12:29

Güýz nygmatlary

GÜÝZ NYGMATLARY

TYA-nyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň Botanika bagynda hem ösümlik dünýäsiniň köpdürlüligini artdyrmak, olary gorap saklamak boýunça işler ylmy esasda alnyp barylýar.
Türkmenistany bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek babatda öňde goýlan asylly maksatlar ýurdumyzyň ösümlik görnüşleriniň düzüminiň howa şertlerimize uýgunlaşdyrylan, durnukly we halk hojalygy üçin peýdaly täze görnüşler bilen yzygiderli baýlaşdyrylyp durulmagyny talap edýär. Botanika bagynda toplanan ösümlik ýygyndysyny gorap saklamak, gaýry ýurtlaryň ösümlik dünýäsinde bitýän görnüşlerini ýerli şertlere uýgunlaşdyrmak boýunça barlag işleri geçirilýar.
Botanika bagynyň geografik meýdançalarynda güýz aýlarynda ýapraklary, miweleri dürli reňkli öwüşgine girýän daragtlaryň birnäçesi ösdürilip ýetişdirilýär. Bu döwürde dürli reňkde miwe düwüp, bezeg görnüşine girýän agaçlaryň birnäçesi bar. Ol ösümliklerden alyç ýaly gyrymsy agajy mysal görkezmek bolar. Botanika bagynda alyçyň birnäçe düýbi ösýär we bu ýerde ösümligiň dürli geografik zolaklardan gelip çykan görnüşlerini görmek bolýar. Bu agaç Demirgazyk Amerikanyň, Ýewropanyň, Gündogar we Orta Aziýanyň tebigy dünýäsiniň wekilidir. Alyçlar bezeg berýän, dermanlyk we miweli ösümlik hasiýetleri bilen ünsüňi özüne çekýär. Alyçlaryň dermanlyk hasiýeti barada hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işinde giňişleýin ylmy maglumatlar berilýär.
Botanika bagynyň ýerli tebigy ösümlik görnüşleriniň toplanan meýdançasynda alyç agaçlarynyň toparlaýyn ekilen türkmen alyçy, türküstan alyçy, şübheli alyç ýaly görnüşlerinin toparlaýyn ekilen baglygy ýerleşýär. Olaryň käbiriniň, ýagny pontiý alyçynyň tagamly miweleri bar. Olar Günorta — Günbatar we Merkezi Köpetdagda, şeýle-de Köýtendagda ýabany şertlerde ösýärler. Alyçlaryň ähli görnüşi gülleýän we miweleýän möwsüminde has-da owadan bolýarlar. Ýewropadan gelip çykan bir miwelikli alyç agajynyň boýy 5 metre ýetýär. Alyçlaryň başga görnüşleri ýaly, bu görnüşi hem açyk güneşli ýerlerde gowy ösýär, yssa we guraklyga çydamly. Gülleýän döwründe ösümligiň üsti ak güller bilen örtülýär. Ol bezeg beriji ösümlik bolmäk bilen birlikde, dermanlyk häsiýetine-de eýedir. Onuň gülleridir miweleri derman taýýarlamakda giňden ulanylýar. Botanika bagynyň meýdençasynda bir miwelikli alyçyň gülgün reňkli gülleri bolan görnüşi hem ösýär.
Miweleri güýzde ýetişýän agaçlaryň biri hem watany Demirgazyk Amerikanyň tokaýlary bolan pekan hoz agajydyr. Ol Botanika bagyna ilkinji gezek geçen asyryň 30-njy ýyllarynda getirilip, ýyllaryň dowamynda biziň toprak-howa şertlerimize uýgunlaşdyryldy. Bu dik sütünli, tor şekilinde giň ýaýran şahaly, saýaly hoz agajynyň 80 ýaşlysynyň boýy 20 — 25 metre ýetýär, şahalary 14 — 15 metre çenli giň ýaýraýar. Ol tomsuň gyzgyn howasyny, gyşyň aýazyny kadaly ýagdaýda geçirýär, kesellere we zyýan berijilere durumly. Pekan diňe bezeg agajy bolman, eýsem, ol hoz miweli agaçdyr. Bu hozlaryň tagamy adaty hozdan hem tagamlydyr, emma hozlary kiçeňräk bolýar. Hoz miweleri süýri, ýuka gabykly, daşynyň gabygy ýylmanak, goýy-goňur reňklidir. Maňyzlary tagamly, ýagly, ýokumly maddalara baýdyr. Oktýabr — noýabr aýlarynda doly bişip ýetişýän hoz miweleri şol birwagtyň özünde agajyň tohümlarydyr. Şol möwsümde bişen miweleriniň daşky gabygy açylyp, hozlar topraga dökülip başlaýar.
Alyç gyrymsy agajy, pekan hoz agajy bezeg berýän we dürli ekologik şertlere çydamly ösümlik bolmak bilen, köp mukdarda ýetişdirilmäge we bezeg bagçylyk işlerinde, tokaý zolaklarynda ulanmaga, şeýle hem miweli bagçylyklary döretmäge mynasyp ösümlik görnüşleridir. Şeýle-de, bu baglaryň güýz paslynda ýetişýän miweleri ýurdumyzyň bazarlaryny miweleriň dürli görnüşleri bilen baýlaşdyrmaga giň mümkinçilik berer.

Maýa BÄŞIMOWA,
TYA-nyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň Botanika bagynyň uly ylmy işgäri.
Категория: Ösümlik dünýäsi | Просмотров: 470 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Maýa Bäşimowa | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Ösümlik dünýäsi bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]