13:36 Gowusy, goýaly!.. | |
GOWUSY, GOÝALY!.. ...Gowusy, goýaly! Mert bolmak gerek... Ýürek täze derde uýgun bor, bilýän. Düşünmesi çetin göwün bar mende — Köpräk aglaýan, azrak gülýän. Günleň aýdymlary täzelenipdir, Sazyna tans edip bilmen (dag arman!). Indi gijelerden gam ysy gelip, Daňlar atyberýär süýt deý agarman. Aýyň gözelligi, gör, hanjak gitdi!.. Ýyldyzlar endigan petreşýäler, Olar ýerli-ýerden çola köňlüme Bir ýerlerden gussa getirişýäler. Yşkyň patasyny bireýýäm aldyk, Muny aýtmamda-da bilibem dursuň. ...Gowusy, goýaly! Ýok, "Söýýän" diýme! Ömrümi büdreden şol söýgi gu:rsun! 06.10.2018ý. 23:25 Sapa HOMMADOW. | |
|
√ Deprem Ve Tedbir / Goşgular - 13.02.2023 |
√ Durmuşy deňeşdirme / Goşgular - 08.01.2023 |
√ «В часы недавнего паденья…» / Goşgular - 16.01.2023 |
√ Голос города / Goşgular - 03.01.2023 |
√ Saňa duşup... / Goşgular - 06.01.2023 |
√ Klasdaşlaryma / Goşgular - 01.01.2023 |
√ Истина / Goşgular - 02.01.2023 |
√ Осёл в уборе / басня / Goşgular - 14.02.2023 |
√ Janymyň aramy / Goşgular - 06.01.2023 |
√ Амалтея / Goşgular - 15.02.2023 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |