14:51

Gözler köre döndi, gulaklar kere!

GÖZLER KÖRE DÖNDI, GULAKLAR KERE!

"Biz bir ýeri heläk etjek bolanymyzda, ilki ol ýeriñ öñbaşçylaryna ytagat etmegi buýurýarys. Olar bolsa ytagat etmän, bozgakçylyk edenlerinden soñ ol ýeriñ halkynyñ garşysyna höküm hak bolar! Soñ ony ýer bilen ýegsan ederis".
("Isra" süresi, 16).


Her bir musulman ýokardaky aýaty üns bilen okamalydyr.
Aýat ýurtlaryñ batmagynyñ sebäplerini açyk-aýdyñ orta goýýar. Dolandyryjylara duýduryş, dolandyrylýanlara-da nesihat berýär.
Mälim bolşy ýaly, musulman maşgalasyny çygryndan çykarmak üçin ähli şer güýçler bileleşip hüjüm edýär. Musulmanlar bolsa gaflat ukusynda ýatyr.
Şer güýçler we ynanç bozuklygynyñ içindäki şahslar maşgala ojagymyza dahylly ähli gymmatlyklary ýoýýarlar we sozýarlar. Şeýdibem, gynansak-da, maşgala çöküp barýar.
Geçmişde medeniýetimizi täçlendiren maşgala gurluşymyz täsirini ýitirip barýar.
Maşgala arasynda öñki mähir-muhabbet we sylag-hormat gün geçdigiçe kemelýär.
Çagalar ene-atalarynyñ aýdanyny edenok, baş-başdaklykda ýaşajak bolýarlar.
Telewizion ýaýlymlar, çeper filmler we wirtual mediýa arkaly ähli ahlak gymmatlyklarymyz ýañsylanýar, şeýle ahlaksyzlyklaryny güýçlendirýän seriallar çykarylýar, aýal-gyzlar baradaky telegepleşiklerde pynhanlyk diýen zatdan nam-nyşan ýok.
Şular ýaly ahlaksyzlyk, namyssyzlyk añrybaş derejä ýetdi. Gynansak-da, şeýle düşünjä-de medenilik we döwrebaplyk diýilýär.
Häzir musulman maşgalasy uly gorpuñ gyrasynda. Emma, gynansak-da, munuñ bir alajyny tapyp bilýänler dymanlaryny gowy görýärler.
Gaýtam tersine, bütin dünýäde bolşy ýaly bizde-de kanuny üýtgeşmeler arkaly maşgala oka tutulan ýagdaýda. Jynsy azgynlyklar, her dürli jübütleşmeler kanuny taýdan goralýar.
Edilýän bu ýykgynçylyklaryñ öñüni almaga synanyşýanlar ýa-ha yñdarma dinçilikde ýa-da yzagalaklykda aýyplanýar. Emma her tüýsli ýürekbulanjy görnüşler zamanabaplyk hökmünde mazamlanýar.
Aýratynam, ekranlarda aýrylyşmalara beleñ berilýär, teleseriallarda ýaradylyşymyza çapraz obrazlar añymyza guýulmaga dyrjaşylýar.
Ahlaga ters teleseriallar her telekanalda diýen ýaly bar.
Dini tarapdan maşgalanyñ goralyp saklanmagy üçin gadagan edilen zyna azat ýagdaýda. Isläniñ bilen islän wagtyñ ýanaşybermeli.
Munuñ netijesinde köpüñ gözüniñ aşagyndaky köçelerimiziñ, seýilgählerimiziñ her çüñki diýen ýaly hapalanýar, emma musulmandygyny aýdan her kes, aýratynam, ýolbaşçylar bulara diñe syn edip oñýar.
Azgyn jynsy gatnaşyklary doly erkin ýagdaýa getirdiler.
Maşgala we sosial hyzmatlar ministrligi bilen Bilim ministrligi ýolundan gyşaran maşgalany goramagyñ deregine, maşgalanyñ şeriñ öýjügine öwrülmegine şert döredýär.
Milli bilim ulgamynda "milli" diýip bolaýjak ýeke zat ýok.
Dini işler ministrligi-de gaflat ukusynda myrlaýar.
Gynansak-da, "Günbatar medeniýeti" diýe-diýe, milli we magnawy duýgularymyz ýok edildi.
Şeýdibem, her dürli bolgusyzlyklar ýaýrady. Ahlak çökdi, ar-namys, utanç-haýa sumat boldy.
Ýurdumyz ýarym-ýalañaçlaryñ üýşmegine döndi. Muña garşy hiç kimsäniñ wyždan tamdyrasy tiññildemeýär.
Bu masgaraçylyklaryñ garşysynda hemmeler dymýar. Şeýdibem olara ýardam berilýär.
Şuny aýmak gerek: şeýle masgaraçylyklar soñky ýigrimi ýylyñ içinde hasam beter azgynlaşan görnüşe geldi.
Gynansak-da, şeýle masgaraçylykly ahlak çöküşligini ýolbaşçylaryñ gözi görenok, gulagy eşdenok.
Şeýlekin baş-başdaklyga hiç kimiñ arrygyny gynasy gelenok.
Munuñ üçinem çynlakaý göreş alyp barjak bolýan ýok.
Eý millet! Besdir dymanyñ, aç agzyñy! Şu dymyp ýörşüñ bilen nobat saña-da ýeter, soñ giç bolar.
Sag-salamatlykda galyñ.

Ismail MÜFTÜOGLY,
Türkiýäniñ öñki ýustisiýa ministri.

01.09.2022 ý.
Просмотров: 262 | Добавил: Gökböri | Теги: Ismail Müftüogly | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 1
0
1 MURGAP  
1401
Edil beýlede däldir-le. Her döwürde bolandyr arsyz-warsyz, imanyny iýen maşgalalar. Olardan önenlerem göreldesine görä ýöne islendik dine uýan bolsa-da ozün adam hokmünde sylaýan erkek maşgalasynyñ çagasynyñ goragyny, mertebesini saklaýandyr.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]