08:34

Halypa žurnalist Aýnabat Durdyýewa aradan çykdy

HALYPA ŽURNALIST AÝNABAT DURDYÝEWA ARADAN ÇYKDY

Biz halypa kärdeşimiz, tejribeli žurnalist, mähriban ene Aýnabat Durdyýewanyň aramyzdan juda ir gitmegine ýürekden gynanýarys.
Adam ýaşap ýörende ömür terjimehalyny manylar bilen bezeýär. Aýnabat gelnejäniň ömür terjimehaly hem, zähmet terjimehaly hem «Türkmenistan» gazeti bilen aýrylmaz baglanyşykly. Ömrüni halal zähmete, söýgüli kärine bagyşlan halypamyz mundan laýyk 50 ýyl ozal, 1972-nji ýylyň sentýabrynda, ýaňy on ýedi ýaşynda mahaly «Türkmenistan» gazetiniň gapysyndan ätledi. Ol 1955-nji ýylyň ýanwar aýynyň 15-ine Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda doguldy. 1979-njy ýylda Magtymguly adyndaky TDU-ny üstünlikli tamamlady. 1972 — 2017-nji ýyllar aralygynda «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasynda kompýuter ýygymynyň operatory, uly habarçy, bölüm redaktory, bölüm müdiri, uly habarçy, 2017-nji ýyldan şu güne çenli bolsa, gazetiň uly habarçysy wezipesinde abraý bilen zähmet çekdi. Uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmeti üçin, 2019-njy ýylda Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglandy.
Bir asyry arka atan gazetiň ýarym asyryna şaýat bolmak, şol ýyllarda sütün-sütün halypalar bilen işleşmek, bagtdan we döwletlilikden alamatdyr. Diňe Taňry ýalkan ynsanlara şeýle ykbal rowa görülýändir. Aýlar aýlanýar, ýyllar geçýär, ýaşaýyş dowam edýär. Ýürekde galan ýatlamalar, hakyda ýumagyna saralan pursatlar ýaşamagyny dowam edýär.
Biziň mähriban kärdeşimiz baradaky röwşen ýatlamalar dilden-dillere, halypalarymyzdan şägirtlere geçer, şeýdibem onuň ömri bakylyga ulaşar.
Işjanlylygy, tapylgysyz adamkärçiligi, ugurtapyjylygy, kärine bolan söýgüsi milli žurnalistikamyzyň ýaş nesli üçin öwrenilmeli häsiýetlerdir we geçilmeli mekdepdir.
Aýnabat gelnejemiz ýaşlara halypa, kimlere ýakyn maslahatçy, kimselere ýürekdeş jora, ýene birnäçelerine bolsa käbesini ýatladýan mähriban zenandy. Bu gün onuň aramyzdaky günleriniň her birini kino lentasy kimin yzyna saradasyň gelýär...
Kärdeşimiziň ýatan ýeri ýagty, jaýy jennetden bolsun!
Halypa žurnalist, ajaýyp zenan Aýnabat gelnejemiz baradaky ýagşy ýatlamalar ýüreklerimizde hemişelik ýaşar.
Onuň zähmet depderçesinde bary-ýogy birje sene bardy. Bu gün bolsa ol iki boldy...

Gyş gelse ak gary ýagşa ýorardyň,
Ýatlardyň garly gün dünýä geleniň.
Ömrüň ak günlerin çyn bagtyň saýyp,
Är ornunda çekdiň durmuş elemin.

Elwan bägülleri ýürege deňäp,
Ýazdan gursagyňa heýjan tapardyň.
Galamyňa ganat berip, per berip,
Okyjyňa sözden serpaý ýapardyň.

Ýylgyryşyň — ýedi Jennet ýazydy,
Mähriň — käbämiziň mährine deňdi.
Gamgyn göwünlere şatlyk bagyşlan,
Tomsuň çogy ýaly sözleriň emdi.

Ýoklugyňda ýyllar geçer aýlanyp,
Durmuş gussalaryň aýrar keşgini.
Güýzde durnalaryň hataryn synlap,
Ýüregmizden taparys seň keşbiňi.

Çeşmesi: https://salamnews.tm/section/jemgyyet/durmus/halypa-zurnalist-aynabat-durdyyewa-aradan-cykdy-4cf241. 21.10.2022ý.
Категория: Ýatlamalar | Просмотров: 290 | Добавил: Bagabat | Теги: Aýnabat Durdyýewa | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Ýatlamalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 5
0
1 Bagabat  
43
Iman baýlygy bersin! Alla rahmet etsin!

0
2 Beauty_boy  
1420
Yatan yeri yagty bolsun! Iman baylygyny bersin!

0
3 Garadag  
128
Iman äkidenlerden bolsun!

0
4 Nurdan  
100
Näçe işleseñem, yaşasañam soñy belli, gitmeli.. Gitmeli..
Alla rehmet etsin, baran yeri berilsin, galanyna giñlik, abyray bersin.

0
5 Garayolly2985  
1421
Imany hemra, ýatan ýeri ýagty bolgaý. Galanlaryna ömür bergeý. "Gara ýer barçany guçup baradyr".

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]