19:17 Gymmaty ýitmejek hazyna | |
GYMMATY ÝITMEJEK HAZYNA
Adam özüniň çagalykdan arzuw eden kärinde işläninde, ol çekýän zähmetine ähli yhlasyny, başarnygyny siňdirýär. Hünäriň hünärden tapawudy kän. Käbir hünärler diňe tehnikalar bilen işlemegi talap edýär. Bu bolsa senden demriň diline düşünmegi talap edýär. Emma mugallymçylyk hünäri düýbünden başgaça. Ol dünýä döräli bäri dowam edýän kär. Hatda ilkidurmuş jemgyýeti döwründe-de töweregindäkilere awy nädip awlamalydygyny öwredýän akylly kişiler hem şol döwrüň öz ugrunyň ussat mugallymlary dälmi eýsem?! Mugallymçylyk — bu mukaddes hünär. Mugallymlar akylly nesilleri geljekde öz ornuny tapmaga taýýarlaýar. Olaryň aňynda hakykatyň, baý dünýägaraýşyň, ylym-bilimiň şöhlelenmegine ýol açýar. Hormatly Prezidentimiziň atasy Berdimuhamet Annaýew hem şeýle beýik mugallymlaryň hataryndadyr. Sebäbi Berdimuhamet aga «Watan maşgaladan başlanýar» diýlişi ýaly, öz maşgala agzalaryndan başlap, ähli okuwçylaryna ýeterlik bilim bermegiň hötdesinden gelen şahsyýetdir. Çagalary ýaramaz endiklerden goramak mugallymyň ilkinji borjudyr. Bu barada şeýleräk bir tymsala ýüzleneliň. Bir ýaş ýigit Gündogarly pelsepeçileriň birinden endikleriň garşysyna nädip göreşmelidigini sorapdyr. Pelsepeçi oňa bir ýaş nahaly görkezip, şony sogurmagy buýrupdyr. Ýaş ýigit nahaly bir eli bilen arkaýyn sogrup aýrypdyr. Soň pelsepeçi oňa has ulurak bir nahaly görkezipdir. Ýaş ýigit onam çekip aýrypdyr. Ýöne bu gezek ýaş ýigit iki elini hem ulanmaly bolupdyr. Has ulurak nahaly sogrup aýyrmak üçin bolsa ýigide dostlarynyň hem kömegi gerek bolupdyr. Pelsepeçi olara has ulurak bir agajy görkezipdir. Olaryň bary jemlenişibem bu agajy ýerinden gozgap bilmändirler. Pelsepeçi ahyry olara şeýle sapak beripdir: — Ine, endiklerimizem şu zeýillidir. Heniz kök urmanka, olary sogrup aýyrsa bolar. Ýöne esli wagt geçensoň, mazaly kök uransoň bolsa, olary goparyp aýyrmak örän kyn bolýar. Atanyýaz HANGELDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |