15:22 Güýzüñ gelerine garaşýadym men... | |
GÜÝZÜÑ GELERINE GARAŞÝADYM MEN... Diňe bagtym üçin däl-de, kä halat ýeke söz üçinem göreşýädim men. Hiç kime duýdurman, hemem assadan, Güýzüň gelerine garaşýadym men. Üstüme gülleriň ysyn sepelän, Ýeller, ak çabgalar ýazlarda galdy. Ýöne meniň görmek isleýän zadym, Süýji arzuwlarym ýazlarda däldi. Köýnek geýip egne sary güllerden, Begenýädim güýz gelende çaga deý. Aýdyň maňa, urup duran ýüregiň küýsegine bolupmydy çäre heý? Bir işiň başyna barmaly bolsa, Ýüregme diň salyp -geňeşýädim men, Gözlerimi mawy asmana dikip, Güýzüň gelerine garaşýadym men, Birden, öz-özünden heserläberýän, Güýzi söýýän teşne ýüregim bardy. Ony sözde düşündirip bilemok, Nämedir bir zada ýüregim zardy. Şol zarlygy doldurýadym güýz bilen, Güýz bilen dolardy şol zar-zelillik. Arzuwlam Göge çen uzap giderdi, Däl ekenik biz diňe şu zeminlik. Gizläp nädeýin men, dogrusy, käte Bulutly howa deý gamaşýadym men. Açyp goýup penjiresin kalbymyň, Güýzüň gelerine garaşýadym men. Ogultäç ORAZTAGANOWA. | |
|
√ Beýle ýagdaý bolmawersin her kimde... / Goşgular - 13.01.2023 |
√ Ne bilsin / Goşgular - 13.02.2023 |
√ Umytsyzlyk... / Goşgular - 13.01.2023 |
√ Л.И.Офросимовой при посылке портрета / Goşgular - 08.02.2023 |
√ «Слёзы – на лисе моей облезлой!..» / Goşgular - 10.02.2023 |
√ Бальмонт / Goşgular - 15.02.2023 |
√ Kim ol? / Goşgular - 11.01.2023 |
√ Haýyş / Goşgular - 06.01.2023 |
√ Bagyşla, ezizim! / Goşgular - 06.01.2023 |
√ 9-е января / Goşgular - 09.01.2023 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |