23:20

Güýz geldi...

GÜÝZ GELDI...

(Gurbannazar Ezizowyň ýagty ýadygärligini hatyralap)

Güýz geldi.
Dünýäniň ýüzi agraldy,
Sarylyk baglarda başlady "işe".
Biz indi şatlygy unutdyk biraz,
Gam çekmek güýze-de, maňa-da pişe.

Güýz gelende gussa batýar tebigat,
Öz şahyr oglunyň aglap agysyn.
Köp ýyllyk aýralyk onuň täleýne
Hem agras ýüzüne salypdyr gasyn.

Ol perzent dagyny çekýär,
Men bolsa,
onuň ýowuz ykbalyna aglaýan.
Meger, şudur ýama-ýama kalbymy
Güýzüň gamly dünýäsine baglaýan.

Gökde bolsa, ak alkymly durnalar
Gykuwlaşyp, göç edende bu ýerden,
Hiç saplanyp, halas bolup bilemok
Tebigatyň agyr derdin duýardan.

Bu baglar, bu daglar, gojaman barlyk
Güýz oglunyň sesi bolup ýaňlanýar.
Şeýdip günleň ol hakdaky aýdymy
Ebedilik aýdylyp dur soňlanman.

Sapa HOMMADOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 354 | Добавил: Pegas | Теги: Sapa Hommadow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Söýmäň meni... / Goşgular - 18.01.2023
Ikimize-de sorag / Goşgular - 07.01.2023
«Великий день Кирилловой кончины…» / Goşgular - 13.02.2023
Ene / Goşgular - 10.02.2023
«И ночи и дни примелькались…» / Goşgular - 12.01.2023
«Как мимолётна тень осенних ранних дней…» / Goşgular - 05.01.2023
Şol gyza / Goşgular - 06.01.2023
Легенда лет / Goşgular - 08.02.2023
Самоуверенность / Goşgular - 10.02.2023
Цыганская пляска / Goşgular - 10.01.2023

Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Garaýolly  
27
Sapa shahyryñ liriki gahrymany turkmeniñ shygyr shalygynyñ belli wekiliniñ biwagt baky ayralygy baradaky elegiyany guyz bilen goshulup aglayar. Shygryñ esasy leytmatiwi guyzi wasp ediji andalyp zibanly shahyr Gurbannazaryñ armanly beyanatyndan ybarat. Gowy goshgy.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]