10:41

Gurjakbaşy

GURJAKBAŞY

Hiç haçan men seniň duşmanyň däldim,
Batga bolup garalmandym öňüňde.
Onda nämüçin sen bukdaklap ýörsüň,
Köýüp giden aryň bar ýaly mende.

Ne-hä sen bir penje urýaň ýeňsämden,
Ne-de aýdyp bilýäň ötgür sözüňi.
Oýunjak gurjaklaň açaryn towlap,
Perdäň aňyrsyndan dikýäň gözüňi.

Soň gurjaklaň maňa oýun görkezip,
Seň sözüň gaýtalap azar berýärler.
Towy gutaransoň jansyz şeýtanlar,
Ýene seniň huzuryňa barýarlar.

Men ýatdan çykarman gurjaklaň oýnun,
Men seniň kölgäňem çykarman ýatdan.
Kölgeler gurjaklar bilen garpyşyp,
Iripdirler ýöne ownuk azapdan.

Eger-de meň boljak bolsa duşmanym,
Aždarha dek, belent bolsun dünýäde.
Kül üstünde oturandan bimaza,
Gowudyr özüňi oklanyň oda.

Annasoltan KEKILOWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 392 | Добавил: Revo | Теги: Annasoltan Kekilowa | Рейтинг: 5.0/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024
Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024
Nokat / Goşgular - 28.01.2024
Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024
Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024
"Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024
Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024
Жизнь / Goşgular - 29.02.2024
Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024
"At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024

Teswirleriň ählisi: 2
0
1 mango  
651
“Gurjakbaşy” “Кукловод” diýdigi bolmaly…
Üýtgeşik gowy goşgy eken.
Naçaryň erkek sesi.

0
2 Nurdan  
100
Ruhy rahat bolsun, belent sesi asyrlara ýañ salyp duran Gahryman Şahyryñ

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]