17:24

Gyzlyk namysy hakda rowaýat

GYZLYK NAMYSY HAKDA ROWAÝAT / oçerk

Uruşda maña köp guburlary görmek miýesser etdi. Emma bir gubur meni has geñ galdyrdy. Çemenligiñ ortarasyndaky oturan mähnet dub agajynyñ saýasynda üstüni gül büräp, ak berýoza haçly ol gubur alysdan görünýärdi.
Eginleri milli lybasly güller bilen nagyşlanan hem apbasy bilen bezelen mahmal kürtekçeli, bejergili giñ köýnekli gyzlar guburyñ tümmeginiñ üstünde örän gamgyn aýdyp oturmadyk bolsalardy, belki, men olaryñ duşundan parhsyz geçer giderdim.
Men olaryñ ýanyna bardym. Gyzlar ör turdular we hemmesi birden gözlerini süzüp gitmekçi boldy.
Mazaryñ başujundaky hajyñ ýüzüne gyzdyrylan myh bileb ukrain dilinde ýazylan ýazgy bar. Ol ýazgydan bu ýerde 19 ýaşly Ýowganka Sidorçugyñ jaýlanandygyny bilmek bolýar. Ol gyzluk namysy üçin ölüme döz geldi, duşmana boýun egmedi we soñky demine çenli öz öýlenjek ýigidine wepaly boldy.
Men gyzlaryñ jorasynyñ ölümi barada gürrüñ bermeklerini olardan soradym. Ine, mazaryñ ýanynda meniñ ýazyp alan şol hekaýatym.


...Ony ähli okrugda görmegeý gyz hasaplaýardylar. Muny gyzlaram, ýigitlerem, durmuş tejribesi bilen goýalşan garrylaram inkär etmeýärdiler. Uzyn boýly, çeýe diñe örän hoşniýetli adamlarda bolýan ýumşak saçly, küti gyzgylt dodakly bu gyz mawy gözlerini çala süzmegi söýerdi. Onuñ şeýle etmeginde-de aýratyn ýakymlylygy bardy. Hatda çagalar hem ol gyzyñ ajap jemalyndan gözlerini aýryp bilmezdiler. Ol nähili şadyýandy! Ol tomaşany söýerdi, aýdymy labyzly aýdardy, tans oýnamakda bsa Ternopolda oña taý gelen bolmazdy.
Kitaplarda arşa çykarylýan owadanlyklar barada ýygy-ýygydan ýazýardylar. Ol gyzda tebigata bezeg berýän ajap owadanlyk bardy. Onuñ näzik sesi kalplarda çuñ ornaşardy, oýnaklap duran mawy gözleriniñ garaýşy arassa we durudy.
Oba ýaşlary Ýowgankany oba Sowetine saýladylar. Ol ýerde oña möhür ynandylar. Gyz oba Sowetiniñ sekretary boldy. Ol adalatlydy. Onsoñ garrylar-da ony hormatlap, oña tagzym ederdiler.
Günbatar Ukrainada gyzlar durmuşa ir çykýarlar. Ýowganka heniz 15 ýaşyndaka Bogdan Ternows diýen çopan ýigide bir-iki ýyldan onuñ gelni bolmaga wada beripdi.
1941-nji ýylda Bogdan Sowet Goşunynyñ hataryna gitdi. Iki aýdan soñ ylla doly getirýän gara bulut ýaly, obanyñ üstünden faşistler geçdi. Olar eglenmediler, olaryñ biri hem çerdakda gizlenen gözeli görmedi.
Ýaşlyk bolsa, hemişe bolşy ýaly, ýaşlygyna galýardy. Şondan bir ýyl geçen soñ, ýow günlerinde gyzlar ilkinji gezek özleriniñ oba baýramyna jemlendiler. Gyzlar tukatlanýardylar, gamlydylar, biri-birleri bilen her näçe tans etseler-de, öz öýlenjek ýigitleriniñ uzakdadygy barada pikir edýärdiler, olaryñ ykballary barada hiç zat bilmeýärdiler, bu ýere ýygnanyşyp durmagyñ, belki, geregi hem ýokdur.
Bu ukrain gyzynyñ jemalyny öñüräkden bäri synlap ýören gitlerçi kapitan garry adamlaryñ we oba jaýlarynda ýaşaýan soldatlaryñ märekesini itekläp, tans oýnaýan gyzlaryñ duşundan geçip, öñe omzap bardy. Ol Ýowgankany özi bilen bile tans etmäge çagyrdy. Boýun towlamak boljak däldi. Gyz tans etmäge bardy. Emma söýgüli walsy hem ony şatlandyrmady.
Ofiser pyrlanyp tans edip ýörşüne gyzyñ kiçijik gulagyna egilip, gije öz ýanyna gelmegi oña hökümli buýurdy. Gyz närazydygyny bildirip, kellesini ýaýkady. Ofiser gyzyñ ezeneginden penjeledi. Gyz silterlendi. Ofiser birden güldi-de, hemmeleriñ gözüniñ alnynda gyzyñ dodagyndan öpdi.
Ýowgankanyñ süzülýän gözleri gahar ody bilen labyrdady. Ofiseriñ dulugynda gyzyñ çalan şarpygynyñ şarpyldysyny hemmeler eşitdi.
Kapitan ylla ýylan çakan ýaly bolup gaýra tesdi-de aýagyny tarpyldadyp elhenç gygyrdy. Daýaw iki soldat eýýäm naçar gyzyñ gollaryny baglady.
Garry gyjakçylar dagady, berýoza agajynyñ gabygyndan ýasalan tüýdükler sem boldy, märeke dymdy.
- Sen meniñ ýanyma bir gijejik gelersiñ - diýip, burç ýaly gyzaran kapitan dişlerini gyjyrdadyp otluk meýdanyñ ähli ýerini lerzana getirip gygyrdy.
- Men namysly gyz, hiç ýere-de gitmen. Menem, joralarymam gitmez.
- Sen entek bu hakda dyza çöküp maña ýalbararsyñ... - diýip, ofiser gygyrdy.
Ýowganka ýylgyrdy. Onuñ joralary elleriniñ aýalary bilen agyzlaryny tutup ýuwaşja gülüşdiler.
One şondan soñ iñ aýylganç bela gopdy. Guduzlan kapitan soldatlara märekäni saklamaga buýruk berdi. Ýük maşynynyñ dub agajynyñ düýbüne nähili gelenini hemmeler gördüler. Gollary bagly Ýowgankany kiçijik aýaklary görünmez ýaly edip, maşynyñ kuzowasynda goýdular. Kapitanyñ hut özi onuñ boýnuna syrtmak saldy. Hemmeler onuñ ýogyn barmaklarynyñ sandyrandygyny gördüler.
- Ýa üç günläp dardan asyl-astl bolarsyñ ýa-da meniñ bilen üç gije keýp çekersiñ. Halanyñy saýlaý.
- Men Bogdany söýýärin - diýip, gyz hamsygdy. - Wah, şu ýerde ol bolan bolsady, parahat adamlara nähili sütem etmelidigini gözüñize görkezerdi.
- Samsyk gyz, men seni äkideýin. Men pomeşik, köp mülküm bar...
Ýaşyp barýan günüñ şöhlesi ýüzüni ýagtyldýan gyza ýüzlerçe göreçler dikildi. Hemmeleriñ oña hossary ýaly, rehimi inýärdi. Hemmeler onuñ boýun egmezligini, razylyk bermezligini, ahyrky demine çenli namysjañ, päk söýgüsine wepaly bolmagyny isleýärdiler. Obadaşlary dymýardy. Emma Ýowganka olaryñ duýgularyny syzýardy. Eger ol häzir öläýse, ony hiç haçan unutmazlar. Onuñ ölümi basybalyjylara garşy göreşmäge sapak bolar.
- Ganýa, razy bolaý- diýip, onuñ joralarynyñ biri gygyrdy-da, özünden gidip ýere ýykyldy.
- Öleniñ gowudyr. Masgaraçylykdan ölüm ýagşydyr - diýip, märekede gyzyna has golaý duran Ýowgankanyñ eziz enesi batly gygyrdy.
- Bol basym, jogap ber ahyryn - diýip, kapitan azgyryldy.
Ýowganka ofiseriñ ýüzüne tüýkürdi. Ol gazaply gygyrdy. Gök otlary basgylap, maşyn öñe omzady. Gyz bolsa syrtmakdan asyldy, göýä hoşlaşýan ýaly, bigünä hem ajap jemalyny hemmelere görkezip, ýuwaşlyk bilen märekä tarap öwrüldi. Şu demde Ýowgankanyñ joralary özleriniñ gülli lentelerini ýyrtyp zyñdylar, sazçylar mundan beýläk basybalyjylaryñ ýanynda çalmazlyk üçin gurallaryny ýere taşladylar we olary aýaklary bilen depelediler.
- Ýeri onsoñ, kapitan gyz nätdi? - diýip, men alñasaýan gürrüñdeşimden soradym.
- Üç günden soñ kapitany ýerli partizanlar öldürdiler. Onuñ ýazgy depderçesinden aşyklarynyñ uzyn spisogy tapyldy. Oña italýan, nemes, ispan, rumyn gyzlarynyñ atlary ýazylypdyr. Emma onda sowet gyzlarynyñ ýekejesiniñ-de ady ýok eken - diýip, gyzlaryñ birj guwanç bilen jogap berdi. Kremensa şäheriniñ golaýyndaky Poçaýewsk lawrasynyñ diwarlarynyñ ýanynda gyzlardan eşidilen bu gönümel gürrüñ Poçaýewa şäheriniñ alnan ilkinji günlerindäki rowaýaty ýadyma saldy.
Şonda olar jana şypa beriji çeşme suwly "Ajaýyp köl" hakda, aldawçylaryñ, sütemkärleriñ, ýoldan çykaryjylaryñ garşysyna tämiz tolkunlardan egsilmez güýç alyp, baryp ýüzlerçe ýyldan bäri jañ sesiniñ hem-de aýdylýan aýdymyñ owazy astynda gijelerine şol kölde suwa düşünýändikleri hakda maña ýüreklerinden syzdyryp gürrüñ beripdiler.
Men olarda kölüñ taryhyny bildim. 1240-njy ýylyñ ýazynda Baty han Kiýewi weýran edip, özüniñ ordalary bilen ýalkymly Kremensa golaý gelipdir. Tatarlary bu ýere altyn ýa-da baý olja getirmändi. Olar dünýä meşhur owadan we edepli, inçe billi hem-de mawy gözli Kremensa gyzlary üçin gelipdiler.
Özleriniñ eziz gyzlarynyñ ar-namysyny päk saklamak niýeti bilen Kremensany goraýjylar gyzlaryny gür tokaýlykdaky agaç buthanada gizläpdirler. Emma mongol-tatarlar muny añypdyrlar-da buthanany gabapdyrlar, gyzlara hanyñ merhemetine boýun egmegi teklip edipdirler.
Duşmana jogap edip, gyýçak daşlar zyñylyp, duşmanyñ atan tyglary hem yzyna dolanyp, basybalyjylara şikest ýetiripdir. Guduz açan mongol harby serkerdeleri gözel gyzlary tüssä bogup ýesir almak tamasy bilen, ybadathanany otlapdyrlar. Şonda harasat gopupdyr. Gök gürläpdir. Öl ýer sojap jaýrylypdyr-da, Kremensanyñ owadan gyzlary bilen ybadathanany öz göwsünde gizläpdir, bu buthananyñ ornunda bolsa gyzlyk namysyny goraýan janly suwly köl emele gelipdir. Ýeñlen mongol-tatar esgerleri daşa öwrülip, jadylanan kenarda şu çaka çenli dur.
Halk tarapyndan düzülen bu asylly rowaýat, belki, Ýowganka Sidorçuga öz gylyk-häsiýetini terbiýelemäge haýyr edendir, emma men bu köli kartadan köp gözlesem-de, hiç tapyp bilmedim.

Sergeý BORZENKO,
polkownik, Sowet Soýuzynyñ Gahrymany,
ukrain ýazyjysy,
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 1727 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Sergeý Borzenko | Рейтинг: 4.3/3
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024
Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024
Garagumda / hekaýa - 09.03.2024
Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024
Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024
Kitap / nowella - 16.03.2024
Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024
Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024
Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024
Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024

Teswirleriň ählisi: 3
0
1 Мylayym  
83
Nusgalyk galan rowaýat.
Elden ele geçirilip okamaly rowatlar türkmenlerde-de az bolmandyr. Ýöne biz döwre çenli ummanyklaryň akymy az mukdarda ýetip gelen bolaýmasa...
Hat-da tas, gurabam barýan ýaly...
"Girdapdaky gelin" makalany okap menä: enemjandan öwrenenje
"Tobaestagfyralla!" diýen sözüni gaýtalap öldümle.
Gazaba-ha mündirdi adam baryny smile

0
2 Bagabat  
43
Özüňi reklama edýän ýaly bolmagam mümkin welin, hut şeýle, halkymyzyň durmuşynda hakykatdanam bolan wakany eşidip, şonuň täsirinden çykyp bilmän bäş-alty ýyllykda "Mämmet yrza" atly hekaýany ýazypdym. Bizde zenan gaýratynyň ajaýyp nusgalary näçe diýseň bolupdyr, bar.

0
3 Елена_Прекрасная  
462
Bu hakyky bolan wakamy?

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]