07:27 Harasat | |
HARASAT Şatlyk ýumdy gözlerin... Gussa açdy, tersine. Gamdan sürme çekdirdi Gözleriniň hersine. Elin çarpyp ýalňyzlyk, O ýan, bu ýan garady. Soň oturyp özüniň Hiç haçan gutarmaýan Uzyn saçyn darady. Duw-ak edip ýüzlerin, Mejal tapman durara, Hyjuw, höwes mündüler Gabat gelen ulaga. Söýgem kem oturmady, Goşun daňyp biline, Taýýar bolup oturdy Garaşýan dek birine. ...Duýgular ähli zady Öňünden bilýärmişin. Bu kalba bir sagatdan Aýralyk gelýärmişin... Aýgül GARAÝEWA. | |
|
√ Красная Шапочка / Goşgular - 14.01.2023 |
√ Мона Лиза / Goşgular - 09.02.2023 |
√ Два сонета / Goşgular - 23.01.2023 |
√ Tümlük, içgepletme hem-de ýekelik / Goşgular - 22.01.2023 |
√ Капитан Земли / Goşgular - 18.01.2023 |
√ Т.А.Кузьминской при посылке портрета / Goşgular - 12.02.2023 |
√ «Хорошо одному у окна!..» / Goşgular - 05.01.2023 |
√ Bagyşla, ezizim! / Goşgular - 06.01.2023 |
√ Н.Ф.Щербине / Goşgular - 04.02.2023 |
√ Aýralyk / Goşgular - 23.01.2023 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |