23:01

Gülüstan / 1-nji bap

BIRINJI BAP

HÖKÜMDARLARYŇ ÝAGŞY GYLYK-HÄSIÝETLERI HAKDA

Hekaýat

Rowaýata görä, bir ýurduň hökümdary bigünä bir adamy ölüm jezasyna höküm edipdir. Bu biçäre ýesir hem özüniň öljegine gözi ýetensoň, öz dilinde ýaňky hökümdara sögüp hem gargynyp başlapdyr.
Bu barada gadymy akyldarlar: «Janyndan bizar bolan we ömründen umydyny üzen adam ýüregindäkini aýdyp, içini döker» diýipdirler.

It elinde wagty pişigiň haly,
Oňa hüjüm eder, çyksa-da jany.

Gutarsa umytlar, dil uzyn bolar,
Ýürekdäki zatlar zybana geler.

Çykalga ýok, gaçmaga ýol gapyşar, El gylyjyň dessesine ýapyşar.

Onda ýaňky hökümdar:
— Bu ýesir näme diýýär, oňa näme boldy? — diýip sorapdyr.
Hökümdaryň hoşniýetli, dana bir weziri bar eken. Ol ýerinden turup:
— Kyblaýy älem! Ol Gurhany Kerimdäki: «Gahar-gazabyny ýuwdanlar we ynsanlaryň günälerini bagyşlanlar üçin jennet taýýarlanylandyr» diýen aýaty okaýar — diýip, jogap beripdir.
Hökümdaryň oňa rehimi inip, ony boşadyp goýberipdir. Ýaňky dana wezire içigara we görip bolan başga bir wezir bar eken. Ol hökümdaryň ýanyna gelip:
— Kyblaýy älem! Bize ýaraşjak zat hökümdarymyzyň öňünde ýalan sözlemän, diňe hakykaty aýtmakdyr. Bu ýesir size sögdi, gargady, paýyş sözleri aýtdy — diýip, bolan zady bolşy ýaly gürrüň beripdir. Emma bu ikinji weziriň sözleri hökümdaryň göwnüne ýaramandyr. Hökümdar onuň bu sözlerine:
— Onuň ýalan sözüni seniň dogry sözüňden has bähbitli hasaplaýaryn. Sebäbi onuň ýalany şu wagtky ýagdaýa diýseň laýyk gelýär. Onuň ýagşylyk we haýyr maksady bar, päli düzüw. Sende bolsa betpällik we betniýetlilik bar. Ýagşylyk barka, ýamanlyk nämä derkar? Öňden bäri aýdylyp gelinýän şu pähimli sözi eşitmediňmi? Öňküler: «Netijesi haýyrly işiň gowy görnüşde gutarmagy üçin aýdylan ýalan söz, netijesi erbet we pitne döredýän dogry sözden gowudyr» diýipdirler — diýip, jogap beripdir.

Hökümdaryň sala salýan adamy,
Bolmalydyr ulus-iliň danasy.

* * *

Gadym döwrüň hökümdary Peridunyň köşgüniň eýwanynda şu sözler ýazylypdyr:

Eý, dogan, bu dünýä hiç kime galmaz,
Köňli Ýaradyja baglaman bolmaz.

Bu ýalan dünýäge bermegin köňül,
Sen deýin müň kese dadyrdy ölüm.

Tagt üstünde jan ber, ýa toprak üste —
Parhy nä bu ömür – soňuna ýetse.

Hekaýat

Horasanly hökümdarlaryň biri Soltan Söbüktegin Mahmyt Gaznalyny ol öleninden ýüz ýyl soň düýşünde görüpdir. Onuň endam-jany çüýräp, topraga siňip gidenmiş. Diňe gözleri öňki ýerinde durup, eýläk-beýläk oýnaýan eken. Şol döwrüň düýş ýorujy alymlary bu düýşi ýorup bilmändirler. Diňe bir derwüş gelip, bu düýşi ýorup: «Onuň gözleriniň öňküsi ýaly açyk galmagynyň we eýläk-beýläk oýnap durmagynyň sebäbi, ol yzynda galan mal-mülküniň beýlekileriň elindedigine ýanýar, gynanýar» diýipdir.

Nije ärler ýatyr toprak astynda,
Olardan nyşan ýok ýeriň üstünde.

Topraga gömüldi Soltan Mahmydam,
Toprak iýdi, çekseň onuň ahmyryn.

Nowşirwanam teýinde bu zeminiň,
Emma adyl ady ýaşaýar onuň.

Jar çekilmezden öň: «Pylany öldi!»,
Haýyr et, ganymat bilip bu ömri.

Hekaýat

Eşidişime görä, gysga boýly, betgelşik, ýöne örän akylly bir şazada bar eken. Onuň doganlary bolsa uzyn boýly, gülerýüzli we görmegeý ekenler. Bir gün kakasy ýaňky şazada gyýa göz, ýigrenç we kemsidiji nazar bilen alarylyp seredipdir. Akylly şazada bada-bat nämäniň nämedigine göz ýetirip, kakasyna:
— Eý, atam! Akylly, emma gysga boýly kişi kemakyl we nadan uzyn boýludan has gowudyr. Her bir uzyn boýla tapawutly, beýlekilerden artyk diýmek bolmaz. Ynsanyň uzyn boýly bolmagy onuň gadyr-gymmatynyň artykdygyny aňlatmaz. Goýun eti halaldyr, emma pil eti haramdyr — diýipdir.

Tury Sina dagydyr daglaryň iň kiçisi,
Emma ondan eziz däl Haka, daglaň hijisi.

* * *

Şuny eşitdiňmi, bir hor pähimdar,
Bir semiz samsyga diýen bir sapar.

«Arap at hernäçe bolsa-da arryk,
Bir ýatak eşekden bir özi artyk».

Hökümdar oglunyň bu hakykat sözlerine ýylgyrypdyr, wezir-wekiller hem örän şat bolupdyrlar. Emma doganlary muny göwünlerine alypdyrlar.

Eger dodagyny ýarmasa bir är,
Aýby hem hünäri bolmaz hiç äşgär.
Boşdur güman etme her bir tokaýy,
Belki-de içinde ýatan gaplaň bar!

Aýtmaklaryna görä, şol mahallar ol hökümdaryň güýçli bir duşmany bar eken. Bir günem ol duşman ýaňky hökümdara garşy söweş yglan edip, üstüne çozupdyr. Iki goşun garpyşanda, ilkinji bolup öňe çykan we okdurylyp, atyny meýdana süren hökümdaryň äsgermedik gysga boýly ogly bolupdyr. Ol şeýle diýen:

Ganly söweş içinde men däl men ýeňse beren,
Bir baş görseň, ol menem gum hem ganyň içinde.

Söweşde döwüşseň är, öz gany bilen oýnar,
Goşunyň gany bilen oýnar, gaçan bir gende.

Şazada bu sözleri aýdyp bolansoň, duşmanyň goşunynyň üstüne hüjüm edip, duşmanyň serkerdeleriniň ençemesini öldüripdir. Soň kakasynyň ýanyna gelip, ýer öpüp, tagzym edip, şeýle diýipdir:

Boýumy pes görüp, syn eden kişi,
Ýogyny eý görüp, tutmagyn agyr.
Söweş güni gerek bili syk atlar,
Ýaraşmaz meýdana garynlak sygyr.

Ýöne duşman esgerleriniň sany diýseň köp eken. Bularyň sany bolsa örän az. Hatda esgerleriň bir bölegi gaçmaga başlapdyr. Şazada olara: «Eý, ýigitler! Güýjüňizi görkeziň, söweşiň ýa-da zenan lybasyny geýiň!» diýip, nagra urupdyr. Onuň bu sözleri atlylary galkyndyrypdyr. Olar duşmanyň üstüne hüjüme geçipdirler. Eşidişime görä, olar şol gün duşmandan üstün çykypdyrlar. Duşman derbi-dagyn bolandan we ýeňiş gazanylandan soň şazada kakasynyň ýanyna gelipdir. Kakasy ogluny gören dessine onuň ýüz-gözünden ogşap gujaklapdyr. Şondan soň ogluny öz ýanyndan aýyrmandyr we özüniň mirasdüşeri edipdir.
Şazadanyň beýleki doganlary oňa göriplik edip, naharyna awy goşupdyrlar. Muny dälizden onuň gyz uýasy görüpdir we onuň penjiresini şarkyldadyp ýapypdyr. Şazada hem derrew nämäniň-nämedigine düşünüp: „«Paýhasly we hünärli adamlaryň ölüp, paýhassyz we hünärsiz kişileriň olaryň ýerini eýelemegi, bolup biljek zat däl» diýipdir we nahary iýmändir.

Hüwi saýasyna gelmez bir kişi,
Ýitse-de älemden humaý-bagt guşy.

Bu dildüwşük baradaky habar hökümdara baryp ýetipdir. Hökümdar hem beýleki ogullaryny çagyryp, olara mazaly temmi beripdir. Soň olaryň her haýsyna aýratyn bir şäher beripdir. Şeýdip pitne, dawa-jenjel, öýke-kine ýatyşypdyr. Şonuň üçinem «On derwüş bir kilimiň üstünde ýatyp biler, emma iki patyşa bir ülkä sygmaz» diýipdirler.

Bir döwüm nan tapsa Hak söen bende,
Bagyşlar ýaryny, görse bir derwüş.

Bir yklymy basyp alaýsa bir şa, Ýene bir yklyma eder ol teşwüş.

Hekaýat

Araplardan bir garakçy topar beýik bir dagyň başynda ýerleşip, geçýän kerwenleri talar eken. Ol töwerekdäki şäher ýaşaýjylary hem olaryň zulumyndan ejir çekýän eken. Ol garakçylar bilen bütin ülkäniň goşuny uruşsa hem, olardan ýeňlipdir.
Garakçylar çykmasy örän kyn bir dagyň depesini özlerine mekan edinip, ol ýeri özlerine gala hökmünde tutunypdyrlar. Ol ýerdäki şäherleriň hökümdarlary bu garakçylaryň ýetirýän zyýanlaryny we berýän ezýetlerini dep etmek üçin maslahat geçirip: «Bular şu gidişine dowam etse has güýçlenerler, soň bular bize başartmaz, heniz doly güýçlenmänkäler, olaryň ýoguna ýanmak gerek» diýen netijä gelipdirler.
Ýerde ýaňy kök ýaýradan nahaly,
Är güýji goparar täze mahaly.
Eger goýsaň ýene bir ýyl tegelek,
Kökünden goparyp bilmez hem pelek.

Çeşmäni baglamak bolar pi:l bilen,
Dolup-daşsa, geçip bolmaz pil bilen.

Soň olar ol ýere birnäçe ýigidi gözegçi iberip, amatly pursata garaşyp ýatypdyrlar. Ýaňky garakçylar bir gün bir şäheriň üstüne çozupdyrlar. Olaryň yzy boşap galypdyr. Hälki gözegçiler hem derrew ýagdaýy habar beripdirler. Bular hem ençeme söweşleri gören, tejribeli we birnäçe edermen ýigitleri ol ýere iberipdirler. Bu ýigitler ol dagyň gowaklarynda gizlenipdirler. Agşam düşende ýaňky garakçylar ep-esli olja bilen yzlaryna gaýdyp gelipdirer. Olar ýanlaryndaky ýaraglaryny aýryp, getiren oljalaryny bir gyrada goýup, özleri hem örän ýadaw bolandyklary üçin uka gidipdirler. Olaryň ilkinji duşmany ukulary bolupdyr. Tegelek nan şekilli gün batyp, mazaly garaňky düşüp, garakçylar süýji uka batypdyrlar.

Garaňkydy, Günüň nury-da gitdi,
Ýunusy hem balyk agzyna atdy.

Hälki ýigitler bukulyp ýatan ýerlerinden çykyp, garakçylaryň ellerini daňyp, daňdan ir bilen patyşanyň ýanyna getiripdirler. Patyşa olaryň hemmesiniň kellesiniň kesilmegini emr edipdir. Olaryň arasynda heniz eňegine gyl bitmedik, bir ýaş ýigit bar eken. Ýaşlyk miwesi ýaňy düwüp, ýaňagynyň gülgün bagy ýaňy boý alan eken.
Patyşanyň ýanyndaky wezirleriň biri şa tagtynyň aýagyny öpüp, ýüzüni ýere salyp: «Bu çaga heniz durmuş agajyndan miwe dadyp görmedik, heniz dünýäniň nämedigine düşünmän, özüne-de, beýlekilere-de hiç hili peýdasy ýetmedik ýaş ýigit. Onuň bir çemçe ganynyň geçilmegini siziň jomart we keremli dergähiňizden haýyş edýärin» diýip, patyşadan rehim-şepagat etmegini sorapdyr.
Patyşa weziriň bu sözlerini makullamandyr we oňa şeýle diýipdir:

Ýagşylyk şuglasyn almaz,
Kimiň asly bolsa erbet.
Gupbada hoz goýmaklykdyr,
Bedasyla tälim bermek.

Iň gowusy bu hili adamlaryň neslini gyrmaly we yz-sorlaryny ýitirmeli. Bulary ýaşatmak ody söndürip, közüni goýmak we ýylany öldürip, çagasyny saklamak bilen deňdir. Bu bolsa akyla sygjak zat däldir we akyly ýerinde bolanlaryň etjek işleri däldir.

Söwüt pudagyndan iýmersiň iýmiş,
Aby haýat dökse, bulutlar eger.
Ömrüňi ötürme bir näkes bilen,
Boýra gamyşyndan iýmersiň şeker.

Wezir patyşanyň bu sözlerini diňläp, bialaç makullamaly bolupdyr. Ol patyşanyň bu pikirlerini tassyklap, oňa:
— Siziň aýdanlaryňyz dogry we hakykat. Bu ýaş ýigit bu garakçylar bilen bile ýaşasa, elbetde, ol hem bir garakçy bolup galardy. Emma eger ol gowy adamlaryň arasynda gezse, olaryň gowy edep-terbiýesini we gylyk-häsiýetini öwrenerdi. Ol heniz juwan. Garakçylaryň başbozarlygy we birehimligi heniz onuň ganyna siňmändir. Pygamberimizem bir hadysynda: «Dünýä inen her bir perzent hökman yslam tebigaty bilen dogýar. Soň ene-atasy sebäpli olar ýehudy, nasrany we otparaz bolýarlar» diýýär ahyry — diýipdir.

Lutuň aýaly erbetleň basan yzyn göterdi,
Pygamberlik nebereden mertebesin ýitirdi.
Eshaby kähfiň iti düşüp ýagşyň yzyna,
Ynsanlyk mertebesin alandyr ol özüne.

Weziriň bu aýdan sözlerini beýleki wezirler hem tassyklap, patyşadan şepagat diläpdirler. Ýigidiň günäsiniň geçilmegini sorap, wezire goldaw beripdirler. Patyşa hem ahyry olara: «Siziň bu aýdýanlaryňyzy makul görmeýärin, ýöne siziň haýyşyňyz üçin ol ýigidi bagyşladym» diýipdir.

Zal ogly Rüsteme ne diýmiş gowy,
Biçäre saýmagyn hiç mahal — ýowy.
Kän gördük, köpelip suwy çeşmäniň,
Apardy mal bilen ýükün nijäniň.

Elgaraz, wezir ol çagany öýüne alyp gidipdir. Oňa edep-terbiýe bermek üçin ýörite bir mugallym belläpdir. Mugallym oňa çeper sözlemegi, çeper jogap bermegi, ýüzlenmegi we patyşanyň gaşynda edilmeli beýleki dessurlary-da öwredipdir. Ol çaga ussat bolup ýetişip, ulularyň nazaryna ilipdir.
Günlerde bir gün wezir patyşanyň ýanynda ýaňky ýigidi öwüp:
— Akylly kişileriň edep-terbiýesi oňa siňdi, onuň öňki nadanlygy aradan aýrylyp, hiç hili nam-nyşan galmady — diýipdir.
Patyşa weziriň bu sözlerine ýylgyryp, şeýle diýipdir:

Gurt çagasy gurt bolýandyr her ýerde,
Ulalsa hem adam bilen bir ýerde.

Aradan iki ýyl geçipdir, çaga hem ulalypdyr. Mähelledäki birnäçe biýedep kişiler onuň ýanyna ýakynlaşyp, onuň bilen dostlaşypdyr. Ol hem bularyň hataryna goşulypdyr. Bir günem pursat tapyp, weziri we onuň iki ogluny bilelikde öldüripdir. Köp möçberde mal-mülk alyp gidip, garakçylaryň gowagyna baryp, kakasynyň ýerine geçip, patyşa garşy aýaga galypdyr. Hökümdar bu ýagdaýa geň galyp, barmagyny dişläp, şeýle diýipdir:

Kim ýasapdyr gylyjyň gowsun, erbet demirden,
Hiç düzelmez bedasyl, eý, hekim, terbiýeden.

Gar-ýagmyryň haýry köp, ýöne gürrüň bar bärde,
Läle gögerder bagda çör-çöp bitir şor ýerde.

* * *

Şor zemin gögertmez bugdaý-sümbüli,
Sepen tohmuň bary biderek bolar.

Eger ýamanlara ýagşylyk etseň,
Ýagşylara erbet etdigiň bolar.

Hekaýat

Men soltan Ogulmyşyň köşgünde bir goşunbaşynyň ogluny gördüm. Akyly we zehini, düşünjesi we düşbüligi bilen diýseň ajaýyp ýigitdi. Näçe wasp edilse-de azdy. Ýaşy kiçi bolsa-da, alnynda beýiklik alamatlary görünýärdi.

Başynda bolansoň akyl – nur-ýagty,
Üstünde ýyldyz dek parlaýar bagty.

Elgaraz, ol ýaşy kiçi bolsa-da ugurtapyjylygy, jemallyk hem kemallyk taýdan kämilligi bilen soltanyň ünsüni özüne çekdi. Patyşa oňa uly üns berip, öz ýanyna aldy. Gadymy akyldarlar: «Baýlyk mal-mülk bilen däl, paýhas we hünär bilen gelýändir. Akyl ýaşda däl, başda bolar» diýipdirler.
Ýaňky ýigide onuň dost-ýarlary we deň-duşlary görübilmezçilik etdiler. Oňa haýyn diýip, töhmet atdylar we onuň öldürilmegi üçin peýdasyz ýere güýç-gaýrat sarp etdiler.

* * *

Dost mähriban hem çyn ýürekden wepaly bolsa, duşman näme edip biler?!

* * *

Soltan hem ol ýigitden:
— Olaryň saňa bu duşmançylygynyň sebäbi nämedir? — diýip sorapdyr.
Goşunbaşynyň ogly hem oňa:
— Patyşanyň döwlet saýasynda (saýasy dowamly bolsun!) hemmeleri özümden razy etdim. Diňe göripleri razy edip bilmedim. Göripler diňe iki zatdan, meniň bagtyýarlygymyň we siziň soltanlygyňyzyň ahyr bolmagyndan razydylar. Olar iki zady, ýagny meniň bagtyýarlygymy we siziň soltanlygyňyzy islemeýärler. Göriplikleriniň sebäbi hem bu ýagdaýdyr — diýip, jogap beripdir.

Başarýaryn degmezligi ynsanlaryň göwnüne, Men neýläýin göribe, içi azapdan doly. Ölüp gutul, eý, bahyl, bu bir şeýle keseldir,
Ýok ondan gutulmagyň ölümden başga ýoly.

* * *

Bagtynyň ýatmagy bir döwletliniň,
Bidöwletiň dilleriniň senasy.

Ýarganadyň gözi görmese gündiz,
Kuýaş çeşmesiniň nädir günäsi?

Bir Gün garalandan şeýle müň gözüň,
Gowy kör bolany, aksa garasy.

Hekaýat

Aýtmaklaryna görä, Ajam hökümdarlarynyň biri halkyň malyna talaňçylyk elini uzadypdyr, halka ezet, jebir-jepa bermäge başlapdyr.
Onuň bu zulumy şeýle derejä baryp ýetipdir welin, ilat ýurtdan göçüp, ýat illere gitmäge başlapdyr. Halaýyk azalansoň, elbetde, welaýatyň ösüşine zyýan ýetipdir, girdeji hem azalypdyr. Hazyna boşap, ülke at-abraýdan gaçypdyr. Hökümdaryň kuwwaty peselip, duşmanlar güýçlenipdir.

Ger kyn günde gözleýän bolsaň dosty,
Gurplykaň sahy bol, diýsem rasty.

Gulagy halkaly guluň başyny,
Sypalap bilmeseň, taşlar ol seni.

Eger şeýtseň kesekiler, muny bil,
Bolar saňa gulagy halkaly gul.

Bir gün mejlisde ýaňky hökümdara Firdöwsiniň «Şanama» eserini okap beripdirler. Haçanda «Zahhagyň döwrüniň tamalanyp, Peridunyň döwrüniň başlanyşy» atly dessana ýetende, wezir hökümdardan:
— Bilip bilemok, Peridunyň hazynasy, mal-mülki, gullary, goşuny, köşgi ýokdy. Ol nädip hökümdar bolduka? — diýip sorapdyr.
Hökümdar hem wezirine:
— Sen muny öň eşidensiň, halk oňa hemmetaraplaýyn tabyn bolup, ony goldaýar we güýçlendirýär. Şeýdip, ol hökümdarlyga ýetýär — diýip, jogap beripdir.
Weziri hem oňa:
— Eý, şa! Eger halk köpçüliginiň goldawy hökümdar üçin güýç bolup durýan bolsa, onda sen näme üçin halky — bu güýji dargadýarsyň? Ýa-da sen hökümdar bolmak we hökümdarlyk etmek islemeýärmiň? — diýipdir.

Goşuny jandan söý, besle-de, bejer,
Soltan goşun bilen soltanlyk eder.

Onda hökümdar wezirden:
— Menden köňli sowan halkyň we esgerleriň, goşunyň we milletiň daşyma jemlenmegi üçin men näme etmeli? — diýip sorapdyr.
Wezir hem oňa:
— Patyşa üçin iki zat gerek. Biri adalatly bolup, halky özüne ynandyrmaly, ysnyşdyrmaly. Ikinjisi bolsa, halk onuň saýasynda asuda-rahat ýaşar ýaly merhemetli bolmaly. Sende bolsa bularyň ikisi hem ýok — diýip, jogap beripdir.

Şalyk edebilmez ülkäni çapan,
Möjekden hiç bolmaz sürige çopan.

Bolsa şa zulumyň binasyn söer,
Ol öz diwarynyň düýbüni köwer.

Özüne öwüt-nesihat eden weziriň öwüdi hökümdara ýaramansoň, ol ony zyndana taşladypdyr. Köp wagt geçmänkä, hökümdaryň doganoglanlary onuň bilen hökümdarlyk dawasyny tutup, kakalarynyň mal-mülküni talap etmäge başlapdyrlar. Hökümdarlyk dawasyny tutýan doganoglanlary uly bir goşun jemläpdirler. Hökümdaryň zulmundan ýadan, onuň jebir-jepasyndan bizar bolan dagynyk halk hem hökümdaryň garşydaşlarynyň tarapyna geçip, olaryň daşyna jem bolupdyrlar. Elgaraz, hökümdaryň garşydaşlary söweşde we dawada ýeňipdir. Ýurdy we hökümdarlygy öz ellerine alypdyrlar. Hälki hökümdaryň hökmirowanlygy bolsa, şeýdip elinden gidipdir.

Golastyndaky ile zulum eden soltanyň,
Ýowuz günde ýoldaşy ýowuň goşun silidir.
Raýata ýaran bol, amanda bol duşmandan,
Ýow güni adyl şaha goşun – tutuş ilidir.

Hekaýat

Hökümdarlaryň biri bir gezek täze satyn alan bir ajamly guly bilen gämä münüpdir. Gul ömründe gämä münüp görmän eken. Onuň ilkinji gezek gämä münüşi eken. Gämide ýüzmegiň hem özüne görä käbir muşakgatlary bolýar, oňa hem döz gelmek gerek. Ýaňky gul öň ýüzüp görmändigi üçin endam-jany titräp, aglamaga başlapdyr. Ony köşeşdirjek bolupdyrlar, emma hiç-hili netije bermändir. Muňa patyşanyň keýpi gaçypdyr. Hiç kim çäre tapyp bilmändir. Gämide bir akyldar bar eken. Ol hökümdara:
— Eger rugsat berseňiz, men ony köşeşdireýin – diýipdir.
Hökümdar:
— Örän merhemet etdigiň bolar, saňa rugsatdyr – diýipdir.
Ýaňky akyldar ol guly deňziň içine zyňdyrypdyr. Gul birnäçe gezek suwa çümüp çykypdyr. Soň bolsa iki eli bilen gämiden ýapyşypdyr. Onuň saçyndan tutup, ýene-de gämä alypdyrlar. Mundan soň ol bir burçda sessiz-üýnsiz oturypdyr. Hökümdar akyldaryň bu eden işine göwni ýetip, ondan:
— Bu işde neneňsi hikmet bar? — diýip sorapdyr.
Akyldar hem oňa:
— Gul öň suwda gark bolup görmändigi üçin gäminiň içindäki salamatlygyň gadyr-gymmatyny bilmeýärdi — diýip, jogap beripdir.
Ine, parahatlyk, bagt we saglyk hem şeýledir. Asuda, parahat durmuşda ýaşaýan, bagtyýar adam bir bela duçar bolýança, parahatçylygyň we bagtyýarlygyň gadryny bilmez. Ynsan hassalamasa, saglygyň gadryny hem bilmez.
Eý, garny dok! Sen arpa çöregin halamaýaň,
Seniň halamaýanyň, meniň küýseýän närsäm.

Jennetilere Agraf dowzah görüner,
Dowzahylara Agraf jennetdir bilseň.

* * *

Eger bolsa kişiniň goltugynda mährem ýar,
Gapa dikip gözlerin garaşýandan parhy bar.

Hekaýat

Hökümdar Hurmuzdan:
— Sen kakaň wezirlerinden nähili erbetlik gördüň? Näme üçin olaryň ellerini daňyp, zyndana saldyň? — diýip sorapdyrlar.
Onda Hurmuz:
— Men olardan zyndana salynmaklaryna sebäp bolar ýaly erbetlik görmedim. Men olaryň özümden gorkýandyklaryny gördüm. Meniň aýdýan sözlerime olar hiç ynanmaýardylar we maňa ynam bildirmeýärdiler. Olaryň bu gorkulary sebäpli meniň janyma kast etmeklerinden gorkdum. Men akylly we hikmetli ynsanlaryň aýdyşlary ýaly hereket etdim. Olar şeýle diýipdirler:
Eý, Hekim, özüňden gorkýanlardan gork,
Olar dek ýüz äre ýetse-de güýjüň.

Ýylan neçün çopan aýagyn çakýar?
„«Başym ezer» diýip, gorkýany üçin.

Görmeýäňmi pişik ejizlän wagty,
Penje bilen oýýar peleňiň gözün.

Hekaýat

Bir arap hökümdary garrap, halys tapdan düşüpdir. Üstesine-de, kesellänsoň, janyndan umyt üzüpdir. Şol günleriň birinde bir çapar buşluk habaryny getirip, hökümdara:
— Siziň alyhezretleriňize buşluk getirdim. Pylan galany eýeledik. Duşmanlar ýesir alyndy. Ol ýerdäki raýatlar we esgerler hojaýynymyzyň emirlerine doly tabyn boldular — diýipdir.
Hökümdar muny eşidip, bir ah çekip:
— Bu buşluk maňa däl, meniň duşmanlaryma, ýagny mirasdüşerlerime degişlidir —diýipdir.

Ýüregimde beslän arzuw-hyýalym,
Işigmiň öňüne ýakynlap geldi.

Köen arzuwlarym hasyl bolsa-da,
Peýdasy nä ömür paýawlap galdy.

* * *

Ajal çaldy dünýäden göç depregin,
Iki didäm, başym bilen hoşlaşyň.
Eý, meniň owujym, elim-gollarym,
Indi bir-birleriňiz bilen hoşlaşyň.

Men biçäre boldum, begendi duşman,
Eýa dostlar, men dünýäden geçerin.
Nadanlykda geçdi durmuşym, ömrüm,
Ýöne siz daş duruň mundan çekinip.

Hekaýat

Men bir gezek dünýä işlerinden el çekip, Ýahýa pygamberiň Şamdaky «Emewi» metjidindäki gubrunyň ýanynda tagat-ybadata çekildim. Şol wagt ynsapsyzlygy bilen meşhur bolan bir arap emiri hem gubura zyýarata geldi. Namaz okady we Allatagaladan doga-dileg etdi.

Baýlaram, derwüşem bu gapa bende
Baý bolanlar mätäç muňa hasam-da.

Soň ol maňa öwrülip:
— Derwüşler hümmetli ynsanlardyr. Olar işlerini sydky-yhlas bilen ýerine ýetirýärdiler. Olar Allatagala has ýakyndyrlar. Ugur alar ýaly meniň üçin çyn ýürekden öwüt berip, hümmet etseňiz ýagşydyr. Şonda men hemişe onuň bilen bile ýoldaş bolaryn. Ol hümmeti elmydama ýanymda götererin. Çünki meniň güýçli duşmanym bar, ondan çekinýärin — diýdi.
Men hem oňa:
— Zor duşman saňa zyýan bermez ýaly, sen ejiz halka merhemetli bolgun — diýdim.

Kuwwatly gollar bilen, güýçli penjeler bilen,
Misgin barmagyn döwmek hem hata hem azardyr.

Gorky etmez geljekden ejizlere haýyrsyz,
Golun tutan tapylmaz ýykylsa, il bizardyr.

Ýamanlyk tohmun ekip, ýagşylyga garaşan,
Bir boş höwese hemra, akmak hyýala ýardyr.

Al gulakdan tagmany, ýetiş iliň dadyna,
Adalatly bolmasaň, adalatly gün bardyr.

* * *

Bir-biriniň synasydyr adamzat,
Bary bir göwherden ýaradalan zat.

Zamana bir syna berse azary,
Beýleki synalar tapmaz karary.

Bolsaň sen özgeler gamlyka bigam,
Ýaraşmaz adyňa dakynmak adam.

Hekaýat

Bir gezek Bagdatda doga-dilegi kabul bolýan bir derwüş peýda bolupdyr. Zalym Hajjaç muny eşidip, ony ýanyna çagyryp:
— Meniň üçin haýry-doga et — diýipdir.
Onda derwüş:
— Eý, perwerdigär! Bu adamyň janyny al — diýip, dileg edipdir.
Hajjaç ondan:
— Eý, Hudaý! Seniň bu edýän dilegiň näme? — diýip sorapdyr.
Onda derwüş:
— Bu hem seniň üçin, hem-de ähli musulmanlar üçin iň haýyrly dogadyr — diýip, jogap beripdir.
Ejizlere ganym, eý, güýçli zalym,
Mydam gyzyp durmaz bu bazar, mälim.

Ne peýda bolmakdan ülkäniň hany,
Ölen ýagşy horlamakdan ynsany.

Hekaýat

Zalym patyşa bir dindardan:
— Ybadatlaryň içinde iň köp sogaplysy haýsy? — diýip sorapdyr.
Onda dindar oňa:
— Ýarym günläp, ýagny säherden tä öýläne çenli ýatmagyň seniň üçin iň haýyrly sogapdyr. Sebäbi sen ukuda mahalyň raýata zulumyň we jebir-jepaň ýetmeýär — diýip, jogap beripdir.

Günortana çenli ýatyr bir zalym,
Diýdim: «Pitnedir bu, ýatany ýagşy».

Ýatyrka ýeg bolsa oýalygyndan,
Beýle pes ömürden öteni ýagşy.

Hekaýat

Eşidişime görä, bir patyşa bir gije daňa çenli şerap içipdir. Ol şeýle bir serhoş bolupdyr welin, şeýle diýip hiňlenermiş:

– Biziň üçin dünýäde şu demden hoş mahal ýok,
Ýagşy-ýamandan gaýgy, hiç kimden gam, sähel ýok.

Şol mahal gyş möwsümi bolup, howa sowuk eken. Daşarda hem ýarym-ýalaňaç bir derwüş ýatan eken. Serhoş patyşanyň bu sözlerini eşiden derwüş oňa şeýle diýipdir:

– Hawa, görýän dünýäde senden bagtly kişi ýok,
Gamyň ýok, gamymyzdan onuň asla işi ýok.

Derwüşiň bu sözi göwnüne ýaran hökümdar içinde müň dinar bolan bir haltajygy penjireden daşary uzadyp, derwüşe:
— Etegiňi tut — diýipdir.
Derwüş:
— Etegimi tutar ýaly eşigim ýok — diýensoň, patyşanyň oňa rehimi inip, puluň ýany bilen oňa bir laý egin-eşik hem iberipdir.
Ýaňky derwüş az wagtyň içinde pullary harçlap, ýene-de tamakinlik bilen dergähe gelipdir.

Derwüşleriň elinde asla durmaz parça, mal,
Aşykda sabyr bolmaz, suwy saklamaz gurbal .

Derwüş ikinji gezek gelende, patyşanyň ony kabul eder ýaly wagty bolmandyr. Köşkdäkiler derwüşiň gelendigini habar beripdirler. Ýöne hökümdar oňa üns bermändir. Bu ýagdaýy tebigy hasaplamalydyr. Sebäbi akyldarlar we alymlar bu barada: «Hökümdarlar wagtlarynyň köpüsini ýurt bähbitli işler üçin meşgullanýarlar we garamaýak halk tarapyndan „”ýönekeý” işler üçin özleriniň wagtlarynyň alynmagyna gaharlanýarlar» diýipdirler.

Gelmese her kişi tüýs laýyk wagty,
Oňa nesip bolmaz şanyň nygmaty. Ýerin bilip gürlemeseň bil muny,
Bihuda söz gaçyr gadyr-gymmaty.

Patyşa oňa:
— Şonça puly şeýle gysga möhletiň içinde sarp eden ol bihaýa we isripçi dilegçini kowup, daşary çykaryň. Ol näme döwletiň we milletiň hazynasynyň hakyky garyp-gasarlaryň we mätäçleriň hakydygyny bilmeýärmi? Hazyna şeýtan bilen dogan bolan onuň ýaly mes adamlaryň agyzdyrygy we sowalgasy däldir — diýipdir.

Gündiziň ak gününde gymmatbaha şem ýakan,
Çyrasyna ýag tapmaz soň agşamda hiç haçan.

Öwüt bermäge ygtyýarly wezirleriň biri hökümdara garap şeýle diýenmiş: «Eý, kyblaýy älem! Meniň pikirime görä, iň dogrusy munuň ýalylaryň iýjek-içjegini günde berip durmakdyr. Şonda olar isrip edip bilmezler. Siziň aýdyşyňyz ýaly ony kowup goýbermegi makul hasaplamaýaryn. Munuň ýaly jeza, ýagny birine öňürti haýyr-ynsan edip umyt döredip, soňra bolsa umytsyzlyga düşürmek, hiç zat bermezlik hümmetli kişilere ýaraşmaz».

Ilki yhsan edip, kimdir birine,
Tamakin etmegin hergiz özüňe.
Sahylyk gapysyn açaňdan soňra,
Hyýrsyzlyk garasyn sürtme ýüzüňe.

* * *

Hiç kişi Hijazyň teşneleriniň,
Şor suwuň başyna üýşenin görmez.

Nirede bal suwly çeşme bar bolsa,
Ynsan, guş-gumursy tiz üýşer, durmaz.

* * *

Guş-gumry däneli mekana gider,
Hiç bir zat ýok ýere gitmezler meger.

Hekaýat

Gadymy eýýamda bir patyşa mal-mülküni gysganyp, goşunyň hajatlaryna sowmaýandygy üçin esgerler agyr kynçylyk çekip başlapdyrlar. Wagtyň geçmegi bilen ol bir güýçli duşman bilen ýüzbe-ýüz bolupdyr, emma goşun ondan ýüz öwrüpdir.

Şa esgerden pulun gaýgyrmaz eger, Esgerem oň üçin janyny berer.

Mydama horlukda ah çekse esger,
Gylyja el urmaz jeň güni meger.

Hökümdaryna haýynlyk we biwepalyk eden esgerleriň biri meniň dostumdy. Men onuň bu eden işini ýazgaryp, kötekledim hem-de oňa:
— Biraz wagtlyk işiň oňuna bolmandygy sebäpli hojaýynyňdan ýüz öwürmek, ençe ýyllap iýen duzuň hakyny ödemezlik binamyslykdyr, peslikdir. Özüni beýle alyp barýan, şükür etmeýän we minnetdarlyk bildirmeýän kişi binamys we bihepbe adamdyr — diýdim. Esger bolsa maňa:
— Eger hakykaty aýtsam, meniňkini dogry hasaplarsyň. Bir gezek mätäçlikden ýaňa atym arpasyz galypdy. Atymyň eýerini hem girewine goýupdym. Eger hökümdar esgerine pul meselesinde gysganç bolsa, esger hem jany-teni bilen oňa tabyn bolmaz we onuň ýolunda janyny pida etmez — diýip jogap berdi.

Sen esgere altyn ber, deregine baş berer,
Eger hakyn bermeseň başyny alar gider.

* * *

Eger garny dok bolsa, bolar batyr, haýbatly,
Eger aç bolsa garny yzyna gaçar batly.

Hekaýat

Bir wezir wezirlikden boşadylansoň, derwüşleriň arasyna goşulypdyr. Derwüşleriň özara gürrüň-söhbetleri we dünýä-garaýyşlary bu boşadylan wezire uly täsir edipdir. Ol örän göwnihoş we keýpikök halda ýaşamaga başlapdyr.
Günlerde bir gün hökümdar ony ýene-de öňki wezipesine çagyrypdyr. Ýöne wezir hökümdaryň özi baradaky bu pikirine minnetdarlyk hem bildirmändir, wezipesini hem kabul etmändir. Patyşa ondan munuň sebäbini soranda, ol: „”Akyldarlaryň gaşynda erkinlik bir zada meşgul (bagly) bolmakdan gowudyr” diýipdir.

Bir kenara çekilip, erkinlige ýetenler,
Itiň dişin döwendir, iliň agzyn ýygandyr.
Kagyzlaryn ýyrtandyr, galamlaryn döwendir.
Gybatkeşiň dillerinden, baky halas bolandyr.

Ýaňky wezir wezipäni kabul etmänsoň patyşa ondan:
— Bolýar, ýöne bize hem ýurduň işlerini ýöretmek we halka bähbitli zerur çäreleri görmek üçin akylly-paýhasly bir adam gerek. Siz bize kimi maslahat berýärsiňiz? — diýip sorapdyr.
Wezir hem oňa:
— Akylly, paýhasly adamyň nyşany şudur, ol beýle işe baş goşmaz we wezipe kabul etmez — diýip, jogap beripdir.

Humaý guşy näme üçin özgelerden üýtgeşik?
Janla azar bermeýär, iýýäni oň diňe süňk.

Hekaýat

Garagulakdan:
— Sen näme üçin ýolbars bilen dil tapyşmagy ygtyýar etdiň? Elmydama onuň yzynda gezýärsiň? — diýip sorapdyrlar.
Onda ol:
— Onuň awundan artanlaryny iýýärin we onuň ägirtliginiň saýasynda duşmanlaryň şerinden aman-esen ýaşaýaryn — diýip, jogap beripdir. Ýene-de oňa:
— Bolýar, eger sen onuň hemaýat saýasynda ýaşap, onuň goragynda gün görýän bolsaň, onda näme üçin oňa has-da ýakynlaşmaýarsyň? Näme üçin onuň ýakyn dostlarynyň biri bolmaýarsyň? Eger onuň edýän kömeklerine minnetdar bolsaň, oňa has ýakynlaş. Ol hem seni jan ýaly dosty we ýakyn egindeşi hökmünde kabul eder. Sen hem onuň gözüne has gowy görnersiň — diýipdirler.
Garagulak hem olaryň bu sözlerine:
— Siziň aýdýanyňyz dogry. Ýöne şol derejede men onuň gahar-gazabyndan hem çekinýärin — diýip, jogap beripdir.

Otparaz eger ýüz ýyl ody söndürmän ýaksa,
Ot ony şol dem ýakar, eger ol oda gaçsa.

Patyşa ýakyn adam kämahal ondan altyn alsa-da, tötänden kellesinden jyda düşmegi hem ahmal. Akyldarlar bu barada: «Patyşalar günde bir hilidir. Gylyk-häsiýetleri we tebigatlary häli-şindi üýtgär durar. Mundan seresap bolmaly. Sebäbi kämahal salam berseňem ynjar, kämahal bolsa, ýazgarsaňam sowgat bererler. Hoşwagt bolmak, süýjidillilik we göwün götermek nedimlerdir masgarabazlar üçin hünärdir, emma akyldarlar we alymlar üçin aýypdyr» diýipdirler.

Gadyr-gymmatyň bil, abraýyň sakla,
Oýun-degişmäni masgara taşla.

Hekaýat

Öz ykbalyndan närazy bolan bir tanşym ýanyma gelip şeýle diýdi:
— Bagtym maňa ýar bolanok. Maşgalam hem köp. Girdejim az, gazanjym ýetmeýär. Gün-güzeranymy örän agyr dolandyrýaryn. Çydap bilemok. Hiç kimiň meniň ýagşy-ýamanymy we neneňsi ýaşaýandygymy bilmezi ýaly, telim gezek ýat ýurtlara gitmegi we ol ýerlerde ýaşamagy niýet etdim.

Ýat ýurtlarda aç ýatar, kimdigin kişi bilmez,
Jan lebine gelse-de, hiç kim oňa aglamaz.

– Ýöne meni bir zat biynjalyk edýär. Ol hem duşmanlarymyň şatlanmaklaryndan we meni garalamaklaryndan çekinýärin. Olar meniň üstümden gülerler, meniň maşgalam baradaky edýän tagallamy ynsapsyzlyga syrykdyrarlar. Men bilýärin olar şeýle diýerler:

Seretme ol naýynsabyň ýüzüne,
Hergiz görmez bagtyýarlyk ýüzüni.
Maşgalasyn kynçylyga oklaýar, Ýeňil ýere çekýär ýöne özüni.

– Men hasap işlerinden, hasap-hesipden baş çykarýaryn. Siz bolsa örän hormatly adam. Eger siz maslahat berseňiz we maňa bir işjagaz berilse, arkaýyn ýaşardym we galan ömrüm saňa minnetdar bolardym.
Men oňa:
— Eý, dostum! Döwlet işlerinde iki sany zat bar: Biri çörek umydy, ýene biri bolsa jan howpy. Çörek umydy bilen jan howpuna düşmek dananyň işi däl — diýdim.

«Ýeriň, bagyň salgydyny ber» diýip,
Kişi gelmez derwüşleriň öýüne.
Ýa şu gam-gussaňa razy bolgun,
Ýa jigeriň goýgun gargaň öňüne.

Onda dostum maňa:
— Dogry, emma sen maňa laýyk bolan hiç zat aýtmadyň ahyry. Seniň bu aýdanlaryň meniň teklibime jogap däl — diýdi.
Il arasynda şeýle bir gürrüň bar: «Her kim hyýanat etse, syrty hasap okamakdan titrär».

Dogruçyllyk gazandyrar Ýaradanyň ryzasyn,
Dogry ýoldan ýöräniň hiç kim görmez a:zanyn.

Akyldarlar we parasatlylar şeýle diýipdirler:
– Dört kişi dört kişiden gorkar we çekiner:

Garakçy patyşadan;
Ogry garawuldan;
Bozuk gybatçydan;
Zynahor ýasawuldan.

Hasaby dürs bolan adam hasaplaşykdan, barlagdan we derňewden heý gorkarmy?

Ýüz görjülik etmegin amalda sen hiç haçan,
Şonda göterlen wagtyň duşman haly bolar teň.
Sen päk bolgun, ak bolgun, gorkma dogan, kişiden,
Kirlän eşik mydama urlup ýuwulýar bilseň.

Men dostuma:
— Seniň halyňa tilki bilen baglanyşykly bir hekaýat tüýs meňzeýär — diýip, oňa şu hekaýaty gürrüň berdim:
– Bir gezek bir tilkiniň ýykylyp-sürşüp, ylgap barýandygyny görüp:
— Saňa näme bolýar? Başyňa bir bela indimi? Näme üçin beýle gorkup gaçyp barýarsyň? — diýip sorapdyrlar.
Onda tilki:
— Meniň eşidişime görä, ähli düeleri mejbury bir iş üçin ýygnaýarmyşlar — diýip, jogap beripdir.
Onda oňa:
— Eý, samsyjak! Mundan saňa näme zyýan bar? Düe bilen seniň näme baglanyşygyň bar? Sen bir tilki, düýä meňzeýän ýeriň ýok ahyry — diýipdirler.
Tilki:
— Ýuwaş, sesiňizi çykarmaň. Birden görip adamlar erbet pälleri bilen «bu düedir» diýip, meni tutarlar. Soň kim meni halas eder, kimiň ýadyna düşerin. Kim meni gözlär, kim idär? Düe däldigimi kim subut eder? Yrakdan tirýak gelýänçä, ýylan çakan adam öler gider — diýipdir.
Men soň hökümdaryň diwanynda iş gözleýän dostuma şeýle diýdim:
— Sen atly-abraýly, arassa, dürs, ynamdar we dindar adam. Ýöne unutma, göripler hem gizlenip ýatandyrlar. Garşydaşlaryň bir burçdan seni synlarlar, seni bolşuň ýaly däl-de, sende bolmadyk zatlar bilen tanadarlar we görkezerler. Olar seni patyşanyň ýanyna eltip, seni sorag-sowalyň öňüne taşlarlar. Patyşa hem saňa gaharlanar, käýär. Şol mahal kim seniň tarapyňy çalyp gürlär? Şonuň üçinem, iň gowusy sen bu ýagdaýyňa kanagat et, ulalmak, beýgelmek, baradaky pikirleriňi taşla.

Peýdaly tarapy köpdür, eger bilseň deňiziň,
Ýöne welin salamatlyk kenaryndadyr onuň.

Dostum menden bu sözleri eşidensoň gaharlanyp öýkeledi. Maňa gaharly sözler aýtdy:
— Bu nähili düşünje? Bu nähili akyl-paýhas? Akyldarlar ýöne ýere: «Dostlar zyndanda işe ýaraýandyr. Dostluk diňe şonda belli bolýar. Saçak başynda duşmanlar hem dost görnerler» diýmändirlermi ahyry? — diýdi.

Dost saýma gurplukaň, nygmat öňünde,
Lap ursalar, diýip: ”Dost-u ýaryň men”.
Kyn günüňde, haly perişan wagtyň,
Hakyky dost bolar eliňden çeken.

Ýöne görsem, ol maňa gaharly, öýkeli we meniň nesihatymy erbetlige ýorýar. Men hem aram saz bolansoň sahyp diwanyň-weziriň ýanyna gitdim, ýagdaýy oňa gürrüň berdim. Dostum üçin bir wezipe berdiler. Aradan ep-esli wagt geçensoň, onuň ukyplylygyny we yhlasyny görüp, wezipesini biraz beýgeltdiler. Onuň bagtyýarlyk ýyldyzy şeýle bir parlady we beýgeldi welin ol tä, wezirlige çenli baryp ýetdi.
Hökümdaryň iň ýakyn adamsy boldy. Barmak bilen görkezilýänleriň birine öwrüldi. Emirleriň we beýleki wezir-wekilleriň ynamyna girdi.
Men onuň bu beýgelişine çäksiz begendim we şeýle diýdim:

Agyr işden oýlanyp,köňlüňi gamly tutma,
Sebäbi aby-haýat bolar diňe zulmatda.

Gaýga atma başyňy kyn iş düşen mahaly,
Sebäp Taňrynyň bardyr kän gizlin gapylary.

* * *

Işler arzuw-islegňe eger laýyk gitmese,
Ýüregiňi paralap, etme döwrüňden kine.

Sabyr et kyn hem bolsa, soňy salamatlydyr,
Şoň üçinem sabyryň miwesi has datlydyr.

Şol mahallar birnäçe dost-ýarlarym bilen Mekgä haj zyýaratyna gitdim. Haj parzlaryny ýerine ýetirip, yzyma gelýärdim. Hälki wezir bolan dostum meni iki parsah ýerden garşy ady. Görsem, hal ahwaly perişan ýagdaýda. Işden boşadylandygyna göz ýetirdim. Ondan:
— Seniň bu bolşuň näme? – diýip soradym.
Onda ol maňa:
– Seniň aýdyşyň ýaly, birnäçe görip adamlar meni haýyn diýip yglan edip, töhmet atdylar. Hökümdar hem işi derňejegem bolmady, barlajagam. Öňki dostlarym hem hakykaty aýdyp bilmediler, dymdylar. Geçmişimdäki hakykaty unutdylar, hakykatyň tarapyny tutup bilmediler.

Tagt eýesi patyşanyň öňünde
Tagzym edip, el gursaga goýarlar.
Täleýi ters gelip, büdräp ýykylsa,
Aýak bilen başlaryna urarlar.

– Elgaraz, dürli belalara sezewar boldum. Bu hepde «Hajylar gelýär» diýip buşlansoňlar, meni hem bu buşluk zerarly bendilikden boşadyp goýberdiler. Daňan zynjyrlarymy çözdüler, atamdan miras galan öz mal-mülkümi hem elimden aldylar we hazyna geçirdiler — diýdi.
Men hem oňa:
— Sen meniň bir wagtlar aýdanymy kabul etmediň. Men saňa şonda näme diýipdim: «Patyşanyň işi deňiz syýahatyna meňzär, hem peýdalydyr, hem zyýanlydyr». Bilýärmiň bu nämä meňzeýär? Bu jadylanan hazynany açmaga synanyşan ýalydyr. Netijede, ýa hazynany ele salarsyň, ýa-da jadynyň täsiri bilen ölersiň. Sen bolsa meniň bu pikirimi kabul etmändiň — diýdim.

Deňiz üsti bilen söwdagär täjir,
Owuç-owuç altyn çekýär kenara,
Ýa altyny alyp çykar deňizden,
Ýa möwç özün öli elter kenara.

Men artyk gürläp onuň kalbynyň ýarasyny has hem gorjamak we üstüne duz sepmek, ýüreginiň agyrysyny has hem artdyrmak islemedim. Diňe sözüni kesip, şu iki beýti aýtdym:

Nesihat girmese gulagyňa bil,
Urular bir güni aýagňa gandal.

Iňňesine çydap bilmejek bolsaň,
Barmagy içýanyň hinine sokmaň.
Просмотров: 132 | Добавил: Haweran | Теги: Sagdy Şirazy | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]