16:58 Gysga satiralar, kelte setirler | |
GYSGA SATIRALAR, KELTE SETIRLER
Gelni: - Hondan bärsi bolup, köpeltme gepiñ, Men dälmi, getiren öýüñ bar sepin? Gaýyn ene: - Onsoñ gürle, satyn alnan salaty! * * * Äri: - Arassa zähmetim, halal aýlygym, Şoldur meniñ guwanjym hem baýlygym. Aýaly: - Seniñ bir aý işläp alýan aýlygyñ, Meniñ bir bazarda satýan ýaglygym. * * * Öýlenen ýigit: - Täze gelne aýp bolar galmagal, Gelni: Tanamaýan gyzyñ satyn almazlar. * * * Ýaranjañ: - Zerurmy, öwrülgin kiçijik bürä, Boluber başlygyñ ýagdaýna görä. * * * Päliýaman enäñ gyzyna wesýeti: - "Söýýän" diýseñ, "köýýän" diýseñ. Samsyk borsuñ, haram tula. Soñ gadyryñ bilner ýaly, Satyljak bol köpräk pula. * * * Algyly gudañ aýdany: - Gije diýmän, gündiz diýmän, işle epmän dyzyñy, Şu ýyl bergiñi üzmeseñ, äkiderin gyzymy. * * * Iki ýüzli adamyñ häsiýeti: - Içerde başlygyñ elini öpüp, Daş çykansoñ, diýýär oña "Bir köpük". * * * Belli bir ärde togtamaýan gelin: - Ýene geldi owlagyñ, Jan eje jan, kowmagyn! * * * Enäniñ zeýrenji: - Agramyna çekip, alsam-da pula, Apardy oglumy, ýetirmäm ýyla. Gelin diýip, dyndym gaýtam oglumdan. Menem gapysynda öwrüldim gula. * * * Ejemden eşiden nakylym: - Oýun etse, ogly ýeñwr. Çynyn etse, atasy. Gelnimden eşiden nakylym: - Oýun etse, atasy ýeñer. Çynyny etse, ejesi. * * * Atasy: - Köp okasañ, köp bor bilimiñ, akylyñ. Il seni hormatlar, taparsyñ çörek. Agtygy: - Bu gün kim bolsañ hem tapylýar çörek. Hormatlanmak üçin wezipe gerek. Atda GURBANGELDI. "Tokmak" žurnaly, 1992 ý. | |
|
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |