09:10

Guýrugy kesilen gara pişik / hekaýa

GUÝRUGY KESILEN GARA PIŞIK

“Mýaw-mýaw edip, misli bogazlaryna pyçak goýlan dek bolşup mawlaşýan pişikleriň zenzenelesinden ýaňa Nepes aga bütin gije çirim edip bilmän çykdy. “Mýaw-mýaw! Mýaw-mýaw!” “Eý-ho, Beýle-de bir goh bor oguşýa!” diýip, Nepes aga janynyň ýangynyna eýlesine bir agdarylyp, beýlesine bir agdarylyp ýatyşyna, ýorganyň içinde özbaşyna hüňürdedi. “Gygyryp-gygyryp, demem gutarjak şulaňň-a!”.
Onuň hüňürdisi, birsyhly iki gapdala agdarynjyrap ýatmasy aýaly Aksoltan ejäniň-de ynjalygyny bozdy.
—Mundan öň pişigiň mawlamasyny eşitmedik ýaly, gybyrdyklap alaýdyň-la, çal!—diýip, ol adamsynyň bolşuna gaharynyň gelýänini mese-mälim bildirip, oýaly-ukuly mydyrdady.—Dogup-döräliň bärem-ä eşidip gelýäň şo sesleri. Näme, ala-böle bu gün pişiklere myrryhyň tutup geçdi-le?!
Nepes aga aýalynyň mydyrdysy ýakmady.
—Ukyň tutýan bolsa, ýatyber-dä sen bir sesiňi çykarman!—dýiýip, ol aýalyna azgyryldy.—Seniň iňirdiň artykmaç degýä, heleý.
—Seniň hüňürdäp, gybyrdyklap ýatyşyň maňa hoş ýakýandyr öýdýäňmi?!—diýip, nije ýyllar bäri adamsynyň häsiýetine bäş barmagy ýaly belet bolansoň, onuň abyr-zabryndan heder etmän, Aksoltan eje-de gep alyp galmady.—Gör, bi çaly, öz-ä ile islänini diýjekmiş, iliňkinem diňlejek dälmiş.—Şundan soň Aksoltan eje-de öz ýanyndan pişiklere gargyndy.—Haram, mawlap geçenler, alabahar başlaýar welin, bularam başlaberýär, mawlaşyp öläýjek bolýalar.
“Bi aýal diýen zady gündiziň günortany, gök çaýdan keýpiňi kökläp otyrkaň gepde ýeňip bolýamy diýsene, häzir, alasarmyk ukudakaň ýeňere. Munuň bilen agyz deňemäniňden gowusy ýok” diýip, içinden pikir öwren Nepes aga Aksoltan eje bilen dawalaşmagy ýerliksiz hasaplap, uka giden ýaly bolup ýatdy. Gözlerini ýumsa-da ýumdy welin, uka düşübermedi. Daşarda mawlaşýan pişikler halys ukuçyl bolaýmasaň, maza bererli däldi. Olar hatda mawlamalarynyň arasynda misli, adam dilinde gepleşäýjege dönýärdiler. “Wa-aý! Wa-aý!” edip, hut adam gygyrýan ýaly, seslerini süýndürip, ýüreklerini ýaraýjak bolup gygyrýardylar. Çydar ýaly däldi. Gygyryp-gygyryşybam, birdenem güpürdeşip ylgaşýardylar. Bir ol äpişgäniň gabadyna barýardylar, bir beýleki.
Nepes aga pişikleriň mawlamasyna üns bermejek oldugysaýy beter boldy. Olaryň gohy beter ýüregine düşdi. Ahyry ol ýaşyna gelişmeýän çalasynlyk bilen hasanaklap ýerinden galdy-da, dazanaklap daşaryk atyldy.
—Toba-toba! Adam pahyr ölmese, her zat görüp-eşitjek oguşýa! Gyw, çal! Ahyr ýaşyňda pişikler bilen erjeşip, gijäniň bir mahaly dazzarylyp ýörşüň näm-u seň?!—diýip, Aksoltan eje onuň yzyndan çyrlap galdy.
Nepes agadan oňa jogap bolmady. Ýöne eýýäm Nepes aganyň sesi daşardan eşidilýärdi:
—Haýt, äteňenäletler! Ýok boluň-a! Ýok boluň!
Nepes aganyň gohundan soň zyňlan daşlaryň patdyldap ýere düşüşi eşidildi.
—Hi-wi, bagtym ýatdy, gijäniň ýarynda pişik daşlap ýör welin, bi çalyň hakyly üýtgäp ýörmükä ýa?!—diýip, Aksoltan daýza ýorganyň aşagynda özbaşyna hüňürdedi ýatdy. Pişikleri daşlap, yzyna dolanan Nepes aga-da igesini sürtüp galdy:
—Hakylyň üýtgäp ýören-ä däldir-dä, çal?! Bi, tünüň ýarynda pişik daşlap ýörmäň näme seň?! Goňşy-golam görse näme diýer!
Nepes aga bu gezek-de Aksoltan ejä hiç zat diýmedi. Sesini çykarman, ýorganyna sümüldi. “Muňa bir jogap bersem, ýene on gep tapar. Iň gowusy, ýataýyn” diýip, içinden pikir öwürdi. “Akylyň bolsa, aýal bilen agyz deňemeli däl”.
Nepes aga kowalap, daşlap gaýdansoň, pişikleriň sesi birneme uzaklaşdy. Ýöne bütinleý galybermedi. Çalarak eşidilýärdi. Her näme-de bolsa, öňküleri ýaly hut äpişgäniň öňünde haýkyraşanokdylar.
Howla birneme imisalalyk aralaşansoň, gijäniň esli bölegini çirim etmän geçiren Nepes aga ymyzgandy. Alasarmyklykda pişikleriň çala eşidilýän sesini bir aňşyryp, bir aňşyrman ýatyşyna ahyry uka gitdi. Ony säher bilen oýaranam pişikleriň sesi boldy.
—Wa-aý!—edip, edil ýüreginden pyçak urlan adam kimin aýylganç gygyran pişigiň sesine Nepes aga böwrüne dürtülen dek bolup zöweldi. Birbada alasarmyklykda nämäniň-nämeligini aňşyrman, gorkdam.
“Mýaw! Mýaw! Waý! Waý!” edip, ýene mawlaşyp ugran pişikleriň sesini aňşyransoň, ol aýňalyp özüne geldi. “Häk, äteňenälet pişikler! Ýene üýşüpdirler-ow!” diýip, özbaşyna hüňürdedi.
Aksoltan eje eýýäm turupdy. Daşardan gap-gajyň sesi gelýärdi. Nepes aga-da ýerinden galyp, daşaryk çykdy. El-ýüzüni ýuwdy. Täret kyldy. Soň öýe gelip, namaz okady. Namaz okaýarka-da, pişikleriň sesi ony bizar etdi.
Nepes aga namazyny okap, daşaryk çykýança, Aksoltan eje teläriň aşagyndaky tapçana keçe atyp, çaý demledi. Saçak ýazdy. Nepes aga çaý içmek üçin aýalynyň gapdalynda çökdi. Pir-kempir bolup, çaýlaryny içdiler.
Pişikler biri-biriniň yzyndadylar. Tirkeşip, birden howludan çykyp gidýärdiler, birden gelýärdiler. Bir goňşularyň howlusyna geçýärdiler, bir yzlaryna gaýdýardylar. Käte howlynyň haýatyna çykýardylar, kä üzüm dalbaryna münýärdiler. Özlerem ýaryşa goýberilen dek, yzyny üzmän mawlaýardylar.
Aksoltan daýza çaýdan bolansoň, öýe howa çalsyn diýip, äpişgeleri açyşdyrmaga durdy.
—Daň bilen takyrdap alaýdyň, ýatara goýmadyň—diýip, açyk äpişgeden aýal maşgalanyň gaharly hüňürdisi eşidildi.
Nepes aga hüňürdeýäniň gyzy Sülgündigini derrew tanady. Sülgüniň bagty oňmady. Baran ýerinde alty aý hem ýaşaşyp-ýaşaşman, aýrylyşyp gelipdi. Onuň atasy öýünde ýaşap ýörenine heniz ýekeje ýyl-da geçmändi. Şonda-da ol öň ýigrimi ýyllap sygan öýüne indi sygmajak bolýardy. Hamala, bu öý ony gysyp-gowrup barýan ýaly, häli-şindi düwläp, şäheri ýa-da öýi aýry doganlaryny bahana ederdi-de, çykyp giderdi. Asla öýüne köwlenesi gelenokdy. Dogrusy, Nepes aga ilkiler-ä onuň öýderäk bolanyny kem görmezdi. “Dul ady bar. Günde oňa-muňa diýip, salkyldap ýörse, il näme diýer” diýip pikir edýärdi. Ýöne soňky günler welin gyzy öýde bolanyndan bolmanyny kem görenokdy. Sebäbi Sülgün öýde bolsa, her zada yrsarap aglardy, ýa ejesi, ýa gelnejesi Aýgözel bilen biderek zat üçin harçaňlaşardy. Onuň bolgusyz gykylygyny sesini çykarman diňlemek Nepes aga bu ýaşdan soň agyr düşýärdi. Öňem maňlaýy ýatyp gelen gyzyna gaty-gaýrym zat diýäýmäge-de çekinýärdi. Nepes aga sesini gataltsa, ilki bilen Aksoltan eje iňirdäp tükezzibanyna tutjakdy. Onsoňam, gyzy Sülgüniň-de öýkelemegi mümkindi. Gyzynyň öňki gyzlyk durmuşy bolan bolsa, Nepes aga oňa käýese-de käýärdi, ýöne aýry öýe düşüp, maşgala bolup gelen dul gyzyna welin ol kelam-agyz agramly söz diýmäge çekinýärdi. Öz gyzy bolsa-da, ol indi gözüne ýat maşgala ýaly görünýärdi.
Gyz wagty Sülgüniň özem gowudy. Sesi-üýni çykanokdy. Kakasyny ýa-da erkek doganlaryny gören halaty dagy gabagyny galdyryp bilmezdi. Näme iş buýrulsa, ýumşuň ugrunda düwdenekläbiýrdi.
“Indi bolsa onuň öňünde döw dursun. Şeýle bir gykylykçy bolupdyr, Alla saklasyn!” diýip, Nepes aga gyzy hakda pikir öwürdi. “Öňde bir pahyr: “Bir dul saklandan, kyrk sany garry gyz saklaýyn” diýip, ýöne ýere nalap geçmän eken”.
—Ýap äpişgäni! Sowuk gelýä!—diýip, ýene içerden Sülgüniň ejesine azgyrylýan sesi eşidildi.—Näme üçin ýatan adamlaň äpişgesini açýaň sen!
—Waý-eý, toba-toba! Nireden elläýipdirin!—diýip, Aksoltan eje hüňürdedi-de, açan äpişgesini ýapmaga durdy.—Nireden sowuk barýamyş saňa! Daşaryň howasy içerden gowy. Gün dogdy gitdi. Beýdip bulanjyrap ýatandan-a, tur-da, iş-pişäň bilen bol!
—Turjak däl! Özüňem äpişgäniň ýanyndan aňyrrakda hüňürde, ýogsa men başlaýsam, saňa kyn düşer!—diýip, Sülgün ýene gygyrdy.
Şol sözleri eşidensoň, Aksoltan eje derrew äpişgäniň ýanyndan çekildi.
—Sen bir başlamawer, keýgim, sen bir başlamawer!—diýip hüňürdedi.—Sen başlasaň, durarlyk galmaz bi öýde!
Gyzynyň ykbalyny ýatlap, birneme daryksa-da, Aksoltan ejäniň Sülgünden gepde basylanyna Nepes aganyň ýylgyrasy geldi. Dogrusy, ýüregi ýerine gelen ýaly bolaýdy. “Özüňden ökderäge duşaýdyňmy, heleý!” diýip, öz ýanyndan aýalyna igesini sürtüp goýberdi. “Garpyşýany men bolsam-a, asyl goýmazdy hüňürdisini, gyzynyň özünden ökde geljegini duýdy-da, baý, basym aýryld-a äpişgäniň ýanyndan!”.
Pişiklerem aldygyna mawlaşdylar.
Hüňürdisini birden kesmegini kyn gördümi-nämemi, Aksoltan eje hüňürdisini pişiklere gönükdirdi:
—Haram, mawlaşyp geçenler, mawlaşyp öljek bular-a!
Nepes aga agşam Aksoltan ejäniň: “Şu ömrüňe mawlaýan pişik görmedik ýaly, bolşuň nähili seň” diýip, özüne käýänini ýatlady. Onuň bu sözlerini häzir özüne diýäýesi geldi. Ýöne ýene aýaly bilen agyz deňäp, kellesine agram salmagy ýerliksiz hasaplap, pikirini goýbolsun etdi.
Gelinleri Aýgözel turup, daşaryk çykdy. Ol ýuwnup-ardynansoň, üzüm dalbaryndaky ilgençekden asylgy duran bedräni alyp, sygyr sagmaga gitdi. Sygryny sagyp gelip, palçykdan edilen ojakda duran kiçijik gara gazanyň aşagyna ot saldy. Gazany ýyly suw bilen ýuwdy. Soňra hasadan süzüp, süýdüni gazana guýdy. Süýt bişirmäge oturdy. Aksoltan eje bolsa, töwerege suw sepişdirip, howlyny süpürmäge durdy.
Şol wagt birinde algysy bar ýaly, ýüzüni turşadyp, Sülgünem daşaryk çykdy. Ol ilk-ä dodaklaryny sallap, gözlerini süzüljiredip, häli-şindi elleri bilen ýüzüni sypaşdyryp, bosagada çökdi-de, pallady oturdy. Bir-ä gelnejesiniň süýt bişirişine seretdi, bir ejesiniň howly süpürişine. Saçlary-da bulam-bujardy, ýüzüne dökülişip durdy. Kellesinde ýaglyk ýokdy. Ol şeýdip, eslije oturdy. Aýgözel süýdüni bişirip boldy. Içerden çaganyň aglaýan sesi geldi. Şeýle bolansoň, Aýgözel “Süýt çogaýmasyn” diýen pikir bilen gazanyň aşagyndaky közleri ojagyň agzyna süýşürdi-de, krantda elini çalasyn ýuwup, öýe atyldy. Bosagada Sülgün oturansoň, kürtdürdi:
—Geçeýin, Sülgün—diýip, gaýynatasy Nepes agadan ýaşynansoň, Aýgözel pessaý gepläp, baldyzyna ýüzlendi.
Sülgün bosagadan turmady-da, bir gapdala gyşardy:
—Geçiber, geçer ýaly ýer bar-a, hana!
Aýgözel onuň gyşaryp, ýer açan gapdalyndan geçip, öýe girip gitdi. Sülgün gelnejesiniň yzyndan ary çakan ýaly jabjynyp galdy:
—Elinem süpürmändir sygyr ýaly bolup, üstüme suw baryny syçradyp gitdi.
—A gyz, günä bor bosagada otursaň!—diýip, Aksoltan eje gyzyna gygyrdy.—Tur, ondan-a el-ýüzüňi ýuw-da, çaý-suwuňy iç. Bolup oturyşyňy biri görse, näme diýer! Saçlaryň dagy görer ýaly däl!
—Bi heleý-ä ýene başlady—diýip, Sülgün ejesine azgyryldy.—Seniň menden başga işiň barmy ýa ýokmy?!
—Waý-eý, bi gyza bir zat diýseň az, iki zat diýseň köp, men näme etsemkäm, jan Allam!—diýip, Aksoltan eje bialaç halda sesini goýup, howly süpürmesini dowam etdi.
Onýança içerden üç ýaşlyja ogluny alyp, Aýgözel çykdy. Ol bu gezek Sülgünden geçmäge rugsat soramady-da, öňki öten ýerinden ötdi-de gidiberdi. Her näçe degirmejek bolsa-da, aýagy Sülgüniň böwrüne degdi.
—Süýkenmän geçip bileňokmy?—diýip, Sülgün ýene gelnejesine jabjynyp gygyrdy.—Böwrüme ýelmediň-le?!
—Bosagada oturma-da, men nädeýin—diýip, Aýgözel hem bu gezek Sülgüniň bolşuna birneme gaharlandy. Sekiniň üstünde Nepes aga oturansoň, ol pessaý gepledi. Şeýle-de bolsa, özüne jogap gaýtarylmasy Sülgüniň ýüregine ok bolup çümdi.
—Süýkenmejek bolarlar!—diýip, ýene gygyrdy.—Bilgeşli edýäň sen şeýdip. Meniň gaýdyp gelenim saňa ýaramady. Sen meni sygdyrmajak bolýaň şu öýe!
Şol wagt dalbaryň üstüne çykyp, mawlaşyp ýören pişikleriň iki sanysy biri-biri bilen garpyşyp, biri-birine öz dillerinde nämedir bir zat diýip, waýlaşmaga başladylar.
—Wa-aý!—edip, pişikleriň biri beýlekisini iýäýjek bolýardy.
Beýlekem ondan kem galar ýaly däldi.
—Wa-aý! Wa-aý!—edip, garşysyndakyny edil gemräýjek bolýardy.
Iki pişik mawlaşyp, biri-biriniň üstüne süründiler-süründiler-de, soňam hyr-da-hyr bolşup, bogşup başladylar. Hyrryldylarynyň arasynda-da:
—Wa-aý! Wa-aý!—edip gygyryşýardylar.
Özlerem diýseň gaharlydylar. Biri-birlerinde arlary köýen ýalydy. Olar haýwan-da bolsa, ýürekleriniň nämedir bir zada kanagat etmän, gaharan ýarylaýjak bolýanyny duýup bolýardy.
Birden bogşup duran pişikleriň biri gürpüldäp aşak gaçdy. Göz açyp-ýumasy salymyň içinde-de ýokarda galan pişigem kelemenläp gaýtdy. Ol göni gelip, Nepes aganyň egnine patlap düşdi. Düşen dessine-de zähresi ýarylan dek:
—Wa-aý!—edip gygyrdy.
Zähresi ýarylan Nepes aga howpdan goranýan kirpi kimin, boýnuny ýygryp, pişikler bilen deň hasanaklap galdy. Pişikler Nepes aganyň hysyrdysyna gorkup, kümä tarap gaçyp gitdiler.
Pişikler gaçyp, ýyldyrym çaltlygynda köne kümä sümlenem bolsalar, olaryň bolşuna gahary gelen Nepes aga aýakýalaňaç ylgap, ýerden bir daş aldy-da, pişikleriň giden ugruna zyňyp goýberdi.
—Häý, äteňenäletler!—diýip, gaharly sögünjiredi.
Kakasynyň gaharyndan Sülgün-de gypynç etmän durmady. Hasanaklap galyp, bosagadan aýryldy. Soňam öýe girip gitdi. Başyna kiçijik ýaglygyny daňyp çykdy. Ýaglygy daňsa-da daňdy welin, daňşynda derek ýokdy. Saçlary öňküsi dek hüžžerip durdy. Kiçijik ýaglyk maňlaýyndan oralyp, depede gyşyk-çaýşyk çiglipdi.
Şundan soň Sülgün yra-dara ýöräp, krantyň ýanyna bardy. Krantdan Aýgözel çagasynyň el-ýüzüni ýuwýardy.
—Bol-da basymjak—diýip, Sülgün ony gyssady.—Çaga üçin dagy şunça güýmenmek nämä gerek!
Gaýynatasy pişikleri daşlap gaharlanansoň, onuň öz üstlerindenem düşäýmeginden çekinp, Aýgözel baldyzyna bu gezek jogap gaýtarmady. Derrew krantyň ýanyndan aýryldy.
Sülgün töwerege suw baryny döküp, el-ýüzüni ýuwdy. Soň sekä çykyp, saçagyň başynda çökdi.
Nepes aga pişikleri kowansoň, aýagyna köwşüni geýip, öýe girdi.
—Çaý dagy buz ýaly bolup gidipdir—diýip, çäýnegi elläp görensoň, Sülgün ýene ýüzüni kürşerdip hüňürdedi.. Aýgözele ýüzlendi.—Bar, täze çaý demlesene!
—Özüň oturdaýsana, men jigiňi naharlaýan-a—diýip, Aýgözel süýtli käsä çörek dograp, ogluna iýdirip oturyşyna Sülgüniň ýumşundan ýüz öwürdi.
—Demlemän geçsene!—diýip, öýke bilen aýtdy-da, Sülgün hasanaklap ýerinden galyp, öýe girip gitdi.—Demlemänler geçäýiň!
Ol öýe girip, ýygnalmadyk düşegiň üstünde süýndi.
Az salymdan öýe Aksoltan eje girdi.
—Toba-toba, geň-taň görmedik!—diýip, ol henize çenli ýygnalmadyk düşekleriň üstünde bulaşyp ýatan gyzyny görüp, iňirdisine başlady.—Utanmadyň nätdiň. Gün günorta golaýlady, sen olsaň, henizem ýatyrsyň. Bolşuň öý bolup gelen adama meňzeýärmi seň!
—Ýatlama meniň öý bolanymy, ýatlama!—diýdi-de, Sülgün aglamjyrap ugrady.—Öý bolmadym men, maňlaýyma gara çekdirip geldim...
Şeý diýip, ol aglap ugrady.
—Wah, jan gyzym, açyk gapy, geljek adam sorap gelenok, biri geläýse, näme diýer! Iň bolman, ýatan ýorgan-düşegiňi bir galdyr ahyry!—diýip, Aksoltan eje soňra sesini peseldip, gyzyna ýalbarmaga durdy.
—Galdyrjak däl düşeklemmi, ýatjak!—diýip, Sülgün birsyhly dünýeden nadyl halda ejesi bilen dawalaşmagy dowam etdi.—Işiň bolmasyn meň bilen!
—Çöregem gutarandyr, men-ä saňa hamyr ýugurdaýjakdym—diýip, Aksoltan eje uludan dem aldy.—Görýän welin, seni köşeşdirmegem iş boljak bize!
—Hawa, men size işem bolýan, ýükem... Siz meni sygyrmajak bolýaňyz. Şonuň üçin size meniň bar edýäni ters görünýä—diýip, Sülgün ýene aglamjyrap, iňirdisini dowam etdi.—Hamyram ýugurjak däl, hiç zadam etjek däl...
—Bolýa, bolýa, jan gyzym. Hiç zadam etme. Aglamasaň bolýa—diýip, ahyry Aksoltan eje gyzyndan başyny gutarsa razy boldy.
Nepes aga Aksoltan eje çykyp gidensoňam, gyzy Sülgüniň uludan dem alyp, haşşyldaýşyny, sojap-sojap aglaýan sesini eşidip oturdy.
“Ýeke dul saklamdan kyrk sany garry gyz saklaýyn” diýenler dogry aýdan eken” diýip, günde telim sapar gaýtalaýan pikirini Nepes aga ýene hyýalyna getirdi. “Heý, toba! Bi zatlaň soňy abra bilen gutarawersin!”.
Howluda ýene pişikleriň zenzelesi köpelip ugrady. “Mýaw! Mýaw! Mýaw!” edip, olar ýürekleri ýarylan ýaly bolup, birsyhly mawlaşýardylar.
Daşardan del hüňürdi geldi.
Aksoltan ejäniň:
—Gelewerip. Ýörüň, öýe giriň!—diýýän sesi mese-mälim eşidildi.
—Daşarynyň howasy-da gowy. Biz-ä şu ýerde oturyberjek—diýip, aýallar jogap berdiler.
Açyk äpişgeden syn salan Nepes aga gelen myhmanlary tanady. Olar del adamlar däldi. Öz töwerekleriniň aýallarydy. Bir-ä goňşy köçedäki Muhammet aganyň aýalydy, beýlekisem onuň aýal doganydy.
Heniz aýallar habaryny aýtmasa-da, Nepes aga olaryň näme üçin gelenini çen etdi. Geçen ýyl Muhammet aganyň oglunyň-da gelni aýrylyşyp gidip, dul galypdy. “Bular Sülgüni soramaga gelen bolaýmasalar” diýip, Nepes aga içinden pikir öwürdi. “Söňky döwür aýrylyşýanam köpeldi. Käşgä, aýrylyşanlaryndan soň dulluk derdini mert çekip gezip bilseler. Ýanlarynda del jyns durmasa, oglunyň-gyzynyň öýde durarlygam ýok welin, onda-da aýrylyşanam bolýalar”.
—A gyz, biz-ä habarlyja geldik!—diýip, Muhammet aganyň aýalynyň şaňňy sesi Nepes aga mese-mälim eşidildi.—Özüň bilýäň, biziňem oglumyz sataşmasyz akdabana sataşdy-da, özüni bozdy, çagam...
—Hawa, hawa, habarym bar—diýip, Aksoltan eje gürrüňdeşini makullady.
—Indem näme, ömri ötýänçä ýeke gezmejegi belli oň. Siziň Sülgün janyňyzy oglumyza dilemäge geldik biz-ä, goňşy...
—Çüşş...—edip, Aksoltan eje myhmanyň şaňňy sesini peseltdirmäge synanyşdy.—Ýuwaşrak gürläweri, kakasy eşidäýmesin, gyz!
—Wiý, kakasyna-da öň-soň aýtmaly bor, kakasy eşidende-de erbet habar getirmedig-ä biz—diýip, Muhammet aganyň aýaly öňküsindenem beter jammyldady.—Sülgün janam bagtdan oňmady. Ikisiniňem maňlaýyna ýazylanydyr-da şol. Nätjek-dä. Nepes aga-da bize garşy bolup durmaz. Gözi ýetip duran ýer-ä!
Aýallaryň jammyldysyny Sülgünem eşitdi. Ol hasanaklap galyp, düşeklerini ýygnady. Derrew aýnanyň öňüne baryp, saçlaryny timarlady. Hatda öý eşigini çalşyp, tämizräk eşigem geýdi. Başyna owadan ýaglygyny daňdy. Soňam düňküldäp, daşaryk çykyp gitdi. Nepes aga-da daşaryk çykdy. Şonda ol Sülgüniň eýýäm aşhana girip, unly haltadan un alyp, elemäge taýýarlanyp ýörenini gördi. Gyzynyň süňňüniň ýeňlänini duýdy. Myhmanlaryň giderine-de mähetdel, aýalyny ýanyna çagyragada: “Gyzyňy bir günem egleme-de, ber Muhammet aganyň ogluna, men razy” diýäýesi geldi. Ýöne özüne zor salyp, dilini dişledi. Ol dul ýükünden diýseň ýadapdy.
“Geň görmeli, pişikler näme üçin mawlaşmaýarkalar?’ diýen pikirem şol wagt Nepes aganyň kellesine geldi. Ol pişikleri gözläp, töweregine ýaltaklanyny-da duýmady. Olaryň mawlamasy bolmansoň, howluda bir zat ýetmeýän ýalydy.
Pişikler gugurdaşyp, imisalalşypdylar. Olaryň ýanynda niredendir bir ýerden guýrugy kesilen gara pişik peýda bolupdyr. Nepes aga guýrugy kesilen bu gara pişige beletdi. Ol pişik beýleki pişikler bilen tirkeşip, käte Nepes agalaryň howlusynda-da görner giderdi. Ol gelen halaty mawlaşýan pişikleriň gohlary kesiläýerdi. Zähreleri ýarylan ýaly gygyryşýan pişikler köşeşäýerdiler. Häzirem guýrugy kesilen gara pişige gözi düşen Nepes aga: “Bir salymam bolsa, sesler-ä kesiler” diýip, pişikler hakda oýlandy.
Nepes aganyň pikir edişiçe-de bardy. Pişikleriň bary şol, guýrugy kesilen gara pişigiň daşyndadylar. Ysyrganyşyp, oňa gysmyljyraşýardylar. Guýrugy kesilen gara pişik bolsa epeý-epeý basyp, özüniň hemmä gereklidigini duýýan ýaly, bir ol pişigiň, bir beýleki pişigiň ýanyna gatnaýardy. Erkekligindenmi-nämemi, göwresem ep-esli bardy.
Guýrugy kesilen gara pişik bir salymdan epeý-epeý basyp, hondanbärsiräp, köne kümä girip gitdi. Beýleki pişiklerem onuň yzy bilen kümä sümüldiler. Gaýdyp, pişikleriň sesi gelmedi.
Sülgün bolsa eýýäm öňüne öňlük dakynyp, un eläp, hamyr ýugurmaga taýýarlanyp ýördi. Ol öňünden çykan jigisine-de “jigim jan” diýip ýüzlenip başlady.
—Jigim jan, seresap bolaweri! Jigim jan, ýykylaýmaweri!—diýip, dilini süýjedýärdi.
“Dilem süýjedi saçy kesileniň” diýip, Nepes aga öz ýanyndan gyzyna igendi. “Bular-a bak-a, adam çykansoňlar, ene-atanyň mährini-de bir bigänäniňkiçe görenoklar. Ene-ataň ýanynda ýüregi gysýa bulaň. Bigänäniň ýanynda göwni açylýa. Bigäne bulara ene-atadanam zerurrak gerek!”. Nepes aga uludan dem alyp, pikirini dowam etdirdi: “Allanyň ýaradyşy-da... Haýwan bolsun, ynsan bolsun, ýanýoldaşyndan bir aýyrmawersin. Ýoldaşsyz bolsa, olaryň bary il masgarasy bolaýjag-ow! Iň esasanam, namartraklar bi derdi çekip biljek däller!”.

Ogulsenem TAÑÑYÝEWA.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 763 | Добавил: Нawеran | Теги: Ogulsenem Taññyýewa | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024
«Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024
Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024
Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024
Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024
Kitap / nowella - 16.03.2024
Köprüler / hekaýa - 15.01.2024
Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024
Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024
Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024

Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Bägül  
Ynsan balasyny, janly-jandary hossaryndan ayyrmawer jan Allam..

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]