22:50

Gülüstan

BISMILLÄHI-R-RAHMANY-R-RAHYM

G I R I Ş

Beren nygmatlary, haýyr-sahawatlary we mähir-keremi üçin minnet etmek diňe beýik we ýeke-täk Allatagala mahsusdyr. Allanyň buýruklaryny ýerine ýetirmek, oňa ruhy taýdan ýakynlaşmaga sebäpdir. Allanyň nygmatlaryna şükür edildigiçe, Ol nygmatlaryny hasam artdyrar.
Adamzadyň gursagyna giren her bir nepes onuň ýaşaýşyny uzaldar, oňa jan berer, gursakdan çykan her bir nepes hem ynsanyň ruhuny täzelär. Diýmek, her bir dem alyşda — nepesde iki nygmat bar. Şonuň üçinem Allanyň beren ähli nygmatlaryna şükür etmek wajypdyr.

«Boluň şükür ediji, eý, Dawut ogullary,
Şükür eden bendeler örän az» diýildigi.

Halyky Züljelala kim doly şükür kylar, Eller hem dillerimiz oňa has ejiz geler.

* * *

Iň haýyrly bähbidi, bilse bendäň özüne,
Nogsan üçin ýalbarsa, Haka çöküp dyzyna.

Ýaradan beýik Allaň laýyk edip şanyna,
Başarmaz gulluk edip, her kes dözüp janyna.

Onuň rehmet ýagşy hemme ýere dolup, jomartlyk bilen beren nygmatlarynyň suprasy älem-jahana ýaýrandyr. Allatagala hiç haçan eden hatalary we uly günäleri sebäpli öz bendeleriniň haýa perdesini ýyrtmaz, özüniň settarul-uýup sypaty bilen olaryň aýyplaryny örter, bendelerini masgara bolmakdan we biabraýçylykdan Özi saklar. Ol eden günäsi sebäpli, hiç haçan bendesiniň rysgalyny kesmez.

Gizlin hazynaňdan, eý, beýik Allam,
Butparaz, otparaz rysgyny alýar.

Hatda duşmana hem rysgyny berýän,
Dostuny ät goýup, çekdirmi arman?!

Beýik Allatagala ýer ýüzüne aýlanyp ýören saba ýeline: «Zümerret reňkli ýaşyl düşekleri ýaz!» diýdi. Bahar buludynyň enekesine hem: «Ösümlik dünýäsiniň gyz perzentlerini ýeriň sallançagynda saklap ýetişdir!» diýip, emr etdi. Agaçlara nowruz baýramyna mahsus zynat bilen ýaşyl ýaprakly uzyn lybaslar geýdirdi. Ýetip gelýän bahary «Hoş geldiň!» diýip garşy almak üçin onuň perzentleriniň — şahalarynyň başlaryna gülden täçler goýdy. Özüniň gudraty bilen şekerçiňriginiň suwuny arassa bala öwürdi, hurma şänigi hem Onuň ýetişdirmegi bilen uzyn boýly agaç boldy.

Bulut, şemal, Güneş, asman barysy,
Seniň hyzmatyňda adam balasy.

Hak emrinden olar hyzmatda dursun,
Şeýdip wezipäňi unudarsyň sen...

* * *

Seniň kimin goldaw-arkasy baryň,
Gorkusy ýok ýykylar diýip diwaryn.

Nuh deý serkerdesi bolan gämide,
Howp salmaz ummanyň tolkun-gomy-da.

Älem-jahanyň serweri, ähli zadyň guwanjy, älemlere rehmet üçin iberilen, adamzadyň hojaýyny we saýlanany, iň soňky pygamber hezreti Muhammet Mustapa sallallahy alaýhy weselleme salawat we salam bolsun!

Kämillik bilen belentlik açdy, ol Muhammet Mustapa,
Gözellik nurun zulmata saçdy, ol Muhammet Mustapa.
Oňa, nesil-neberesine salawat hem salam aýdyň!
Şepagatly ymmatlaryna, siziň-de gözüňiz aýdyň!

Ol Özüne tabyn bolnan pygamberdir, jomartdyr, keremlidir, görmegeýdir, bedeni ýerbe-ýer we gülerýüzlüdir, onda pygamberlik alamaty bardyr. Pygamberimiz bir hadysynda şeýle diýýär:
— Eden bir günäsi sebäpli haly perişan bolan bir günäkär bende, kabul boljakdygyna çyn ýürekden ynanyp, umyt edip, Beýik Allatagaladan dileg edip, toba elini Oňa galdyrsa, Haktagala hem oňa ýüz bermese, ol bende ýene ýalbarsa, Allatagala ýene oňa nazar aýlamasa we ýüz bermese, ol bende ýene-de bir gezek aglap-eňräp, zar-zar gözýaş edip, ýalbarsa, onuň bu yhlasy sebäpli Allatagala perişdelerine: «Eý, meniň perişdelerim! Bu bendämiň menden başga Hudaýy ýokdur. Men onuň munça ýalbaryp-ýakarmagyndan özüm utanýaryn, onuň dileg-dogasyny kabul etdim, isleýän zadyny berdim we ony bagyşladym» diýer.

Görer onuň rehim-u keremini sereden,
Gul-a günä iş edýär, utanyp dur Ýaradan.

Onuň beýikliginiň öňünde özlerini ybadata berenler: «Saňa laýyk şekilde ybadat edip bilmedik» diýip, özleriniň kemçiliklerini boýun alýarlar. Onuň kemalyny we jemalyny öwenler bolsa:

Älemi ýaradan, gudratly Taňrym!
Sunguňa haýrandyr gadymdan aňrym.

diýip, özleriniň ejizdiklerini ykrar edýärler.

Diýerin, kim eger sorasa menden,
Allanyň waspyny ýetirip çyndan.

«Meniň ýaly aşyk berilmez» diýsem,
«Magşuk bolsa hiç wagt görünmez» diýsem.

Aşyk magşugyna gurbana deger,
Çykmaz jansyzlardan ses-seda meger.

Hekaýat

Bir ýagşyzada başyny pikir we çuňňur oý «ýakasynyň» içine salyp, gaýyp äleme we ylham deňzine çümüp oturan eken. Özüne gelen mahaly päk ýürekli bir dosty ondan:
— Içine çümen bägül bossanlygyňyzdan bize näme sowgat getirdiňiz? — diýip sorapdyr.
Ýagşyzada oňa:
— Bägülüň ýanyna barmazdan ozal niýetimde: «Etegimi bägüller bilen dolduraýyn we olary dostlaryma sowgat bereýin» diýen pikirim bardy. Emma bägülüň ýanyna ýetenimde, bägülüň hoşboý ysy meniň başymda şeýle bir burk urdy welin, etegim elimden sypypdyr, unudypdyryn — diýip, jogap beripdir.
Eý, bilbil! Sen perwanaga garagyn,
Ol şemiň daşynda aýlandy, ýandy,
Aşyksumak bilmez näme geregin,
Yşk ereni bolsa köýdi, ýok indi.

* * *

Hyýal, güman, çakdan uzak aýyk sen,
Adamzat sözünden päk hem Beýik sen!

Ömrümiz gutaryp, mejlis hem tamam,
Seň waspyň başynda durus, biz aýan.

YSLAM HÖKÜMDARYNYŇ ÝaGŞY HÄSIÝETLERI
(goý, Alla onuň soltanlygyny dowamly etsin!)

Sagdynyň şöhratly ady halkyň arasynda dillere dessan bolup, sözleriniň şan-şöhraty ýer ýüzüne ýaýrandyr. Onuň ýazan galamy, göýä şekerçiňrigi ýalydyr, hemmeler ony çeýnäp agzyny süýjedýär. Onuň hat ýazan kagyzlaryny, göýä altyn ýaprak ýaly göterýärler.
Ýöne bu ýagdaýlary Sagdynyň at-abraýyna we onuň çeper söz ussatlygynyň kämilligine baglamaly däldir. Bularyň asyl sebäbi, älem-jahanyň eýesi, zamananyň demirgazyk ýyldyzy, Süleýmanyň tagtynda oturan, möminleriň howandary, beýik hökümdar, Allanyň ýer ýüzündäki saýasy bolan Atabeg Sagt ibn Zeňňiniň ogly Muzaffereddin Abubekr hezretleriniň (goý, Alla ondan razy bolsun!) Sagda üns-goldaw berip, oňa howandar bolup, arka durmagy we muhabbet beslemegidir.
Ine, şonuň üçinem alymlar, sada halk, hemmeler hökümdara tabyndyklary üçin Sagda hormat goýup, mähir-muhabbet görkezýärler. Çünki raýatlar hökümdarlaryň görkezen ýol-ýodasyndan ýöreýärler.
Ejiz raýatyňa saldyň sen nazar,
Abraýym Gün dek äleme doldy.
Şeýle köp bolsa-da, ýazygym meniň,
Soltan nazaryndan paýhasyn aldy.

Hekaýat

Hammamda dostumyň hoş ysly toýun,
Berenligin size beýan edeýin.

Hoş ysyna maýyl bolanym duýdum,
Men oňa «Sen müşkmi, anbarmy?» diýdim.

Diýdi: «Men bir toýun kysmata kaýyl,
Üstümde gögerýän bir ajap bägül.

Ýogsam toprakdym men ýönekeý, sada,
Maňa siňäýdi-dä gül ysy bada».

Eý, Rebbim! Okalan Gurhan aýatlarynyň hormatyna musulmanlara bähbit bolar ýaly ol hökümdaryň ömrüni uzak eýle! Onuň edýän haýyr-sahawat işleriniň sogabyny, oňa telim esse edip gaýtaryp ber, sylag-hormatyny, at-abraýyny zyýat eýle! Ony söenleriň, onuň dost-ýarlarynyň derejelerini beýgelt! Onuň duşmanlaryny, oňa bahylçylyk edýänleri heläk eýle!
Ylahym! Onuň ülkesini asudalykda we parahatçylykda sakla! Onuň ogluny hem özüň gorap saklaweri!

Dünýä onuň bilen ýeter bagtyna,
Taňrym, uzak ömür Sagdyň ogluna.
Eňiş tugun golda tutup bat alsyn,
Oň şahasy bolan oglam şatlansyn.

Sebäbi hökümdar onuň köküdir,
Tohum örki bolsa, agaç görküdir.

Eý, Beýik Allam! Adyl hökümdarlaryň at-abraýy we ylmy bilen amal edýän alymlaryň hümmeti bilen kyýamata çenli bereketli Şiraz ülkesini saglyk-salamatlykda, asudalykda saklaweri we goraweri!
Meniň ýat illerde uzak wagtlap näme üçin gezendigimi bilmersiň. Men adamzadyň ýüzüniň garasy bolan mongol basybalyşlary sebäpli ýer ýüzüniň zeňňiniň saçy ýaly buýr-bulaşyk bolandygyny görüp, ýaşaýan ýurdumdan göçüp gitmäge mejbur boldum. Olar hem adamzat balasydy. Ýöne olar gurtlar ýaly hunhor (gan içiji) we gyrgy ýaly demir penjelidiler. Bu ymmat ahlak taýdan biri-birlerine perişde ýaly ýagşy gylyk-häsiýetli, emma duşmana garşy welin, söweşjeň arslanlar ýalydylar.
Yzyma gaýdyp gelenimden soň, ülkäniň asudadygyny we söweşiň ýatyşandygyny gördüm. Gaplaňlar özleriniň gaplaňlyk häsiýetlerini, wagşylyk ruhuny taşlapdylar. Hawa, ilkibaşda görenimde, ýagdaý şeýle agyrdy.
Ýöne adalatly hökümdar Atabeg Abubekr Sagt ibn Zeňňiniň döwründe hemme ýer asudalyga öwrülip, ýurt parahatçylykda ýaşaýardy.

Hak saýasy başda bolanda sen dek,
Pars ülkesi dursa, bela ýok entek.
Er ýüzünde bu gün seniňki ýaly,
Adalatly başga işik ýok häli.

* * *

Ile adyl bolmak gelişýär saňa,
Halkyň munuň üçin şükürli Oňa.

Sylag-sogap bermek Alla ýaraşar,
Bende zähmet miwesine garaşar.

Durdugyça toprak şemalyň ysy,
Gelmesin Pars ýurda pitne belasy!

«GÜLÜSTANY» ÝaZMAGYMYŇ SEBÄBI

Bir gezek gije oturyp, ähli geçen günlerime ser saldym. Ömrümiň biderek geçen günlerine gynandym. Köňül köşgümiň daşlaryny gözýaş almazlarym bilen deşip, öz ýagdaýyma gynanyp, şu beýtleri aýtdym:

Geçip dur ömürden her pursat bir dem,
Seretsem, galany örän azdyr, kem.
Ellide oýanmaz, eý, ile gülki,
Bu galan bäş güni tutarsyň belki?

Utançlydyr gidip bir iş görmedik,
Göç deprek kakylyp, ýükün urmadyk.

Göçüň daň ukusy süýjüdir baldan,
Duýmaz pyýadany galdyrar ýoldan.

Her kim gelip saldy täze binany,
Başga goýup gitdi, üzüp tamany.

Ol hem kän küýsedi munda sapany,
Kime berdi bu ymarat wepany.

Söýmegin durnukly bolmadyk ýary,
Söýmek bolmaz beýle hyýanatkäri.

Ýagşy-ýaman bary gitmeli tamam,
Ýagşylyk edenler utar, ýeg mydam.

O dünýä harjyňy gazan dirikäň,
Yzyňdan zat eltmez soňra biri hem.

Diňe haýyr bilen at al dünýäde,
Şonda ýagşylykda düşersiň ýada.

Ömür gardyr, temmuz aýy golaýda,
Başyň gowga salyp müň dürli oýda.
Eý, eli boş giden uly bazara,
Boş gaýtjaksyň, galyp ýörme azara.

Her kes ýetişmänkä iýse ekini,
Hoşa çöplär soň aşyryp eňkini.

Diňläp jan-ten bilen Sagdyň öwüdin,
Ýörmeli ýol bilen mert bolup gidiň.

Men bular barada pikirlenenenimden soň, öz-özüme: «Iň gowusy bir burça çekilip oturaýyn. Özümi halkyň arasyndan daşda saklaýyn. Ömür depderimi dagap ýatan sözlerden arassalap tämizläýin, ýazan zatlarymy bozaýyn. Mundan soň hem munuň ýaly erbet sözleri aýtmaýyn we beýle zatlary ýazmaýyn» diýdim.

Diliň dişläp çykmak bir çete ilden,
Ýagşydyr erkiňde bolmadyk dilden.

Niýetimi iş ýüzüne geçirmäge başladym. Bir gün gaýga batyp, gussaly halda otyrkam bir dostum gapydan girdi. Ol örän şadyýan we hoş sözleri aýtdy. Ýöne men oňa hiç hili jogap bermedim. Men tagat-ybadat bilen meşguldym, kelläm dyzymdady, gözlerim ýerdedi. Ol gaty gören we göwnüne deglen ýaly maňa seredip, şeýle diýdi:

Sözlemäge bar mahaly mejalyň,
Sözle, dek durmasyn, gardaşym, diliň.
Emir guly ýaka ýetirse elin,
Zerurlyk hökümdir, çekersiň diliň.

Dostlarymyň biri oňa meniň ýagdaýymy aýdyp:
— Sagdy bu işe çyn ýürekden ýapyşypdyr, indi, mundan soňam ömrüniň galan bölegini dünýä işlerini birýana goýup, bir burça çekilip tagat-ybadatda geçirjekmiş. Ol hiç kim bilen gepleşmek islemeýärmiş. Oňarsaň, senem onuň ýaly et, halkdan uzaklaşgyn — diýipdir.
Dostum hem onuň bu sözlerine:
— Allatagalanyň beýikliginden we onuň bilen dostlugymdan ant içýärin, eger Sagdy öňküsi ýaly süýji-şirin sözlemese, men hem şol özelenip duraryn we hiç ýere gitmerin. Başga hiç zady kabul etmerin. Dostlaryň göwnüne degmek biýedeplikdir. Ant içildi, ýöne onuň ýerine keffarat berip bolýar. Alynyň gylyjy Zülpükaryň gynynda durmagy we Sagdynyň diliniň damagyna ýapyşyp galmagy boljak zat däldir. Bu akylly adamlaryň ahlaklaryna ýaraşmaz — diýip, jogap beripdir.
Dil nedir agyzda, eý, dana ýigit?
Hünärliň genjine bir açar bolar. Dükançy bakgalmy ýa jowahyrçy,
Gapy ýapyk bolsa, ony kim biler?

* * *

Dananyň ýanynda dymmak – edepden, Ýeri gelse sözle, ýaraşmaz dymmak.
Iki zatdyr ýeňilligiň nyşany,
Bimahal geplemek, wagtynda ýummak.

Gepiň gysgasy, ol meniň wepaly, eziz dostum bolandygy we ony söýýändigim üçin onuň bilen gepleşmezlik, ondan ýüz öwürmek meniň elimden gelmedi. Özümi beýle alyp barmagy nädogry hasapladym we adamkärçilige mynasyp görmedim.

Söweşseň, şeýle bir mert bilen tutuş,
Ýa-ha gaçyp gutul, ýa bolsun utuş.

Onuň bilen bialaç gürleşmeli boldum we gezmeläp şäheriň daşyna çykdyk. Bahar möwsümidi. Howanyň sowuklygy gidip, bägül möwsümi gelipdi.

Ýapragyň köýnegi agaç egninde,
Döwletiniň toý donudyr çigninde.

Jelaly hasapdan Ordubehişt aýy ,
Şaha münberinde bilbiller saýrar.

Gülüň ýapragynda nemden merjenler,
Der dek hyrsyz gyzyň ýüzüne paýrar.

Ol gijäni dostum bilen bossanlykda geçirdik. Oturan ýerimiz örän tämiz we sapaly ýerdi. Köňül açyjy agaçlar biri-birleri bilen gujaklaşyp duran ýalydy. Göýä ýere dür bölekleri sepelenip, asmana hem Ülker ýyldyzynyň monjugy asylan ýalydy.

Aby haýat kimin seriň aýlaýar,
Agaçlar üstünde guşlar saýraýar.

Bossanlyk dolupdyr läleler bilen,
Agaçlaram dürli miweler bilen.

Şemal saýasynda düzüp goýupdyr —
Dürli halylary ýazyp goýupdyr.

Daň atyp, säher wagty gelensoň, yzymyza gaýtmaga hyýallandyk. Seretsem, dostum etegini bägül, reýhan we sümmül gülleri bilen dolduryp, ýany bilen alyp gelýär. Men oňa:
— Sen bilýärsiň ahyry, gülleriň ömri gysga bolýar. Üstesine-de olar uzak durmaz, ne ysy galar, ne gül. Hemmesi hem solar. Parasatly we dana akyldarlar: «Baky bolmadyk, wagtlaýyn zada köňül berme» diýipdirler — diýdim.
Dostum maňa:
— Bolýar, onda näme edeli? Ýol görkez, näme edeýin? — diýip sorady.
Men onuň bu sözlerine:
— Gözleri röwşen edýän, köňül açýan we ruhlary özüne maýyl edýän «Gülüstan» atly bir kitap ýazjak. Ol kitabyň ýapraklaryna güýz şemaly degmesin, saralyp soldurmasyn. Dünýäniň aýlanmagy, pelegiň döwrany onuň bahar sapasyny güýzüň hazan ýeline öwürmesin — diýip, jogap berdim.

Tabak doly gülden ne peýda ýeter,
Gel, «Gülüstanymdan» bir sahypa tir.

Bäş-alty günlük gül soňy boşdur, Emma bu «Gülüstan» hemişe hoşdur.

Meniň bu sözlerimden soň dostum etegine ýygnan güllerini ýere dökdi we meniň ýanyma gelip: «Keremli ynsanlar sözlerinde durarlar we aýdan zatlaryny ýerine ýetirerler» diýdi.
Men hem birnäçe günüň içinde «adamlar bilen gowy gatnaşmak we geplemek edebi» hakda birnäçe bap ýazyp, arassa hata geçirdim. Men ony söz ussatlaryna peýdasy degsin we ýazyjylara nusga bolsun, olaryň suhangöýlügini hasam artdyryp, has täsirli we çeper ýazmaklaryny üpjün etsin diýip, ýörite, aýratyn bir usul we tär ulanyp ýazdym.
Gepiň gysgasy, ol bossanlykda heniz bägül möwsümi gutarmanka, bägül heniz gül agajynda gülýärkä, Mennan bolan Allatagalanyň ýardamy bilen «Gülüstan» kitaby hem ýazylyp gutardy.
Gutardy diýipdim, emma hakykatda gutarmandy. Haçan bu kitap älem-jahan hökümdary, beýik şalar-şasy, ähli milletleriň hojaýyny, arap we ajam hökümdarlarynyň beýigi, deňizleriň we gury ýerleriň soltany, Süleýman tagtynyň mirasdüşeri, Allanyň ýerdäki saýasy, yslam dininiň we musulman ymmatynyň nury, Alla tarapyndan ýeňiş bilen berkidilen, zamananyň merdanasy, asudalyk we salamatlyk merkezi, hökmirowan döwletiň güýji bolan Atabeg Sagt ibn Zeňňiniň ogly Muzaffereddin Abubekr hezretleriniň şa nazarlaryna gowuşsa we ol merdana eserime gözüniň ujy bilen seretmek bagtyny maňa bagyş etse, şol mahal kitabym doly manyda gutaran hasaplanar.
Haktagala hökümdaryň we hormatly şazadanyň ykballaryny dowamly etsin, olaryň güýç-kuwwatlaryny artdyrsyn. Olaryň arzuwlaryny we isleglerini elmydama haýyrly, peýdaly we ýagşy işlere ugrukdyrsyn!

Bu kitabym nazaryna şanyň gowşaýsa, eger
Hytaý Nigärhanasy, Erženkiň suraty meger.
Ony okan mahalynda hiç gysmaz içi onuň,
Gül-gülüstanlyk içinde gysarka içi kimiň?

Mübärek Sagt ady hem öňde girişde bar-a,
Onuň özi gam-gussany dep edip gider hernä.

BEÝIK EMIR ABU NASR IBN FAHREDDIN ABUBEKR BARADA
(goý, Alla onuň ömrüni uzak we güýjüni zyýat etsin!)

Oý-pikirimiň bezemen gelni bolan bu eser siziň söýgüňize mynasyp bolýança, uýaljyrap başyny aşak salyp, gözlerini ýokary galdyryp bilmeýärdi. Umytsyz gözüni aýaklarynyň burnuna dikip, utanjyndan ýokary seredip bilenokdy. Ol gözelleriň arasyna goşulyp, özüni görkezmeýärdi. Eger alym, gujur-gaýratly, goldanylýan, ýeňiji, soltanlyk tagtynyň goldawy, ýurt we il bähbitli çäreleriň maslahatçysy, garyp-gasarlaryň penakäri, alymlaryň we ýagşyzadalaryň hemaýatkäri, abytlary söýýän, pars topragynda ýaşaýanlaryň buýsanç mydary, Soltanyň sag eli we onuň ynamyny gazanan, diniň we döwletiň guwanjy, musulmanlaryň we yslamyýetiň ýardamçysy beýik emir Abu Nasr ibn Fahreddin Abubekr hezretleri kabul etmek bilen bu eserimi zynatlandyrsa, diňe şonda «Gülüstan» özüni bezäp görkezer.
Goý, Haktagala ol hezrete uzak ömür bersin, at-abraýyny we derejesini has hem beýgeltsin, kalbyna giňlik bersin. Onuň sylag-hormatyny we sogabyny telim esse artdyrsyn. Sebäbi ol dünýäniň hökümdarlary tarapyndan hem ykrar edilendir. Ol ahlagy, gelip çykyşy, tanymallygy özünde jemleýän üýtgeşik şahsyýetdir.

Mähir-muhabbetine mynasyp bolan onuň,
Gabahaty – tabynlyga, dosta öwrer duşmanyn.

Onuň ähli bendeleriniň we tarapdarlarynyň onuň öňünde beýik hyzmaty we wezipesi bardyr. Eger olar hyzmatlaryny we wezipelerini ýerine ýetirmek meselesinde az-kem ýaltalyk edip, gowşaklyk görkezseler, hökman olary ýanyna çagyryp, olara gatyrganar. Emma hak derwüşler munuň daşyndadyr. Olar hökümdarlaryň bu nygmatlaryna şükürdir minnetdarlyk bildirip, olary uly hormat bilen ýatlarlar, olara haýyr doga-dileg ederler. Derwüşler munuň ýaly hyzmaty we wezipäni olaryň ýanynda däl-de, olaryň ýok mahallary ýerine ýetirýändirler. Şeýle etmek has gowudyr. Sebäbi olaryň ýanynda doga-dileg etmek ryýa we ýasama bolar, çyn ýürekden bolmaz. Emma olaryň ýok mahaly edilen doga-dileg ryýadan we ýasamalykdan daşdadyr. Kabul boljak doga-dileg hem budur we beýle dogalar hökman kabul bolar.
Eneň dünýä inderip, begendirende ili,
Begenjinden göneldi pelegiň bükür bili.

Ýaradanyň ýaratmagy seniň kimin merdany,
Hikmet bilen rehmetdir, bezän gerdiş-gerdany.

Ýagşy ady gazanyp, ýaşap geçen erenler,
Bakydyrlar elmydam, Hakdan emr berlendir.

Aýdylsyn, aýdylmasyn, Seniň adyň tarypy,
Asly gözel mätäç däl, bilýäris-ä taryhy...

HYZMATYMYŇ KEMLIGI SEBÄPLI ÖTÜNÇ BEÝaNY WE ÝaLŇYZLYGY SAÝLAP ALMAGYMYŇ SEBÄBI

Beýik emiriň hyzmatyndaky kemçiligimiň sebäbini akyldar wezir Buzurgmehriň aýdan bir sözi bilen ýaňzytmak isleýärin.
Birnäçe hindi akyldarlary Buzurgmehriň ahlak-sypatlary barada özara gürrüň geçiripdirler. Netijede, onuň diňe şu kemçiligini tapypdyrlar:
— Ol örän saldamly, pikirlenip gepleýär we köp säginýär. Diňleýänler hem onuň sözüniň yzyny diňlejek bolup örän köp garaşýarlarmyş.
Buzuregmehr özi barada aýdylan bu sözleri eşidip:
— «Näme aýdarkam?» diýip öňünden pikirlenmek, «Näme üçin aýtdymkam?» diýip, soňundan ökünmekden ýegdir — diýipdir.

Tejribesi ýetik bir dana goja,
Diýmezinden ozal oýlanar ençe.

Açma oýlanmazdan agzyňy ozal,
Ne gam, giç sözleseň, sözlegin gözel.

Oýlanyp söz açýan, elmydam utar,
«Gutar!» diýilmezden öňürti gutar.

Parhlydyr haýwandan sözde adamzat,
Sözüň düz bolmasa, mal senden zyýat.

Köp gürleme, bilip sözle diýjegiň,
Sowala jogapdyr munda goýjagyň.

Üstesine-de, beýik we paýhasly alymlaryň jemlenişen merkezi bolan beýik emiriň diwanynda söz sözlemäge nädip batyrgaýlyk edip bilerin? Bu süwümsizlik bolmazmy? Ol hormatly merdanaň ýanyna özümiň ähmiýetsiz zatlarymy getirdigim bolmazmy? Bu göwher satylýan tylla bazaryna gara şaýa degmeýän ýasama aýna monjuk getirmek ýaly zat bolar. Şem Güneşiň öňünde ýagtylyk bermez. Örän beýik bir minara hem Elwent dagynyň ýanynda örän pessejik görner.

Menlikden asmana dikenler gözi,
Gaýdar kelemenläp, başaşak göni.

Sagdy boýny buruk bir azadadyr,
Degilmez misgine bu bir kadadyr.

Ilki pikirlengin, soňra gürlegin,
Ilki düýbün tutup, soň diwar örgün!

Menem bir gül bagbany, ýöne men gül bossanynda däl. Menem gözel, ýöne men Kenganda däl, ýagny Ýusup pygamber däl.

Hekaýat

Lukman Hekimden:
— Hikmeti kimden öwrendiň? — diýip sorapdyrlar.
Onda ol:
— Hikmeti körlerden öwrendim. Sebäbi olar ellerindäki hasalary bilen barlap görmän ädim etmeýärler — diýipdir.

* * *

Sen hem bir ýere girmezden öň ol ýerden nädip çykjakdygyň barada pikirlengin. Öz ärligiň barada bilmeli zatlaryňy gowy öwren. Ondan soň öýlen. Ýogsa öýüňe gelin getirip, masgara bolaýma!

Polat penje horazyň garşysynda kim durar,
Ýöne laçyn duş gelse, nädip oňa döş gerer?

Pişik syçan ýanynda oňa özün şir saýar,
Peleň görende, welin özi syçana döner.

Men özümiň ejizligime garamazdan, garamagyndakylaryň we golastynda işleýänleriň aýyplaryny aýdyp, olaryň ýüzlerine urmaýan we kemçiliklerini ýaýmaýan beýikleriň ahlak-sypatlaryna ynam bildirip, bu kitaba öňki hökümdarlaryň ybratly kyssalaryndan birnäçe seýrek parçalary, Hekaýatlary, şygyrlary, gysgaldylan görnüşde ýazdym. Gymmatly ömrümiň bir bölegini hem bu işe sarp etdim. Ine, bu «Gülüstan» kitabynyň ýazylmagynyň sebäbidir. Üstünlik gazanmak we ýardam bermek Alladandyr.

Galar uzak ýyllar nyzamly bu söz,
Biziň her tozumyz ýiter bir ýerde.

Garaz, bir nagyşdyr bizden ýadygär,
Ömrüň bahasyny görmezem bir-de.

Bir gün alkyş aýdar, bir paýhasly är,
Rehim edip, biz misgine meger-de.

Men eseri ýazan mahalym kitabyň tertibinde we baplaryň düzülişinde sözi uzaltmadym. Gysga sözlemegi we az gürlemegi müwessa bildim. Şonuň üçinem, daragtlardyr suwy bol bolan bu gözel hem owadan görnüşli bossanlyk, ýadatmazlygy üçin jennete meňzedilip, sekiz bap görnüşinde düzüldi we gysga görnüşde beýan edildi.

Birinji bap. Hökümdarlaryň ýagşy gylyk-häsiýetleri hakda.
Ikinji bap. Derwüşleriň durmuşy hakda.
Üçünji bap. Kanagatyň pazylaty hakda.
Dördünji bap. Dymmagyň peýdalary hakda.
Bäşinji bap. Yşk we ýaşlyk hakda.
Altynjy bap. Garrylyk we ejizlik hakda.
Ýedinji bap. Edep-terbiýäniň täsiri hakda.
Sekizinji bap. Söhbet etmek hakda.

Biziň wagtymyzyň çag bolan wagty,
Hijri ýyldan alty ýüz elli alty.

Myradymyz ile nesihat ýaýyp,
Gitmek galanyny Hudaýa goýup.

_________________________________

Gurhanyň «Sebe» süresiniň 13-nji aýaty.
Halyky Züljelal – Beýiklik eýesi bolan ýaradyjy, Allanyň bir ady.
Settarul-uýup – günäleriň üstüni örtüji, ýygşyryjy, Allanyň bir sypaty.
Muhammet pygamberiň ýüzünde pygamberlik nury bolupdyr. Şeýle hem onuň arkasynda guşuň ýumurtgasy ýaly ululykda pygamberlik möhri bolupdyr.
Sagt ibn Zeňňi – salyrlar atabegliginiň hökümdary. Ol 1226-njy ýylda ýogalýar.
Muzaffereddin Abubekr – Sagt ibn Zeňňiniň ogly. Ol mongollar bilen ylalaşyk gazanýar we Pars ýurduny abadançylykda saklaýar. Soň bolsa onuň paýtagty Şiraza dürli ýerlerden senetçiler, alymlar we şahyrlar gelýärler. Ol 1258-nji ýylda ýogalýar.
Temmuz – hijri şemsi hasabyna görä, tomsuň ortaky Gorkut aýy.
Bu ýerde Ezraýyl perişde göz öňünde tutulýar.
Keffarat – edilen kasam ýa-da ant bozulansoň onuň deregine berilmeli zat. Keffarat esasan üç zat bilen ýerine ýetýär: bir guly azat etmeli, altmyş gün yzly-yzyna arasyna gün salman oraza tutmak we altmyş ajyň garnyny doýurmak bilen.
Zülpükar – Hezreti Alynyň meşhur gylyjynyň ady. Onuň iki ýüzi bolupdyr.
Jelaly hasaby – XI asyrda seljuk türkmen hökümdary Jelaleddin Mälik şanyň görkezmesi boýunça Yspyhanyň rasathanasynda (obserwatoriýasynda) beýik şahyr Omar Haýýamyň ýolbaşçylygynda alymlar tarapyndan işlenilip taýýarlanylan kalendar.
Aby haýat – dirilik suwy.
Mennan – iň şepagatly, rehimdar, merhemetli, sahy. Allanyň bir ady.
Nigärhana – Hytaýda içinde dürli nagyşlar bar bolan ýer.
Erženk – gadymy meşhur suratkeş.
Sagt – bagtyýarlyk diýmekligi aňladýar.
Abu Nasr ibn Fahreddin Abubekr – atabeg Muzaffereddin Abubekr ibn Zeňňiniň emiri we maslahatçysy.
Abyt – ybadathon, dindar, takwa.
Ryýa – göz üçin edilen iş.
Buzurgmehr – Nowşirwan Adylyň weziri.
Elwent dagy – Elbrus dagy.
Kengan – Ýakup pygamberiň ýaşan şäheri, häzirki Palestina.
Jennet sekiz sanydyr. Bap diýip gapa hem-de kitabyň bölümine diýilýär.
Просмотров: 141 | Добавил: Haweran | Теги: Sagdy Şirazy | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]