12:25 Gözel Daşoguz / goşgular toplumy | |
“Gözel Daşoguz” goşgular toplumy
■ Daşoguzyň agşamlary Beslenipdir şugla-yşga, Daşoguzyň agşamlary. Çyralary dürden keşde, Daşoguzyň agşamlary. Seýle çyksa ulus-iller, Görklener seýilgäh, ýollar Ýasalan süýji hyýaldan, Daşoguzyň agşamlary. Toýlaryň dowamy sende, Ak bagtyň owazy sende, Ömürleriň ýazy sende, Daşoguzyň agşamlary. Ir agşamdan seýle çykyp, Synlasaň her ýana bakyp, Bolmaz waspyna söz tapyp, Daşoguzyň agşamlary. Bu gün has-da görklenipdir, Köňlüm saňa örklenipdir. Şatlyk-gülkä gark bolupdyr, Daşoguzyň agşamlary. ■ Şabat Asyrlaryň aýdymyna öwrülip, Şabat akyp barýar joşup, lummurdap! Waspy bolup bagtyýarlyk döwrümiň, Şabat akyp barýar joşup, lummurdap! Dünýäni gülzara öwüren bahar, Oňa terlik serpaý edýär her säher, Goşa kenarynda bir ajap şäher, Şabat akyp barýar joşup, lummurdap! Towlanyp-köwlenip akyşy gowy, Aýlanyp-eglenip akyşy gowy, Her damjasy misli süýjülik suwy, Şabat akyp barýar joşup, lummurdap! Her baga, her güle gurbat eçilip, Ter maýsa, sünbüle şerbet eçilip, Dünýäniň yşgyny saza geçirip, Şabat akyp barýar joşup, lummurdap! Ak binalar görk berer jüp kenara, Şaýatyr ol hasyl bolan hyýala. Diýaryň bir künjün öwrüp gülzara, Şabat akyp barýar joşup, lummurdap! Daşoguz welaýat kitaphanasy Kitaplara hormat goýlup gurlan köşk, Başy belent bina Ajap ymarat. Kalba mähir çaýýar Gözlere yşyk, Durky öwşen maksatlardan ybarat. Daşogzuň täze kitaphanasy, Bu hem bir peşgeşi Arkadagymyň. Misli pähim-parasadyň dänesi, Hem miwesi bagtyýarlyk bagynyň. Täze kitaphanaň belent işigi, Gündogar tarapdan açylýar bize. Kitaplaryň ýüzläp-müňläp aşygy, Bärik gelýär ylma teşneler bile. Kitaplaryň akyl-paýhas köşgi sen, Ylham ojagy sen, Ajap ymarat. Täze dogan Gün hem bakyp keşbiňe, Iň ilki kitaba edýär ybadat. ■ Andalybyň heýkeli Daşogzuň halkara howa menzili, Bir uçar ugrasa, birisi gonýar. Myhman gelse giňden açýaň köňlüňi Myhman gelen seň görküňe guwanýar. Garşy alýar gujak açyp Daşoguz, Bu gadym ülkäniň juwan merkezi. Myhmana pata biýr uzadyp golun, Nurmuhammet Andalybyň heýkeli. Asmana uçuryp Babaröwşeni, Dessana dolduryp sögüniň waspyn. Andalyp nur edip köňül röwşüni, Dowam etdirýän deý ýene-de kesbin. Myhmanlara ak ýol arzuw edip dur, Abraý alyp, mertebesi beýgelip. Bu ajap barlyga gol uzadyp dur, Nurmuhammet Andalybyň heýkeli. 5-nji aprel 2018 *** Gel dostum Daň atjak sähel mahaldan, Namazlyk üstünde dileg edeli. Düz ýollardan gadam urýar mähelle, Biz kötel menzilden bile gideli. Käbir adamlardan tamaň çykmaýar, Bilýän, gowy zat däl tamakinçilik. Söýýän adam agyr günden gorkmaýar, “Ejizlikden döreýärmiş kynçylyk.” Bu dünýäde diňe söýgä bil baglap Erkiňi eliňden bermeseň bolar. Kimler munda adam çykar il halar, Kimler uly ile derdeser bolar. Tämizkalp adamlar ödeýär tamaň, Ýüregi, gül ýüzi söýgüden doly. Saba säherlerde ýadaman-ar’man, Barlyga sygynyp tapar kemaly. Şapak ýaşyp, Agşam düşüp jahanda, Mähelle düz ýolda säginen çagy. Biz ikimiz saklanmany sähel-de, Ybadat edýän deý batly ýöräli. 12.05.18. ■ Ykbal ýollary Biz barýarys aýry-aýry ýollardan, Ikimize berilmändir bir ykbal. Men bir ýesir alnan gaýry illerden, Ýöne başym belent, Boýnum buruk däl. Seniň her gadamyň näze eýlenen, Gaňrylyp bakyşyň jady-kereşme. Kimler o dünýäden yza aýlanar, Seniň gara gözleň ýadyna düşse. Menem şol jadyly dideleriňe Ýesir boldum Durdum sežde-tagzyma. Diňe saňa sygnyp gijelerine Galdymmy ýa bir günähi azyma. Seniň dideleňde berkarar bolan, Doňaklyk diýarnyň ýesiri menem. Meni sowuk näziň örteýär gülüm, Munde ne bir öli, ne diri menem. Gandalymyň ganly zynjyryn üzüp, Başarsam gideýin mundan güm bolup. Hatda gerek bolsa injigim üzüp, Gideýin ajy-ajy gözüm güldürip. Bu ahwallar barýar meni lal edip, Ikimize berilmändir bir ykbal. Seň dünýäňden gitsem gowy ýol tapyp, Ýöne herhal garamy bir görüp gal... 0.05.2015. *** Gözýetimiň aňrysynda gizlenip, Geçip barýar Öçüp barýar sary Gün. Örüm-örüm gyz zülpi deý çözlenip, Akyp ýatyşy geň, Owadandy hem Obaň gaýrasyndan geçýän arygyň. Salkyn ýeller akyp gelýär bizowal, Mymyk ýeller Pamyk elleň ruhy dek. Ýarymy ýadyma salýarsyň şemal, Ýatlamalaň bary, Gyşyň gubary, Hijran bolsa egne düşen Kuhy-Kap. 2016. 15 aprel *** Ýüzümi ýelpeýär bahar şemaly, Inçe duýgulara berip kemaly, Men ýaşlygym ýatlap gussa çekýärin, Yşkdan doly günler bolmadyk ýaly. Gözlerimi gam-hesrete gark edip, Otyryn özüme bilmän erk edip, Garaňky gijeler tüme bakýaryn, Gitsem diýýän bu barlygy terk edip. Arzuwlarym bardy misli gül-çemen, Bahasy zer puldan gymmat ölçenen, Henizem bolamok diwana-däli, Halyma düşüner derdim ölçeren. Hyýallar tolkunyp misli bir derýa, Togalap, bükdürlip äkidip barýa, Men ýaryň ýanynda özüm tapýaryn, Onsaň duýgularym bolanok yrýa. Men ýaşlygym ýatlap gussa çekýärin, Garaňky gijeler tüme bakýaryn, Henizem bolamok diwana-däli, Men ýaryň kalbynda özüm tapýaryn. *** Ezizle, söýgüle, aýa gyzlary, Saýhally sallanyp geçip gidende. Togap etseňem az aýagyzlaryn, Gurban bolsaňam bor her bir gadamna. Olar bir ýigidiň ýagty ykbaly, Soň mähriban enä öwrüler olar. Onsaň pygamberiň aýdyşy ýaly, Jennet olaň aýak astynda bolar. *** Adam pahyr salgymlara çapan deý, Düýbi pak arzuwlaň pidasy bolar. Hemem bir ýerlere ýagty jahandan Baş alyp çykasy, gidesi geler. Derdi-teşwişleri hoz çakan ýaly, (Goý, ol puç bolsa-da) ýele sowursaň. Aşyklar azary az çeker ýaly, Biweç ömürleri güle öwürseň. Soňy gelmez arzuwlaryň wysaly, Ömrüň bir çäginde tamamlanarlar. Ýürege ýetýänçä yşgyň azary, Seň süýji sözleriň keman bolar-la. *** Salgyma aldanyp barýan adamyň Gözýetime çenli ýol geçip bilmän, Kem-kem haýalladyp urýan gadamyn, Toprak düýnejegin men anyk bilýän. Gökde depäň deşip gelýän yssy Gün, Ýerde dodaklary ýaran teşnelik. Göýä bu ynsanyň ähli ysgynyn, Alyp gaçan ýaly birje peşmejik. Dazlap, togalanyp nämälim daşa, Utanjyndan uçup barýan ýalydy. Ýa-da keç ykbala başyny goşan Peşmek duýýarmyka ynsan halyny. Sylapberdi MUHAMOW. | |
|
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||