04:45

Hakykatçyllyk

HAKYKATÇYLLYK
    
Öran hormatlanylýan akyldarlaryň biriniň ýanyna jenaýatynyň üstünde tutulan ogryny getiripdirler. Örän ýaşajyklygy üçin ony kanunyň berkliginiň doly güýjünde jezalandyrmaga dözmändirler. Akyldardan ýetginjegiň dogry ýola ugrukdyrylmagyna, ogurlykdan, köpçüligiň halamaýan işlerinden ýüz döndermegine täsir edilmegine garaşypdyrlar. Akyldar söhbetdeşliginde ogurlyk hakynda ýekeje söz hem agzamandyr. Ol ýetginjek bilen örän mylakatly gürleşip, onuň ynamyna giripdir. Akyldar ýekeje zady talap edipdir. Ol talap hemişe hakykatçyl bolmakdan ybarat bolupdyr. Özüniň ogurlykdan aňsat sypanyna diýseň begenen ýetginjek ýeňillik bilen söz beripdir-de, öýlerine gaýdypdyr. Dumanyň Aýyň öňüni tutuşy kimin, gije onuň kalbyna ogurlyk etmek hyýaly aralaşypdyr. Haçan-da ol derwezelerinden çykyp ugranda, birden kellesine: «Eger-de häzir maňa kimdir biri sataşyp, menden näme işleýänimi soraýsa, men näme jogap bererkäm? Men ertir nä­me diýerin? Eger-de men hakykatçyl boljakdygym barada beren sözümde durmaly bolsam, men hemme zady boýun almaly bolýaryn. Onsoň maňa mynasyp bolan jezamdan gaçyp gutulmak ýokdur» diýen pikir gelipdir. Şol pursatdan başlap hem ýetginjek hakykatçyllyk bilen uýgunlaşyp ugrapdyr. Ogurlyk onuň üçin mümkin däl zatlaryň hataryna geçipdir. Hakykatçyllyk bolsa onuň dogruçyllyga we adalatlylyga barýan ýoluny barha giňeldipdir.
 
Taýýarlan Gülbahar PAŞŞYÝEWA.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Категория: Pedagogika we edep-terbiýe | Просмотров: 356 | Добавил: Нawеran | Теги: Gülbahar Paşşyýewa | Рейтинг: 3.0/2
Awtoryň başga makalalary

Pedagogika we edep-terbiýe bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]