08:53

Gürgenç / 1-nji kitap -10

X BAP

Abureýhan Muhammet ben Ahmet al Biruny Horezminiň ylym asmanynda parlak ýyldyz bolup döräpdi. Birunynyň doglup ösen mekany Gündogar Horezmiň paýtagty Kät Günbatar Horezmiň paýtagty Gürgenç bilen gözellikde, baýlykda bäsleşip bilýärdi. Jeýhunyň günorta kenarynda ýerleşen bu şäheriň köçeleri gündüşmez kölegeli, ymaratlary kaşaň, bazarlary harytlara baý we köp adamlydy. Dürli ýurtlardan gelýän kerwenler bazarlary doldurýan harytlar bilen bile dürli dillerde ýazylan ylmy we edebi kitaplary hem getirýärdiler. Şonlukda, Kätiň döwlet kitaphanasy soňky ýüz ýylyň içinde has baýapdy. Bu kitaphanada, medrese we mekdeplerde arap, pars, ýunan, hindi, suryýa dillerini bilýän alym kişiler işleýärdiler. Olaryň biri-de Birunynyň ilkinji halypasy hem howandary Horezmşa Abu Abdyllahyň ýegeni Abu Nasyr ibn Yrakdy. Ibn Yrak ýaşlygyndan ýetim galan Birunyny öz terbiýesine alýar, oňa hat-sowat öwredýär, ähli ylymlar boýunça başlangyç bilim berýär. Patyşanyň ýakyn garyndaşynyň howandarlygyndaky oglan bolansoň, oňa ylym öwrenmek üçin ähli gapylar açykdy. Ylymlaryň esasy bolsa kitaplardady. Ýöne olar arap, pars, ýunan, hindi dillerindedi. Ol kitaplaryň içine girip, ylym öwrenmek üçin ilki şol dilleri bilmelidi. Şonuň üçin ýaş Biruni Arastunyñ, Eflatunyñ, Ÿewkelidiň eserleri ýazylan ýunan dilini öwrenmäge girişdi. Arap, pars dillerini ol halypasy Ibn Ýragyň kömegi bilen on iki ýaşyndan başlap öwrenip, ol dillerdäki eserleri okaýardy. Düşünmedik zatlary barada halypasyndan yzygiderli soraýardy, käte irizdirýärdi hem. Aýratyn-da, ol dünýäniň gurluşy, çäksiz älem, ondaky san-sajaksyz ýyldyzlar bilen gyzyklanýardy. Ol bir sapar halypasynyñ boş wagtyna gabat gelip, onuñ ýüzüne ýylgyryp seretdi. İbn Yrak onuñ bir zatlar sorajak bolýanyny duýup:
- Aýdyber, näme diýjek bolýañ - diýdi. Biruny:
-Ustaz, men hemişekim ýaly oý sürüp otyrkam kelläme goşga meñzeş:
Nirden peýda boldy bu çäksiz älem,
Felekde ýyldyzlar, görsem jemul-jem.
Akyl ýetmez munyñ ibtidasyna,
İntihasyzmy ýa bu syrly älem?! - diýen setirler geldi.- diýdi. İbn Yrak kelesini ýaýkap güldi:
- Tüweleme, sen indi sowal bermegiñ täze ýolunam tapypsyñ-a. Bu goşgy setirleriñ maña berlen sowal dälmi ? Aburaýhan, seniñ bu sowalyñ adamzady iñ gadymy döwürlerden bäri oýlandyryp gelýan sowal. Gadymy ýunan feýlesuflary: "Älemiñ iptidasy ýok, onuñ intihasy-da bolmaz, ol ezeli-ebedi möwjütdir" diýen pikiri öñe sürüpdirler. Yslam alymlary bolsa Älemiñ iptidasyny Alla bilen baglaýarlar, ol Alanyñ gudratyndan, onuñ emri bilen dörän mugjyza diýýärler,onuñ intihasy barasynda Yslamda hiç zat aýdylmaýar.
- Yslamda ahyrzaman barada gürrüñ bar-a, ustaz.
- Ahyrzaman biziñ Ýerimize, ýerbäki ýaşaýyşa degişli, Äleme degişli däl ahryn.
- Dory, dogry, ustaz. Men munyñ parhyna barman aýdypdyryn - diýip, Biruny ýalñyşany üçin gyzaryp gitdi. Ol halypasy bilen bolan bu gysga söhbetdeşlikden barybir kanagatlanmady. Ol halypasynyñ hut özüniñ pikrini bilmekçidi. Halypasy bolsa başgalaryñ gelen netijelerini aýdyp, özi pikir bildirmedi. Diýmek, halypasynyñ bu barada öz pikiri ýok ýa-da pikiri Yslamyñ akydasyndan gaýry bolsa, ony aýtmakdan saklandy. Onuñ özüniñ kelesinde bolsa, başlangyjy yok zadyñ bolmagy mümkin däl, nämeniñ başlangyjy bolsa onyñ ahyry hem hökman bolaýmaly diýen pikir bardy. Ol şu pikiriniñ dogry ya-da nädogrydygyny halypasynyñ pikiri bilen deñeşdirip bilmekçidi. Bilip bilmedi. Onyñ özüni gyzyklandyrýan zadyñ anygyna ýetýänçe yzyndan galmaýan endigi bardy, emma ol ömrüniñ ahyryna çenli bu syryñ anygyna ýetip bilmedi.
Biruny entek bäş-alty ýaşly çaga mahallarynda-da juda bilesigelijidi. Ol gijelerine asmana seredeninde ýyldyzlardan gözüni aýryp bilmän, bu ýanyp duran sansyz zatlaryň nämedigini bilesi gelýärdi. Garry mamasy bolsa ýyldylzaryň her biri bir adamyňky, adamyň ykbaly, jany öz ýyldyzyna bagly, eger bir adam wepat etse onuň ýyldyzy asmanda süýnüp, öçüp gidýär diýip düşündirýärdi. Adatda ulylar bir gep aýtsa çagalar ony hakykat hökmünde kabul edip, ynanýarlar. Hemme zamanda-da çaga sadalygy, ynanjaňlygy bilen ulylardan tapawut edýär. Emma Biruni entek alty-ýedi ýaşlaryndaky çaga bolsa-da eýle däldi. Ol mamasynyň ýyldyzlar barada aýdanlaryna kän bir ynananokdy. Asmanyň jümmüşinde, şeýle uzakdaky ýyldyzlaryň ýerde ýaşaýan adamlar bilen nähili baglanyşygy bolup biler diýip şübhelenýärdi.
Ýetginjeklige gadam basan döwründe bolsa çagalygynda syrly görünýän ýyldyzlaryň syryny indi özi açmaga dalaş edýärdi. Emma entek irräkdi, entek köp okamalydy, köp zatlary öwrenmelidi.
Çagalykda adamyň beýnisine ornaşan käbir zatlar ulalansoň hem tiz-tiz ýatlanylýar, olardan many gözlenýär. Biruni hem çagalygynda ýyldyzlar barada mamasyndan eşidenlerine şol wagt ynanmadyk bolsa-da, indi ol «bu ýerde bir syr ýokmuka» diýip oýlanýardy.
-Ustaz, rugsat etseňiz, sizden ýene bir zat barada sorajak bolýan-diýip, Biruni bir kitabyň sahypalaryny açyşdyryp, nämedir gözläp oturan halypasy Ibn Yraga ýüzlendi. Ibn Yrak ýaňy on alty ýaşa gadam basan şägirdiniň bilesigelijilik bilen uçganaklap duran garaja gözlerine dikilip:
-Tüweleme, Aburaýhan , seniň soňky wagtda «ýene, ýenäň» köpeldi. Hany aýt, näme sorajak-diýdi.
-Bagyşlaň, ustaz. Wagtyňyz bolmasa soň soraýaryn.
-Ýok, sen düşünmediň. Men «tüweleme» diýdim-ä. Seniň köp sowal bermegiň ylym bilen çynlakaý gyzyklanýanyňy aňladýar. Men muňa begenip ýörin-diýip, Ibn Yrak saryýagyz ýüzüne gelşik berip duran ýaňy çalaryp ugran sakgalyny sypap, ýylgyrdy.«Bilmedigini sorap öwrenen alym, arlanyp soramadyk özüne zalym» diýipdirler. Näçe sowalyň bolsa bir menden däl, başga alymlardan hem soraber, inim.
Halypasynyň sözleri Aburaýhanyň ruhyny göterip goýberdi. Ol öňürti halypasyna minnetdarlyk bildirip, soňra sowalyny berdi:
-Ustaz, bu närse barada sizden öňüräk soramakçydym. Emma siz “ylmy däl zatlar barada näme kelle çişirip ýörsüň” diýermikäňiz diýip saklandym. Indi bolsa şu ýerde-de bir syr bar ýaly bolup dur göwnüme...
-Aburaýhan, seniň bir kemçiligiň bar, -diýip, Ibn Yrak şägirdiniň sözüni böldi.- Sen aýtjak zadyňy göni aýdaýman, gepi uzakdan aýlap, söhbetdeşiňiñ takatyny tak edip goýberýäň. Hany, aýt, näme ol saňa syrly bolup duýulýan zat.
-Bagyşlaň ustaz. Aýtjak zadym ýyldyzlar barada. Men alty-ýedi ýaşlarymda garry mamam bilen bagymyzdaky belent sekide asmandaky ýyldyzlara seredip ýatýardyk. Şonda mamam “bu ýyldyzlaryň her biri bir adamyňky, ýyldyz adamyň ykbaly bilen bagly, adam wepat bolanda ýyldyzy süýnüp, öçüp gidýär” diýerdi. Şonda maňşübheli bolup duýulan bu gepde, indi oýlansam bir syr bar ýaly, ustaz.
-Sowalyňy ýene-de uzakdan aýlaman aýdyp bilmediň. Men seniň ýeriňe bolsam “Ýyldyzlaryň adam ykbalyna täsiri barmy?” diýip, iki agyz söz bilen sorardym-diýip, Ibn Yrak kellesini ýaýkap güldi. Soňra oýa çümüp, bir salym dymdy-da:
-Näme diýsene, inim - diýdi - Bu mesele-de gadym zamanlardan bäri adamlary gyzyklandyryp gelýär. Hökümdarlar köşgünde ýyldyzlara garap ykbal kesgitleýän münnejimleri saklaýarlar. Duşman bilen söweşde ýeňiş kim tarapda boljagyny ýyldyzlara garap, olar öňünden aýdýarlar.
-Onsoň olaryň aýdyany dogry bolup çykyarmy?
-Köplenç dogry bolup çykýar. Çünki, olaryň arasynda welilikden habarly adamlar hem bar. Ýyldyzlara garamasalar-da, olara boljak wakalar ylahydan mälim bolýar.
Bu söhbetdeşlikden soň Aburaýhan welilik barada köp oýlanyp gezdi. Adam nädip ol derejä ýetip boljakdygy hakynda, bir ýeri gelende, halypasyndan sorady. Ibn Yrak oňa welilik derejesine okuw bilen, ylym bilen ýetip bolmaýandygyny, ol dereje adama Hudaý tarapyn berilýändigini düşündirdi. Soñynda:
-Ýöne ylym dagynyň belentliklerine çykyp bilen adama-da ol belentlikden uzakdaky zatlar hem görünýär. Ýagny köp hadysalary öňünden aýdyp biler. Şonuň üçin sen welilik ýaly Hudaý tarapyn berilýän zada hantama bolup wagtyňy boş geçirme, Ylmyň iň belent gaýasyna çykmak üçin gaýrat et. Seniň daş ýarýan zehiniň bar. Beýle zehin her kime nesip etmeýär. Şu zehiniňden peýdalan - diýdi.
Aburaýhan halypasynyň şular ýaly öwütlerini öňlerem diňläpdi. Onsuzam ylym onuň içgi dünýäsiniň talabydy. Ol okaman, öwrenmän, düşünmediklerini soraman ýeke gün hem oňmazdy. Şäheriň gür agaçly baglarynyň birinde ýerleşen döwlet kitaphanasynyň gapysy onuň üçin hemişe açykdy. Ol ýeri halypasy “Ylymlaryň hazynasy” diýýärdi. Biruny ol hazyna ilkinji baranynda çar tarapy kitaplardan doly uly eýwanlary görüp, baýlyga gyzýan adam altyn-kümüş harman ýaly üýşüp ýatan hazyna gireninde nähili ýagdaýa düşse, ol hem şeýle ýagdaýa düşüpdi, begenjine aljyrapdy hem. Şonda ol on iki ýaşyndady. Bu ýaşda ol eýýam hatly-sowatly oglandy. Arap, pars dillerini hem az-kem bilýärdi. Dil bilmeseň bu kitaphana gireniňden peýda ýokdy. Çünki, onda Birunynyň ene dilinde ýazylan ýekeje kitap hem ýokdy. Näme üçin şeýle? Näme üçin şeýledigi entek ýaş oglanyň kän bir parhyna däldi. Ol bu sowaly on dört ýaşyna ýeteninde halypasyna berdi. Ibn Yrak şägirdiniň ýüzüne bir seretdi-de, oýa çümüp, bir salym dymdy. Aburaýhan bu sowaly bilen halypasynyň keýpini gaçyranyna bir hili boldy. İbn Yrak:
-Aburaýhan - diýdi- dymyşlykdan soň kellesini galdyryp - Taryh diýilýäni juda şepagatsyz. Beýle diýdigim taryhda juda pajygaly zamanlaryň yzy bar. Biziň Horezmin ülkämiz juda gadym zamanlarda-da ylymly, bilimli ýurt bolupdyr. Biziň bu müň ýyllygymyzdan öňki müň ýýyllykda ýazylan ýunan, pars, çyn-maçyn dilindäki kitaplarda hem Horezminiň ady tutulýar. Hawa, biziň ýurdumyz juda gadymy ýurt, men onda üç ýüzden hem gowrak patşalaryň höküm sürenini bilýän, olardan yigrimi birinin atlary yadymda bar. Ana şol gadymy zamanlardan bäri biziň öz ýazuwumyz, öz ene dilimizde ýazylan kitaplar, rysalalar, dürli ylmy eserler bolupdyr. Emma taryhda arap istilasy diýen waka ýüze çykýar. Araplar başka-da köp sanly ýurtlaryň hatarynda Yslam dinini ornatmak maksadynda biziň ýurdumyza gelenlerinde Horezmin ýazuwuny, ol dilde ýazylan kitaplary ýok edýärler. Ine şular hakynda, umuman Watanymyzyň gadymyýeti hakynda meniň Pederi büzrükwarym köp gürrüň ederdi. Bu gürrüňlerden ýadymda galanlaryny menem saňa gürrüň bereýin. Senem Watanyňyň geçmişini bilmeli -diýip, Ibn Yrak Horezminiň gadymy durmuşy, jemgiýetçilik gurluşy, däp- dessurlary barada söhbet açdy.

***
Halypasynyň beren gürrüňini jany-teni bilen dinlän Aburaýhanyň göz öňünde ata Watanyň gadymyýeti ör boýuna galdy. Ine Jeýhunyň iki tarapyny tutup ýatan gadym Horezmin. Beýik derýanyň bol suwyndan ganyp içýän ene zemin ýaşyl öwsüp oturan tokaýlary, gür baglary, reňbe-reň ösümlik we haýwanat dünýäsini döredipdir. Gür ilatly şäherleri, obalary, olarda ýaşaýan häzirki adamlara garanda has daýaw, iri süňkli adamlary, erkin we açyk gezýän gözel gelin-gyzlary Aburaýhanyň hyýal gözüniň öňünden ýeke-ýekeden geçýärdi.
-Ýurt parahat, asudady. Emma adamzat durmuşyna müdimi parahatlyk nesip etmändir-diýip halypasy Ibn Yrak gürrüňini dowam etdirdi.-Çünki, adamyň içgi dünýäsine müdümi asudalyk mahsus däl. Bileginde güýji bar adamyň bir iş etmän, bir ýerde durup bilmeýşi ýaly, güýç toplan patyşalar hem tagtynda parahat oturyp bilmeýärler. Şeýdibem ýurtlaryň, halklaryň asuda durmuşy bozulýar. Bir kiçi ýurtda dörän Iskender atly entek ýigrimi ýaşa-da ýetmedik patyşa bilegine güýjini sygdyryp bilmeýän adam ýaly çar tarapyna agyz urup, jahangirlik ýoluna düşdi. Isgenderiň döwründe Horezminde höküm süren Horezmşa Farasman parahatçylygy söýýän, ýaş bolsa-da, dana patyşa bolupdyr. Ol Isgenderiň Turan zemine aralaşanyndan habar tapyp, ony Horezmine girizmezlik, gandöküşüklik etmezlik üçin çäre gözläp başlaýar. Ol näçe dana bolsa-da, özgeleriň pikirini diňlemän, maslahat etmän, bir işe baş goşmaz eken. Ol: “Bir kelläniň iki kelleden akyllyrak bolmagy mümkin emma on kelleden akylly bolmagy mümkin däl” diýýän eken. Farasman ine, şu ýörelgesine eýerip, bu sapar hem uly ýygnak çagyrýar.
-Gadyrdan adamlar, ýurdumyzyň parahatlygy, halkymyzyň asuda durmuşy gözümiziň göwheri deý goralyp gelinýär-diýip Farasman wezir-wekillerine, serkerdelerine ýüzlenýär.-Mundan soňam ýurdumyzyň parahatlygyny saklamak üçin näme iş etmeli bolsa oňa taýyn durmalydyrys. Habaryňyz bar, Iskender Zülkarnaý Buharadan soň Marakandany alyp, oňa Samarkand diýip, täze at dakypdyr. Ony Turandaky baş karargähi edip belläpmiş. Emma ol munuň bilen ol ýerde karar tapmaz. Häzirem onuň iki gözi Horezmindedir, ir-u-giç ol biziň üstümize-de ýörüş eder. Ine, şonda biz näme iş etmeli? Maslahat şu hakda. Kimde nähili pikir bolsa aýdyň!
Maslahatda dürli pikirler orta atylýar. Serkerdelerden gyzmarak biri Isgenderi ýurda golaý getirmän, ýary ýolda öňünden çykyp, derbi-dagyn etmeli diýen teklibi girizýär. Şonda patyşanyň halypasy hem bayry wezir bu teklibi orta atan serkerdä garap:
-Gyzmalyk etmäň, ýagşy ýigit-diýýär.-Dünýäniň ýaryny zabt eden Isgenderiň goşuny aňsat derbi-dagyn edilýän goşun däldir. Bu hakykaty boýun almaly. Öňünden çykyp jeň edilse gaty köp adam gyrylar, onsoňam ýeňiş gazansa ýurda girip, gaharyna köp weýrançylyk eder.
Farasman hem ýaş ýigit dälmi eger weziriň şu sözi bolmadyk bolsa, ol hem serkerdäniň teklibi bilen tas razylaşypdy.
-Onda siz näme maslahat berýäňiz?-diýip Farasman ussadyna ýüzlendi:
-Men näme maslahat berjegimi häliden bäri oýlanyp otyryn. Ýöne entek kelläme bir degerli pikir gelenok. Ertire çenli men bir akyl tapjak bolaryn. Ertir irden huzuryňa baryp aýdaryn.
Baýry wezir sözünde tapyldy. Irden Farasmanyň huzuryna baryp, Isgenderiň Horezmine ýörüş etmek howpuny aradan aýyrmak we onuň bilen dostlaşmak üçin etmeli işini öwretdi. Ol soñunda şeýle diýdi:
-Oglum Farasman, men saňa Isgenderiň gepleýän ýunan dilini hem öwretdim. Bu dili ýunan feýlesuflarynyň eserlerini okamagyñ üçin öwredipdim. Ine, häzirki günde bu dil saňa durmuşda hem gerek boldy. “Gylyç bilen alyp bolmaýan galany dil bilen alyp bolar”-diýipdirler. Isgender bilen gepleşeniňde onuň göwnünden tursaň, sözleriňe ynandyryp bilseň işiň oňuna bolar.
Farasman halypasynyň maslahatyna amal edip, Isgendere onuň bilen gepleşik geçirmäge barjakdygyny ýetirýän çapar iberdi. Özi-de çapardan üç gün soň sowgat-salamyny, halypasynyň aýdan saçagyny alyp, kyrk atlysy bilen Samarkanda tarap ýola düşdi.
Horezminiň patyşasy Farasmanyň gepleşik geçirmek üçin geljekdigi hakyndaky çapar getiren habar Isgenderi oýa çümdürdi: "Bä, ol näme maksat bilen gelýärkä? Näme hakda gepleşik geçirjekkä? Elbetde, ol biziň ir-u-giç Horezmine ýörüş etjegimizi bilýändir. Şonuň öňüni aljak bolýarmyka? Gelibersin bakaly, ony şu ýeriň özünde Horezmini bize iki elläp tabşyryp gitmäge mejbur edip bolmazmyka? Emma Horezmin baý, güýçli, beýik döwlet. Farasman meniň bilen güýjüne daýanyp gepleşermikä ýa-da barybir bizden güýçli däldigini bilip söz ýöredermikä?”
Şeýle pikir bilen Farasmana garaşýan Iskendere onuň gelýäninj habar edenlerinde bir güýç ony tagtyndan turuzyp Horezminiň patşasynyň öňünden çykmaga, ony hormat bilen dabaraly garşy almaga mejbur etdi. Megerem bu güýç Horezminiň güýçli, beýik döwlet hökmünde dünýäde tutýan orny we belent abraýy bolsa gerek. Hawa-da, hemişe boluşy ýaly, ol zamanda-da güýje sarpa goýulypdyr, abraý hem güýje bagly bolupdyr. İsgender Farasmany üýrgeşik dabara biıen garşylamak üçünmi ýa-da özüniñ harby gudratynyñ nä gadar beýikdigini görkezmek maksadyndamy atly goşunyny bir tarapa, pyýada leşgerini ikinji tarapa nyzama duruzdy. Kyrk atlysy bilen gelýän Farasmanyñ garasy görnenden deprekleriñ, kernaýlaryñ owazy asman gümmezini tutup, ýañlanyp başlady. Farasman ýoldaşlary bilen kyrk ädim bäride atyndan düşüp, wezir-wekilleri bilen özüne tarap gelÿän Isgenderiñ garşysyna ýöredi. İki şanyñ gabatlaşyp görüşen çagy leşgeriñ: "İsgender! Farasman! İsgender! Farasman!" diýen sesleri al-asmanda ýañlandy.
Iskender garşysynda duran özi ýaly ýaş patyşanyň Horezminiň güneşine birneme garalan asuda ýüzüne, hoşmeýillik bilen bakýan gara gözlerine, pälwansypat daýaw göwresine synçy nazaryny aýlaýarka Farasman hem beýik jahangiriň saparlarda Günñ jöwzasy astynda biraz gyzaran asly ak ýüzüne, açyk asman ýaly mawy gözlerine, ýeňsesine düşüp duran tylla reňk saçlaryna, syrdam kaddyna höwes bilen seredýärdi.
-Hoş geldiňiz, biziň huzurymyza, merhemetli Farasman!-diýip Isgender mylakatly dillendi.
-Men beýik jahangiriň mübärek didaryny görmek, onuň bilen söhbetdeş bolmak ýaly beýik bagty gözläp, uzak ýoldan geldim-diýip Farasman ýunan dilinde aýtdy.
-Geleniňizi hoş gördük, ýunança sözleýän Horezminiň beýik hökümdary-diýip, Iskender ýylgyrdy. Soňra Farasmany ýanyndaky adamlary bilen bile köşgüñ meýlisler eýwanyna teklip etdi. Farasmana özüniñ oturýan şahana sekisinden ýer görkezdi. Farasman getiren gymmat bahaly sowgatlaryny şu ýerde häzir bolan hazynaça berip, Isgenderiň özi üçin ýörite taýýarlanan saçagy onuň öňünde goýdy.
-Beýik Isgender, bu siziň üçin ýörite taýýarlanan iň gymmatly, iň mukaddes sowgatdyr-diýip, Farasman saçagy açdy. Ondaky dört sany nanyň üstünde duran bir şirmaýy kökä gözi düşen Isgender bir hili kinaýaly ýylgyryp, Farasmana garady. Farasman onuň bu garaýşyndan “iň gymmatly sowgadyň şumy?”-diýen manyny añdy.
- Beýik Isgender, biziň halkymyzyň dessurynda iň hormatlaýan, iň gadyrlaýan adamyna ilki bilen duz-çörek hödür edilýär - diýip Farasman saçagyň üstünde duran külçeden bir döwüm alyp, agzyna saldy. Bu "çörekde zähär ýok, gorkman iýiberiň”-diýen yşaratdy. Şundan soň Iskender hem bir döwüm alyp iýdi-de, onuň tagamyna haýraan galyp :
-Üýtgeşik tagamly çörek ekeni, muny nädip bişirýärler-diýip sorady.
-Bişirilişi adaty, ýönekeý, tagamlylygy bolsa, Horezminiñ mukaddes zemininde ýetişen ak bygdaýyñ tagamy. Horezminiñ topragynda etişen ähli zatlar hem şeýle tagamly, süýjidir, beýik Isgender - diýip, Farasman aşakda oturan nökerleriniñ birine "getir" diÿen yşaraty etdi. Nöker derhal öñden taýarlap goýlan biçak uly gawuny getirip, patyşalaryñ öñünde goýdy. Öñ beýle uly, elde keşdelenen kimin owadan torly, bahar aýy bolmagyna garamazdan biýarasyndan ýañy üzülen ýaly ter gawuny görmedik Iskender haýran galyp Farasmana garady:
- Bäh! Bu haçan ekilip, haçan bişen gawun? !
- Bu geçen tomusda ekilip, güýzde bişen, gyşky bişek diýip atlandyrylýan gawun. Bu tomsyñ öñýanyna çenli zaýalanman durýar.Bu gawunlar diñe Horezminde bitýändir. Dünýäniñ hiç bir ýurdynda beýle gawun ýokdyr - diýip, Farasman bilindäki hanjaryny alyp, gawundan bir dilim kesdi-de, dilimi ikä bölüp, ýarysyny Iskedere berdi. İskender Farasmanyñ gawuna işdämenlik bilen agyz urşyna ýylgyryp seredip durdy-da, özi-de şeýdip iýip başlady. İskender gawuny iýip bolup:
- Farasman, men dünýäniñ näçe ýurdynda bolan bolsam-da, Horezminiñ çöregin deý tagamly çöregi, gawunyn deý üýtgeşik süýji gawuny dadyp görmedim - diýdi. Farasman:
- Beýk Iskender - diýdi - biz bir saçakdan duz datdyk, bir dilim gawuny iki bölüp iýdik, şeýdip duzemek boldyk. Biziñ halkymyzda duzemek bolmaklyk byradarlyga barabardyr. Indi men özümi dünýäniň ýaryny feth eden beýik jahangiriň byradary diýip hasap etsem hem bolar.
Iskender hemişe gujur gaýrata dolup duran zeberdest endamynda bir hili gowşaklyk duýdy. Ol Farasmana ahmyrly nazar bilen seredip:
-Sen meni ýeňdiň Farasman, jeňsiz, jedelsiz ýeňdiň. İndi men Horezmine, byradarymyñ ýurdyna ýörüş edip bilmerin-diydi.
Byradarlygyny boýun alan Iskendere Farasman ýerinden turup, elini gusagyna goýup, minnrdarlyk bildirdi. Şundan soň şahana meýlis başlandy. Saçaklara dürli naz-nygmatlar çekilip, billur bulgurlarda meýler süzüldi. Ajaýyp aýdym sazlar ýaňlanyp, rakkasa gyzlaryň hyraman rakslary ýürekleri joşdurdy. Yzly-yzyna üç gün dowam eden meýlislerden soňra Isgender horezmlileri sowgat-serpaýlar bilen ýurdyna ugratdy. Sag-aman Watana dolanyp gelenlerinden Farasman Iskender dilen ýaraşygyñ şanyna üç gün dabaraly töý berdi.
Категория: Taryhy proza | Просмотров: 126 | Добавил: Haweran | Теги: Reýimbaý Sabyrow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhy proza bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]