08:27

Halyl Kulyýew

HALYL KULYÝEW ( 1936 - 1978 )

Şahyr Halyl Kulyýew 1936-njy ýylyň 7-nji sentýabrynda Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň “Täze durmuş” daýhan birleşiginde dünýä inýär. 1943-nji ýylda Darganata etrabyndaky 4-nji mekdebiň 1-nji klasyna okuwa barýar.
1953-nji ýylda bolsa Darganata etrabynyň merkezindäki 1-nji orta mekdebini tamamlaýar.
Ol 1953 -1955-nji ýyllar aralygynda Darganata etrabynyň 15-nji mekdebiniň başlangyç klas mugallymy bolup işleýär.
1955-1960-njy ýyllar aralygynda Türkmen döwlet uniwersitetiniň filologiýa fakultetinde okaýar. 1960-njy ýyldan başlap, Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen edebiýaty kafedrasynda mugallym bolup işleýär.
Halyl Kulyýewiň ilkinji goşgusy 1955-nji ýylda “Tokmak” žurnalynda çap edilýär. Şondan soň ol döredijilik bilen ymykly meşgullanýar. Şahyryň “Daň şemaly” atly kitaby çap edilýär. Ol “Ýollar we ýodalar”, “Daň agarýar”, “Gyzly mesele”, “Göwnüm seni küýseýär”, “Bahar buşlugy”, “Bahar söz berýär”, “Gunça”, “Jeýhun kenarynda“, “Güneş”, “Garaşylmadyk jogap” atly poemalaryň, goşgular ýygyndylarynyň, ençeme goşgularyň, birnäçe drama eserleriniň awtorydyr. Zehinli şahyr Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen edebiýaty kafedrasynyň mugallymy bolup işleýän döwründe edebiýat meselesinden ylmy-derňew işini hem alyp barýar.
Şahyr Halyl Kulyýew 1978-nji ýylyň 8-nji martynda aradan çykýar. Halyl Kulyýewiň türkmen sährasyny we dünýäsini wasp edýän ajaýyp goşgulary häzirki wagtda-da halkymyzyň kalbynda ýaşaýar.

Çeşmesi: https://medeniyet.gov.tm/tk/art-world/170. 06.09.2022ý.
Категория: Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly | Просмотров: 315 | Добавил: Bagabat | Теги: Halyl Kulyýew | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]