18:13 Güýzüm! | |
GÜÝZÜM!
Kimler üçin belki bu geň, Hemmeleri görýän men deň, Birden duýsaň, halymy teň, Bas meni bagryňa, güýzüm! Ogultäç Oraztaganowa. Geldiň, bu göwnüm giňedi, Agras hem paýhasly güýzüm! Günler meni kän güýmedi, Agras hem paýhasly güýzüm! Şadyýan, şeýda ýelleriň Öper baglaryň leblerin. Ýalňyz çagym tut ellerim, Agras hem paýhasly güýzüm! Günler misli akar ýapdyr, Tekepbire Taňry ýatdyr, Halal zähmete binýatdyr, Agras hem paýhasly güýzüm! Kalbym yşka kerwensaraý, Bir Hakdan soraýyn haraý, Gezdim munda bagty araý, Agras hem paýhasly güýzüm! Borun öz-özüme ussa, Gapymy kakanda gussa, Ýegdir senden alsam nusga, Agras hem paýhasly güýzüm! Goý, sönmesin umyt şemi, Her zadyň ýagşydyr çeni. Söýmüşem, söýmüşem seni! Agras hem paýhasly güýzüm! Nury SAKÇYÝEW. | |
|
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |