22:41

Gözleriñde mawy asman görünýär

GÖZLERIŇDE MAWY ASMAN GÖRÜNÝÄR

Gözleriňde mawy asman görünýär,
Çümdür meni ummana.
Kalbyňy aç,
Ýeterlik.
Höwesimem ýok,
Jennetden jaý gurmaga.

Zeminde gussany dyza çökeren,
Melegim,
Sen isle,
Ýalan bolsa-da,
Erteki bolsa-da,
Agtaryn, taparyn,
Symrug guşuň ýelegin.

Men kiriş men,
Sazandarym, sazym sen.
Gora meni sensizligiň gamyndan.
Birje şem ýak,
Ýagtyltsana ýüregim,
Çykar ahyr ýalňyzlygyň tümünden.

Bar erkim,
Hem durkum
Şerbete batan,
Hem awy gatan,
Zybanyňdan çykjak gödeg-u-näzik
Sözlere bagly,
Halas, ýürekde berçigip giden
Ejizlikleň deminden.

Gözleň mawy asman,
Çümdür ummana.
Äkit meni ýoksuzlykdan barlyga.
Giňlik ber ýüregme,
Ýogsa arzuwlam,
Sygmaz ahyr, bil ýelýyrtan ýaglyga.

Arzuwlarmyň jemi sen bile bagly,
Bolmaz hijisin taşlap.
Men-ä indi seni söýmän bilmerin,
Senem meni bagyşlap…

* * *

Ol bir ýola düşdi,
Jennetiň ýoly.
Arzuwa atlanyp,
Uçdy hyýaly.

Öňünden ýaz çykdy,
Oňat günlerin
Entek göze ilmedik
Meýdanyň ter güllerin,
Tirip, düýrüp horjunyna gaplady.
Ysgynsyz ýellere döşüni gerip,
Sermest şemallarda ruhun taplady

Şeýlebir bagtlydy bagtynyň zory,
Hat-da daşy sykyp aljak ýagynam.
Şeýlebir beýgeldi, beýgeldi welin,
Depesi jüp depesine dagyňam.

Hezzet görüp, lezzet duýup ýaşady,
Ähli menzillerde eglendi aty.
Özem şu zatlary ol karz alanda,
Bir wajyp zadyny girew goýupdy,
Indi dünýäň ähli zady onuňky
Ýöne ýekeje zat özüniňki däl,
ERKI.

Maksatmyrat ÇARYÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 307 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Maksatmyrat Çaryýew | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"Ýanwarda - gardan soñ durlanan asman..." / Goşgular - 12.02.2023
"Beýnimiň içinde gopgun turzuşyp..." / Goşgular - 14.01.2023
Они моих страданий не поймут / Goşgular - 15.01.2023
«Когда вы стоите на моём пути…» / Goşgular - 06.02.2023
Колыбельная песня / Goşgular - 30.01.2023
Uçup gitdiň / Goşgular - 28.01.2023
Истина / Goşgular - 02.01.2023
«Волшебные слова любви и упоенья…» / Goşgular - 05.02.2023
Başlyk hakynda ballada / Goşgular - 29.01.2023
Зеркало / Goşgular - 10.02.2023

Teswirleriň ählisi: 2
0
1 Garaýolly  
27
Ajap goshgylar. Shahyr ikinji goshgyda shygryñ mazmunyny osdurip-osdurip, eseriñ soñunda kulmi assion nokady yekeje soz bilen sharpyldadyp goyyar. Goshgylaryñ ikisem maznunyñ osushune badalga beryan seyrek hyzmatdaky detallardan ybarat.

0
2 Garaýolly  
27
,, kulminassion,,

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]