07:02

Gülle degen kaska / hekaýa

GÜLLE DEGEN KASKA

Ýaşyna bikybap göçgünliligi belki-de jedele örjiligi üçin harçeň lakamyny alan Meret aga ýüzüni galdyrman bir zatlar ýazyşdyrýan lukmanyň galamynyň ujuna garap, ak örtňnjeli oturgyjyň bir gyrasynda otyrdy. Ol biraz çişen hem gyzaran çep gözünden dynuwsyz akýan ýaşyny el ýaglygy bilen zol-zol syrýardy.
- Her hili dert bolar eken-ow, inim, -diýip, ol çalaja ardynjyrady -Içine bir zat düşen ýaly, dürterip dur. Şeýle bir sanjaýar weli, zöwledip aglaberesiň gelýä. Indi ýaşy kepänok muň, edil kündükden guýulýan ýaly, şol akyp dur... Uzakly gijäni iki ýana ýöräp geçirýän, hakyt. Edilmedik emi-ýomy galmady. Ajy çaýa-da ýuwup gördüm, ýüzärlik tütedibem bir gördüm. Çydar ýaly däl. (Ol ýene-de el ýaglygy bilen gözüniň ýaşyny syrdy). Goňşym Aşyryň dogmasy sataşdy, irden, gözümiň ýaşy duranok. “Meret aga, gözüňe näme bolýa” diýýär.
Meret aga uzyn donunyň ýere gaçan syýnyny çermäp, iki aýagynyň arasyna gysdy. Ol oturgyjy öňräk sňýşürip, ýene-de lukmanyň galamynyň ujuna tiňkesini dikdi. Gözünden akýan ýaşy gaýta-gaýta syrylansoň onuň burnunyň çep gapdalynyň etegi gyzaryp durdy, ýüzünde bolsa, ukusyzlygyň, ynjalyk bermeýän agyrynyň ezýetiniň öçügsi reňki bardy.
- Ol atasy ýaly bir gowy kişi-dä, meni galawut edýä. “Men seni şähere äkideýin-diýýä, hassahana. Bäş-üç günde agyryň el bile aýrylan ýaly bor” diýýä. Sebäpdir-dä, ininm...
Lukman ýazyp dolduran tagta kagyzyny bir çete süýşürdi-de, kellesini galdyryp, Meret aganyň ýaşarýan gözüne dykgatly garady. Ol burnunyň ujuna geýen äýnegini düzedişdirip, kiçeňräjik otagyň diwarlarynda asylgy duran gözüň dürli görnüşli şekilleri çekilen suratlary birlaý synlady.
-Gelip gowy edipsiňiz ýaşuly-diýip, lukman ak ýüzüne ýelmeşdirilen ýaly maşşaryp duran burnunyň ujuny eliniň arkasy bilen syryp goýberdi-Biraz gijä galypsyňyz, zeleli ýok. Şeýle bir em ederis welinim, şo ýüz metrden serçäň gözünem görübiýrsiňiz...
-Wah, şeýdeweri inim, şeýdeweri-diýip, Meret aga golaý-golaý süýşdi.
-Meň şü çepim sag gözümden ybalyrak görýädi. Sagym azajyk uzakdan kesmejek bolýa.
-Hiç galawut etmäň, ýaşuly, ikisem ed-dil mergeniň gözi ýaly bor, sabyr ediň.
Meret aga gözlerini giňden açyp ak perde tutulan aýna gözledi, emma uzak seredip oturyp bilmedi, çep gözi sanjap gitdi. Ol birnunyň aşakky etegine ýetip gelen ýaş damjasyny syryp, mylaýym ýylgyrjaklaýan lukmana naýynjar garady.
-Ýaşuly, urşa gatnaşdyňyzmy?-diýip, lukman ýigit gepiň gerdişine görä sorady.
“Bi nämä gerek bolduka?-diýip, Meret aga içini gepledip, diňirgendi. -Ýa bi agyryny uruşdan galan bir kesel diýjekmikä?”. Goja ýigidiň çalt-çalt gyrpyldaýan gözlerine jiňkerilip, oýurgandy. Onuň donunyň bir syýny ýene ýere sallandy, aşagyndaky oturgyjy jygyldap gitdi.
-Gitdim öz-ä-Meret aga aşak eglip, donunyň gaçan syýnyny ýygnady. -Biz bärden barynçak urşam gutaraýdy. (Ol etezlenip, çala gobsunjyrady). Ýöne gözüm-ä, öňler agyryp gören däldir, dogtor. Men bir kesellegiç kişi däl.
-Tüweleme, ýaşuly-diýip, lukman sowalynyň ýerliksiz bolanyna utanýan ýaly çalaja gyzaryp, çalasyn gürledi. -Men ýöne bir soraýdym... Ine, häzir şepagat uýamyzy çagyrys weli, ol sizi ýerleşdirer. (Ol ýerinden turup, gojaň ýanyna geldi). Häzirden bejermäge başlarys.
Gojanyň ýerleşen otagyndaky diwara degip duran goňşy orunda özi bilen ýaşytdaşrak biri aňyrsyny bakyp ýatyrdy. Meret aga çalaja ardynjyrady, emma otagdaşyndan ses-üýn çykmady.
Goňşy orundaky agşamlyk naharynyň öň ýanynda oýanyp, aýagyny ýere sallap dikelip oturdy. Haýsydyr bir ýere täze gelen kişä şol ýere has ozalyrak gelen adamlara mahsus bolýan perwaýsyzlyk bilen ol Meret agany birlaý synlady. Ol inçemik ýüzli, gyýtak sakally, gür gaşlary gözüniň üstüni örtüp duran bugdaýreňk kişidi, geplän mahaly sesi dellegiň gaýçysy ýaly bokurdagynyň düýbüniň bir ýerlerinden “şyk-şyk” edip çykýardy.
Olar emleýiş otagyna bile bardylar, sebäp bilen tanyş bolanlaryna kän wagt geçmedigem bolsa, ençeme ýyllardan bäri ýakyn gatnaşykly tanyşlar ýaly bolyp, eýýäm müň gepiň başyny agyrtmaga ýetişip, däriziň ugrundan tirkeşip otagyna geldiler. Agşamlyk edinip, çaýyň hem gürrüňiň mazasy ýaňy süýjäp ugran çagy, bularyň otagyna birläp-ikiläp ýaş ýigitler gelip ugrady. Şu ýere ýygnanyşmaly diýlip, tabşyryk berlen ýaly, olar yzly-yzyna gelip girýärdiler, ikelläp salamlaşýardylar, tapan ýerinde jaýlaşykly ornaşýardylar. Bu ahwalata geň galan goja bir gapa, birem goňşusynyň ýüzüne garanjaklady.
-Begmyrat aga, biz-ä, topumyzy bozman gelendiris ýene. diýip, sag gözi ak daňyly saryýagyz ýigit Meret aganyň goňşusyna ýüzlendi. -Düýnki gürrüňiň yzyny eşitmesek, biziň gözümize uky gelmez.
-Hop ýagşy inijikler-diýip, ýaşuly keltejik aýaklaryny aşak sallap, sapaga başlamakçy bolýan mugallym ýaly, süňklek ellerini owkalaşdyrdy, dyýtak sakalyny barmaklary bilen darap goýberdi. -Derýada suw köp, Begmyrat agaňyzda bolsa, gürrüň köpdir.
Meret aga uzak wagtlap okuwa barmadyk, indem synpdaşlarynyň yzyna eýerip bilmeýän okuwçy ýaly gyzykly wakanyň yzyny diňlemäge taýýarlanýan oglanlaryň arasynda geň galuyp, otagdaşyna seredýärdi. Otaga ilki gelip giren ýigit öňki gürrüňiň niresinde galanyny ýatladansoň, Begmyrat aga özüni ymykly dürsedi, gözlerini otagyň bir çüňkündäki nokada dikip, uruş ýyllarynyň aldym-berdimli söweşlerinden bir pursaty edil kinolardaky ýaly edip, janlandyryp, gürrüň bermäge başlady. Gözi bilen gören, başdan geçiren wakalaryny jikme-jik hakydasyna getirip, olary çeperçilik bilen aýdyp berýän goňşusynyň gürrüňçilligine Meret aga haýranlar galdy. Ol bu gürrüňleri ýanynda dege-dege oturan oglanlar bilen birlikde ses-üýnüni çykarman diňleýärdi.
-Şol söweşleriň yz ýany maňa ilkinji ordeni gowşurdylar-diýip, Begmyrat aga sözüne dyngy berdi.
Biz kähalatlarda özümizi başgalara görä ezber saýyp, bu artykmaçlygymyzy tekrarlamaga başlan wagtymyz, özümize görä, has ezber başga birine duş gelip, ondan sussumyz basylýar. Obada asyl gepde basylyp görmedik Meret aga özünden güýçlä sataşdy-da, göýä dilini ýuwdan ýaly, lal-jim oturyberdi. Obada-dagy, setanda-seýranda sözüne “hä” diýilmese, onuň duran ýeridi, ol esli günläp, birinde ary köýen mysaly içini hümleder ýörerdi. Şu mahalam, oglanlaryň barysynyň jadylanan ýaly bolup, ýüzüniň çylgam-çylgam ýygyrtlaryna der inen gyýtak sakally bu garra gözüni gyrpman seredýändiklerini görüp, ol özüni gowuşgynsyz duýdy.
Şol gün ol uzak gijäni çirim etmän geçirdi.
Ertesi agşam ýene-de oglanlar jem bolup geldiler, gyzykly wakalaryň dowamyny hezil edip diňlediler. Gürrüňiň arasy kesilip, maý bolanda, Meret aga öz başyndan geçen uruşly wakany ýatlap, gür bermäge synanyşybam bir gördi, emma, oglanlar onuň gepine perwaý bermediler. Bulary özüne imrikdirmegiň asan bolmajagyna oň gözi ýetdi.
Üçülenji gün diýlende Aşyryň ogly Merdan ýylgyrjaklap, gapydan girdi.
-Baý, tüweleme, gözüňiz ýaş ýigidiňki ýaly ýanyp dur-diýip, ol Meret agany mähirli gujaklady. -Ýüzüňizem nurlanaýypdyr.
-Ine, şü ýigit-dä, meni şü ýere getirip ýerleşdiren-diýip, Meret aga henizem hoşwagtlyk bilen ýylgyryp dyran obadaşyny goňşusy bilen tanyşdyrdy. -Şü aýtmadyk bolanynda entegem gözümi tutup gezibermelidim, men...
Olar üç bolup, gümür-ýamyr edişip, esli oturdylar. Ýigit özüniň gelenine begenip, dylym-dylym edýän garrylar bilen sagbollaşyp, ýerinden galdy. Ony ugratmak üçin daş çykan Meret aga töweregine ýalt-ýult etdi-de, maşynynyň gapdal gapysyny açyp, ýigidiň ýanyna gonaýdy. Ýigit garryň ýüzüne soragly garady.
-Oba gidýäň dälmi?-Meret aga ýigidiň jogabyna-da garaşyp durman, maşynyň gapysyny ykjam ýapdy. -Öýden bir habar tutaýyn. soňam, ho-ol Gölbaý komandiriňkä bir girip çykaýyn. Eltip düşürseň bes, yzyma ýol maşyn bilen gaýdaryn.
Garryň birdenkä gidermen bolşuna düşünmedik ýigit ýöne egnini gysaýdy.
-Hiç galawut etmäň, Meret kaka, özümjik ýene elinje getirin.
Meret aga obaň çetindäki öýüň golaýynda maşyndan düşdü-de, ýarym açyk derwezeden içeri girip gitdi. Haýadyň düýbünde kölgeläp ýatan ala köpek diňe gazan ýaly kellesini galdyryp, seretmäge ýetişdi. . Giň eginlerini harbylarça dik saklamagy endik edinen Gölbaý aga pilini bir gapdala goýup, eli bilen gözüniň üstüni kölgeledip, ýetip gelýän pyýada garady.
-Meret, senmidiň-aýt. -diýip, ol şadyýan seslendi. -Hany, hassahanada ýatyr diýýädiler-le, eýýäm çykaýdyňmy?
Meret aga özüniň gyssanmaçdygyny hereketi bilen aňladyp, pert-pert gürledi.
-Maňa şo ok degen kaskaňy ber-diýip, ol özelendi. -Ýaman gerek bolup dur, maňa.
-Giç galdyň, Meret. -Gölbaý aga äwmezlik bilen çete garap aýtdy. -Ony irdenjik Sähet prontowik äkitdi. How, şolam-a, seň ýatan ýeriňde gözümi bejerdýän diýýärdi. .
Meret aga derwezeden girişi ýaly, daşary alňasap çykdy, onuň keýpi ýokdy, ýüzi gar örtdi. Ol ýigidiň özelenipler ýalbarmasyna-da bakman, köçäň aňry ujundaky öýüne garap ugrady. “Adamy çürkemekden gaýry pişesi ýokdur, işigaýdan çalyň-diýip, ol at galanyna bolmajasy bolup, içini gepledýärdi. -Paňlaýandyr, daşyna hemmäni ýygnap. Baý, ýetişäýşini muň. çüňker diýsänim”.
Öý-içeriden, mal-garadan habardar bolup, ol günüň ahyrynda hassahana gaýdyp geldi. Obadaşy däriziň gaýra çetindäki otaga ýerleşen ekeni. Sähet aga inçejik boýnuny ýygryp, çaý içýärdi. Ol Meret agany gören bada ornundan turdy, gadyrly salamlaşdy.
-Gölbaýyň ýanyna baran ekeniň-diýip, goja sakaldaşyna ýüzüne garaman, otagyň içine göz aýlap durşuna söz gatdy. Otagyň bir burçundaky sandyjagyň üstünde gülle degen deşik esger kaskasy durdy.
-Hawa. komandiriňkä bardymam, ine şony irdenjik alybam gaýtdym-diýip, Sähet aga keltejik ellerini galgatdy. -Ýogsam, prontowikligiňi biljegem däl, şü ýaşlar.
-Hemmä görkezibem çykansyň?-diýip, goja böwrüni diňläp, sorady.
-Eýsem nä, eýýäm muň taryhynam aýdyp berdim.
Meret aga henizem kaskadan gözüni sowman, obadaşynyň golaýynda oturdy.
-Oňarmansyň. sakaldaş-diýip, ol başyny ýaýkady. -Maňa ýaman gerekdi. Bir otagdaşym bar weli, halys bar kişi daşynda, şolary aňk edäýjekdim, men. Wah, oňarmansyň.
-Gölbaýyň bi kaskasyny şü bölümde görmedik ýokdur, harçeň. Başga bölümlere görkezerin öýtseň, alaý.
Meret aga lapykeç halda otagyna geldi. Bu günem öz otagdaşynyň ýanynda dil ýarman oturmaly boljakdygy ýadyna düşende ony tukatlyk basdy.
Ak ýektaýly şepagat uýasy mylaýym ýylgyryp içeri girdi.
- Daýy, sizi uzak günläp gözledik-diýip, ol elindäki düwünçegi goja uzatdy. -Begmyrat aga öýüne gaýtdy. Hoşlaşybam bilmedim, suny gowşuryň-diýdi.
Meret aganyň ýüzi ýagtylyp gitdi. Gülle degen kaskaly wakany aýdyp bilmejekdigi barada uzakly gün özüni kösän oý-pikiri el bilen çyrylan ýaly boldy. Ol ak ýaglyga salnan şaha-şaha nabady gaýym gysyp, wakalaryň şeýle çözgüdine begenjinden uçaýjak-uçaýjak bolup otyrdy.

Amanmyrat SAPAROW.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 199 | Добавил: Haweran | Теги: Amanmyrat Saparow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024
Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024
Kitap / nowella - 16.03.2024
Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024
Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024
Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024
Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024
Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024
Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024
Köprüler / hekaýa - 15.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]