10:33

Güýzdäki düýş / şol bir şygryň iki äheňi

GÜÝZDÄKI DÜÝŞ

Gülüp garap gözlermiň ýaşyna
Çyn söýgä biperwaý bakan aýperim,
Gözýaş dökdüň girdiň-de meň düýşüme.
Güýz gijesi nämüçindir sen gamgyn
Gussaly nazaryň bir ýana dikip,
Gözýaşly gözleriň süzüp otyrsyň.
Sessiz aglap, bir zat üçin dert çekip,
Meniňem bagrymy ezip otyrsyň.
Gözýaşlaryň dür-merjeniň dänesi,
Ýyldyz dideleňden syrykdy durdy.
Näzik kalbyň gör kimlerden kineli,
Azaplary bolsa täk maňa berdi.
Gözüm açdym...
Gaýyp bolduň gözümden,
Gaýyp bolan ýaly baky-müdimi.
Turup penjireden syrsam tutyny,
Sary baglaň arasyndan...
Sen birden...
Bu ne gudrat, görünýärsiň gözüme,
Belki geçmiş bolup galmanyň üçin.
Men gündizler aglap ýörün gör, ine,
Bir gije düýşümde aglanyň üçin.

1998ý.

GÜÝZDÄKI DÜÝŞ

Güýzde düýş görýän men, düýşümde hem güýz
Howlyňyz. Saralan baglar.Ýapraklar
tänip
seniň ýollaryňa düşelýär, sen bolsa ýalňyz.
Ýalňyzlykda bu derdi çekip bilýärsiň nädip?

Nämeden göwnüň galdyka, ne beýle çekýäň müýni,
Gussaly gözlerňi süzüpsiň, äleme bakýaň gyýa.
Gapyňyzdaky ala köpegem ýatyr ses-üýnsüz süýnüp,
Aýyňam şuglasy gökden inip dur siziň öýe.

Öň sen
Gülüp garabam bilerdiň gamly gözleriň ýaşyna,
Hem sen
Çyn yşga biperwaý bakybam bilerdiň,
Aý perim.
Ondan soň kän ýyllar geçdi,
Bu günem girdiň düýşüme,
Has dogrusy şu gije.
Özüňem gamgyn.

Ömür uzap dert kemmedi, gaýta artdy kem-kemden
Düýş bilen durmuş garyşdy,
garyşdy gije gündizem.
Sen şol gije düýşüme girip agladyň, indem men,
Gündizler aglaýan, emma ýeňläp bilemok henizem.

14.07.2022ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 233 | Добавил: Bagabat | Теги: Sylapberdi Muhamow | Рейтинг: 5.0/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024
Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024
Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024
Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024
Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024
Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024
Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024
Göreş / Goşgular - 11.02.2024
Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024
Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024

Teswirleriň ählisi: 2
0
1 Bagabat  
43
Şol bir şygyr - iki äheň. Ikisiniň arasynda-da çärýek asyra golaý wagt ýatyr.
Äheň üýtgeýär - şygyr eýýäm başgaça.

0
2 Bagabat  
43
Albreht Dýureriň 1514-nji ýylda çeken "Melanholiýa" atly eseri:

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]