14:55 «Her zaman ýanyma gelsin Aýjemal» | |
"HER ZAMAN ÝANYMA GELSIN AÝJEMAL"
«Aýjemal» aýdymynyň döreýşiniňem öz gyzykly gürrüňi biziň günlerimize gelip ýetipdir. Guldogan şahyr garyp bolansoň, ol ilkä öýlenip bilmän gezýär. Soňam ony goňşy obadan Aýjemal atly gyza öýerýärler. Kyrk günden soň gelni gaýtarýarlar. Soň Guldogan şahyr gaýtarma gelnini wagty bilen yzyna gaýtaryp alyp bilmeýär, garyplygy sebäpli, galyňy doly tölemäge mümkinçiligi bolmaýar. Ir döwürlerde galyň üzmek üçin, bäş ýyla çenli garaşylypdyr. Guldogan şahyram şol möhletiň içinde toý nesibesi çekip, gaýyn obasyna barýar. Muny Aýjemal eşidýär-de: «Bu gün saz-söhbet eder, ertirem yzyna gaýtmanka, meni görmek üçin, ýabyň boýuna geler» diýen umytda bolýar. Görerin, didarlaşaryn, biri-ki agyz sözleşerin diýen maksat bilen Aýjemal ertesi guşlugrak suw kädisini alyp, ýaba tarap ýola düşýär. Guldogan şahyram şol maksat bilen onuň geçjek ýolunda gamyşlyga bukulyp, garaşyp oturýar. Üç ýylyň gaýtarmasy bolansoň: «Aýjemal adamsyndan tamasyny üzendir, belki, biziň nesibämizdir indi» diýip, obanyň bir jahyl oglany-da umytda bolup, oňa söz gatmak üçin, onuň ýolunda bukulyp garaşýar. Iki erkegiň biri-birinden habary ýok. Şol wagt Aýjemalam adamsyna golaý gelendigine ynanyp, ýaşmagyny aýyrýar-da, suw küýzesini eline alyp arkaýynlaşýar. Onuň golaýa gelenini du ýan obadaşy: «Aýjemal!» diýip, ýerinden turanda, bäş metr aňyrdanam Guldogan şahyr zöwwe ýokary galýar. Bu ýagdaýy gören Aýjemal: «Adamymyň ýanynda keseki bir erkek meniň ýüzümi gördi, maňa söz aýtdy» diýip, namys edip, bir ah çekip, özünden gidýär. Guldogan şahyr ony atasy öýüne eltýär. On dört gün özüne gelmän, bihuş ýatan Aýjemal bu dünýä bilen hoşlaşýar, namys edip armanly gidýär. Muňa gynanan Guldogan şahyr: «Her zaman ýanyma gelsin Aýjemal» diýip, içki duýgularyny goşga geçirýär. Oňa saz hem döredýär. Ol aýdymy ir döwürlerde Agajan bagşy-da gargy tüýdügiň ýanynda aýdypdyr, Amansaçly Annaýewem ussatlyk bilen ýerine ýetiripdir. Nobat bagşydan soň ýerine ýetiren Ödenyýaz bagşy oňa täze öwüşgin çaýyp, ol ajaýyp aýdymy şägirtlerine geçirýär. Nurtäç ANNAMUHMMEDOWA, «Garagum» | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||