08:49

Gürgenç / 1-nji kitap -8

VIII BAP

Ol on ýyllyk aýralykdan soň magşugynyň wysalyna ýeten aşyk kimin Gürgenjiň jemalyny gijesine-de görmek isleýärdi. Tomsuň agşamky howasy gündiziňkä garanda salkynyrakdy. Çünki Gürgenjiň gaýra düýbünden akýan äpet derýa-Jeýhunyň hem-de onuň şäheriň ortasyndan geçýän bir golunyň sowuk suwy howanyň hararatyna gündiz täsir edip bilmese-de gün ýaşyp, agşam düşenden soň täsir edýärdi.
Ibn Salam daşary çykanynda uly söwda köçeleriniň ugrundaky panuslar ýakylypdy. Ýagtylyk ýeterlikdi. Adam köpdi. Gijäniň bir wagtyna çenli açyk durýan dükanlarda söwda gidýärdi. Gijesine işleýän çaýhanalarda, meýhanalarda saz-söhbet möwç alýardy, Ud, gyjak, dutar ýaly saz gurallarynyň ýakymly heňleri ýaňlanýardy. Ibn Salam bir käse çaý içip, saz diňlemek maksadynda çaýhana diýip, giren jaýy meýhana bolup çykdy. Belentden basyrylan, köp sanly penjireli bu giň jaýyň howasy petiş däldi. Bir tarapdaky gözönekli penjirelerden girýän gijeki salkyn şemal beýleki tarapdaky penjirelerden çykyp, jaýyň howasyny arassalap durdy. Tertip bilen goýulan pesejik sekilerde üçden-dörtden oturan meýhorlar özleriçe keýp çykýärdiler. Garşydaky beýlekilere garanda sähel belendiräk sekide oturan sazandalar ýuwaşdan aýlap, saz çalýardylar.
-Geliň, geliň jenap! Geçiberiň-diýip, elini gursagyna goýup duran meýhana hyzmatçysyna kellesini ýaýkan Ibn Salam yzyna öwrülip jaýdan çykmakçy bolanynda bir syratly ýaş ýigit onuñ ýoluny bekledi:
-Agam, biz bilen bir salym oturyň-diýip, soňundan iki setir goşgy okady.
Meý bilen meýlisden gaçmak günädir,
Puly başga ýerde saçmak günädir.
-Uzur, inim, meniň bu ýerde saçmaga artykmaç pulum ýok. Ýolumy boşatsaňyz men gideýin.
-Pul bizde bar, siziň üçin näçe isleseňiz şonça saçarys, geçiň biziň sekä.
Ibn Salam bu serhoş ýigitden nädip sypjagyny bilmän durka onuň ülpetleriniň biri ýerinden turup geldi-de:
-Jenap, şazadanyň sözüni syndyrmaň, bir salym geçip oturaýyň-diýdi. Ibn Salam bu serhoşyň şazadadygyna bir ynanyp, bir ynanman, oňa ünüsli seretdi. Serhoş teklibini ýene tekrarlady. Ibn Salam hem ýene uzur aýdyp, ýol bermegini soranynda serhoş gatyrak äheňde:
-Men şazada Abul Harys ibn Aly al Mämün sizden geçip oturmagyñyzy haýyş edýän! - diýdi. Ibn Salam kyn ýagdaýa düşdi. Bu serhoşy bir tarapa itip goýberip, çykyp gitse, olam hakyky şazada bolsa, soňy nähili boljagyny bilmän nalaç oturmaly boldy.
-Gatyrak geplän bolsam, bagyşlaň, agam-diýip, serhoş mylaýym äheňde aýtdy. -Size nazarym düşenden gözüme bir hili yssy göründiňiz. Sizi hiç goýberesim gelmedi. Keşbiňizden okumyşly, dana adamdygyňyz görnüp dur. Meni ine, bular ýaly-(ýanyndaky iki ülpetini görkezdi) kellesi boş, nadanlaryň söhbeti irizdi. Siziň ýaly dana adam bilen söhbetdeş bolasym gelýär. Meniň kakamyň inisi Abul Abbas tagta çykanyndan soň daşyna bir topar akyldarlary ýygyp, şolaryň akly bilen ýurdy dolandyrýar. Ýogsam özüniň akly ine şu ikisiniňkiden uly tapawut etmeýär...
Ibn Salam serhoşyň gürrüňini diňläp oturşyna onuň hakykatdanam şazadadygyna we tagtda oturan garyndaşyna ýüreginde kitüw bardygyna göz ýetirdi.
...-Mende birem dana, parasatly syrdaş, aşna ýok. Ine, şular ýaly akmaklar bilen ülpet bolsaň özüňem akmaga öwrüläýmegiň ähtimal-diýip, yzyny üzmän gepläp oturan şazada ýadyna gyzykly bir zat düşen ýaly güldi-de Ibn Salama garap-Siz gadymda bir patyşanyň däli ogly hakyndaky hekaýaty eşidipmidiňiz?-diýdi.
Ibn Salam “ýok” diýen manyda kellesini ýaýkady.
-Eşitmedik bolsaňyz, diňläň, men aýdyp bereýin. Onsoň meniň soňky sözüme galat diýmersiňiz-diýip, şazada Ibn Salamyň hekaýat diňlemäge meýli-de, wagty-da ýokdugyna garamazdan gürrüňini dowam etdirdi.
-Gadymda bir patyşanyň ýeke-ýalňyz bir ogly bar eken, olam däli ekeni. Patyşa näme iş etjegini bilmän wezir-wekillerini ýygnap olara sala salypdyr. Wezirler özara geňeşip, hökümdara ýurtda bar bolan dana, alym adamlardan kyrkysyny ýygnamagy we ogluny olara goşup, bir çöl-beýewanda bir ýyl ýaşatmaklygy maslahat beripdirler. «Ogluňyz bir ýylyň dowamynda şol danalaryň söhbetinde bolup, akyllanar» diýipdirler. Patşa bu maslahaty makul bilip, bir çölde kyrk bir adam ýaşar ýaly jaý gurduryp, harjy-harajady bilen ogluny kyrk akylly adama goşup, şol ýere iberipdir. Aradan bellenen möhlet-bir ýyl geçipdir. Patyşa olary alyp gelmegi buýrupdyr. Alyp gelipdirler. Görseler gidende bir däli kyrk akylly bolan bolsa, gelende kyrk bir däli bolup gelipdirler-diýip, hykyrdap güldi. Bu hekaýat Ibn Salamy-da çalarak güldürdi.
-Ine, görýäňizmi, kyrk akylly bir dälini akylly edip bilmändir, tersine bir däli kyrk akyllyny däli edipdir.
Şonda bu iki samsyk meniň ýeke özümi özleri ýaly samsyk etmezmi! Ýok, mundan beýläk men bular bilen ülpet boljak däl. Siziň ýaly dana adamlar bilen ülpet boljak. Şeýle bir şahyrana söz bar: Otursaň danalar bilen çekseň geler bir gyl bilen,
Otursaň nadanlar bilen gelmez çekseň zynjyr bilen.
-Siziň aly hezretiňiz, meniňem siziň pikir edişiňiz ýaly, alyp ýatan danalygym ýok...
-Duruň!-diýip şazada Ibn Salamyň sözüni böldi.-Birinjiden, maňa aly hezret dagy diýmäň. Aly hezret meniň kakamyň köşgünde, onuň tagtynda otyr. Ikinjiden, men siziň danalygyňyz barmy, ýokmy, ony gözleriňizden bilýän. Siziň gözleriňizde bir üýtgeşik many bar. Gözler ýöne ýere beýle many saçmaýar. Ine, bu ikisiniň gözlerine serediň, ölen goýnuyň gözi ýaly hiç bir manysyz mölerip durandyr.
Ibn Salam olara biygtyýar seretdi. Ol biçäreler şazada näme diýse kaýyl bolup, ýylgyryşyp otyrdylar, asyl degnasyna deglen adama meňzemeýärdiler.
-Agam-diýip, şazada sözüni dowam etdirdi.-Siz meniň kimdigimi, adymy-zadymy eşitdiňiz. Indi siz maňa özüňizi tanadyň, kim siz, ismi şeribiňiz näme?
Ibn Salam bu adamdan tizräk sypmagyň oňaýyny tapman oturanam bolsa, ýalan sözläp bilmedi:
-Meniň adym Muhammet ibn Salam. Ýakynda Bagdatdan geldim...
-Siz bagdatlymy?-diýip şazada onuň sözüni böldi.
-Ýok, şu ýerli, horezminli. Mundan on ýyl öň Bagdada gidipdim. Ol ýerde «Islamyýa» medresesinde okap, bir azrak bilim alyp geldim.
-Ha, ha! Bir azrak diýmäňiz näme, siziň alym adamdygyňyz görnüp dur, agam. Indi dogryňyzy aýdyň. Meniň bilen gatnaşmagy, ülpet bolmagy isleýäňizmi? Islemeseňiz men zorlajak däl. Zorluk bilen dost bolup bolmaz.
-Hormatly Abul Harys, siziň dek şazada bilen gatnaşmak, ülpet bolmak meniň ýaly ýönekeý bir alym üçin uly mertebe, uly bagt, Ýöne...
-«Ýöneden» soňuny aýtmak gerek däl, näme diýjegiňizi men bilýän. «Ýöneden» öň aýdan howaýy sözleriňize-de men ynanmaýan. Men öwgülere özüni aldyrýan adam däl. Ýöne, meniň ýönämiň öňüni eşitdiňiz, indi soňuny eşidiň: Meniň bilen gatnaşyk etmek isleseňiz gapym siziň üçin hemişe açyk. Bir işde kömek gerek bolsa men dostlaryma hemişe kömege taýyn. Düşündiňizmi, agam?!
Ibn Salam geplemän kellesini atdy.
-Hany onda tanyşlygymyz üçin bir käse meý uraly, guý, sen saky bolýan bolsaň-diýip ýanyndakylaryň birine buýurdy. Ol: «Lepbeý! Şazadam» diýip, käseleri meýdan doldurdy. Abul Harys bir käsäni alyp, Ibn Salamyň öňünde goýdy.
-Uzur, şazadam, men içmeýän, rugsat berseňiz huptan namazynyň wagty boldy.
-Huptan namazynyň belli wagty ýok, ony gijäniň ýaryna çenli okasa-da bolýar. Şu bir käsäni içiň, onsoň rugsat bereli, baryp namazyňyzy okaberiň.
-Şazadam, meý bilen namaz dogry gelmez.
-Näme üçin dogry gelmeýärmişin. Gurhany Kerimde serhoş wagtyňyz aýak üstünde durup bilseňiz, namaz okaberiň, diýen aýat bar-a.
-Ol aýat ýatyrylyp, ýerine meýi gadagan edýän aýat wahyý bolup geldi.
-Ol aýat meýi göterip bilmän, bozgakçylyk edýän adamlar üçin gelendir. Siz bir käse içip, bozgakçylyk etmersiňiz, ahyryn. Onsaňam, sogaby diňe namaz okap, ybadat kylyp, gazanyp bolmaýar, agam. Pygamberimiz Muhammet aleýhissalam: «Ybadat diňe namazdan ybarat däldir. Ylym we hünär öwrenmäge sarp edilen wagt hem ybadata sarp edilen wagt kimin sogaplydyr» diýipdir.
-Emma, şazadam, pygamberimiz meý içmäge sarp edilen wagt hem ybadata sarp edilen wagt ýaly sogaply diýen däldir-diýip, Ibn Salam aýdyşyna aýtdy welin, soňundan şazadanyň gahary geläýmese ýagşy diýip biraz düýrükdi. Şazada gaharlanmady. Öňküsi ýaly dowam etdi.
-Dogry, pygamberimiz eýle diýip aýdan däldir. Ýöne ybadat hakynda bir danyşment şahyr.
Işk bilen ybadat jet däldir asla,
Ony hem muny hem buýurmyş Alla.
Ybadat ýol açsa jennete onda,
Jenneti bagyş eder näzenin munda-
-diýipdir. Şahyryň aýdyşy ýaly, bu dünýäniň jennetini hem görmeli. Ynsan ýalança ýeke gezek gelýär, şonuň üçin özüňi bu dünýäniň keýpi-sapasyndan mahrum etmek bolmaz.
-Şazadam, bu dünýade her kim bir ýoly saýlap alypdyr. Meniň ýolum, keýpi-sapam ylym. Älemiň, Zeminiň, durmuşyň syrlaryny öwrenmekden men biçak lezzet alýan. Şu öwrenenlerimiň netijesinde özümden adamlara peýdaly bir zat galdyrsam meniň üçin uly bagt.
Ibn Salamyň bu sözünden soň Abul Harys. «Bu biziň bilen ýoldaş boljak adama meňzemeýär, meňzemese meňzemesin, men muny sypdyrman» diýip, içini gepledip oturşyna bir hili kinaýaly ýylgyrdy-da:
-Ylmyň aşygy, diýseňiz-le. Bolubilýä, ýöne bu dünýäde islendik zadam yzygiderli bolsa irizýär, agam. Şonuň üçin arasynda keýpi-sapa bilen dem-dynjam almaly-diýdi.
-Meniňem dem-dynjymy almaly wagtym boldy, rugsat ediň, şazadam...
-Men ýaňy aýtdym-a, öňüňize goýlan käsäni içiň, rugsat onsoň.
-Şazadam uzur...
-Uzury soň aýdarsyňyz. Men sizi gury iberesim gelenok, hiç bolmasa şu bir käse bilen agzyňyzy ölläp gidiň.
Ibn Salam alaçsyz galdy. Ol: «Men bu meýi öz ygtyýarym bilen däl, zorluga düşüp, mejburan içsem günäsi bolmaz-la» diýip, oýlandy-da, käsäni eline aldy.
-Ine, munyňyz başga gep, aldyk-diýip, Abyl Harys öz käsesini agzyna ýetirse-de iki gözi Ibn Salamdady. Ibn Salam ondan öňürti içip, käsesini düňderip, goýdy.
-Berekella, agam, sag boluň! Elimi gaýtarman, sözümi syndyrman içdiňiz, sag boluň!
Agzynyň içine çaýkalan ajy tagamdan biraz gözleri ümezläp giden Ibn Salam:
-Indi maňa rugsatmy, şazadam?-diýip turmaga hyýallandy.
-Rugsat, rugsat, byradar. Ýöne men bir zada düşünemok. Siz oturmajak, keýp çekmejek bolsaňyz bu ýere näme üçin geldiňiz, özi?
-Meniň çaýhana diýip giren ýerim meýhana ekeni, ýalňyşypdyryn. Men çaýhanada çaý içip, saz diňläp biraz dynç almakçydym-diýen Ibn Salam özüniň ýalňyşynamy, ýa-da meýiň täsiri bilenmi bir hili gülüp başlady. Abul Harys meý guýan sakysyna soragly seretdi, ol çalaja başyny atdy. Bu üm-yşaratlardan Ibn Salama guýulan meýiň ýönekeý meý däldigini aňsa bolýardy. Ýogsa bir käse meýiň, gitmäge howlugyp oturan adamy wagtyhoşluk bilen beýle güldürer ýaly güýji bolmaly däldi.
-Agam siz çaý içip, saz diňlemek maksadynda gelen bolsaňyz, häzir çaýam, sazam bolar-diýip, şazada meýhana hyzmatçysyny çagyrdy.-Çyn-Maçyn çaýneklerinde ajy çaý getir! Sazandalar, garbanyp bolan bolsa, aýt, başlasynlar.
Meýhana hyzmatçysy «Lepbeý» diýip buýrugy ýerine ýetirmäge ylgady.
Salym geçmän gyjakdyr çeň, dutardyr ud bir perdeden gopup ajaýyp bir mukam ýaňlanyp başlady. Sazyň täsiri meýiň täsirinden hem ötürip, Ibn Salamy iki ýana yrandyryp ugrady. Şazada pursatdan peýdalanyp Ibn Salama çaý ýerine ýene bir käse meý tutdy. Ibn Salam çaý ýerine ýene mey doly käsäni alyp, başyna çekdi-de, sazyň täsirine berildi. Bir mahal çalynýan mukam tamamlanyp, täze mukama başlanmagyň öň ýanynda bir salym saz kesildi. Ibn Salam nämedir bir zat ýadyna düşen ýaly serhoş gözlerini süzüp Abul Harysa garady:
-Şazadam, men gitmelidim, ahbetin-diýdi.
Abul Harys:
-Indi oturyň, ine çaýam geldi. Mukamlaryň ajaýyby indi başlanýar. Soňunda näzenin rakkasalaryň raksyna, hyramyna tomaşa ederis-diýip, ýene bir käse meý uzatdy. Onýança öňküden hem täsirli saz başlandy. Ibn Salam uzadylan meýi-de içdi. Abul Harysyň aýdyşy ýaly, iki-üç mukamdan soň niredendir dört näzenin peýda boldy. Biri-birinden gözel, başdan-aýak zer geýnen bu rakkasa gyzlaryň saza goşup edýän ajaýyp raksyna, hyramyna aňk bolup seredip oturan Ibn Salam özüne uzadylan meý doly käseleriň birini-de yzyna gaýtarmady. Ibn Salamyň bu oturşy ol döwürden ýüz ýyl soň dörän beýik şahyr Hafyz Şirazynyň:

Çäşm agar inästu abro,
Inni nazu, işwa in,
Ålwida eý akly- danyş,
Ålwida eý ilmu-din -

- diýen setirlerini ýada salýardy.
Категория: Taryhy proza | Просмотров: 144 | Добавил: Haweran | Теги: Reýimbaý Sabyrow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhy proza bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]