13:46

"Her äşýadan ýar sypatyn ders aldym"

Üçünji söhbet: «HER ÄŞÝADAN ÝAR SYPATYN DERS ALDYM»

OSMAN ÖDE: — Geçen söhbedimizde dünýäniň öňünde duran global kataklizmler, problemalar barada gürrüň edip, geçmişde bolup geçen taryhy wakalara ýüzlenip, kasasyň kyýamata galmaýandygyna gepi diredik. Dünýäde akyl-paýhas bilen ýaradylan ynsan, etmişleri üçin ir jogap berýär, giç jogap berýär, ýöne gürrüňsiz haklaşyk bolýar diýen netijä geldik. Akylly-başly adamzat bolsa ýere güýe düşen ýaly edip barýar. Arassa suw oňa azlyk edýär, tokaýlary çapyp gutaryp ýerinden ýel öwüsdirip barýar, ýerleriň ekenini ekip, ekmedigini zeýledip barýar. Üç ýüz töweregi döwletiň köpüsi tas biziň döwletimizden — Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistandan başgasy diýen ýaly ýaraglanyşygy haýdadyp gidip barýar. Ýeriň tötänlik zerarly ýok bolma howpy-da bar. Bularyň bary jemlenip adamzadyň ösüşi diýen ady alýar. Adamzat geljegiň hatyrasyna ösüşini togtatmaz! Ýarag satýan ýarag öndürmesini bes etmez, neşe satýan neşesini. Ýylda million maşyn öndürýän zawod ekologiýa zaýalanýar diýip zawodyny ýapaýmaz! Diýmek, geljegiň ýoly garaňky.
Dinler «Allatagala dünýäni ýaratdy, ahyry kyýamat hem bolar» diýýär!
Ylym dünýäniň haçan dörändigini, takmynan haçan ýok boljakdygyny aýdýar.
Eger öňde-soňda ýagdaý şeýle pajygaly gutarjak bolsa, dünýäniň, ýaşaýşyň manysy hem ýok bolýar-da!

NOBATGULY: — Osman, dünýäniň eýesi bar! Adamzat onuň myhmany! Myhman şu günki gün ataňdan uly, ýöne ol öý eýesiniň guly! Dünýäniň eýesi bar! Adamzat, haýwanat, tebigat perman içinde ýaşaýar! Perman bolsa Alladan!
Zeminde näçe million ýyl bäri ýaşaýyş bar bolsa, şol ýaşaýyş atly çeper filmiň diňe birinji seriýasy. Ol iki seriýalymy, üç seriýalymy ýa giden «Santa-Barbara» ýaly serialmy, ony bilýän ýok. Biz birinji seriýanyň wakalaryna gatnaşyp, eýýäm filmiň yzynyň nähili gutarjakdygyny biljek bolýarys. Yslam dinem, hristian dinem durmuş iki seriýadan ybarat, baky dowam edýän film diýip tassyklaýar, emma Buddanyň taglymaty has başgarak pikir bilen ýaşaýar. Durmuşa, dünýä, adamzada, tebigata, haýwanata akyl ýetirmek üçinem, ýene we ýene adamy öwrenmeli bolýarys. Hudaý hem adamdan başlaýar!
Eger garaňky taryhda adam özünde bir gudrat görmedik bolanynda ol hudaýlary döredip bilmezdi, ol müňlerçe ýyl hudaýlary hemra edinmezdi. Men saňa Adam ata hem Howa ene hakyndaky pýesamdan bölek gürrüň beripdim öňki söhbetlerimiň birinde. Sen şonuň yzy näme bilen gutarýar diýip, göwnüm üçin soraýmadyň!

OSMAN ÖDE: — Aý, aga, men ol pýesaňa ähmiýet hem bermedim, onuňam iki sebäbi bar: birinjisi entek ol ýazylmadyk. Ýazyljagyna-da juda bir ynanyp baramok. Sebäbi seniň ýazsam diýip ýören temaň köp. Olary bäş-alty Nobatguly bolup ýazaýmasaň, ýeke özüň-ä ýetişmeýäň. Ikinjidenem, Allanyň ýaradan Adam atasy meniň oglum, seniň ogluň ýaly bir lälik, tersa, içýakan...

NOBATGULY: — Gepem şonda-da!.. Ol Adam ata ýalta, lälik, özüne ýaranyp bilmeýän, baý çagasy ýaly. Ýöne Adam ata meni dünýä getir diýip Allatagala ýalbarmady, haýyş etmedi, arza ýazmady! Allatagala ony Adamdan bidin ýaratdy. Ýekeje etmiş etdi diýibem, ony taşlady ýere. Ýer bolsa jebri-jepanyň mesgeni! Meniň pýesamda Hudaý adama eýle bolma-beýle bolma diýip kän ýalbarýar. Emma Adam onuň diýenini etmeýär, sebäp olam şahsyýet, eýýäm onuň öz pikiri bar. Hudaýda asman pikiri bar! Adamda zemin pikiri! Ine, ikisiniň arasyndaky konflikt! Gahary gelen Hudaý adamyň beýnisini sypap, egri-bugrusyny ýylmap goýberýär weli, hakyky durmuş başlanýar! Adam ata Howa enäniň elindäki almany gaňryp alýar, oglunyň elindäki omaçany silkip alýar. Ol şondan soň Ýeri «meniňki» diýip bagryna basýar, çünki ol akylyndan aýrylýar. Şol akylyndan jyda düşmegem hut şu güne çenli zemindäki söweşleriň, uruşlaryň, goh-galmagallaryň, ölüşikleriň başy. Eger Adamda akyl bolanynda, ol Hudaýy alardy! Emma hemme kişä baýlyk gerek, ýer gerek, döwlet gerek, wezipe gerek! Dinleriň ählisi siziň bagtyňyz Hudaýdadyr diýip müň ýyllar bäri wagyz edip gelýär, biz bolsa müňlerçe ýyl bäri «otuz kümüş pula» Hudaýy satmaga taýýar.

OSMAN ÖDE: — Pýesaň manysy-ha gowy eken, näme diýip ýazmadyň?..
Muhammet pygamberimiz: «Eger Allatagalanyň bir iş etjekdigine ýürekden ynansaň, şol işi Allatagala hökman eder» diýip, ýöne ýere aýtmandyr. «Dünýäni söýmek ähli ýalňyşlyklaryň başydyr» diýip, Hakyň resuly aýdýar. Ol dünýä diýip ruhy baýlyklardan başga zatlara aýdýar. Adamzat doga ýalňyşyp ýören kişi. Ol ýalňyşyp alma iýip, jennetden kowulýar. Ol ýalňyşyp Allasyndan jyda düşýär.
Kommersiýa, söwda töwekgel iş. Onda ýeke-täk dogry ýol ýok. Ol bagt işi! Men özümde mydama bir zady duýýan. Töwekgel işde böwrüme bir diň salýan, şol mahal bir netije aňyma gelýär. Käte şol işiň ýalňyşdygynyň ýarysy görnüp hem dur. Töwekgellige salyp, Hudaýa gaçyp edýärin. Dogry bolup çykýar. Ýogsa men nire, töwekgellik nire!

NOBATGULY: — Mende student wagtym şeýle ýagdaý bolardy. Özüň bilýäň, nemes dili kyn okuw. Üstesine men nemes dilinden hem daşary ýurt edebiýatyndan başga sapaklary okamaýardym, barmaýardym hem. Ýöne ekzameniň bir gün öňünden men hem hökman ekzameniň netijesini bilýärdim diýen ýaly.
Sebäbi maňa okuwdan kowulmak bolanok, çünki yzyna dikeltjek garyndaşym ýok. Maňa ikilik almak bolanok, ikilik alsam, stipendiýadan kesilýän, ol okuwdan kowulmak bilen barabar! Belki, yhlas bilen Hudaý diýendirin-dä! Hemişe işim oňuna boldy! Şondan bäri şeýle kyn ýagdaýlara düşýän däldirin-dä, şol duýgy maňa ýat bolup barýar. Ýöne ynsanyň eýesi bar, ol saňa mydama kyn pursatda ýetişýär. «Giňlikde Allaňy tana, ol darlykda, gyssagda seni tanar» diýýär pygamberimiz, emma biz mydama kyn pursatda ony gözleýäris. Dünýäniň eýesi bar!

OSMAN ÖDE: — Wolfgang Messing entek çaga mahaly gymmatbaha wagonda biletsiz gidip barýarka ele düşýär. Aşakda bukulyp ýatan Wolfgangy çekip çykaryp, konduktor ondan biledini soraýar. Ýetimiň dadyna Hudaý ýetişýär. Wolfgang ýerde ýatan gazet bölegini oňa uzadyp:
«— Ynha, biledim» — diýýär.
«Seniň gowy ýeriň bar ahyry, ynha ýeriňe geçip ýat» — diýip, konduktor oňa polkasyny görkezipdir. Muňa skeptikler bolup bilmejek zat diýýär, beýleki birleri gipnozyň netijesidir diýýär. Wolfgang Messing — dünýä meşhur adam. Ol Polşanyň döwlet baştutany Pilsudskiý bilen işleşen, otuz bäşinji ýyllarda Gitleriň Gündogarda boýnunyň oňruljakdyny aýdan adam, şol weliligi üçinem Gitler onuň kellesine bäş million marka goýýar. Biçäre ýewreý Messing SSSR-e gaçyp gelýär. Stalin bilen duşuşýar. Beriýanyň ýakyn adamlary ony ençeme synagdan geçirýärler.
Emma Wolfgang ýaly gaty güýçli gudratly adam hem öz gudratyny özi açyp bilmeýär. Onuň gudratynyň açylmagy üçin bir topar «tötänlik» bolup geçýär:
Ol ýarym-aç garna işläp ýörkä, Berliniň köçeleriniň birinde özünden gidip ýykylýar. Gowy adamlar duşup, ony keselhana eltýärler.
Lukman «onuň ölendigini» tassyklaýar.
On-onki ýaşly oglanjygy morga taşlaýarlar.
Niredendir bir bilesigeliji student tapylyp, onuň pulsuny barlap, çaganyň janynyň bardygyny bilýär. Ony ýaňadan keselhana salýarlar.
Bu gezek onuň bagty çüwýär. Ol lukmançylyk geň-tanlyklary bilen gyzyklanýan, öz işine jany-dili bilen berlen alym-lukmana duşýar. Ol çagany bejerýär, bejergi mahalynda hem onda adatdan daşary güýjüň barlygyny bilip, çagany öz ýanyna alyp terbiýe berýär. Ony Wolfgang Messingiň ýoluna salýar...
Gördüňmi, şeýle beýik gudratly adam hem öz güýjüni özi açyp bilmeýär!
Ony spesialist açýar!
Hany aýt, kimdir biri mende adatdan daşary güýç bolaýmasyn diýip, heý, barladýarmy? Barladaýyn diýeninde bizde üýşüp ýatan spesialist barmy?
Mekdepler çagadaky beýle gudraty açardan ejiz.
Biziň adatdan daşary gudratly adamlarymyz öz gudratyny açyp bilmän, ony ýany bilen alyp gidýärler. Meniň pikirimçe, bizde-de şeýle gudratly adamlar hökman bolaýmaly, emma türkmende pylankes bar diýip eşidilenok.
Diýmek, Allatagalanyň beren gudratyny açmak üçin hem ýurtda şert gerek eken!
Ýene bir zat bar: hudožnik bäş minutda seniň suratyňy çekip berýär. Muňa talant diýýäris. Başga biri «Ertir şeýle bolar» diýýä weli, onuň üstünden gülýäris. Sebäbi biz Hudaýyň ynsan ogluna beren talantlarynyň birentegini ykrar edýäris, galanyny bolsa ykrar etmek beýlede dursun, inkär edýäris.
Allatagala özüniň bardygyny, gudratly güýçlüdigini tebigatyň, adamyň öz üsti bilen özüne duýdurýar!
On sekizinji asyr. Üç sany artilleriýaçy ýaş ofiser bir parižli garyp öňdengörüjiniň ýanyna pal atdyrmaga barýar. Ol ofiserleriň ikisine geljegini aýdyp berýär, üçünji keltejik ofisere seredeninden doňup durýar, birdenem dyzyna çöküp:
— Meniň alnymda Fransiýanyň geljekki imperatory dur. Gör, men bu gün nähili bagtyýar boldum — diýip gygyrypdyr. Elbetde, ofiserler gülşüpdirler, ony ýaňsylapdyrlar. Birnäçe ýyl geçip, ol aýalyň aýdany çyn bolandan soň, Napoleon palçy aýaly köşgüne çagyrýar, serpaýyny berýär. Ýene geljegi hakda pal atdyrýar. Ol aýal Fransiýanyň imperatorynyň ýesirlikde öljekdigini aýdanynda, ýene oňa gülşüpdirler. Emma ol gülkiniň soňunyň agy bilen tamamlanandygyny indi hemmeler bilýär.
Gör, nähili gudrat, emma biz muňa ynanmazçylyk edýäris. Sebäbi onuň şeýdip biljekdigine akylymyz ýetmeýär. Akylyň ýetmese ýa köre-kör ynanmaly, ýa-da ynanmaly däl! Biz ol ýollaryň ikinjisini saýlaýarys.

NOBATGULY: — Biz öňki söhbetlerde dinleriň taryhy hakda gürrüň etdik. Adamy Hudaý döredipdir, Hudaýy hem adam döretdi! Biz musulman, biz asmanda ýeke-täk Allanyň bardygyny Muhammet pygamberimiziň üsti bilen bildik. Muhammede çenli näme? Engels «Hudaýlary gorky döretdi» diýip, bir taraply mamla! Onuň pikiriçe, ilkidurmuş adamy ýyldyrymdan, tupandan, gaýry hadysalardan gorkup, özüne penakär hudaý döredenmiş. Ýöne adam gorky bilen derrew öwrenişýär. Gorky zerarly döreden hudaýyny gorkmadyk pursady adam inkär edýär. Onuň tebigaty şeýle! Ýöne bütin asyrlar boýy islendik jemgyýetiň gapdalynda Hudaý bar. Baryp, gadymy Müsürde adamy gipnozlap, etjegini etdirip bilipdirler, muňa olardan galan ýazgylar şaýatlyk edýär. Ýöntem porhanlar kesellini gipnozlap sagaldyp bilipdirler. Ine-de bir gudrat!.. Şunuň ýaly gudratlar üýşýär-de, ilkidurmuş adamyna adatdan daşary bir gudratyň bardygyny ynandyrýar! Anha, hudaýlary döreden şol ynam!
Ýene bir gezek nygtaly: her döwrüň Hudaýy şol jemgyýetiň ýeten aň derejesindedir. Ilkidurmuş ýöntem pikirli adamlar Hudaýa sadaka berip, ondan talap edipdirler. «Men saňa şuny sadak berýän, senem şu işi şeýt!». Ondan has soňky eýýamlarda: «Men saňa şuny gurban berýän, senem şeýdeweri» diýip, Hudaýa azajyk ýalbarypdyrlar. Häzir adamyň aňy ösen derejesinde. Häzir biz sadaka berýäris, «Özüň gowusyny edeweri!» diýip ýalbarýarys. Näme etmelidigini Allanyň özi gowy bilýändir diýýäris.

OSMAN ÖDE: — Öz keramaty bilen göz görkezip, iliň söýgüsini gazanan müňlerçe adamlary taryh bilýär, dinleriň inkär etmegine garamazdan, welilik bilen adam ykbalyny, döwlet ykbalyny, şalaryň ykbalyny oraşan aýdan öňdengörüjileriň müňlerçesini taryh bilýär. Alla adam tarapyny ýapyp goýup, adamzady bütinleý öz ykbalyna tabşyraýmandyr.
Adama, dünýä akyl ýetirmek üçin welileri, öňdengörüjileri, jadygöýleri, palçylary, beýleki dürli-dürli gudratly adamlary hökman öwrenäýmeli! Dünýäde diňe sanalgy adamlar gudratly däldir, beýleki adamlar öz gudratlaryny açyp bilýän däldirler, açmalydyram öýdýän däldirler.
Meni hemişe iň soňky rus imperatory Nikolaý Ikinjiniň pajygaly takdyry gyzyklandyrýardy. Örän ullakan imperiýanyň ýeke-täk hökümdary halyna kaýyllyk bilen tagtdan geçişine hiç hili akyl ýetirip bilmeýärdim. Görmeýärmiň, ak Patyşa wepaly esgerler, adamlar otuzynjy ýyllara çenli ýaragly göreşdiler. Şonuň ýaly köp tarapdary barka, ol näme diýip ata-babasynyň tagtyndan geçip oturyberdikä?
Men bu sowallara Radonež žurnalynyň 1995-nji ýylyň 7-nji sanyna jogap tapdym. Onuň aňsatlyk bilen tagtdan ýüz döbdermesiniň aňyrsynda örän ullakan takdyry hadysa ýatan eken. Pawel I (1754-1801) ady bilen taryha giren gorkagrak patyşa bolupdyr, entek ol tagta geçmezden ozal awulanmakdan gorkup, Angliýadan ýörite aşpez getirdýär. Bütin ömrüne özüni zäherlärler öýdýär, emma ony bogup öldürýärler. Ol şalygynyň soňky ýyllarynda öz geljekki täleýini bilmek üçin, weli, bilgiç, öňdengörüji ady bilen Russiýa belli bolan monah Aweli köşgüne çagyrdyp, ondan täleýini okap bermegini haýyş edýär. Dindar monah Awel ýaşan segsen ýylynyň ýigrimi birini türmede oturmaly bolan. Ony imperatorlar Ýekaterina Ikinji, Pawel Birinji, Aleksandr Birinji, Nikolaý birinji gowy tanaýan eken, hormatlaýan eken. Umuman, ol döwründe gaty meşhur adam bolupdyr. Ol öňdengörüjiligi sebäpli ömrüniň ýigrimi bir ýylyny türmede oturmaly bolýar, onuňam sebäbi Awel imperatoryň ýa başga belent mertebeli adamyň täleýine seredeninde ýaşyrman aýdýan eken, özüne ýowuz täleý aýdyp bereni üçin ony basypdyrlar, haçan-da onuň weliligi çyn bolup, aýdany geleninde ýene-de türmeden çykarypdyrlar. Ynha, şol kişi Pawel Birinjiniň talap etmesi bilen Romanowlar dinastiýasynyň bütin geljegini aýdyp berýär. Ol Pawel Birinjä:
«— Eý, patyşa atam, sen meni rastyny aýtmaga mejbur etdiň, seniň şalygyň uzak dowam etmeýär, sen bagryňa basyp, eziz görýän adamlaryň tarapyndan öldürilýärsiň. Seni Keramatly Şenbe güni jaýlarlar. Patyşa el göteren haramylar özlerini aklamak üçin seni akylyndan azaşan, däli diýip halka ynandyrmaga synanarlar» — diýýär. Şondan soňra ol aglaýar hem Paweliň ornuna ogly Aleksandryň geçjekdigini aýdyp, tä Nikolaý ikinjide Romanowlar dinastiýasynyň tamam bolup, «gul paltaly eýesini öldürjekdigine, ybadathanalaryň ýykyljakdygyna, tutuş halkyň öz agalaryna duşman bolup, baş göterjekdigine» çenli aýdyp berýär.
Pawel Birinji bilgiç Awele ähli aýdanlaryny ýazdyryp, oňa möhürini basyp, haty konwerte salyp, ýene möhürini basyp, «Men ölenimden soň, ýüz ýyldan açmaly» diýip, perman berip, haty Gatçinadaky köşgünde ýygşyrdýar.
Ozal köşkde işlän ober-kamerfrau M.F.Geringer şol hatyň açylyş pursadyny şeýle ýatlaýar. «1901-nji ýylyň 12-nji martynda irden hökümdar (Nikolaý Ikinji) hem Şa aýaly selodan Gatçina bir asyrlap ýatan hatyň mazmuny bilen tanyşmaga şady-horram halda ugradylar. Olar gidende gaty dabaraly gitdiler, emma örän sustupes, tukat halda dolanyp geldiler, gizlin sandykdaky hatda näme ýazylandygy babatda hiç kime hiç zat aýtmadylar».
Diýmek, ak Patyşa hakykaty bilen bolmaly. Ýeri gelende aýtsak, Nikolaý ikinji döwründe Russiýa gaýry halkyýetleri basyp almak ýörişini doly togtadýar. Bu onuň ynsanperwer şa bolandygynyň ýüzden bir fakty. Nikolaý Ikinji barada ýazylan kitaplarda onuň gaty dindar adam bolandygyna kepil geçýärler. Ine, onsoň 1917-nji ýylda onuň takdyra ten berip, söweşsiz — meýletin halda tagtdan geçmesine düşünip bolýar. Nikolaý Ikinjiniň başyna ýeten şol täleýnama.
Öňdengörüji Aweliň şonda Rossiýa imperiýasynyň jöhitleriň pidasy boljakdygy hakynda hem aýdanlary bar...

NOBATGULY: — Tagt — örän ynjyk ýer, gorkuly, jadyly kürsi! Tagt üçin ogul atasyny öldürýär, ata — ogluny! Heleý ärini öldürip oýnaşyny tagta mündürýär, umuman, tagt howply ýer! Şonuň üçinem gadymy müsür, assiriýa, şumer, grek, rim, hytaý, hindi, türkmen şalarynyň, hökümdarlarynyň ýanynda öňdengörüji saklamadygy ýok. Müňlerçe adamdan, müňlerçe wepaly gorag goşunyndan ybarat goragyna seretmezden, tagt döräli bäri gaty köp şalar dildüwşük zerarly öldürilýär.
Şu günem öldürilýär. Bu fakt! Durmuşyň kanuny şeýle. Tagt ýeke, patyşa bolsam diýip arzuw etmeýän bolsa ýok. Emma iki müňe ýakyn ýyl tutuş Hristian dünýäsiniň merkezi, külli hristianlaryň sežde edýän papalary hem şol belent mertebeli kürsi zerarly biri-birini ýok edipdir. 1978-nji ýylda Ioann Pawel Birinji din hadymynyň kürsüsine geçeninden laýyk 33 gün soň ölýär. Žurnalist derňewleri resmi aýdylyşy ýaly, onuň infarktdan däl-de, güýç bilen öldürilendigini dünýä jar etdi. Goý, bu ýalan bolsun diýeli, ýöne Watikanyň bütin taryhynda örän seýrek hem bagty getiren Papa öz ajalyna ölýär. Bu eýýäm fakt! Watikanyň taryhynda diňe Ioann adyny göteren ençeme papalaryň öldürilenleri şular:
Ioann VIII zäherlenip, üstesine hem depesine çekiç bilen urlup öldürilen.
Ioann X ýassyk bilen boglup öldürilen.
Ioann XII oýnaşlarynyň biri tarapyndan urlup öldürilen.
Ioann XIV türmede aç öldürilen.
Ioann XVI gulagy, burny kesilip, gözleri köwlenip öldürilen...
OSMAN ÖDE: — Eger Hudaýyň ogly Isanyň ornunda oturan Papalaryň ýagdaýy şeýle bolsa, şalar, soltanlar, hananlar hakda gürrüň edip oturmagyň hajaty ýok. Musulman dünýäsinde-de ýagdaý şundan gaty bir öwerlik däl.
Allatagalanyň ýerdäki saýasynda oturan hökmürowanlar duýdansyz ölüp gitmezlik üçin köşgünde müneçjimleri, gurrandazlary, welileri, täleý garaýanlary saklap, olary bal güne batyrypdyrlar, emma olara ynanmadyk hökümdarlaram taryh bilýär. Rus patyşasy Iwan Groznyý dergazap şa bolýar, hut öz ogluny urup öldürýär. Adam öldürmekde onuňky ýaly baý fantaziýaly şa ýek-tükdür. Duşmanyny aýynyň hamyna salyp, daşyny tikdirip patyşalygyň gözi gyzyl itlerine daladyp öldürmek, derisini dirikä sypyrmak ýaly ýüzlerçe çäreleri oýlap tapýan Arhangelskiden iki sany bilgiji getirdýär. Olar oňa 1584-nji ýylyň 18-nji mart güni kazasynyň dolýandygyny aýdypdyrlar. Patyşa kesel eken, emma hut şol ölmeli güni hammamda keýp edip suwa düşýär, gelip dynç alýar, soňra küşt oýnajak bolup küşdi düzýär hem iki bilgiç kempiri oda ýakmaga höküm edýär. Iki kempir entek günüň ýaşmandygyny aýdyp gykylyklaýarlar, emma kim olary diňleýär. Olary odun üýşmeginiň ýanyna getirenlerinde şum habar ýetip gelýär: «Iwan Groznyý öldi!..».

NOBATGULY: — Öz eserinde jadygöý bilen bagly wakany örän ajaýyp suratlandyran A.S.Puşkin ölmezinden birnäçe wagt ozal peterburgly meşhur palçy Aleksandra Filippowna Kirhgofa täleýine garadýar. Kirhgof oňa ýakyn wagtda köp pul aljakdygyny, yzýany şowly öýlenjekdigini, meşhur boljakdygyny... aýdyp beripdir. Ýöne bu zatlar döwrüň hakydasynda durmazdy, eger palçynyň başga bir aýdanyny Puşkin dueliň öň ýanynda dostlaryna aýtmadyk bolsa...
A.S.Puşkin graf Tolstoý bilen duele çykanynda diýseň asuda bolupdyr. Ol öz ýanyndakylara:
«— Men munuň okundan ölmerin. Meni jadygöýüň aýdyşy ýaly, çuw-ak çypar öldürer. Soňra Puşkin Kirhogofuň: «Otuz ýedinji ýaşyňda uzyn boýly, ak atly, ak saçly çypar adamdan gaty hüşgär bol» diýdi diýip, palçynyň sözlerini gürrüň beripdir.
Kirhgofuň aýdyşy ýaly, otuz ýedi ýaşynda ony ak saçly, uzyn boýly Dantes atyp öldürdi...
Puşkiniň şu sözleri bilip, ýene çypar kişi bilen dawa goşulmagy geňmi?
Puşkin häzir bolanynda ol ak saçly adam duşmaz ýaly ata watany Efiopiýa gaçyp gitmezmi? Gider! Emma ol zamanda terbiýe başga, ynam başga! Puşkin täleýe, Hudaýa, takdyra ynanýar!
Elbetde, yzky sene bilen döredilýän rowaýatlar hem kän, meşhur kişiler hakda toslanyp tapylan hekaýatlar hem köp bolýar, biz şonuň üçinem bulara hakykat diýip bilmeris, emma bu hekaýat ýöne ýerden hem dörän däldir!
Geçmişde bolan zatlary taryhyň hakydasyndan okap bilýänler bar, sebäbi ozal aýdyşymyz ýaly, pikir ruhy zat däl, material zat.
Geljekde näme boljagyny bilýänler bar, muny düşündirmek mümkin däl. Ylym ýaňy-ýakyna çenli öz düşündirip bilmeýän zadyny inkär etdi, toslama diýdi, mistika diýdi, garaz, ret etdi.
Adamzat radiony oýlap tapyp, kämilleşdirip durmuşa ornaşdyrdy, soňundan bolsa adamyň hem çylşyrymly radiolokatordygyny, tolkun goýberip, tolkun tutup bilýändigini subut edip bildi.
Adamzat telewizory oýlap tapdy. Asyrlar boýy telepatiýa diýilýän zady inkär edip ýören alymlar adamyň telewideniýe ýaly alyslara öz «programmasyny» berip bilýändiklerine, kabul edip bilýändiklerine göz ýetirip ugradylar...
Dünýäde şeýle täsin hadysalar bolýar, düşünip bolýar, emma düşündirip bolmaýar!

OSMAN ÖDE: — Dogry aýtdyň, düşünip bolýar, düşündirip bolmaýar. Wolfgang Messingiň ýanyna bir zenan maşgala gelip, eklenç üçin iki ýyl mundan ozal doganynyň amerika gidendigini, şondan bäri hat-habaryň ýokdugyny aýdyp, ölümi-dirimi bilip ber diýip zar aglaýar. Messing ony köşeşdirip:
— Siziň agaňyzyň durmuşy gaty gowy, ýene on üç günden ondan hat alarsyňyz — diýýär. Bu habary žurnalistler gazet üsti bilen Polşa jar edýärler.
Polşada eýýäm meşhur bolan Messinge hemme adam Hudaýa ynanan ýaly ynanar öýdýämiň? Oňa mydama şübheli garaýanlar, žurnalistler bu habaryň netijesine garaşýarlar...
Şol gün agşamky otluda zenan maşgala, hakykatdanam, agasyndan hat gelýär. Bu tötänlikmi? Ýa Messing halatly kişimi?
Urşuň öň ýanynda SSSR-e gaçyp gelen Messing materialist, ol ylahy güýje ynanmaýar, hem:
— Şol zenan maşgala meniň bilen gürleşip durka, onuň agasy hat ýazan bolmaly hem öz ýanyndan «ýene on üç günden hatym Polşa barar» diýip, iç gepleden bolmaly. Ynha, menem şol içgepletmäni, ýagny agasynyň pikirini tutan bolmaly!
Netije: — Adam öz pikirini biserhet alyslyklara ýaýradyp duran radar, emma şol pikiri tutup bilýän az!
«Gulagym şaňlaýar, biri adymy tutdy gerek» — diýmek, bize endik bolupdyr.
«Çep gulagym şaňlaýar, kapyr başyna» — diýmek hem şol... Ýönekeý yrym, aňyrsy öwrenilmedik yrym, ýöne hiç bir esassyz yrym hem döremeýär.
Edebiýatçy Muhammetguly Amansähedow meşhur alym Ahmet Bekmyradowyň ýakyn dostudy. Muhammetguly şeýle bir wakany gürrüň berýär: «Tomus zähmet rugsadyndadym. Öten agşam Marydan Aşgabada gaýtmak, Ahmet bilen birki gün dynç almak pikirim bardy, ýöne şol agşam maşynym näsazlyk tapyp, başga bir zerur iş çykyp Aşgabada gaýtmany iki-üç gün soňa goýmaly boldum. Ýöne ertesi şeýle bir elhenç ýagdaýda oýandym. Keýpim ýok, näme etjegimi, näme goýjagymy bilemok. Asyl, dünýä sygmasam näme!.. Kimdir biriniň ýanyna baş alyp gidesim gelýär! Gitdim, ýöne baran ýerime hem maza bermedim. Adatça, şeýle ýagdaýlarda erkek kişiler içip ýeňýär. Kes-kelläm, içesim hem gelenok. Baran ýerimde-de oturyp kararym ýok... Ahyry gijara pyýadalap öýe geldim... Öýde bolsa meni heläk eden şum habar maňa garaşýan eken. Öýe gelmezimden ýarym sagat ozal Ahmediň ýogalandygyny, Aşgabatdan Çärjewe alyp barýandyklaryny Aşgabatly dostlarymyzyň biri öýe jaň edipdir».
Şunuň ýaly ýagdaýlar her bir adamda diýen ýaly bolýar ahyry! Emma ony biz ýaşaýyş aladasy diýip düşünýäris...
Adam ýeri-suwy öwrenýär, dürli ýaraglary öndürýär, basyp almany öwrenýär, emma onuň iň az öwreneni özi! Pikiri okap bilýän adam häzir ýüzlerçe. Ýigriminji asyr pikiri okap bolýandygyna şek-şübhesiz ynandy, ýöne şu asyra çenli näçe adamy jadygöý diýip otlandyrlar, näçe adamy ýok edendirler?! Alla bilsin!

NOBATGULY: — Alla tarapyn dünýä inen täsin gudratly adamlar bolýar, ýöne aňsat gazanç, ýeňil şöhrat isleýän zypdyrunlar olardan iki esse köp. Ine, şonuň üçinem adamzat taryhynda olara garşy din hem göreşipdir, häkimiýetler hem. Şeýtan zypdyrunlar başyna howp abananynda eýdip-beýdip ölümden sypyp bilýär, hakyky halatly adamlar bolsa pida bolýar. Al-Kassar al-Awar atly maryly bir pitneçi yslam dünýäsinde «altyn nikaply» ady bilen belli. Ol özüni pygamber diýip yglan edip, yslam dinine garşy göreşýär, on müňlerçe adam onuň taglymatyna ynanýar, sebäbi gudraty bolupdyr. Ol diňe kör gyzlara öýlenipdir, ol ony Taňrynyň bendesine ýüzüni görmegiň bolmaýandygy bilen düşündiripdir... Soňky taryhçylar onuň ýüzüniň aşly ýaralardan ybaratdygyny tassyklaýarlar, ýöne başga bir taryhy wakany hem aýdýarlar. Onuň üstüne kapasdaky gaplaňy boşadyp goýberýärler, Al-Kassar ýüzüni açan badyna gaplaň ölüpdir!..
Al-Hallajy lakamly Al-Hüseýin ibn Mansur barada hem şeýle hekaýat bar. Ony türkmen alymlary halaçly şahyr diýip ynanýarlar. Klassyky edebiýatymyzda onuň ady simwola öwrülip giden.
Al-Hallajy jeza beriljek mahaly jelladyň ýüzüne bakyp:
— Akmaklar, siz meni öldürerin öýdýänsiňiz! Ýok, siz Madariniň gatyryny öldürersiňiz! — diýipdir. Al-Hallaç jezalandyrylýar, ertesi görseler, Madariniň gatyry öli ýatyrmyş...
Elbetde, ýokarda ady agzalan iki şahsyýet hem dine garşy göreşip, din tarapyndan lagnat okalan kişiler. Ýöne, bir emmasy bolmasa, olaryň yzyna onça adam düşmezdi, üstesine Magtymguly ýaly ägirt onuň adyny tutmazdy...
Dünýäde gudrat bolsa kän, olaryň birini düşündirip bolsa, togsan dokuzyny entek düşündirip bolanok! Entek adamyň hem, dünýäniň hem togsan dokuz essesi öwrenilmän ýatyr ahyry...

OSMAN ÖDE: — Ýene Messninge gaýdyp geleli. Men ol adama ynanýan, öz gudratyndan jinnek ýaly peýda görmän, ömrüni garyp ýaşap geçen ynsan tüýli kişi. Ýogsa onuň ýaly talantly kişiler milliarder bolardy. Bir gezek onuň ýanyna bir aýal maşgala gelýär. Ol urşa giden oglunyň derdini çekip, gününi aglap geçirip ýören görgüli eken. Oglundan bolsa iki aý bäri hat-habar gelmeýär. «Oglum ölümi-dirimi bilip ber» diýip, ol Messinge ýüz tutýar. Messing aýalyň uzadan hatyny alyp, onuň oglundan bir zaman gelen haty okap görýär. Hat «Salam, eje!» diýip başlanyp, «Seniň ogluň Wladik» diýip tamamlanypdyr. Messing haty okap hem oturmaýar, ol aýalyň oglunyň ölendigini takyk bilýär. Gaty sypaýyçylyk bilen ondan mert bolmagy haýyş edip: «Gyzyňdan agtygyň bolýar, sen hökman gyzyňyň hem agtygyň hatyrasyna mert bolmaly» diýip, oňa oglunyň ölendigini aýtmaga mejbur bolýar...
Birnäçe wagt geçýär. Messingi golaýdaky bir şäherjige çagyrýarlar. Il ýumşuna ýarap ýören adam gidýär çakylyga. Nirä barsa gül dessesi bilen garşylanyp ýören beýik adamy pajygaly ýagdaý garşy alýar. Gaharjaň bir ýigit ony wokzalda il-günüň öňünde, žurnalistleriň öňünde aýyplap, ejesini ölüm halyna eltmekde günäkärläp, sowrup gidip barýarmyş. Messing soňra şol aýaly tanaýar hem hatly bukjany haýyş edýär. Aýal oňa sanajyndan bir mahalky hatly bukjany çykaryp berýär. Messing ýaňadan haty synlaýar. Oglana sorag berip başlaýar.
— Sen şu aýalyň ogly Wladikmi?
— Hawa!
— Şu haty sen ýazdyňmy?
— Ýok, haty men ýazamok, meniň golum ýaralydy-da, haty gospitalda ýatan ýoldaşyma diktowka edip ýazdyrdym...
— Şu haty ýazan adam ölen. Men muny takyk bilýärin!..
— Hawa, onuň ýarasy beýle agyr hem däldi. Hat ýazan gününiň ertesi ol öldi... — diýip, Wladik jogap berýär.
— Bagyşlaň, hanym, hemme zady birbada bilip bolmaýar. Men şu haty gören badyma, haty ýazanyň aýatda ýokdugyny aýan gördüm, hatyň başynda «Salam eje!» diýlip, ahyrynda hem «Seniň ogluň Wladik» diýen jümläni okap, hakykatdan hem, haty ogluňyz ýazandyr öýdüpdirin... Bagyşlaň...
Ýeri, muňa näme diýjek? Synçy adamlar adam ölen badyna onuň fotosuratlarynda bir özgeriş bolup geçýändigini hem aýdýarlar...
Ynha, dünýä şunuň ýaly syrly-syrly zatlaryň hazynasy, bularyň ählisini bilmän, Adama göz ýetirmek bolmaýar. Adam özüne doly akyl ýetirmese, ol dünýä doly akyl ýetirip bilmez, ol dünýä doly akyl ýetirmese, Hudaýa akyl ýetirip bilmez! Dünýäniň gyzygy hem şunda...
Entek Adama çenli ýol uzak, entek Hudaýa çenli ýol uzak! Diýmek, esasy jemleme alysda. Jemlemesiz bolsa, dünýä gutarar öýdemok. Kyýamat bolar öýdemok. Hatda Nuhuň garky-da durmuşyň dowam etmesi!..

NOBATGULY: — Biz ýetmiş ýyl örän gazap jemgyýetde ýaşadyk. Ateistik jemgyýetde. Men türkmen edebiýatynda ýekeje tema gabat gelemok, belki, okan däldirin. Hudaýsyzlar jemgyýeti hakdaky tema 1922-nji ýylda döredilýär. Aşgabatda hudaýsyzlar jemgyýeti 1926-njy ýylda döredilýär. Üç ýarym milliona golaý agzasy, «Hudaýsyz» atly gazeti bolupdyr. Bu göreşjeň gurama 1947-nji ýyla çenli işini dowam etdirip, soňra «Bilim» jemgyýetine öwrülýär.
Hudaýsyzlar bu iki arada nireden geldi diýme! SSSR-de adatdan daşary güýçleriň ählisi ret edildi. Alymlarymyz öz düşündirip bilmedik hadysalaryny ýalana çykaryp, ret etdiler. Eger bu pikir diňe biziň alymlarymyzda bolsa, owarram, hatda daşary ýurt alymlarynyň aglabasy hem dürli geň-taň hadysa düşünip bilmese, düşündirip bilmese, şol hadysanyň ýüzüne atanak çyzdylar. Umuman, alymlarda şeýle bir pikir bar, dünýäniň islendik zadyny düşündirip bolaýmaly. Şu gün ähli zady düşündirip bolsa, ertirki alymlar näme işlemeli? Kant hakynda bir hekaýat bar. Kant beýik alym, ol: «Meniň görýän zatlarym bar, görmeýän zatlarym düýbünden ýok» diýipdir. Şu pikirine hem uýupdyr. Kejir Kanty uçudyň gyrasyna eltýärler-de:
— Alnyňda, nämä bar? — diýip soraýarlar.
— Uçut!
Alymy tersine bakdyryp:
— Arka tarapyňda näme bar? — diýip, ýene soraýarlar. Öz prinsipine, ylmy açyşyna wepaly alym, «Hiç zat ýok» diýip jogap berýär.
— Hiç zat ýok bolsa, süýş bir ädim yza!..
Emma alym süýşüp bilmänmiş...
Ynsan häsiýeti şeýle: düşünip hem düşündirip bilmese, aňyrsynda bir şarlatanlyk bardyr diýip güman edýär.
Ajaýyp ýazyjy, türki dünýäniň buýsanjy Çingiz Aýtmatow SSSR-iň ösüşiniň apogeýe ýeten mahallary «Asyrdan uzaga çeken gün» atly meşhur romanynda täsin rowaýat getirýär. Gadym zamanlar (Çingiz Aýtmatow ony söweşjeň türkmenleriň ata-babasyna bilniksizräk ýöňkeýär) bir söweşjeň taýpa alan ýesiriniň kellesine çyg ham geýdirip, Güne goýýarlar, çyg ham gurap, kelläni gysýar, mäkäm gysylan beýni pikirlenmeden mahrum bolýar. Şol ýesire-de öz ejesini öldürdýärler...
Hudaýsyzlar soýuzy goluny gana bulady. Ogul atasyny, dogan doganyny, ata ogluny ideýa üçin gylyçdan geçirdi. Hudaýsyzlar soýuzynyň soňky nesli bolsa, mankurdizm bilen tamamlandy...

OSMAN ÖDE: — Hawa, döwründe mankurtçylyk millionlarça okyjyny aňk etdi. Günbatar, Ýewropa, umuman, dünýä rus ýaragyndan beter, SSSR mankurdizminden heder etdi. Mankurdizmiň awtory kim?
Lenin!
Lenin kim?
Bütindünýä proletariatynyň serdary...
Proletariat kim?
«Şu günki iýjek tötegini nädip tapjagynyň aladasyndaky garamaýak adamlar. Olaryň ýeke baýlygy — ideýa! Ol Pawlik Morozow! Ol Plýumbum! Mindadze bilen Abdraşitowyň plýumbumy!
Şu fakty, megerem, aglaba okyjy bilýän däldir: Wladimir Iliç Leniniň atasy hut öz gyzyna öýlenýär. Binika! Ondan Leniniň kakasy Ilýa Nikolaýewiç dünýä inýär. Ol Leniniň kakasy... Beýle azgyn gandan dörän Aleksandryň, ýagny Wladimir Iliçiň agasynyň patyşanyň janyna kast etmesi kanuna laýyk. Leniniň patyşany agdaryp, tohum-tiji bilen gyrmasy hem kanuna laýyk. Gan azgynlygy!..
Garsyýa Markesiň dünýä belli «Ýüz ýyl ýalňyzlykda» atly romanynyň başynda Buendiýa bolgusyz zat üçin adam öldürýär. Netijesi näme? Ýedinji arkada guýrukly çaga döreýär hem Buendiýalaryň tohumy ýitýär... Buendiýanyň tohumynda hem Lenin ýaly görnükli rewolýusioner bar. Onuň boýun egmezekligi netijesinde, on müňlerçe adam urşuň pidasy bolýar...
Hudaýsyzlar ýurdunyň gurultaýynda partiýanyň serdarlarynyň biri Zinowýew çykyş edip, ýurtda on million artykmaç adamyň bardygyny yglan etdi! Swerdlowyň direktiwasy boýunça Troskiý üç million adamy atdyrdy. Ol direktiwany hut Leniniň özi makullapdy. 1932-34-nji ýyllar arasynda on million adam açlygyndan gyryldy. It-pişik däl, sowet adamlary adamhorluk etdiler, adam etini iýdiler. 1954-nji ýyla çenli SSSR-iň ýetmiş baş göterimi zähmet gün ady bilen mugt işledildi. 1917-nji ýyldan 1941-nji ýyla çenli öldürilenleriň takyk sanyny diňe Alla bilýär...
NOBATGULY: — Osman, kelläň gyzyp, temadan sowuldyň. Men bir zady aýdaýyn, dünýäniň ahyry seniň häzirki tankytlaýan kommunizmiň bilen gutaraýmaly! Dialektikanyň kanuny şeýle!
Spartagyň gullaryň gozgalaňy şowsuz gutardy.
Pugaçýowyň, Raziniň ýene onlarça daýhanlar serdarlarynyň gozgalaňlary şowsuz gutardy.
Pariž kommunasy, Leniniň işçi-daýhan rewolýusiýasy şowsuz gutardy. Sebäbi işçiniň hem daýhanyň eline ýarag berilse, bolmalysy hem şeýle. Rewolýusiýany diňe intelligensiýa eden ýagdaýynda rewolýusiýa bolar! Intelligensiýa — dünýäniň wyždany!
Sen, Osman, temadan sowuldyň.

OSMAN ÖDE: — Ýok, temadan sowulamok, men mankurtçylyk adamzadyň tapan şeriniň ahyrky çägi däl diýjek bolýan. SSSR, sosialistik sistema mankurtçylyk bilen meşgul mahaly beýleki ýurtlar dek ýatandyr öýdýärmiň? Mankurtçylygyň ýönekeý formasyna derek ylmy formasy tapyldy! Zombi!
Günbatar Afrikada köp taýpalarda jadygöýüň adamy letargiki hala salyp, erkinden, paýhasyndan jyda düşürip, öz etjek işini etdirip bilýän adamyna Zombi diýilýär...
Dünýäden habardar žurnalistler dünýäniň ösen döwletlerinde zombileriň döredilendigini, zombileriň programmalaşdyrylan adamlardygyny, olara näme programma berilse şony hem edýändigini ýazýarlar. Olar Ýaponiýanyň samuraýlaryndan, Müsür fanatiklerinden ýüz esse howply. Olar hut öz çagasyny öldürip bilýärler. Şeýle zombileriň biri hakda amerikan žurnalisti U.Beuard «Aňyň gözegçiligi» atly kitabynda gürrüň berýär. Eýýäm altmyşynjy ýyllarda ABŞ-nyň Merkezi razweduprawleniýesi adam aňyny kontrol astyna almak üçin uly ylmy işler geçirip millionlap dollary harçlaýar, dälihanalardaky, türmedäki adamlaryň onlarçasy, ýöne ýaşap ýören ynsanlaryň ýüzlerçesi bu wagşyýana eksperimentiň pidasy bolýarlar. Žurnalist şeýle zombileriň birini tapýar.
1967-nji ýylda Filippinleriň paýtagty Manilde şol mahalky prezident Markosy öldürmäge dildüwşüge gatnaşan asly amerikaly Luis Anhelo Kastilýe ele düşýär. Sorag mahaly oňa çynyňy aýtdyrýan uýangan (syworotka) ukol edilýär, üstesine-de güýçli gipnozlar ony gipnozlaýar.
Spesialistler işiň barşynda jenaýatçynyň ýöne jenaýatçy däldigine, zombidigine akyl ýetirýärler. Görlüp oturylsa, jenaýatçy dört derejeli programmalaşdyrylypdyr... Her bir derejedäki zombiniň Manile gelmesi hakynda çynaberimsiz taýyn bahanalar bar eken.
Ol birinji derejeli gipnozda özüniň keýpine Manile gelendigini, şuňa meňzeş zatlary aýdyşdyrýar.
Ikinji derejeli gipnozda ol partizanlarça dymýar, höçjetlik bilen hiç hili maglumat bermeýär.
Nätseler hem geplemeýär.
Üçünji derejeli gipnozda ol birinji derejelidäki bahanalarynyň başga wariantlaryny aýdyşdyrýar.
Dördünji derejeli gipnozda ol Manuel Anhel Ramires diýip hakyky adyny, Nýu-Ýorkda ýaşaýandygyny, Merkezi razwedka uprawleniýesinde ýörite taýynlyk kursuny geçendigini aýdýar.
Ol özüni keselhanadan türmä geçirmeklerini haýyş edýär. Haýsy ele düşen jenaýatkär keselhanany türmä çalşar? Elbetde, ol agent ýoldaşlary tarapyndan öldüriljekdigini bilip dur.
Sorag-jogapda onuň bilen iş salyşýan lukman «uly naçalnik» diýip bir jümle aýdýar weli, zombi dessine uka gidýär. Spesialistler nätseler-de ony ukudan oýaryp bilmeýärler. Olar ahyry onuň ýazuw depderçesindäki bellikleri sesli okap başlaýarlar. «Men ykjam dursam, ýeňýärin, men diňe özüme ynanmaly, ýogsa maňa hiç kim ynanmaz» diýlip, ýazylan bir jümlä ýetýärler weli, zombi ýalpa gözüni açýar.
Spesialistler birnäçe günden soň, ýene ony gipnoz ýagdaýyna salyp, eksperimenti dowam edýärler. Ramiresiň goş-golamynyň arasyndan harp hem san ýazylan kagyzy tapyp, şony okap başlaýarlar. Sülçi haýsydyr bir ýönekeý sany okaýar weli, Ramires gapdalda duran boş sapançany maňlaýyna diräp atýar!..
Soňra başga bir san aýdylanda «Ony men öldürdim!» diýip gygyrýar. Şol pursat oňa prezident Markosyň portretini görkezýärler weli, ol dessine portreti hem atýar...
Ýörite programmalaşdyrylan ganhor — zombi! Gör, nähili täsin operasiýa: Zombi prezident Markosy atýar. Sag-aman myhmanhanasyna gelýär. Merkezi razwedka uprawleniýesiniň ýörite agenti öz etmeli işini bitiren Zombä jaň edýär. Soňra oňa ýaňky sanlary aýdýar weli, Zombi özüni atýar. Jenaýatyň sebäpkäri ölýär. Wessalam!
Yzsyz-sorsuz jenaýat!
Žurnalist hem ýazyjy Stanislaw Zigunenko şeýle zombileriň diňe Amerikada taýynlanman, SSSR-de hem taýynlanandygyny, ýöne Döwlet howpsuzlyk komitetiniň bu wagşy eksperimenti gaty pynhan saklaýandygyny gürrüň berýär. Häzir ylym diňe bir ýurtda ösmeýär, köp-köp ýurtda deňeçerräk ýagdaýda ösýär. Diýmek, dünýädäki ýurtlar diňe goşuny artdyrmak, elhençden-elhenç ýaraglary oýlap tapmak bilen çäklenmän, mankurtçylygyň wagşy tapgyryny — zombileri hem ýetişdirýärler.
Adam öz hereketine aňy bilen gözegçilik edýär. Eger onuň aňyna keseden hyýanatçylyk bilen eýelik edilse, ol nägehanlaryň näme işler etjekdigini hiç kim aýdyp bilmez! Hiç kim, şol kişileri programmalaşdyranlardan başga! Beýle zady adamzat fantaziýasy ertekilerinde, rowaýatlarynda hem toslap bilmändi.
Zombileriň eýýamy başlandy!..

NOBATGULY: — Bir mahal bir alym ynsan beýnisiniň bir ýerine bir zat etseň, şol adamdan geniý ýasap bolýandygyny bilip, şol syry hiç kime aýtman öldüpdir diýip rowaýata çalymdaş gürrüň eşidipdim. Emma ol gaty rowaýatam däl. Şol ugur boýunça işleýän alymlar örän uly açyşlar edipdirler. Bu eýýäm beýik Allatagalanyň mülkündäki eden-etdilik bolýar! Meşhur amerikan ýazyjysy Aýzik Saroýaň «Akňiýa» atly bir hekaýasy bar. Güýçli alymlar adam-robotlary ýasaýarlar. Ol adamlarda çaga, aýala, durmuşa bolan söýgi ýok. Oňa derek olaryň beýnisine gije-gündiz işlemek hem her aýda akňiýa alar ýaly pul toplamak salnan. Diňe iş, diňe akňiýa diýip ýaradylan mahluklar... Fantast ýazyjy alymlaryň adamy zombi edip biljekdigini güman etmedik bolarly.
Aksiýa mahluklary bärden gaýdýar.
Mankurtçylyk bärden gaýdýar.
Dünýäniň deýýus pikirli syýasatçylaryna dünýä agalyk etmek üçin zombiler gerek. Zombä hatda Allatagala-da diýenini etdirip bilmez!
Zombiler döwri başlandy. Zombileri seriýalaýyn goýberip, uruş turuzjak döwletem tapylar, terrorizmi ösdürjek döwletem. Öz gara güzerany bilen gezip ýören biçäre işçiniň, daýhanyň özi bilmezden zombä öwrülip, gijesi-gündizi kimdir biri üçin işlediljegem gümansyz.
Taryh aýlanýar diýen bir jümle bar.
Seret, dünýäde kolonial döwletler ýok diýen ýaly. Kiçi-uly döwletleriň ýüzlerçesi soňky asyrda öz syýasy garaşsyzlygyny gazandylar, emma, emma olar ýene şol güýçli döwletleriň ykdysady garaşlylygyna geçdiler.
Spartak zamanynyň gulçulygynyň başga hili formada gelmejekdigini hiç kim kepillendirip bilmeýär, çünki dünýäde bähbit, pul, baýlyk üçin nämeler edilmeýär...
Güýçli gipnozçy hem artist Ý.G.Gornyý 1989-njy ýylda şol mahalky SSSR-iň ýolbaşçylaryna, Döwlet howpsuzlyk komitetiniň başlygy W.A.Krýuçkowa (soňra GKÇP-çi), baş prokuror A.Ý.Suharewe, Içeri işler ministri W.W.Bakatine Kaşpirowskiniň hem onuň jenaýatçy hemşerileriniň alyp barýan elhenç işleri barada maglumat berýär. Hatda ynsanyň aňyna täsir etmek netijesinde edilýän gara işler dogrusynda ýazylypdyr, emma Ý.G.Gornyý öz hatyna hiç hili jogap alyp bilmeýär, ýöne Kaşpirowskiý dessine Polşa geçýär... Ý.G.Gornyý awgust topalaňynda şol usullaryň peýdalanylandygyna ynanýar.
SSSR-de onuň ýaly syr ýedi gulpuň aňyrsynda saklanylýar! Ýöne islendik pis açyş Amerikada açylsa, bizde olardan has ir açylýar. Sebäbi SSSR ol mahallar ýarag meselesinde hemme döwleti ompa oturdýardy.
Adam aňyna gulçulyk üçin dürli işler alnyp barylýar.
Gipnozlar gipnozlap, öz beýnisiniň erkini kesekä arkaýyn geçirip, kesekä näme etdireýin diýse etdirip bilýär.
Alymlar bolsa ony dürli abzallaryň üsti bilen amala aşyryp bilýär. Ýönekeý mysal.
Akademik W.M.Behterew hem haýwanlary eldekileşdiriji W.L.Durow eldeki sirk güjükleri bilen örän täsin eksperiment geçirýär. Bir otagda bir alymyň garamagynda güjügi goýýarlar. Başga bir otagda Behterew Durowa ite berilmeli buýruk ýazylan kagyzy berýär. Durow ol otagdaky güjüge on dört gezek üýrmegi aňynda buýruk bermeli. Akademik Behterew güjügiň bary-ýogy ýedä çenli sanap bilýänini göz öňünde tutmandyr. Durow aňynda güjüge ýedi gezekden iki sapar üýrmegi buýruk berýär. Bu zatlar gizlin edilýär. Soňra akademik bilen Durow ol otaga baryp güjügiň näme edendigini sorarlar. Güjüge gözegçilik edýän alym:
— Güjük ýatan ýerinden turup sen-men ýok ýedi gezek üýrdi, gelip ýatdy-da ýaňadan turup, ýene ýedi ýola üýrdi — diýipdir.
Diýmek, gipnoz güýji bar kişi diňe ynsanyň däl, haýwanyň beýnisine hem erk edip bilýär.
Geljekde diňe adamlaryň däl: haýwanlaryň hem zombileşdirilmegi bolup biljek zat!
Adam ýerde plan biçýär, ýöne perman asmandan!
Dünýäniň eýesi bar!
Mydama haýyr şerden üstün çykypdyr.
Muhammet pygamberiň aýdyşy ýaly, gurt näçe edermen, ýyrtyjy bolsa-da, tohumy azalmak bilen, goýun näçe mysapyr bolsa-da, tohumy ýer ýüzüni tutmak bilen...

OSMAN ÖDE: — Emma haýryň ýeňşi adamzat üçin mydama gymmat düşýär-dä!
Çingiz Aýtmatow global pikirlenip, dünýäniň aladasy bilen ýaşaýan, ýazýan ýazyjy. Iki sistemanyň arasyndaky barlyşyksyz göreş apogeýe galan mahallary ol «Deňiz boýunda gezýän ala köpek» atly tymsal powestini ýazdy. Powestde dört sany niwh, bir maşgalanyň agzalary azaşyp, tupanda, deňizde ýoluny ýitirýärler. Bulutdan ýaňa gündiz Güni, gije ýyldyzlary saýgarmak mümkin däl. Awa giden awçylaryň özleri aw bolmaly bolýar. Azyk, suw gutarýar. Suwy aýamak üçin ilki biri, soň ikinjisi, soňra üçünjisi gaýykdan böküp azajyk suw zapasy bolan ukudaky oglanjygy ýalňyz galdyrýarlar. Sebäbi ol iň ýaşajyk, iň köp ýaşajak! Örän pähimli netije!
Ol bulut, ol tupan — atom urşunyň netijesi!
Adamzat halas bolmak islese, çagalary goýup, özleri ýok bolmaly!
Häzirki ýaňy satlyga çykan «Tawro Kassandra» atly romanynda ol bütin adamzadyň öňünde başga bir problemany goýýar.
Amerikanyň «Tribýun» gazeti zemini terk edip, kosmosda galan, kosmos monahy Iwan Krylsowyň Rim Papasyna hatyny çap edýär. Kosmos monahy dürli apparaturalaryň kömegi bilen ene garnynda ýaňy düwünçek bolan embrionlary öwrenýär, olardan maglumat alyp, kosmiki aragatnaşygy ýola goýýar. Monahyň ylmy anyklamalaryna görä, embrionlaryň ählisi dünýä inmegi islemeýär, olar dogulmak islemeýär. Olar wagşyýana dünýä inmekden gorkýar! Emma embrionlaryň elinden näme gelýär? Hiç zat! Diňe geljekki bäbejikleriň garşylygy eneleriniň maňlaýlaryndan düwürtijek bolup çykýar. Embrionlaryň golundan gelýän başga zat ýok. Eneler bolsa ol düwürtige ähmiýet hem bermeýär. Ýerde embrionlara ölüp-öçüp garaşýan ýok! Olar keýpi-sapanyň önümi! Olara adam şekilli ýaşamaga ýerde şert ýok! Arassa bäbek ýaşardan ýeriň özem hapa, adamzadam hapa!
Embrionlaryň sessiz-üýnsüz pitnesi, gozgalaňy, ultimatumy şeýle!
Men bu ýerde eseriň ýaşaýşyň öňünde goýýan talabyny — eseriň ideýasyny pikirlenmäge material hökmünde hödürlämek, ýok! Ýöne embrionlaryň dünýä gelmejek bolýandygy ähtimal, sebäbi ony duýar ýaly biziň ösen duýgymyz hem, paýhasymyz hem, ylmymyz hem ýok!
Akylynyň ýetmeýän zadyny inkär etmek bolsa, adama muwapyk!
Biz haýwanat dünýäsine-de ynsan paýhasy bilen seredýäris. Haýwanlar ynsan ýaly pikirlenip bilenok, sebäbi olarda adamyňky ýaly beýni ýok diýip ap-arkaýyn netije-de çykarýarys. Oňa özümiz hem ynanýarys, ynanmajagam ynandyrýarys.

NOBATGULY: — Bir keýik derýa boýuna gelip öz syratyna aşyk bolup seredeninde, suwda bir balygy göräýýär. Jeren balyga:
— Aý, balyk, Hudaý görk-görmek, öri, rysgal paýlaýar, ýet, basym barmasaň, galýarsyň. Seret, men nähili owadan syrat aldym, öri diýip giden sähralygy aldym — diýýär.
Balyk oňa:
— Akyl salnan düwünçejik bolmaly, şony kim aldy? — diýip ýüzlenýär.
— Ony iki aýakly mahluk adam aldy...
— Onda bolupdyr... Ol meni suwda goýmaz, seni gumda...
Adam: gaplaň özi üçin paltolyk hamy, pil bezeg üçin gyýagyny, tilki derisini, aýy düşekligini göterip ýörendir diýip ynanýar. Sygyr oňa süýt bermeli, öküz onuň işini etmeli, at ulagy bolmaly, goýun hurşy bolmalydyr diýip pikir edýär. Şol nukdaýnazardanam haýwanat dünýäsine seredýär.
Adam bir kileden gowrak beýnisi bilen kosmosa çykdy.
Adam Hudaýa ynanýar, her gije ertirki rysgalynyň paýlanýandygyna ynanýar, emma şol rysk diýip uruşmaga, gan dökmäge, iki epilip ýaranjaňlyk etmäge taýyn.
Emma mäş ýalyjak gürlemgüjük guýguç şekilli oýuk gazynyp, guma gömlüp arkaýyn ýatyr, ol ýeriň üstüni görenok, emma ýeriň üsti bilen ol rysgalynyň geljegine gümmi-sümmüsiz ynanýar. Ony alymlar gürlemgüjügiň tebigy instinkti, gör-gabry diýip düşündirerler. Ýöne ýetmiş kile agramly ynsana bir kile gowrak beýni berip, ýeriň şasy adamy ýasan Allatagala mäş ýaly gürlemgüjüge iňňäň ujy ýaly akyl berip bilmezmi?
Käbir jandarda düýbünden beýni ýok diýjek alym hem tapylar!
Alym ol jandarda beýnini görmedik bolmagy ahmal. Biz atomy, neýtrony göremzok, emma bardygyna ynanýarys. Jandarlarda akyl bardygyna, asmanda perişdeleriň ýüz-müňlerçedigine weli ynanmaýarys.
Ynsana şeýle kämil akyl beren Biribar, tebigatyna görä her bir jandara başga dürli akyl, başgy hili pikirleniş beren bolsa näme? Asmandaky perişdeleri görmäge biziň gözümiz kämil däl bolsa näme?
Haýwanlar bizden ýüz esse gowy görýär, ýüz esse ýiti ys alýar. Haýwanlaryň aglabasy Ýeriň titrejegini, siliň geljegini, ýagşyň ýagjagyny, garyň düşjegini, harasadyň turjagyny öňünden bilýär. Goýun dagy gyşyň agyr gelip, gyryljagyny tomus bilýär, olar şonuň ýaly ýagdaýda tomsuna süňk iýýär. Tejribeli çopanlar ony bilýär, maldarçylyk ugrunyň alymlary weli bilenok.
Askilokopa atly bir guş bar. Ol guş ýumurtga basyp, jüýje çykarmaly pursady ölýär. Ol öz jüýjesiniň ýumurtgadan çykanyny görmeýär, jüýjesem beýleki guşlaryňky ýaly däl, tutuş bir ýyllap uçup aw awlap bilmeýär, näme olara kakasy seredýändir öýdýämiň? Ýok, ejesi görgüli jüýjesiniň tutuş bir ýyllap iýjegini höwürtgesine basyp gidýär. Ejesiniň basan zady oňa dogry bir ýyl bolýar, şony gutaran badyna-da ol uçup, aw almagy başarýar!
Balarysynyň öýüniň ýanynda hažžyk ölse, arylar dessine üýşüp, maslygyň daşyny balzamlaýarlar, mumlaýarlar.
Sagat keýige mumyýa iýdirjek bol, kes-kelläm ýalamaz, emma awçy ony gumda ýaralasa-da, golaýdaky daga dyrmaşyp, mumyýa tapyp ýalaýar.
Beýle hadysalary alym bolsaň düşündirip bolar, emma düşünip bolmaz!
Allatagala öz ýaradan ynsanynyň mahlukdygyny bilipdir. Ol bişenini bilerimiz ýaly garpyza murt goýupdyr, ýöne onuň murtunyň guranyna seredip, bişenini bilmegiň deregine dyzymyza salyp gysyp görýäris, aýny bolmasa pitikleýäris. Dogrusy, şol pitik biziň kellä urulmaly. Ol gyza göwüs beripdir, gyzyň ýetişenini ýetişmedigini biler ýaly, emma ony telpek bilen urup görýärler, ýykylmasa bolany! Adamzadyň ýetmiş-segsen göterimi aşgazan-içege keselinden ejir çekýär, emma haýwanlarda ol dert ýok diýen ýaly... Haýwan aşgazany üçin zyýanly zady iýenok. Nämäniň aşgazanyna zyýandygyny bilýär. Adam ogly bolsa, aşgazanyna zyýandygyny bilse-de iýýär, bilmese-de. Haýwan işdäsine erk edip bilýär? Adam bilmeýär.
Hany, bu ýerde beýnisiniň ynsana peýdasy?!
Haýwanat dünýäsi ynsanyň gezip ýören azyk hem geýim zapasy däl!
Haýwanat dünýäsi adamzadyň ýerdäki uniwersitetleri. Şol uniwersitetlerde kemsiz bilim alman, dünýä akyl ýetirip bilmeris. Dünýä doly akyl ýetirmän, kosmosda aljak galamyz bolmaz! Atmosferany raketalaryň zibilhanasyna öwrenimiz galar!
Haýwanat dünýäsine, tebigata garaýşymyzy düýpli üýtgetmeli!
Emma adam nädýär? Ynanmarsyňyz, emma fakt!
1314-nji ýylda bir adamy süsüp öldüreni üçin Meýsi diýen fransuz obasynda süsek öküzi dardan asyp, ölüm jezasyny berýärler!
1494-nji ýylda ýaş çagany iýeni üçin doňzy sud dardan asyp öldürmäge höküm çykarýar, karar ýerine ýetirilýär!
Germaniýada bir adamy çakyp öldüreni üçin suduň karary bilen bal arylaryň öýjügini tüssä tutup, arylaryny gyrýarlar!

OSMAN ÖDE: — Gülkünç kemi ýok. Adamzat ösümlikler dünýäsine has hem ýöntem garaýar. Aslynda, gurçuklar, mör-möjekler ösümlikleri iýýär, ýöne mör-möjekleri iýýän ösümlikler hem bar... Köksüz, özgäniň hasabyna ýaşap ýören ösümlikler hem bar...
Bir garryja baba şetdalynyň aşagynda ýere gaçan şetdalylardan iýip otyrmyş. Ýaş bagban ýigit garrynyň çüýrük-çaryk iýip oturşyna haýpy gelip:
— Baba, agajyň ýokarsyna çykyp terjesinden, bişenjesinden iýsene... — diýipdir.
— Wah, oglum, hany agaja çykar ýaly gaýrat barmy, ýogsa näler gowusyny iýjek-le.
— Mün arkama baba, men seni ýokaryk çykaraýyn — diýip, ýigit babany arkasyna mündürip agaja dyrmaşyp ugraýar. Birden babanyň endamyna ýylan ýaly batyp barýanyny duýupdyr. Görse, hakykatdanam, baba onuň daşyna çolaşyp barýarmyş...
— Haw, baba, edýäniň näme? Meniň tenime batyp barýaň-la?
— Edähedim şeýle oglum meniň! — diýip, babanyň göwni bir ýalymyş...
Ýaş berdaşly ýigit gojanyň sakgalyny, saçyny agaja dolap:
— Edähediň ýaman eken, käriň şol bolsa gal onda agajyň üstünde — diýip özüni aşak oklaýar. Seretse, ol baba däl-de, çyrmaşyk eken. Çyrmaşygyň köki ýok, ýöne ol islendik agajyň daşyna oranyp, şiresini sorup, ony guradýar.
Rowaýat rowaýat weli, çyrmaşyk gaty netikaza ösümlik. Daşyndan seretseň, bir mymyjak, zellelikli närse däl. Ýöne rak keseli ýaly-da... Ragam adamda döräp, adamyň özüni iýip, şol adam bilen hem gabra gidýär.
Çagakak günebakara haýran galardyk. Gün nirä öwrülse, onuň ýüzem şol tarap! Häzir ylym ösümlikler dünýäsinde hem gaty köp açyş etdi. Synag geçirilip görlen köp ösümlikler ýakymly saz diňlese, has gowy ösýär. Ýakymly ysy gowy görýär. Asyl görlüp oturylsa, olar «pikirlenip, görüp hem duýup» bilýän ekenler. Alymlar şeýle eksperiment geçirýär. Iki sany deň ösüp oturan ösümligiň ýanyna alty-ýedi adam barýar, ol ösümliklere bolsa dürli datçikler goýlan. Şol adamlaryň biri ösümlikleriň biriniň baldagyndan eslini ýolýar. Ösümlikleriň ikisem galpyldap, datçikler olaryň duýan «howpuny» görkezýär. Soňra şol adamlaryň deregine, başga adamlary salýarlar, datçikler hiç zat görkezmeýär. Ýaňadan ýaňky adamlaryň içine ösümligi ýolan adamy hem goşup goýberýärler. Ösümlige kast eden adam golaýlaşandan, datçikler «howply ýazgyny» ýazýarlar...
Muňa näme diýjek!
Ösümlikler dünýäsi ýaňy öwrenilip başlandy. Olaryň häsiýetini öwrenýän abzallarymyz hem ýöntem. Emma ýöntem apparaturalar bilen şu gün şeýle zada göz ýetirdik, ýene bir asyrdan, on asyrdan nähili bolar?
Ösümlikleri şeýle owadan, syratly, hoşboý ysly ýaradan Allatagalanyň olara göz, beýni, gulak, dil bermäge güýji ýetmezmi?
Adamzat ýaňky çyrmaşyk ýaly. Ýerde, howada, suwda, ýeriň astynda ýaşaýan janly-jandary, ot-çöpi iýjek, iýjek, iýjek! Hiç zada akyly ýetmeýän çaganyň gözüni ýumup agzyny açyşy ýaly, diňe iýjek! Ýöne indi gözüni açyp seretmese, öz edýän işine akyl ýetirmese, ol zemindäki sazlaşygy bozýar. Sazlaşyk bozuldygam betbagtlyk onuň öz üstünden inýär...

NOBATGULY: — Haýwanaty, ynsanýeti, ösümlik dünýäsi, tutuş tebigaty bilen dünýä ullakan bir janly mehanizm! Adamzat onuň göwher täji däl, adamzat şol dünýäniň goragçysy, çopany, bagbany, şol dünýäni öwreniji! Ol şol dünýä bilen bagry badaşan. Şonda şol dünýä onuň saglygyny hem üpjün edýär, iýmitini hem, atyny ýeke çapsa, kataklizmden kataklizme, uruşdan urşa, betbagtlykdan betbagtlyga uçrar!
Dünýädäki bar zat Allanyň gudraty bilen ýaradylandyr, olaryň hiç biri gudratsyz bolmaly däl, sebäbi olary ýaradan Gudraty Güýçli ahyry. Dünýäde hasapsyz zat ýok, dünýä nähili zyýan ýetirseň, öz organizmiňe zyýan ýetirdigiň — onuň jebrini keselçilik, gaýry bela-beterler bilen hökman çekäýmelidir.
Adam özündäki mahluk instinktini ýok etmeli! Her edip, hesip edip, diňe özüň ýaşajak, öz gamyňy iýjek bolmak bolmaýar.
Adam bolsa krokodiliň ýüregini alyp, öz gursagyna goýjak — öljek däl! Adam maýmynyň tohumyny ýüzüne çalyp ýygyrdyny ýazjak — garrajak däl! Adam ähli zadyň tohumyny iýjek — aýşy-eşret etjek...

OSMAN ÖDE: — Dünýä Nuhuň gämisi! Nuh pygamber dünýäniň ähli janly-jandaryny dünýäniň garkyndan halas edip biziň günlerimize gelmegine şert döredipdir. Nuhuň tupany ähli ynsany, janly-jandary, ösümlik dünýäsini goramak üçin bize goýlan pygamber pendidir, dünýä simwolydyr!
Her döwrüň Hudaýy şol jemgyýetiň ýeten aň derejesindedir.
Категория: Söhbetdeşlik | Просмотров: 267 | Добавил: Haweran | Теги: Osman ÖDE, Nobatguly Rejebow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Söhbetdeşlik bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]