08:22 Güýz | |
GÜÝZ
Şahadan ýapraklar düşýändir gaýyp, Töwerek ümsümlik, sowlan deý bazar. Bu güýzi özüme ýakynym saýyp, Syr berdim, syrlarym güýzde-de galar. Syrdaşym syr saklar, gaýymdyr juda, Ozalam dünýäden ýetikdir syry. Güýz adamlañ syryn bilesi gelýär, Men bolsa şu tylla güýzleñ ýesiri. Güýzüñ asmanyny bezän durnalar, Boýçy kimin boýlap barýar asmany. Olar ýene dolanarlar ýaz gelse, Dolanarlar, bolabilmez "ahmaly". Gün-günden saralyp, solup, syr bolup, Sorag belgisine öwrülip geñsi, Jemläpdir älemiñ syryn özünde, Şoñ üçin bu güýzleñ solgunmyş reñki. Myrat GURBANOW. | |
|
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ "At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |