10:03

Gündogar şahyry

GÜNDOGAR ŞAHYRY

Şahyryň gadyryn bilýär musulman,
Gündogar şahyryň gadyryn bilýär.
Seždegäh edinip şahyr guburyn
Mukaddes mazary arzylap gelýär.

Şahyr — Gündogarda — ruhuň pitnesi,
Şahyr — Gündogarda — Allaň hikmeti.
Ýöne ýere däldir gan içen şalaň
Gelip-gelip bir şahyra bitmesi.

Gündogarda şahyr şygry
pentdir pent,
Doga barabardyr —
sözüň hümmeti.
Dünýäni mergi deý gyran Teýmir leňk
Ýasawa gurdurýar köşk deý kümmeti!

Tersa Nesiminiň hamyn sypyryp,
Dirikä çekdirip gabyr azabyn,
Nije asyr bäri külli musulman
Togap edip gelýär onuň mazaryn.

Nobatguly, üýtget, efrenji ugruň,
Buýsan, aklyň ýetmejek bu halkyňa,
Ürgençde Nejmetdin Kubraň guburyn
Deňläpdirler ol
hut Mekgäniň hajyna.

Gündogar şahyryň gadyryn bilýär,
Bilýär ol şygyryň sarpasyn saklap.
Bak, Nazymy dara çekjek general
Aglap ýatyr guburyny gujaklap.

Ýatyr Mäne baba kümmet astynda,
Ýatyr Sagdy,
Haýýam,
Rumy,
Jamy-da.
Köşkden zyýat ol türbetler aslynda
Nesip etmez dünýäň her bir şasyna.

Azan bilner,
Aýat bilner,
Em bilner,
Pyragynyň gelýän sesi Çendirden.
Gündogarda hakdan içen şahyrlar
Pygamber ýok çagty —
pygamberdirler!
Категория: Goşgular | Просмотров: 186 | Добавил: Bagabat | Теги: Nobatguly Rejebow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024
Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024
Tazy / Goşgular - 30.01.2024
Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024
"Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024
Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024
"Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024
"Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024
Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024
Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024

Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Atsyzatly  
1393
Bir wagtlar Gündogarda şahyrlar iliň gözi, dili, beýnisi bolup olaryň ýüreginde beslän arzuw-umytlaryny isleýişlerindenem çeper sözler bilen jahana ýaýyp bilipdirler.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]