02:46 Hakykat | |
HAKYKAT
Ýene-de sensizlik düýnämi gurşan Ýene-de birmeňzeş günleriň bary. Ähli süýjilikleň tagamy turşan, Yssyda undulan çekize ýaly. Ýene-de şol güller süllerip otyr, Ýene-de şol guşlar uçanok erkin. Ruhym hereketsiz bedende ýatyr, Gulagyma gelýän seslerem çirkin. Ýene-de kejirlik öz işin edýär, Ýene-de bakyşlam - bakyşy hassaň Şatlygam her güni yzyna gidýär, It deý üýrüp duran sesinden - gussaň Emma, hiçisi-de bolmaz bakylyk Bu zatlaram geçer-gider teý-ahyr Şatlygy-da ýetip barar çakylyk, Gussalary kowup, etsem tagapyl Guşlar erkin uçup, hoşowaz saýrar Ýylgyryp duranja bakyşym bolar Güller görki bilen bar ýere yaýrar Ylhamly bedenim aýaga galar Ähli turşylara tapylar çäre, Ajy ýatlamanam iýjek bal çalyp... Hemmesi öz ornun taparam, ýöne Bu ömürde sensiz gezjegim anyk... | |
|
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |