19:38

Gyşyñ mukamy

■ GYŞYŇ MUKAMY

Gyş daşarda mukam çalýar, öjükdirip däli ýeli,
Onda güýzüň armany bar, umydy bar baharyňam.
Köçelerde at salyp ýör ýaşlygymyň heserleri,
Diýýär: “Ilki ýitirenňi, soňra ölçer tapanyňam!”

Bag üstünde bulduran gar ykbalyma siňipmidir?
Çagalygym asylan deý agaçlaryň şahasyndan.
Bilebilmän çyrpynýaryn ýitip giden ýigitligim
arzanmydy, gymmatmydy galan ömrüň bahasyndan?

Gar üstünde galdyraýan güjüjegiň gözlerinde,
Titreýärdi juwanlygym, galpyldaýar bakyň!
(Yz hem
özge many gözlemäň siz, agtarmaň siz sözlerimden,
Hakykysyn tapsaňyzam agyr geler çakyňyzdan).

Şuwla şemal,
Uwla şemal,
Getir gardyr ýagyşyňy,
Artaýmasaň agralypdyr Zeminiň kir – kimirleri.
Senden gurbat alan bahar çeksin Ýere nagyşyny,
Ýogsa şu çaka çen kalby gussa az-küş gemirmedi.

Eý, akja gar:
– Ýowuz şemal – diýip ondan üýşenme sen,
Hem ýol berme bedeniňe kirli köwşüň basylarna!
Bize özge düşünjek ýok, bir-birege düşünmesek,
Garaşýan kän owazymyň öz sesimden asylarna…

■ SOŇKY NOKAT

Ýürek ýukalypdyr, çalarypdyr saç,
Göýä, ýaşlygym deý uçup barýar gaz.
Aglama, eý, gözel, gollaryňy aç,
Ondan özge ýerde üşedýär aýaz.

Ýaş dökme, tozuňa gurban bolaýyn,
Seniň gözüň, meniň bagrym eziler.
Ýoluna garaşýan durnaň bolaýyn,
Gowsy öňki bolşuň bilen geziber.

Bize aýralyga gerek galmady,
Heýkeliň bar ýüregimiň töründe.
Köneki bolşumdan derek galmady,
Sähel zada gözüm çyglap ýörün men.

Şonuň üçin diýme maňa heserli,
Derýanyň düýbünde ýuwlan çäge men.
Sen owazmy, mukammy ýa esermi?
Bilebilmän bolup barýan çaga men.

Ynjalaýyn (ýüzüň ýüzüme öwür),
Gözlemdäki syry okady diýip.
Seni özüme-de dözemok ömür
depderimiň soňky nokady diýip…

Ysmaýyl TAGAN.

Категория: Goşgular | Просмотров: 357 | Добавил: Нawеran | Теги: Ysmaýyl Tagan | Рейтинг: 3.7/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Beýle ýagdaý bolmawersin her kimde... / Goşgular - 13.01.2023
Ива / Goşgular - 18.01.2023
Ф.Е.Коршу / Goşgular - 11.01.2023
«Я призываю вас шашкой…» / Goşgular - 15.02.2023
«Муза, погибаю!.. Глупо и безбожно…» / Goşgular - 19.01.2023
Голод / Goşgular - 14.01.2023
Bagbanym / Goşgular - 06.01.2023
Ene / Goşgular - 10.02.2023
«Тому, кто с верой и любовью…» / Goşgular - 04.01.2023
Söýgi ýeserligi / Goşgular - 08.02.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]