21:11

Gurbanmämmet serdar / romandan bölek

PROLOG

Gijäniň bir wagty dymyk, yssy otagyň iniňi tisgindirip, telefon aýylganç ses bilen jyňňyrdady. Onuň aldajyňky ýaly, ýiti sesine garaňky otagyň bir burçundaky köne krowatda süýji ukyda ýatany, tarsa aýak üstüne galdyrdy. Ol adam garaňkynyň içinde nämedir bir zada büdüräp, telefon apparatynyň duran ýerini çen bilen sermeledi. Ahyry otagda duran belent stoluň üstüni çen bilen barlap, apparaty tapdy-da, onuň agyr trupkasyny göterdi-de, ony gulagyna tutdy.
– Alo, okružkom Artykow diňleýär – diýip, ýuwaşja aýtdy.
Aňyrdan nobatçy esgeriň howsaladan, gorkudan doly sesi eňterilip gaýtdy.
– Ýoldaş okružkomyň başlygy, gyssagly habar, on müň atly basmaçysy bilen Jüneýit han çozup gelýärmiş. Gyssagly çärä – kömege garaşýarlar. Ol eýýäm Daşhowuz şäheriniň...
Artykow howsala bilen gözlerini açalak-ýumalak etdi-de üzlem-saplam gürledi.
– Kim?! Kim habar berdi, habar ynamdarmy?
– Ynamdar! Raýispolkomlaryň nobatçylary. Bäş raýondan. Olaryň bary aýak üstünde. Tutuş okrug dowul içinde...
Artykow az-kem özüne geldi-de, ýaş ýigidiň aladaly sesi bilen, buýruk berdi.
– Onda şeýt okružispolkomy, samoahranany, garnizonyň naçalnigini, milisiýa uprawleniýasynyň başlygyny – Ol az-owlak säginde-de – Ýene, ýene kim bar? – diýdi.
– GPU-nyň başlygny, gyssagly çagyr, býuro çlenleriniň ählisiniň yzyndan gyssagly maşyn iberiň.
Ol howsala bilen çep eline seretdi.
– Häzir sagat näçe?
– Sagat üçden on minut işleýär.
– Düşnükli. Okružkomyň daşynyň goragyny has berkidiň. Meniň kabinetimiň çyralaryny ýakyň. Kabineti ýeljirediň.
Artykow trubkany ýerinde goýdy-da, krowatyna geçip, çyrasyny ýakman, geýinmäge başlady.
Sähel salymdan ol iş kabinetinde, kreslo geçip ýüzüni sallap otyrdy.
Okružkomyň başlygynyň giň kabineti yssydy, dymykdy. Täzelikde getirilip gurnalan mebeller otagy haýbatly görkezse-de, olardan gelýän ýelimiň, agajyň, reňkiň del yssy burnuňa urup, keýpiňi hasam gaçyrýardy.
Artykowyň oglantag gazanlaç ýüzi, gyýak gözleri ejirlidi. Ol daşyna gara gaýyş çekilen kreslosynda amanat ýaly bolup, bir işige, bir penjirä garanjaklaýardy.
Ol uzyn barmakly aýasy bilen gýyk gözlerini ynjyly owkalady, soň arkan daralan gara saçlaryny endikli sypalady. Goşar sagadyna ünssüz seretdi.
Daşarda maşynyň gelip duran sesi eşidildi. Girelgede hümürdi köpeldi. Soň gaýşa gaplanan işik açyldy.
– Ýoldaş okružkomyň başlygy okrug harby garnizonynyň naçalnigi, polkownik Korbin siziň çagyrmagyňyz boýunça geldi.
Artykow ejirli ýüzüni eňşitdi.
– Bolýa, bolýa. Geçiň oturyň.
Soň GPU-nyň başlygy Kornilow, milisiýa uprawleniýesiniň başlygy polkownik Zaharow, okrug ispolkomynyň başlygy Saryýew bile girip, ýerli-ýerlerine geçip oturdylar.
Býuro çlenleri, iň soňundan samoohrananyň başlygy Mädreýimow geldi.
Mädreýimow ejirli ýüzüni turşadyp, ýerinden turdy. Onuň sesi gaharly çykdy.
– Ol haramzada deýýus çozup gelýärmişin, ýene, on müň atlysy bilen...
Ol GPU-nyň başlygyna tiňkesini dikdi.
– Hany «Jüneýit han çozmaz» – diýip bal kölüne batyryp, bol-bol akyl satýardyňyz-la. Hany indi Köneürgenje, Porsugala, Ýylanla, Tagta, Akdepä çozuşy ýaly, indi Daşhowuza ýetip gelýär. Tutuş okrug dowulda. Olar bizden kömek tamakin, biziň bolsa habarymyzam ýok. Näme etmeli?
– Diňe Daşhowuz şäheri däl, bizi güpbasdy etseler, tutuş okrugy alarlar. Okrug howp astynda.
– Näme etmeli?!
Ol trubkany galdyrdy. Sähel sägindi-de:
– Gyssagly Türkmenistan komisarlar sowetiniň başlygy ýoldaş Atabaýew bilen birleşdiriň.
Hiç kimden ses çykanokdy. Kabinetiň bir ýerinde goýlan sagadyň sesi tutuş kabineti ýaňlandyryp durdy.
– Näme şeýdip biri-birimiziň ýüzümize seredip, dymyp oturmalymy?!
Artykow Korbiniň, Kornilowyň, zaharowyň oturan tarapyna baş atdy.
– Hany näme etmeli? Ýa-da ýene geçen ýylky ýaly harby ýagdaý yglan etmelimi?
Polkownik ör-gökden gelip ýerinden laňňa galdy.
–Indi ol bolmaz. Ol bolmaz. Moskwadan, ýoldaş Woroşilowdan idin bolmasa, ol bolmaz.
Artykow ejirli ýüzüni sallady.
– Onda okrugy Jüneýit hana bereliň. Özümizem oňa attutar bolup baralyň. Baryň, beriň okrugy. Näme otyrsyňyz. Çagyryň gelsin alsyn.
Ol birden özüni ele aldy. Ýaş juwan ýüzünde ejiriň deregini gazap eýeledi. Gyýan gözleri ýandy.
– Bolýar men şu pursatdan başlap Daşhowuz şäherinde harby ýagdaý yglan edýärin. Ol agzyny dözümli açdy-da, dişlerini şakyrdadyp gysdy.
– Jüneýit han indi sypmaz. Bu sapar Daşhowuz şäheri onuň, şeýle hem orramsy şaýkasynyň gabry bolar...
– Woroşilow, Taşkent!...
Artykow elini dözümli salgady.
– Polkownik, bes ediň-de, dymyp oturyň – Ol ýerinden gazap bilen turup, ýumrugyny stola urdy – Sizem, GPU-da, milisiýa-da öz sözüni gaty oňaryp aýtdy. Size geple diýseň – Ol düwülgi ýumrugyny işige salgady. – Ine siziň sözüňiz. Jüneýit han Daşhowuza arslan bolup topulyp gelýär. Ine siz baryň...
GPU-nyň başlygy närazylyk bilen ýerinden turdy.
– Ýoldaş okružkomyň başlygy...
Telefon jyňňyrdady. Artykow duran ýerinden telefon trubkasyny gyssanman galdyrdy.
– Konstantin Sergeýewiç sizi soraýar.
Artykowyň ýüzi ýene-de eňşedi.
– Salam Gaýgysyz Serdarowiç! – Artykow agzyny kemşertdi-de ysgynsyz ýylgyrdy – ýagdaýlarmy? Şu wagt-a üýşüp, aljyrap otyrys.
Işikde hümürdi, takyrdy, şakyr-şukur köpeldi. Ýapyk duran gapy iki gapdallaýyn batly açyldy. Eli «winestçdo» bäşatarly, döwüň çagasy ýaly pyýada düňderilip gelşine töre geçdi-de aňka-taňka bolup duran Artykowyň ýeňse çukuryna tüpeňini diredi.
Oturanlar nämäniň nämedigini aňyp ýetişmänkä, pälwansypat ýigitleriň ýene ikisi kürsäp içeri girdi-de, hersi gapynyň bir tarapynda tüpeňlerini oturanlara gezeşip durdy. Şol pursat çalaja açylgy penjiräniň aýnasy pagşyldap döwüldi-de pulýomýotyň agyr demir niliniň ýarysy kabinete süsdürüldi-de boş diwara tarap tapgyr-tapgy ok seçeledi. Içerini tüsse däriniň tanyş ysy gaplady. Okuň badyna stoluň üstünde duran onluk çyranyň peltesi ýelginip-ýelginip gitdi-de içerini gara kölegesi bilen ýelpedi.
– Çekiliň! Ýaraglaryňyzy çykaryň-da, öňüňize taşlaň.
Bäşatar atyldy. Oturanlar ziňkildäp gitdi.
Artykowyň ýeňsesine tüpeň diräp duran pyýada aýylganç ggyrdy.
– Turuň, eliňizi galdyryň! Ýaraglarňyzy...
Başga bir jigit geli stoluň üstünde başly-barat bolup ýatan naganlary ýygnap aldy-da gyra çekildi.
Içeri orta boýly, gyzyl ýüzüne, mäşbürünç sakaly gelişi duran gyzylgyt guzy derisinden owadan telpekli, hywa donunyň üstünde, gyzylgyt reňkli çäkmen geýinen, bili, döşi hatarly, perişdesypat adam başyny belent tutu içeri girdi.
Ol özüne seretmäne gaýraty çatman ýüzlerini ýedi ýuwlan biýz ýaly eňşidip, titireşip duran pyýadalara birlaý göz aýlady-da, soň Artkowyň ýüzüne gazap bilen seretdi.
– Hä, goçjyk, Jüneýit hana garşy söweşmek isleýäňmi? Ol döşüni gerdi.
– Ine, Jüneýit han garşyňda dur.Sen munça nöker ýygnap azara galma diýip özüm aýagym bilen geldim. Näme gaýratyň bolsa, görkeziber indi.
Artykowyň ýeňsesinde duran «döwüň çagasy» gürledi.
– Han aga, bulary nädeýli?  Ýa-da...
Han onuň sözüne pitiwa bermedi.
– Bularyň ganyna eliňi bulap bolmaz. Bular diňe özleriniň pälinden tapmalydyr. Olar kime gulluk edýän bolsa, şolar hem bularyň muzduny brmelidir... 
Ara imisalyklyk düşdi. Şol wagt stoluň üstüne taşlanan telefon trubkasy jygyrdap, ondan adam sesi çykyp başladyş
– Alo! Alo! Artykow?!
Han trubkany eline aldy-da, gulagyna tutdy. Ol telefony bilýärdi. Owganystanda bolanda ony Owganystanyň patyşasynyň wezirleriniň biri bilen gepleşdiripdiler.
– Kim kepleýär?
– Atabaýew, Aşgabatdan. Sen kim? Hany Artykow?
Han Artykowa garady. Soň trubka gürledi.
– Sen Atabaýew bolsaň, meni diňle. Seniň kakaň Täç gök serdar il oglydy. Ýöne bendäniň döli  ok eken. Sen kakaňa däl-de dälibaş puştum daýylaryňa, gyrnak ejeňe çekipsiň, gyrnak bolubam galypsyň...
Atabaýewiň sesi gaharly çykdy.
– Sen kim? Meni bilen beýle kepleşerçe kim bolupsyň? Goý trubkany. Ýogsa diliň damagyňa dykylar.
Jüneýit han töweregine göz aýlady-da trubka gepläp başlady.
– Sen, Gyrnak ogly meni diňle. Sen, sen beýle orsuň syrtna gysdyrylyp iliň aşyna awy gatar ýaly, türkmen saňa näme ýamanlyk etdi. Ors halkyňy pitige mündürende hossar bolmadyň. Indi kapyrlar özüňi pitige mündirende kim seniň dadyňa ýetişerkä? Kapyra jan çekiber, ýöne depäňden asyl-asyl bolup duran gara gylyjada gözüňi aýlagyn. Indem çek, asman paýyňy iti emjegini emen hapa güjük...
Ol trubkany taşlap goýberdi-de işige ýöneldi.
– Şol gep size-de degişli. Ine Jüneýit han, baryň, süýdüňizi asmana sagyň. Çekiň asman paýyňyzy. Men nirä ýöresem, Allanyň ýoly bilen ýöredim. Näme iş etsem Allanyň razylygy üçin etdim. Men ýalňyşan bolsam, Alla bagyşlasyn. Emma siziň ýaly Hudaýsyzlaryň ýoly bilen ýöränleriň dat gününe. Siziňem päliňiz, niýetiňiz ýoldaşyňyz bolsun.
Han merdana ädimläp, işikden çykyp gitdi. Artykowa bäşatar çenäp duran ýigit, ony bäşataryň nili bilen burça itip goýberdi-de, zarp bilen otagdan çykdy.
Okružkomyň başlygy doňup durşuna, birden silkindi. Ol töweregine aljyraňy garady, gyýak gözlerini mölterdip durşuna, özüni ele alman trubka topuldy.
Trubkany gulagyna tutup, gyryljak ses bilen:
– Alýo! Alýo! – diýdi. – Men, Artykow. Men, başymyza musallat indi...
Atabaýew trubka myşlady-da, gazaply äheň bilen gürledi. Onuň sesini kabinetdäkileriň bary eşitdi.
– Kim, ýaňky haýwan. Kim ol meniň bilen beýle kepleşerçe. Kim ony hökümet telefonyna goýberen...
Artykow işige gorkuly garady. Soň süňňüni saklap bilmän titiräp durşuna:
– Jüneýit han, ýoldaş Atabaýew. Duýdansyz üstümizi basdyrdyk.
– Kim? Kim? Kim, diýdiň?
– Jüneýit han, ýoldaş Atabaýew!
Atabaýew kineli güldi.
– Sen aklyňdan azaşdyňmy, Artykow. O nähili Jüneýit han?! Häzir maňa Gyzyletrek serhet zastawasyndan jaň etdiler. Jüneýit han kyrk atlysy bilen ýaňja Etrek derýasyndan aňry geçdi. Sen bolsa...
– Artykow stoluň töwereginde galdyrap duranlara göz aýlady-da, trubkany apparata goýdy. Soň birsalymdan:
– Gözüňiz aýdyň, Jüneýit han Eýran serhedinden aňry geçipdir – diýip, özüni kreslo goýberdi.
Onuň sesini pulomýot niliniň kül pagyş eden aýnasynda atylyp çykyp, bada-bat howa ýaýrady.

BIRINJI BÖLÜM


 1.     

Güýz Daşoguz welaýatynyň seleň källerine, ýaşyl öleňlerine ertekilerde agyz suwardylýan şaýly gelin bolup düşüpdi.
Gara baglar, äpet-äpet güjümler, saýasynda süri-süri mal sonarlabermeli erikler üstüne süri-süri sülgün gonup, älemgoşar ýaly ganatlaryny ýaýan ýalydy. Giden sährany tutup ýatan baglara bir bakanyň gözi doýmaýardy. Adyny tutan reňkiň parlap bark urup durdy. Ene baglar indi ir-imişiniň öwezine müň öwüşgünli reňk satýardy.
Ýaplaryň, boýundaky bossançylyklaryň gyrasyndaky çal duman ýaly bolup ýatan beýik igde agaçlary hurmaýy miwelerinden  uýalýa ýaly, miwelerini güjeňläp, başlarny aşak salyp otyrdy. Ýaplaryň suwy boldy. Özem çüýýşe ýaly lowurdap, buldurap akyp ýatyrdy.
Ýaşyl öleňlere owadan ýaşyl seçeklini pasyrdadyp, asman çöken ýalydy.
Basym eňňere bolmaly ekinleriň ruhunda asudalyk bardy.
Källerde, öleňlerde, bakjalarda adam-gara görünmeýärdi. Ýollar gözýetime çenli uzalyp gitse-de, onda kän bir gelýän-gidýän görünmeýärdi.
Diňe Garaporsaň bilen Akgumyň aralygyndaky Gumdan tä Şabada çenli ýaýylyp gidýän Şorköl öleňiň içiniň ibirt-de zibirdi etikdi.
Tutuş welaýat goh-galmagalyny şu öleňde getirip, gapgarana meňzeýärdi.
Bu öleňiň ortasynda ýap-ýaşyl bolup ýatan kölüň suwy şor bolmasa-da mallar ondan geregini alýardylar.
Ýoluň gyrasy at gaýtarym meýdan durşuna sonar otdy. Kölüň boýy gyşyn-ýazyn maýsalanyp duran hyşa-gamyş bolansoň, obalaryň mallarynyň özüni atýan ýeri bolup galypdy. Tagta, Ýylanly, Köneürgenç obalary ýiten, tazygan mallaryny şu ýerlerden tapýardylar.
Güýzüň şu günleri bu ýerler obalaryň ýaş ýetginjekleriniň mesgenidi. Ollar mallaryny bahanalap, bu ýere oýnamaga gelýärdiler. Häzirem olarň gkylygy asmana çykýardy.
– E-eý, – diýip, oglanlaryň ekabyrragy, kellesi ardylan garyn ýaly akjaryp duran ýetginjek turbadan çykýan ýaly ýogyn sesi bilen top oýnap ýörenleň ünsüni sowdy.
– Geliň çörkden oragatdy oýnaýas.
– Nädip?
– Orak atýas. Kim ýeňilse öz çöregini utana bermeli.
Bu teklip oglanlaryň ýadyna çöregi düşürdi. Her kimiň içi eljuk diýip durdy.
– Geliň-eý, hany, her kim öz çöregini orta goýsun!
Oglanlaryň kimsi haltasynyň, kimsi donunyň jübüsini agtaryp, döwüm-dişlem çörek tapyp, orta goýdy.
Orta üýşen çörek beýle bir kän däldi, onda-da oglanlaryň ählisiniň gözi tötenden, arpa unundan, bugdaýdan bişen her dürli çörek bölejigindedi.
– Onda ilki bije atalyň-eý.
Bijäni kellesi şatyr kel bolup duran oglan öz telpegine atdy. Ol telpege her kim bir zat taşlady, kim gamyş bölejigini, kim iňňebagjygyny, kim bir düwür daş.
– Eý, Şammy, näme, Gurbanmät oýnanok, iň kän çörek şonda bar-a. Kel oglanjyk oňa ünsem bermedi.
– Ol-ow, jüneýitleň iň husyd-a. Göreňokmy, il oýnanda-da ot ýygyp ýör, nebis diýip öljeg-ä how.
– Gel-eý, Jüneýit, çörekden oragatdy oýnaýas.
Hyşalykda körsenip ýören oglanjyk olara gygyrýarsyňyzam diýmedi. Çörekli «oragatdy» oýny gyzyşdy. Oglanlaryň gülküsi, sene-meneli gohy asmana çykdy. «Ýol soňy ýagyş, oýun soňy uruş» diýenleri çyn boldy. Çörek paýlanyşykda oglanjyklaryň gyzyl ýumruga gireni köp boldy.
Ýöne Şammy olardan rüstem çykdy.
– Geliň-eý, göreş tutalyň.
Şammy oglanlaryň ählisi bilen göreş tutdy. Kim ýykdy, kim ýykyldy. Emma Şammy olaryň ählisinden rüstemdi. Onuň boýam iliňkiden beýle bir üýtgeşik uzyn däldi. Daýawlygam ýokdy. Emma gamçy ýaly bolup daşyňa bir dolandygy, edil gapanyň bar-da.
Bu öleňde Şammynyň demine düşmedik şol hyşşanyň içinde körsenip ýören Gurbanmätdi.
Gurbanmät bu ýerden ep-esli alyslykda ýerleşýän Bedirkent obasynyň sygyr çopanydy. Onuň padasynda 40-50 ýoz, sagylmaýan sygyr bardy.
Oba ep-esli uzakda bolany üçin oglanjyk şu ýerde guran çerteginde ýatyp-turup, mallara göz-gulak bolup ýördi.
Onuň çertegi üýtgeşikdi. Oglan ilki söwüt, igde, petde şahalaryndan berkje çertek gurdy. Soň bu çertegiň daş-töweregine, depesine ýandak, ýanbaş, hoşa, çaýyr basdy.
Indem, her günde ep-eslije ot ýygyp, çerteginiň üstüni ýetirýärdi. Asyl, indi görseň, ol çertek däl-de äpet ot küdesi bolup gidipdi.
Şol küdäniň içi agşamlaryna ýyly, gündizlerine salkyn öýdi.
Bu äpet ot küdesi bu ýerleriň gazaply gyşyna mal-gara bol ot boljakdy.
Häzirem Gurbanmät desse-desse ot ýygyp, bir ýere üýşürip ýördi.
Oglanlar Gurbanmädi känbir halap baranokdylar. Onuň sebäbi bu oglanda çaga, oglana mahsus höwes, howaýylyk ýokdy. Durşuna nebisdi. Iliň çagasy oýun oýnasa, ol ot ýygyp ýörendir. Çagalar dynç alsa ol odun çöpläp ýörendir. Çagalar ýadap, çertege sümülip süýnse, ol mallaryny gaýtaryp ýörendir. Il bar-ýok zagarasyny suwa batyryp, iýse, ol ýygan otuny çertegiň üstüne basyp ýörendir. Ýakyn obalaryň çagalary öýli-öýüne gaýtsa, Gurbanmät mallaryny tükelläp ýörendir.
Bu oglanyň gara nebisligi Şammynyň jynyny atlandyrýardy. Ähli oglany ýykyp, göwni üýtgeşik ruh bilen galkynan Şammy dişini gyjady.
– Tap, seniň doganyňy... Men şol husyt Jüneýit bilen bellisini edeýin-le, hyşşalykda.
Ol äpet ýylgynlaryň düýbündäki terje maýsalary oragy bilen orup ýören oglanyň ýanyna geldi.
– Eý, Jüneýit, bes et, ýöri, men seniň bilen göreşjek.
Gurbanmät aňka-taňka boldy.
– Göreşjek?!
– Hawa, ýör. Men oglanlaryň baryny ýeňdim, bir sen galdyň.
– Ýok, men göreşjek däl.
Şammy bir eli orakly, bir eli bir petde gök çaýyrly oglana topuldy. Ony gujaklap göterdi-de, oglanlaryň göreşýän ýerine alyp geldi. Soň has-has edip durşuna:
– Hany, oragyňy taşla. Bol, göreşeli, ýyksaň, men on günläp seniň eşegiň bolaryn, ýykylsaň, sen on günläp meniň eşegim bolarsyň.
Gurbanmät gyra çekildi.
– Ýok, men göreşjek däl.
– Eý, ol namard-a.
– Heheý, heheý, gorkak.
– Züwwetdin!
– Ýok, how, heleýçe ýok, ol.
Bu sözler eli orakly oglanjygyň ýüregini mynçgylady. Ol elindäki oragyny, otuny gyra oklady. Başyndaky kiçijik telpegini çykaryp, ýylgyndan asdy. Soň üst-başyny düzetdi. Oglanlaryň göreşip-göreşip torç eden ýeri ýumşakdy. Ýöne Gurbanmädiň özüne göwni ýetýärdi. Ýykylmak pikiri-hä onuň kellesine-de gelenokdy.
Şammy ur-tut bilinden tutdy-da, ony başyndan aşyryp düňderip goýberdi. Ol ýerde çäşerip ýatyşyna ak buludy galňan göge, Üstýurda tarap dazlap barýan Güne bir garady-da ýerinden turdy.
Ala-wakyrdy bolup gülüşýän oglanlar, Şamma meçew berdi.
– Üç sapar ýykmaly. Ýene tut, ýene tut...
Şammy Gurbanmäde garşy ýöneldi.
– Ýok, göreşjek däl. Sen namart göreşýäň.
Şammy onuň ýakasyndan tutdy.
– Diliňi çeýneme, agzyňy gan ýalan ganjygyňky ýaly ederin.
– Näme, ýalanmy? Duran adamy alyp ýykmak namartlyk dälmi?
Şammy kel gyzdy.
– Me, gel, men durýan, nähili tutsaň tut, beýle mert bolsaň.
Gurbanmät göreş tilsiminden habarsyzdy. Ýöne «güýç bilen alaryn» öýdýärdi. Şonuň üçin oglan namysjaňlygy bilen gyzmalyk etdi-de, garşydaşynyň bilinden tutdy. Şonda ol Şammynyň tuduň kötügi ýaly berkligine göz ýetirdi.
– Bolduňmy?
– Boldum!
Şammy ony ýene-de bilinden ýeňiljek tutup, düňderip goýberdi, soňam ýer bagyrtlap, çärelip ýatan oglanyň bilinden jagyrdadyp basdy.
– Indi boýunalýaňmy ýeňileniňi? Sen meniň eşegim, boýun al.
– Boýun alamok. Ýene bir sapar...
Gurbanmät ýadapdy. Şonda-da ol ýene-de tutluşdy.
Şammy bu sapar çopan badagyny saldy. Gurbanmät badakdan boşamagy başardy.
– Tap, seniň doganyňy – Şammy ony erbet silkeledi.
Gurbanmät Şammynyň güýjüni duýdy. Ol ösüp oturan syrdaň güjümi gujaklaýan ýalydy. Oňa hiç güýç kär edip biljek däldi. Şammy ony ýene-de biline çenli göterip, pyrlanyp ugrady. Başy pyr-pyr aýlanan Gurbanmät honda guma bulaşyp ýatanyny duýup galdy.
– Ýeňildim!
Şammy gyra çykyp oturdy.
– Eý, ol indi seniň eşegiň – diýip oglanlaryň biri gygyrdy.
– Äý, ondanam bir eşek bolarmaý, ol maçy eşeg-ä. Ony nemetmeli.
Şammynyň bu sözi öňem jany ýanyp oturan Gurbanmädiň ýüregine ot bolup basyldy. Ol otuň ýanynda duran oragyny alyp, gandaryny gören ýaly bolup Şamma topuldy.
Şammy ýerinden turmaga zordan ýetişdi-de, Gurbanmädiň ýüzüne ýumrugy bilen ýelmedi.
Gurbanmät ömründe beýle agyr zarbaly urgyny görmändi. Onuň goşa gözünden uçgun çykyp, ýüzi tersine dönen ýaly boldy.
Oňa çenli Şammy ony ýene urdy. Onuň bişen kerpiç ýaly gaty, agyr ýumruklary Gurbanmädi lagşatdy. Ol ýere ýykylyp ýatyşyna töweregine ysgynsyz, naýynjar garady. Şammy ony gazap bilen iki sapar depdi.
– Gel, ýene deg, seniň doganyňy bir...
Gurbanmät süýrenip hyşalyga baka çekildi. Birsalym ýatyp, özüni dürsedi.
– Eý, Hudaý, bu nähili oglan. Eý, Alla, meni goraweri.
Gurbanmät özi bilen ýatyp, özi bilen boýdaş, özi ýaly çepiksije oglanjykda beýle gazaply güýjüň barlygyna haýran galdy.
– Onuň ýüregi daşdandyr. Ol döw çagasy. Ondan daşda durmaly.
Ol özüni dürsedi-de, mesawy gürrüňe gyzan oglanlaryň oturan ýerine baryp, telpegini, oragyny alyp, çertegine girdi.
Gün Üstýurt daglarynyň üstüne çykypdy. Günüň eňek atýanyny aňan mallar toplanyşyp ugrapdylar. Gör ýaly garaňky çertek Gurbanmädi gysyp-gowrup barýardy. Çagalyk utanjy, öň hiç wagt duýulmadyk çagalyk namysy ony köz ýaly gamçy bolup daglady.
– Sen entek duruber, senden arymy alaryn, kel doňuz – diýip, ol dişleriniň arasyna awuly sözleri salyp samrady – Sen, sen meni uranyňa puşman edersiň.
Ol şu gün özüniň ölen goýnuň porsy maslygyndan enaýy däldigine düşündi.
– Meni kim çeýnese, kim çekelese çekeläbermeli, mendenem bir erkek kişi bolarmy? Meni öz çertegimiň işiginde şeýdip masgaralajak bolsalar, özümi gorap bilmesem, tüf ýüzüme.
Ol özüne buýruk berdi: «Bar seniň mertebäňi masgaralanyň bokurdagyny orak bilen kerçip goýber». Ol gazap bilen ýerinden turup, garaňky çertekden çykdy.

2.
    Hälki guş bazary ýaly jagyl-da-jugul bolup duran ses tapbat bolana dönüpdi. Oglanlar doňan ýaly bolup, oba tarap aňkarylyşyp, garap durdular.
Gurbanmädiň gözi öleňde at salyp ýören eli tüpeňli atlylara düşdi. Olar jynssyz gygyryşyp, mallary öňlerine salyp, toplap, günorta, guma tarap kowýardylar.
– Haýt, çüw, şahy döwlenler, çüw.
Ol öz mallaryny tanady. Olaryň arasynda gyzyl tüwesem bardy.
Otuz dokuz sygyr, birem gyzyl göle. Atlylar olary toplap, öňlerine salyp, depe bolup duran  çertegiň ýanyndan daýyrdaşyp geçdiler.
Atlar daýawdy. Olar guş bolup uçmaga taýýardy. Sygyrlar guma tarap başly-baratly çapyşyp baryşlaryna, çopanlaryndan haraý isleýän ýaly, oňa delminip garan ýaly boldy.
– Ol beçjelerem süreli. Mary bazaryna äkidip satarys.
– Satyp näme etjek. Ahala barýançak özümize güýmenje-hä bolar – diýip, daýaw gyr atyň üstündäki owadan silkme telpekli suwjuk güldi.
Gurbanmät onuň ýüzüni görmedi. Ýöne, ýalpyldap duran owadan ädigini, täzeje bäşataryny, atyna eýer bolup duran teke gölli haly horjunyny synlap ýetişdi.
– Ýok et, şu mallara-da Ahalda telim sany gözi gyzyl gyz alarys.
Ol pökgerip, demir dor atyň üstünde içi pagtaly ganar ýaly bolup oturan pallyk adamyň ýüzini gördi.
Ol adamyň pezzik murty, ýagly ýüzi batyp barýan günüň şöhlesine aýna ýaly ýaldyraýardy.
– Çüw! – diýip, pallyk adam atyny şadyýan gamçylady.
Atlylar hiç bir garaw görmän mallary sürüp, öleňden çykyp, guma ýarmaşyp başladylar.
Gurbanmät aglap duran obadaşynyň ýanyna bardy.
– Çerrik, olar kim?
Çerrik özüne uly bolýan telpegi bilen ýüzüni basdyryp, hork-hork edip aglady.
– Indi näderin, ýekeje sygyrymyzam galtamanlar alyp gitdi. Onuň gözleri ýagy ýok wagty ejiz oglanlara şir bolup ýören Şammyny agtardy. Olar bäş-on oglan bolup oba tarap howlugyp eňip barýardylar.
– Çerrik, aglama. Sen oba ylga. Kakama-da habar ýetir.
– Sen näme?
– Men ne ýüzüm bilen oba baraýyn. Kyrk sygrym gitdi. Men oba baryp bilmen – ol özüni lampa ýere goýberdi-de, ýer ýumruklady.
– Edil ýerden çykan ýaly boldular. Nirden gelenlerinem, nähili gelenlerinem duýman galdyk. Bagtymyz ýatdy – diýip, Çerrik iňläp, oba düwdenekläp gitdi.
– Ah, däde, näme diliň siňňillimidi. Düýn dälmidi, «oýna gyzyp malyňy tozduraýma. Ahal tarapdan alamanlyk kän diýýärler, malyňa pugta bol» - diýeniň. Menem oýna gyzmasamam, göreş diýdi, beýleki diýdi, ahmal galdym-da...
Gurbanmädiň içiniň lowlap ýanýan esasy zady, giden maly bolsa-da, şol kyrk sygyryň içinde gyzyl tüwe ony otdan alyp oda salýardy.
– Däde maňa mal bakdyrjak bolsaňyz bir ýaby, bilen tüpeň alyp beriň – diýip, ol ertir çaýynyň başynda telim wagtlap ýüreginde göterip ýören höwesini daşyna çykarypdy.
Hojabaý aga halsyz ýüzüni galdyrmady. Dulda mal üstüne gitjek ogluna azyk taýýarlap oturan Ene daýza mapraç ýüzüni adamsyna bakan öwürdi.
– Gyzyl gaçary bak, bejer, ýagşy semret-de sat.
Hojabaý aga aýalyna gözüni alartdy.
– Iliň sen ýaly çagasynyň at münüp, tüpeň götereni barmy?
Gurbanmät ýerinden laňňa galdy.
– Däde, iliň çagasy men ýaly pada bakanok. Olar ertirden agşama çenli aşyk, çilik oýnap, agşam zordan öýüne gelýär. Sen maňa ýaby alyp ber, men onuň bilen ähli malyňam bakaýyn, agşam gelenimde otam ýükläp geleýin.
Hojabaý aganyň gazaby gowşady.
– Onsoň bir gaçar saňa ýaby boljakmy? – ol çaýyna güýmendi – Hany şol gaçary bir gowja bak, geregiň ýaby bolsun.
Gurbanmät mäh diýmänkä ýabyly bolan ýaly boldy. Gyzyl gaçar onuň gözüne otdan yssy görünýärdi. Ol şu çertege-de ot basmasynyň sebäbi ýabyly gürrüňiň bir ujy bilen baglydy.
– Tüpeňi soň alaryn, ilki bir ýaby edineýin.
Ol içini çekip iňledi.
– Bary köýdi. Men bu gün oglanlarymyň arasynda it masgarasy boldum. Indi malymdan el ýuwup oba barsam bütin il meni näletlär. Ysnat boldum, ysnat.
Onuň tutuş süňňi galpyldady. Ol gorkusyna çöke düşdi-de, kyblasyna bakdy.
– Eý Allajan, iliň-günüň içinde meni namart etme. Naýynsap garakçylardan meniň malymy alyp ber.
Onuň agzy açylan ýaly boldy.
– Eý, Ysmamyt ata jan, maňa güýç-kuwwat ber. Halalja malymyzy garakçylaryň elinden almaga güýç ber. – Ol bilýänje dogalaryny okap elini ýüzüne ýetirdi.
Soň şatyr-şutur çokaýyny çykardy, telpegini çokaýynyň üstüne atdy. Çerteginiň işiginden asyp goýan ýüpi bilen bilini gaýym guşady. Soň mallarynyň yzy bilen ylgap, guma çykdy.
Gün batdy. Ol mallarynyň torç eden yzlaryny alyp, howlukman ylgaşlap barýardy.
– Gurbanyň bolaýyn Ysmamyt ata jan, ýa mallarymy yzyna getireýin, ýa-da şonuň ýolunda ölüp galaýyn. Bu ýolda sen meniň bilen bol, ýa Hudaý.
Gum sowaýardy. Onuň ýalaňaç aýaklary hiç zat duýmaýardy. Ýüreginde ýekeje niýet bardy. Şundan Ahala gitmelem bolsa gidip, mallaryny yzyna alyp gelmekdi. Munuň üçin on bir aý, on aý, bir ýyl gerek bolsa-da ol parh etjek däldi.
– Bütin ömrüm boýy ylgar giderin, ahyry, tapyp mallarymy yzyna getirerin. Hökman, ýa ölerin ýa-da...
Gurbanmät ömründe şu günki ýaly utulyp görmändi. Ol şu on iki ýaşynda, özüni bilip, şu günki ýaly hakyny gideren ýeri bolmandy. Durmuş bu gün ony agyr synaga salypdy.
Tutuş welaýatyň obalaryndan gelen oglanlaryň arasynda Şammy keliň ony it ýenjen ýaly edip, masgaranyň masgarasy edip göreşde birem däl, üç sapar ýeňmegi, yzyndanam «Sen meniň eşegimsiň» diýmegi diri adama başyny galdyryp gezer ýaly däldi. Ol kel doňuzyň «Sen meniň eşegim» diýmegi «Sen meniň heleýim» diýen manyny aňladýar-a.
Gurbanmät titredi. Ýöne möjek ylgawyny kesmedi. Onuň ýagyrnysy derläp, köýnegi şapba ýapyşýardy. Dursa, ýörese deriniň sowamagy mümkindi.
– Ahala çenli ylgawyma gitmelem bolsa, giderin. Binamys bolup ýaşanymdan, ölenim gowy.
Ol ertir obalara doljak şum habar barada ajy oýlandy.
– Bu habar oba ýaýrasa, ilki bilen öz kowumdaşlary begener. Ata-babalar «Başga ýagyň bolmasa, babadaşyň ýokmudy» diýip dogry aýdypdyrlar. «Duşmanyň bolmasa, doganoglanlaryňdan artyk duşman nämä gerek» diýenlerem dogry. Hojamyrat dädemiň ogly Kakyşyň duşman kemi ýok. Meniň üstümden gülenleriň arasynda şolam bard-a. Şammy meni uranda «Wah, oňardyň!» diýip heşelle kakan şol dälmidi. Öýe baryp, şol wakany gürrüň bersem, Arazgül ýeňňem: «Asyl, bolaýypdyr. Atabaýyň şol ogly ýaman dikgije. Päline görä tapypdyr» diýmezmi? Özüňki şeý diýse, beýlekilerden näme gowulyk tama etjek...
Gurbanmät janyny agyrdyp, namys oduny sowudaýjak bolýan ýaly bolup ylgady. Emma şol şeýtany oýlar onuň yzyndan ýetip, çaga başyna gonup, ony oda salýardy. Şol namysyň özem bir ömre ýeterlikkä, bu masgaraçylyk näme diýsene. Özem diňe meniň sygyrlarym sürüldi.
Garaňky gözi baglapdy. Indi bäş-on ädim öňüňdäkinem saýgarar ýaly däldi. Mallaryň yzy görnenokdy. Ýol günbatara aýlaw berdi-de düzlüge, soňam depelige sepleşdi. Bu kerwerýol bolmalydy. Gurbanmädiň ýalaňaç dabany mallaryň şol öňki yzlaryny yzarlap barýardy. Düýe yzlaram bardy.
– Kerwen geçipdir.
Ýol çatryga diredi. Sag gapgalyň gyr, sol gapdalyň depelik başlaýardy. Kerwen sola gidipdir, mallar saga. Gurbanmät aljyrady.
– Haýsy ýola gitmeli?
Ol garaňkynyň içinde bir gara sudury saýgardy. Ol gara ýoluň çatrygynda durdy. Aňyrda bir ýerde goýun sürüsiniň «kühhä-kühhäsi» eşidilen ýaly boldy.
– Salawmaleýkim – diýip, oglan sudura golaý bardy.
Ak sakally ýaşuly taýagyna söýenip durdy.
– Waleýkimessalam!
Gurbanmät ýüzünde çyra ýanyp duran ýaly, aýdyň ýüzli ýaşuly bilen elleşdi.
– Giçläpsiň-ä, köşek.
– Agam, garakçylar malymy sürdi. Malymyň yzyndan barýan. Garaňkam düşdi. Haýsy ýoldan barýanymam bilemok.
Goja gozganmady.
– Barýan ugruň dogry. Basym Aýam dogar. Gorkma, enşalla myradyňa ýetersiň. Howlukma, Alla ýaryň bolsun!
– Sag bol agam, Taňry ýalkasyn.
Gurbanmät yzyna garanda gojany görmedi.
– Gaty garaňky düşdi! – diýip oýlandy-da, kötelýokary ylgap başlady.
Baýra çykanda gawun  pazyllygynyň içinde suwy süýjän zamçanyň agaryp ýatyşy ýaly, aýam lemmer-lemmer bulutlaryň arasyndan agaryp göründi.
Asmandan gelýän sähel ýagtam garaňkyda ýoly saýgarmaga hemaýat edýärdi. Depeden aşaklygyna gum başlanýardy. Aýaklaryň hälki ýaly düwür-düwür daşly ýere däl-de, goýnuň derisine degen ýalydy. Ýapaşaklygyna ylgamagam aňsatdy. Gurbanmädiň süňňi ýeňläp, ýüregi ýumşap başlady.
– Aý, menem-äý was-wasa düşýän. Oglan göreşdir-dä. Bir sapar Şammy ýykar, beýleki sapar men ýykaryn. Bir-de ol urar, bir-de men uraryn. Malam diňe meňki däl-ä, bu bela tutuş iliň başyndan inen bela boldy.
Ol göwnügiňlik bilen pyşyrdady. Näme diýse-de, oglanjygyň Şamma göwni ýetdi.
– Ol nesip bolsa, ölmese, tutuş ilimize hossar bolar. Onda Alladan berlen güýç bar. Ol asmana çüý kakyp, oňa ýüp dakyp sallançak uçup biler. Onuň ýüregi biziňki ýaly guş uçsa, pysyrdap duranok. Edil polatdan guýlan ýaly. Gör, meniň ýüzüme urşuny. Men şeýdip bilmezdim. Ol adam gaýgyrjak däl. Ile-güne şeýle hossar gerek. Şolar ýaly mert, batyr hossaryň bolsa düýnki galtamanlar malyňy talajakmy? Olar garaw görmejeklerini gowy bilýärler. Olaryň gözi gorkanok. Ine, nesip bolsa Şammy kel bir ýetişsin. Siziň gözüňizde ot ýakar ol, nädersiň, Daşhowuz-Hywa diýilse, baldyryňyz syzlaberse.
Ol yzyna garady. Yzam, öňem gap-garaňky ummandy. Onuň göwnüne, şol ummanyň bagryny ýaryp, Şammy geläýjek ýalydy.
– Şammy geler. Onuňam maly sürüld-ä. Belki ýabyly gelip, menem syrtyna alar.
Öňden bir ýerden suwuň hemem oda ýapylan etiň ysy geldi. Gurbanmät ajyganyny, suwsanyny duýup galdy.
Asmanda Aý günbatara bakan tigirlenip barýardy. Gurbanmät durup diň saldy. Aý hem durup diň saldy.
– Aý bir zada-ha geň galyp seredýär. Diýmek, garakçylar şu golaýda bolmaly.
Ýol dik aşak indi. Öňdäki oýda atlaryň burnunyň pyrryldysy eşidildi. Oglan ýere ýazyldy. Ýöne öňde hiç zat görünmedi. Ol ýene bir sagada golaý ylgawyny ýazdyrman gitdi.
Aý öýle guşluga çykypdy.
– Guýy bolmaly.
Oglanjyk gapdaldaky ýapa ýaplanyp oýa syn saldy. Hiç zat görnenokdy. Aňyrda bir ýerde goýun sürüsine meňzeş gara ýazylyp ýatyrdy. 
– Eý, Ysmamyt ata jan, özüň ýetiş, goýun sürüsi bir bolmasyn. Süri bolsa item bardyr. Ala-goh edip, bar kişini örüzer – Ol böwrüne diň saldy. – Meniň mallarym niredekä? Tapsam bolýar, bu gije bolmasa, erte agşam alyp gaçaryn...
Ol bagry bilen süýşüp diýen ýaly, oýa indi. Oýuň ortasynda düýeler çöküşip otyrdy.
Guýynyň bäş-on ädim ilersinde ot ýakylypdyr. Ojakdan bişen kebabyň ysy gelýärdi. Ojagyň gapdalynda äpet-äpet ganarlar başly-barat ýaýraşyp ýatyrdy. Onuň gözleri şol ýükleri ýassanyp ýatan adamlary saýgardy. Guýynyň golaýyndaky ýere gömülen beýik sazakdan tüpeň, horjun asyklydy.
Oglanyň ýüregi darsyldap urdy. Bulutlardan çykan aýyň ýagtysyna gyzyl gölesiniň kellesini tanady. Onuň hamynyň üstünde, göle eti leýis bolup ýatyrdy. Gurbanmädiň gazaby süňňüne ýaýrady. Ol iki bökende sazak paýasynyň ýanyna bardy. Şahadan Aý şöhlesine ýaldyrap duran tüpeňi sogrup aldy, aşakky şahadaky hatary alyp biline guşandy. Agyr horjuny zordan egnine atdy-da, düýelere bakan ýöredi.
Oý imisalalykdy. Ýadaw adamlar tüpeň atsaňam oýanjaga meňzänokdy. Düýeleriň aňyrsynda eýerli, eýersiz atlar gulaklary bilen asmany deşäýjek ýaly bolup, oglana mölterilip seretdiler.
Gurbanmät eýeri aýrylmadyk atlaryň biriniň üstüne horjunyny atdy.
– Arman uýany ýok-da. Ol atyň tanapyny yzarlap, daňylan gazygyny sogurdy. Soň ony beýleki oýa bakan idip başlady.
– Mallar niredekä?
Bu oýdan ep-esli ilerdäki kände uly mallaryň burnunyň pyşşyldysy eşidildi. Ol oýda ep-esli ýeri tutup ýatan goýun agyly – çeperi bar eken. Mallar şonuň içine gabalypdyr. Gurbanmät aty agylyň daşyndaky agaçlaryň birine baglady-da, çeperiniň agzyna baglanan agaçlary bir gyra aýyrdy. Soň agyla girip, mallary daşary kowdy.
Sygyrlar agyldan zymdyrylyp-zymdyrylyp, çykyp, özlerini garaňky ummanyň çuňlugyna urýardylar.
Oglanjyk ätiýaç bilen töweregine garady, sygyrlaryň çybşyldysyndan başga ses-selem ýokdy. Ol böküp ata atlandy-da, atyň boýnundaky tanapyň ujy bilen mes atyň sagrysyna çaldy. At iki bökende mallaryň yzyndan ýetdi. Sygyrlar gelen ýollaryna düşüp, äňterilip barýardy. Gurbanmät mallar bölünip galaýmasyn diýip atyň başyny ýoluň bir ol gyrasyna, bir bu gyrasyna dolaýardy. Aý iň soňky sapar ähli şöhlesini döküp bir garady-da, özüni galyň gara bulutlaryň gujagyna urdy. Mallara indi garaw gerek däldi. Olar uly toplum bolup, eňaşaklygyna eňip barýardylar. Gurbanmät atyň tanapyny depesinde aýlap, mallary gyssaýardy.
Ol daňyň demi jahana ýaýrap başlanda, hälki ýaşulynyň duşan çatrygyna geldi. Yzyna garady. Kowgy, howp-hatar görnenokdy. Ol diňe şonda münüp barýan atyny synlady.
At demir gyrdy.
– Mallary sürenleriň biriniňki!
Oglanjygyň ini jümşüldäp gitdi.
– Şol dik ýüzli, owadan telpekliniňki. Şoldy ahyryn «bu mallary satyp telim gözi gyzyl gyz alarys» diýen. Tüpeň kimiňkikä?!
Indi mallaram aýyl-saýyl bellerdýärdi. Olar iki ýüz töweregi ululy-kiçili gara maldy. Güýzüň çigrek daglan sonar otunyň, salkyn öleňiň, suwuň ysyny alan sygyrlar indi sakladar ýaly däldi. Gurbanmädiň howsalasy aýrylanokdy. Göwnüne bolmasa, atly-ýaragly alamançylar yzyndan ýetip gelýän ýalydy. Şorköl öleňe çenli gaty az galypdy. Üstýurt belentliginden indigiň öz iliňdi.
At birden gulaklaryny keýertdi-de, kellesini bulady. Uzakdan gelýän at aýagynyň sesini Gurbanmädem eşitdi.
– Duýupdyrlar. Kowgy. – Ol atynam, mallaram gyssady. – Wah, bar azabym reýgan boljak-da. – Ol egninden bäşataryny düşürdi-de, ony döwüp, bilindäki hatardan ok alyp sürdi.
– Indi hakymy gidirsem Hojabaý Jüneýidiň döli bolmadygym.
Ol gyssandy. Elindäki ýüpi depesinde aýlady.
– Çüw! Çüw, janawerler – Oglanjyk dogup gelýän güne bakyp halys ýüregi bilen:
– Alla jan, özüň kömek et. Ysmamyt ata jan, özüň ýetiş. Meni halas et – diýip howsalaly samyrdady. Mallar ala tozanyň içinde şakyrdaşyp barýardy. Olaram yzdan atylyp gelýän atlaryň sesini, Gurbanmädiň «Çüw, how!» diýýän howsalaly sesinden ýetip gelýän howpy aňypdylar.
Gurbanmät ok sürülen bäşatary asmana bakan atyp goýberdi. Bu duýdansyz gümpüldä at tisgindi-de, bir gapdala zyňyldy.
Gurbanmät erbet yrandy. Zordan ýykylman saklandy. Bu duýdansyz gohdan ürken sygyrlar Üstýurduň belent inişinden jülgä eňip, sonarlyk meýdanlara pytrap gitdiler.
Gurbanmät Şorköl öleňiň ýanynda toplanyp duran atly, eşekli adamlary gördi. Megerem, olar bu mallaryň eýeleridi. Olar hem mallary, ýalňyz atlyny, onuň yzyndan aldajy ýaly bolup gelýänleri görüp, şolara baka at salyp gaýtdylar.
Mallaram, oglanjygam jülgä indi. Gurbanmät yzyna garady. Dört atly Üstýurduň dagyndan jülgä inmedi-de, şol ýerden atyny ine-gana sürüp barşyna, öz dargan mallaryny toplaşdyrmaga başlady.
Adamlar gyr-da-gykylyk bolşup Üstýurt depelerine dyrmaşyp barýardylar. 
Gurbanmät mallaryny jemläp, öleňe inderdi-de, çertegine gelip atdan düşdi. Onuň ýalaňaç aýaklary ýeri duýanokdy. Ömründe at münmedik oglanyň otyrýeri, butlary, oňurgalary sandala salnyp ýenjilen ýalydy.
Ol atynyň eýerini aýryp, ony çertegiň paýa agajyna daňyp, öňüne düýnki ýygan otundan bir goltuk dökdi. Soň ýere taşlan horjunyny dördi. Onuň bir gözünden bir topar düwünçek çykdy. Beýleki gözünden atyň uýany, gamçysy, ýagy süpürilmedik sapança, kişdeli, kişmişli, nabatly, kemputly düwünçekler çykdy.
– O-ho! – diýip, Gurbanmädiň oglan göwni galkyndy. – Ejem baý begener-ä.
Ol horjuny çertegine salyp, bilindäki ýüpi bilen atyny pugta duşaklabam goýberdi.
– Indi-hä meni ahmal etmersiň laçyn guşum!
Ol çertege girip, kellesini horjuna goýdy.

*   *   *

(Romanyñ dowamy we doly nusgasy doly elektron görnüşe geçirilip bolnansoñ, ýakynda saýtyñ kitaphanasynda goýlar).

Категория: Romanlar | Просмотров: 781 | Добавил: Нawеran | Теги: Öwezdurdy Nepesow | Рейтинг: 2.0/1
Awtoryň başga makalalary

Romanlar bölümiň başga makalalary

Gala -2: Hakyda - 10.02.2024
Gala -7: Oýlanma pursady - 16.02.2024
Gala -8: Duşuşyk - 16.02.2024
Janserek -4: romanyñ dowamy - 15.03.2024
Hakyň didary -2/ romanyň dowamy - 28.02.2024
Gala -9: Ömrüň beýany - 16.02.2024
Janserek / roman - 13.03.2024
Hakyň didary -7/ romanyň dowamy - 02.03.2024
Hakyň didary -5/ romanyň dowamy - 02.03.2024
Gala -4: Ömrüň beýany - 11.02.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]