09:21 Güýz gijesi. Noýabr | |
GÜÝZ GIJESI. NOÝABR
Güýz gijesi. Adaty gün. Noýabr. Ümsümlik gurşapdyr töwerek-daşy. Şemalyňam ýadandygy bildirýär, Agaçlaram häzir yranok başyn. Aýam bu gün asmanymda görnenok, Müdümilik giden ýaly - terk ede ("Senden gowy meniňem bir aýym bar" diýenime, öýkeländir ol, belki-de) Kütek gözler ýollaryma garaýar, Geljege garaýan a:ýdyň göz bilen. Sebäp, her kim bolup biler ýeňşe ýar, Bu durmuşda kynçylyga döz gelen. Saňa barýan ýollaň kötellerinden, Aşyp, saňa basym barasym gelýär. Hemem pursat bolsa, sypdyrman elden Ýalňyzlygy daşlap urasym gelýär. Günler geçer sagadyny jylawlap, Geçenlerem, geçjeklerem - göýä bir. Sensizlikde yşksyz kalbym gyrawlan, Güýz gijesi. Adaty gün. Noýabr. Ylham GURBANALYÝEW. 2022.11 | |
|
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||