11:26

Gyzym

GYZYM

Gyzym!
Seni
Unudandyr öýtmegin,
Ýanyňa gelerin, aýda ýa ýylda.
Asyl, eneň bilen ir säher, agşam
Belki,
hasaby ýok, ýatlaýas günde.
Sen bolaňda begenipdim,
Çägi ýok.
Bu barada aýtsam ýüregim para.
Elbetde,
Ol günler gaýdyp gelenok.
Gaýtaryp getirsem tapardym çäre.
Ah, Gyzym,
Ah, gyzym, naçarym meniň,
Sypardym, ogşardym seniň başyňdan...
Şeý, diýdi-de, ýüregini agladyp,
Ata turdy, bir mazaryň başyndan...

Remezan MÄMETGURBANOW.

06.10.2022 ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 209 | Добавил: Remezan | Теги: Remezan Mämetgurbanow | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024
Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024
Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024
Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024
Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024
Göreş / Goşgular - 11.02.2024
Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024
Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024
Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024
Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024

Teswirleriň ählisi: 2
0
1 silapmuham  
1368
Agyr goşgy ýagny agyr ahwal. Perzent awusy hele-hüle azarmy?
Çaga we ölüm bi iki söz bir-biriniň ýanynda goýar ýaly zat däl.

0
2 Remezan  
1397
Hawa

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]