22:03

Halyçy / poema

HALYÇY

Bozup ukusyny aladaňdanyň,
Sarsdyryp daşlaryň dymyşlygyny,
Debsiläp jülgeleň gamyşlygyny,
Topar atly girdi çetinden obaň.
Buýruk:
Bir adamam sypdyrmaň!
Gabaň!

Niçiksi ýagy siz, bimahal gelen?!
Niçiksi ajal siz, bu mahal gelen?!
Işginde oraçalaň, kepbeleň,
Baglandy gojalaň, naçarlaň elem,
Baglandy ejeleň, bar ärleň elem,
Eger hasrat üçin elenýän bolsaň,
Elen toprak,
Elen.

Eger gözýaş bilen gark bolýan bolsaň,
Dymyp ýatma toprak!
Eglenmän gark bol!
Eger oda ýanyp , berk bolýan bolsa,
Gowrul,
Daşa öwrül,
Daşdanam berk bol!
Eger-de gazapdan ýarylýan bolsaň,
Ýuwut meni, bol basym, ýaryl sen, ýaryl.
Eşitmesin ýar ýaryň
Dost dostuň zaryn.

Ýeri , bu toprakda näme günä bar?
Günem dogup gelýär,
Ýagty gün-ä bar.
Günem abat,
Senem abat topragym,
Meniň bolsa bu gün ýagty dünýäm dar.

Men ýesir , şoň üçin ýagty dünýäm dar.
Yzda küren obam burugsap galdy,
Şirläp akýan çeşme, akar ýap galdy,
Galdy elwan gülli çemenzarlyklar,
Baýdak deý pasyrdap galdy arlyklar,
Obadaşlam aglap hem garap galdy.

***

Uzak ýoly söküp gelen atlylar,
Niçik syryňyz bar, ediň siz aýan.

Şunça ýoldan gelip,
Ýat ilden gelip,
Alyp barýanyňyz bir garry aýal.
Göz üçinmi?
Söz üçinmi?
Nämüçin?
Niçiksi talaň bu, niçiksi hyýal?!

...Saralgy ellerin silteýär al at,
Entirekläp barýan garry halyçyň.
Ýalaňaç dabanyn sypaýar öl ot,
Sandyraklap barýan garry halyçyň.

Barýan atlylaryň bolsa bary sem.
Halyçy oýlanýar :
“Sogrul, eý ellem!
Üzül, bu zatlaryň sebäpkäri sen.

Indi meni halas etjek diňe sen,
Halas et sen,
Halas et sen, üzül-de.
Alyp gitme ýat illere sen meni,
Läşim lagşap galsyn türkmen düzünde.”

Ýaş syrygýar kütelişen gözlerden,
Torgaýlaň agysy gelýär düzlerden.
Nälet saňa ellem,
Ömürlik nälet,
Berk ekeniň döwülerden , üzlerden.

Ÿedi gezek ÿykylsañ sekiz gezek tur...
Eltdiler garryny alnyna Şanyň.
Şa diýdi:
“Gel garry otur gaşymda”...
Nökerler oýlanýar : “Erejek wagty
Bar eken-ow bu doň, gara daşyň-da,
Bu doňňara daşyňda”.

Diýdi Şa:
-Aýt garry näme isleseň,
“Pul” diýseňem, “jul” diýseňem tapylar.
“Bal” diýseňem, “gül” diýseňem tapylar.
Seniň üçin bu giň köşki-eýwanda
Açyk ähli ýollar, ähli gapylar.

Näme iýseň, näme geýseň tapylar.
Pulmy? Bar-da hazynadan sanap al.
Öwret ýöne sungatyňy sen bize,
Gyz-gelin kän,
Näçe gerek?
Saýlap al.

Seň halyň beýgeltsin meň şöhratymy,
Äleme jar etsin meniň adymy.
Nepis haly türkmenlerde ýaşaman.
Goý bizde ýaşasyn,
Başarsaň şuny
Horluk görmez il-ulusyň , neberäň.

Başga zat barada pikir etme sen,
Işle öz günüňe şükür et-de sen.
Özüňe nämäniň garaşýanyny
Bilýänsiň sen buýranymy etmeseň.

***

Aý geçdi, ýetişdi ilkinji haly,
Ýyl geçdi, ýetişdi onkinji haly.
Synladylar, sypadylar, gördüler
Ak öýlerde,
Hem toýlarda gerdiler.
Müňläp jemendeli ak bazarlarda
Agramyna altyn çekip berdiler.
Synlan diýdi:
“Däl bu ýönekeý haly,
Bu tüýs türkmen düzi,
Sährasy ýaly...”

Bu tüýs türkmen düzi, Sährasy ýaly...”
Hiç kim Şa barada gürrüň etmedi.
Diňe soradylar dokan aýaly.
Baha beren haly hakda gepledi:
“Bu haly tüýs haly, Iň nepis haly,
Edil türkmen düzi,
Sährasy ýaly”.

Elden-ele geçip, Deňizden geçip,
Haly çölden geçip,
Hem düzden geçip,
Gitdi uçup,
Giň äleme nur saçyp.
Hyrydarlar aldy ony pul seçip,
Diýdiler:
“Bu bir tüýs haly-da , haly,
Türkmen zenanlarnyň ýüregi ýaly”.

Ÿedi gezek ÿykylsañ sekiz gezek tur...
Iki ýana zowuldaýar zalym Şa,
Öçürip bilmänsoň ýüregniň odun.
Gaçyryp bilmänsoň gazabyn ,badyn.
Oýlanýar : “Nämüçin wasp etmez meni
Şunça pul sarp edip döreden zadym.

Düşünemok,
Ýeri, ýeri nämüçin
Artýar diňe şol kempiriň şöhraty.
Ähli ýerde,
Bar dillerde öwülýän
Şol melgunyň ady, diňe şoň ady
Meniň emrim bilen çitilen göller
Nämüçin wasp edýär türkmen sährasyn.
Nämüçin halylar beýik Şanyň däl,
Meşhur etdi bir ykmandaň şöhratyn ?
Nälet saňa haly, müň ýola nälet,
Nälet saňa, nälet, jadygöý hatyn!”

***

Ene ömür berýär öz perzendine,
Şahyr berýär öz ömrüni bendine.
Synlap suratkeşiň çeken suratyn
Görýäs onuň öz paýhasyn ,syratyn.
Ýa-da seýis bolsaň , seýisläp atyň
Ölçeýändir seniň ömür gymmatyň,
Şunuň ýaly kanuny bar sungatyň.

Saňa derek jogap berýär eseriň
Seniň öz geljegiň, ykbalyň üçin.
Astyndan çykansoň synnyň, keseriň,
Sen dokan halyçyň geljekki ömri,
Hem oň ýüreginiň ajap haly sen,
Haly ,sen.

Gözleň nury siňen,
Şöhlesi siňen,
Naçarlaň deň-taýsyz
Paýhasy bilen,
Täk özüne meňzäp bu dünýä gelen
Haly sen.

Şelpeleriň sesi bilen oýanyp,
Erişleriň arasynda goýalyp,
Günüň ýedi şöhlesine boýalyp,
Dörän bu dünýäniň gül jemaly sen,
Haly sen.

Ir säherde Günüň doguşyn synlap,
Gädim-gemrik Aýyň doluşyn synlap,
Gyşyň garyn, ýazyň ýagyşyn synlap,
Bolsa-da ol mahal gözýaşlar simap,
Şol garry halyçyň geçen ýoly sen,
Hem ýat ile taşlan keç ykbaly sen,
Haly sen

Dünýä gelip şapak deýin ýaşmak kyn,
Naçar bolup, ýat illere düşmek kyn,
Abananda sere ajal, gorky-üýn,
Diňe bu dünýäde ýaşamak üçin
Dörän soňky umyt-hyýal ýaly sen,
Haly sen.

Erişinde at aýagy ses eden,
Şöhratparaz, zalymlary pes eden,
Bu dünýäde haýran saňa eseden,
Türkmen zenanlarnyň ýagşy päli sen,
Söýgüsi, arzuwy, oý-hyýaly sen,
Haly sen.
Категория: Poemalar | Просмотров: 590 | Добавил: Нawеran | Теги: Atajan Annaberdi | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Poemalar bölümiň başga makalalary

"Aşyk-Magşuk" / dessanyň dowamy - 03.03.2024
"Aşyk-Magşuk" / dessan - 03.03.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]