjek ýyrtyjy haýwan bolsa-da, onuň bilen adamzadyň arasyndaky gatnaşyk barada gören-eşden zatlarym mende uly täsir galdyrdy. Şeýdibem meniň “Enelik” atly taslamam döredi”.
Taslamada ene möjek öz çagalary bilen birlikde adam çagasyny hem emdirip otyr. Ene möjek mähir bilen çagalaryna seredýär. Adamzat üçin göräýmäge gurt ýyrtyjy jandar. Ol ynsan çagasyny dalaýjak ýaly. Emma taslamada ol düýbünden başgaça görünýär. Ol ynsan çagasyny hem öz çagasyndan aýry görenok. Ussat heýkeltaraş taslamada gurt bilen ynsanyň arasyndaky dostlukly gatnaşygy ussatlyk bilen açyp görkezipdir. Taslamanyň mazmuny juda täsirli.
“Ynsan durmuşynda wagt iň gymmat zat” diýýän heýkeltaraş “men wagt babatda alaňda köp işleýärin. Wagtyň gymmatyna ýaşymyň gitdigiçe has-da gowy düşünýärin. Biz Moskwanyň “Puşkin” muzeýine baranymyzda şol ýerde Nusaýdan tapylan ritony gördüm. Riton ütül-ütül bolup galypdyr. Wagt şol heýkeliň köp ýerlerini iýipdir. Men ony görüp “bäý, wagtyň tutdyrmaýşyny, wagtyň hemme zady ýok edäýşini” diýip pikirlendim. Men şol ritony adamlara-da, janly-jandarlarada, hemme zada deňäp gördüm. Bu muzeýde gören ritonym baradaky pikir meniň täze taslama başlamagyma itergi berdi. Men Moskwadan gelşime şol ritonyň üsti bilen wagtyň gymmatyny düşündirmek üçin täze işime başladym. Bu işimde men taryhyň iň çuň ýerini saýlap aldym. Taslamada men Husaýdan tapylan ritony, beýan etjek bolýan sýužetimiň özeni edip saýladym”.
Taslamadaky riton türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamyndaky taryhyny açyp görkezýär. Riton taryhy döwür, ol wagtyň nyşany. Ol wagtyň geçmegi bilen iýlip, öz asylky nusgasyny ýitiripdir. Taslamadaky tegelek tigriň şekili çarhy pelegi aňladyp, ol hem wagtyň nyşany hökmünde şekillendirilýär. Ata-babalarymyzyň öz edýän gürrüňlerinde “bu bir çarhy-pelek-dä, adamyň durmuşynda her hili ýagdaýlar gabat gelýär” diýen jümleleri köp agzaýarlar. Ynsanyň durmuşynda “çarhy-pelek” - wagt. Heýkeltaraş taslamada wagt janly-jandaram iýýär diýen manyda atyň keşbini jaýryk-jaýryk edip şekillendiripdir. At bu taslamada tizligiň nyşany hökmünde şekillendirilýär. Taslamada at ýeke, ýöne onuň aýaklarynyň köpsanly edip görkezilmegi, wagtyň örän tiz geçýändigini alamatlandyrýar. Ýüzlerini ýokary tutup barýan ganatly atyň keşbi juda uly tizlikde barýan görnüşde şekillendirilýär. Onuň üstünde duran enäniň eşikleri, tizlikde barýan atyň üstünde şemala galgap barýar. Göräýmäge ene şeýle tizlikde barýan atyň üstünden gaçaýjak ýaly, emma ol iki elini öňe uzadyp, berk dur. Enäniň bu hereketi ynsanda wagt şeýle tizlikde geçse-de, oňa üns bermän, öz mährem perzendini dünýä inderip, terbiýeläp kemala getirip, ile goşup, nesil dowamatynyň dowam bolmagy üçin uly aladalar edýändigi hakdaky duýgyny döredýär. Atyň üstünde duran zenanyň keşbi dowamatyň nyşany. Ene toprak, ene – bu dowamat.
Heýkeltaraşyň “Bedewiň döreýşi” atly taslamasynyň döremegine hem hut onuň bedewe bolan yhlasy sebäp bolupdyr. Bu barada ol şeýle diýdi: “Oglan wagtym obamyzda Guşçy aga diýip bir seýis bardy. Ol at seýisleýärdi hem-de obamyzyň atlaryny bakardy. Ol wagt obamyzda 20-30-dan gowrak at bardy. Men hem atlary gowy göremsoň, kämahal onuň ýanyna giderdim. Onuň çaýyny gaýnadyp bererdim, kömek ederdim, atlaryny bakyşardym. Kämahal atlar daşa gitse, Guşçy aga “bar, atlary gaýtaryp gel!” diýip, meni ata mündürip goýbererdi. Men hem şoňa höwes edip atlary gaýtaryp gelerdim. Onsoň günleriň birinde Guşçy aga keýpiniň kök wagty çaý içip otyrka maňa atyň döreýşi barada şeýle bir gyzykly wakany gürrüň berdi. “Saragt jan, bu ahalteke atlaryň döreýşi gaty geň. Olaryň alnan ýeri toprakdan, suwdan, otdan hem howadan, onuň gözelligem gyzdan alnandyr. Şonuň üçin ahalteke atlary gaty owadan bolýandyr” diýdi. Guşçy agaň bu aýdan gürrüňleri hiç wagt meniň ýadymdan çykmady. Onsoň Guşçy aganyň bu aýdan gürrüňleri arada meniň ýadyma düşdi-de, men “Bedewiň döreýşi” atly taslamama başladym.
Taslamada heýkeltaraş bedewiň toprakdan, suwdan, otdan dörändigini göz öňüne tutup, ony Ýer şarynyň içinden geçip barýan ýaly görnüşde şekillendiripdir. Sebäbi ýeriň düzüminde toprak bilen suw bar. Bu bolsa bedewiň alnan ýeriniň toprak bilen suwdygyny alamatlandyrýar. Ýer şarynyň aşagynda bolsa ýyldyrymy şekillendirip, onuň üsti bilen bedewiň otdan alnandygyny aňladýar. Taslamada atyň aýaklary bilen gyzyň elleriniň ýasalyşynda meňzeşlik bar. Şol meňzeşlik hem atyň gözelliginiň gyzdan alnandygyny alamatlandyrýar.
Ene her bir perzent üçin mukaddeslikdir. Çünki mährem ene öz perzendini adam edip ýetişdirmek üçin ömrüni şoňa bagş edýär. Gündiz oturman, gije ýatman sallançak çekip, perzendini kemala getiren käbesi barada ussat heýkeltaraş şeýle gürrüň berdi: “Men kiçijekkäm ýarawsyz bolupdyryn. Özümem juda hor ekenim. Şonuň üçin men ýörämde-de gijräk-dört ýaşymda ýöräpdirin. Ejem meniň bu ýagdaýyma gaty gynanar eken. Ol “bu adam bolarmyka?” diýip pikirlener eken. Ejem meni daýanyp gidiberermikä diýip yrym edip, ojakda-da ýatyryp görüpdir. Onda-da gowy bolmandyryn. Şonuň üçin ejem meni ezizläp, mydama goltugynda göterip, aglar ýörer eken. Biz bir döwürde Saragta göçüp baryp, şol ýerde kümede ýaşapdyrys. Bir gün ejem kümede otyrka birden aňyrdan göni bize gelýän Goşa babany görüp, meni dolap eline alyp çykypdyr-da, “Goşa baba, meň şu çagam juda çyrçykly, bu adam boljak däl, öljek bu” diýipdir welin, ol “ýok gelin, bu çaga ölmez, bu ile-güne gerek adam bolar, hany, arkasyny aç!” diýip, telpegini çykaryp, “ylahym, ýamanlyk ýüzüni görmesin!” diýip üç gezek arkamy sypapdyr. Şondan soň men gowulaşyp gidipdirin. Ejemiň gürrüň beren bu ýatlamasyny men taslama geçirdim”.
“Ene” atly taslamasynda çyrçykly çagasyny mähir bilen goltugynda göterip duran enäniň syratly keşbi seredip dur. Taslamada maňlaýyny gasyn tutan enäniň boýnuny burup durmasynda onuň ýarawsyz perzendine bolan gynanjyny duýmak bolýar. Perzent ene üçin iň gymmatly ezizlik. Perzent ene üçin durmuşa bolan ymtylyş, ýaşaýşa bolan höwes. Taslamada ene bilen onuň goltugyna mäkäm gysyp duran perzendi bitewi taslamany emele getirýär. Enäniň köýneginiň ýüzünde mährem perzendiniň häzirki keşbi şekillendirilipdir. Ol özüni birnäçe kynçylyklara döz gelip kemala getiren enäniň öňünde baş egýän görnüşde şekillendirlipdir. Çünki ene perzent üçin mukaddeslikdir.

* * *

Şeýle zady okadym: “Obzor Zakaspiýskoý oblasti” gazetinde ýazylyşyna görä, 1899-njy ýylda ilkinji gezek Garrygala Kawkazdan balary maşgalalary getirilip, bal almagyň senagat önümçiligi ýola goýulýar.
1931-nji ýylda SSSR Hökmümiýtniň ýörite karary esasynda Türkmenistanyň käbir kolhozlary balaryçylyk hojalyklaryna (sowhozlara) öwrülýär.Şol ýyllarda Baýramalyda soň ady Soýuza dolan balaryçylyk sowhozy işläp başlaýar. Alymlar bu ýerde ýetişdirilýän, esasanam ýandakdan alynýan balyň başgyr hem-de kawkaz ballaryndanam kaloriýa, ýokumlylyk, bejerijilik häsiýeti babatda ýokarydygyny takyk kesgitläpdirler.

3.04.2020.

* * *

“Ýaz ir çykdy” diýip bizem irräk begenäýipdiris öýdýän. Öňňün gar gatyşykly ýagyş ýagdy. Howa birden sowady, hatda Aşgabatda hem howa 0 gradusdan aşak düşdi. Daşoguzda-ha 3 gradus sowuk bolupdyr. Köpetdag häzirem ak gar ýapynyp ýatyr. Ýaňyja ýokardan-dagyň depesindäki telediňden geldik weli, gardan arassalamak üçin ýola duz sepilipdir. Düşüp gar tokgalabermeli. Tebigatda oýun kän-ow! Fewralyň 10-laryna erikdir üljäni gülledýär, apreliň ortalaryna-da gar ýagdyrýar. Hernä miweleri, gögeren gök ekinleri sowuk almadyk bolsa ýagşy.
Indi esasy täzelik hakda. Hormatly Prezidentimiz ylym-bilimi düýpli özgertmek hakda takyk meseleleri goýdy, wezipeleri kesgitledi.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu çylşyrymly ýagdaýyň dünýäde dowam edýändigini nazara alyp, mundan beýläk hem onuň Türkmenistanyň çäklerine aralaşmagynyň öňüni almak boýunça ähli tagallalaryň edilmelidigini aýtdy.
Şu ugurda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek, adamlaryň, aýratyn-da, ýaşlaryň köpçülikleýin bedenterbiýe bilen meşgullanmaklaryny, sport maşklaryny yzygiderli ýerine ýetirmeklerini wagyz edýän degişli çäreleriň ýola goýulmagy häzirki döwrüň möhüm wezipesi bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda ýiti öýken sowuklama keseliniň ýüze çykmagyna garşy anyk we toplumlaýyn çäreleriň alnyp barylmalydygyna ünsi çekdi hem-de işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagy üçin ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini tabşyrdy.
Halkymyzyň saglygy ýurdumyzyň esasy gymmatlygy bolmak bilen, saglygy goramak işlerine ýokary jogapkärçilikli çemeleşilmelidir.
Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda, bilim ojaklarynda alnyp barylýan işler häzirki zamanyň ýokary talaplaryna we ösen halkara ülňülere laýyk gelmelidir.
Milli Liderimiz häzirki döwürde ýurdumyzyň bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn we ylmy-usulyýet binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny, bu ugurda ähli zerur şertleriň döredilýändigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokanç keselleriň halkymyzyň saglygyna ýaramaz täsirine garşy başy başlanan işi dowam etmegiň zerurdygyny belläp, şu maksat bilen ýurdumyzyň ilatynyň ähli toparlarynyň saglyk ýagdaýyna baha bermek üçin, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, öňüni alyş lukmançylyk barlaglaryny we goşmaça barlag usullaryny öz içine alýan çäreler toplumyny guramagy tabşyrdy.
Şunuň bilen baglylykda, etraplarda we şäherlerde öz işini degişli tertipnama boýunça alyp barýan ýörite lukmanlar toparlary döredilmelidir. Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, bu işler, ilki bilen, çagalar baglaryndan, orta hem-de ýokary okuw mekdeplerinden başlansa, maksadalaýyk bolar.
Häzirki döwürde maglumat tehnologiýalarynyň ýokary depginler bilen ösýändigini, dünýä ylmynyň gazananlarynyň we okatmagyň öňdebaryjy usullarynyň yzygiderli täzelenip durýandygyny nazara alyp, halkymyzyň milli däp-dessurlary we dünýä tejribesi esasynda bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda okatmagyň innowasion usullary hem-de öňdebaryjy mugallymçylyk tejribeleri ornaşdyrylmalydyr.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, häzirden başlap, 2020-2021-nji täze okuw ýylyna ýokary derejede taýýarlyk görülmelidir.
Häzirki döwürde Türkmenistanda maglumat tehnologiýalaryna we sanly ykdysadyýete geçmek meselesine aýratyn üns berilýändigini nazara alyp, bu ugurdan hünärmenler taýýarlanylmalydyr.
Şeýle hem bilim edaralarynyň hemmesiniň sanly ulgama geçirilmegini dowam etmek, mugallymçylyk ugurly bilim edaralarynda giň dünýägaraýyşly, ýokary hünär derejeli mugallymlary taýýarlamak, hünär biliminiň ähli ugurlarynyň baglanyşygyny üpjün etmek maksa dy bilen, orta hünär bilim ulgamynyň binýadynda ugurdaş hünärler boýunça ýokary okuw mekdepleri üçin hünär bilim maksatnamasyny işläp taýýarlamak zerurdyr.
Hormatly Prezidentimiz okgunly ösýän tehnologiýalary hasaba almak bilen, bilim edaralarynda täze hünärleriň yzygiderli girizilmeginiň wajypdygyny aýtdy.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, täze gurulýan orta mekdepleriň ýanynda degişli çagalar baglaryny mekdep bilen birleşdirip okuw toplumlaryna öwürmek, bu toplumlara degişli çagalar baglarynda okuwçylary taýýarlamak zerurdyr.
Şeýle hem umumy bilim berýän ýöriteleşdirilen mekdeplerde çagalaryň we ýaşlaryň täze tehnologiýalardan oňat baş çykarmaklary üçin robot tehnologiýasy ugurly orta mekdepleri açmagyň wajypdygy bellenildi.
Magtymguly ady ndaky Ýaşlar guramasynyň öz işini 14-den uly ýaşdaky nesillere niýetläp alyp barýandygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow orta mekdepleriň 7 — 14 ýaşly okuwçylaryny özünde birleşdirýän Türkmenistanyň «Altyn nesil» atly çagalar guramasynyň döredilmegini maksadalaýyk hasaplaýandygyny belledi.
Mekdep okuwçylarynyň psihologik aýratynlyklary esasynda okuw-terbiýeçilik işlerini ýola goýmak maksady bilen, okuwçylarynyň sany 300-den geçýän orta mekdeplerde psiholog mugallymyň wezipesini girizmek meselesi öwrenilmelidir.
Okuwda we jemgyýetçilik işlerinde ýokary netijeleri gazanýan çagalar altyn, kümüş we bürünç medallar bilen sylaglanylsa, ýokary synplarda okaýanlara bolsa Prezident okuwçy haky gowşurylsa, çagalaryň zehininiň ösmegine ýardam berýän ugurlara ýöriteleşdirilen döwlet merkezleri döredilse, işiň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna ýardam ederdi.
BMG-niň Hökümetimiz tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň görkezijilerine laýyklykda, bilimiň ýokary hiliniň üpjün edilmegini gazanmaly diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Şu maksat bilen, döwlet Baştutanymyz BMG-niň Ça galar gaznasy bilen hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmegiň, ýokary ok zaman innowasiýa ösüşiniň halkara talaplara laýyk gelýän täze döwlet bilim standartlaryny taýýarlamagyň we ornaşdyrmagyň wajypdygyny belledi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylym bilen ýokary okuw mekdebiniň baglanyşygyny has-da güýçlendirmegi, talyplaryň, aspirantlaryň, ýaş alymlaryň we professor-mugallymlaryň toplumlaýyn ylmy barlaglary geçirmegi üçin ýokary okuw mekdepleriniň ýanynda tehnologiýa we innowasiýa merkezleri ni döretmegi, ylmy we ylmy-pedagogik mekdepleri ösdürmek meselesini öwrenmegi talap etdi.
Şeýlelikde, ýurdumyzyň çagalar baglarynda we bilim ojaklarynda alnyp barylýan işleriň köpçülikleýin bedenterbiýe hem-de zähmet terbiýesi bilen utgaşdyrylmagynyň örän uly ähmiýetiniň bardygy bellenildi.
Bilim ulgamyna okatmagyň döwrebap täzeçil usullarynyň yzygiderli ornaşdyrylmagy wajypdyr.
Täze okuw ýylyna taýýarlygyň çäklerinde ýaşlara bilim-terbiýe bermegiň has amatly usullarynyň özleşdirilmegi, halkymyzyň asylly dessurlary bilen bilim ulgamyndaky häzirki zamanyň ösen tejribesiniň sazlaşykly utgaşdyrylmagy zerurdyr.
Ýaşlaryň sanly tehnologiýalar, häzirki zamanyň ösen usullary arkaly bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ähmiýet berilmelidir, okuw işiniň tejribe, aýratyn-da, zähmet bilen utgaşdyrylmagy wajypdyr. Bu ugurda bar bolan ýörelgeler işjeň öwrenilmelidir. Munuň özi ýaşlaryň hemmetaraplaýyn aň-düşünjeli we hünär eýeleri bolup ýetişmegini üpjün eder.

9.04.2020.
Категория: Ýatlamalar | Просмотров: 282 | Добавил: Haweran | Теги: Gurbannazar Orazgulyýew | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Ýatlamalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 1
0
1 MмС  
850
Ýazyjy-şahyrlaryň görýän weli şunuň ýaly esse görnüşindäki eserleri beýlekilerinden täsir edijiligi has güýçli ýaly. Esse žanry birhili gyzykly okalýar. Sag boluň! "Çalt ýazyjymyzyňam" jany sag bolsun!

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]