15:30 Hezillik / hekaýa | |
HEZILLIK Şäheriň günbatarynda täze seýilgäh açyldy. Çüwdürimli, attraksionly giň meýdan. Oglumy, aýalymy, aýal doganym bilen oň çagalarynam alyp, tomsuň jöwzaly yssysyna garamazdan, gezmäge barýas. Şäherde seýilgähe gidýän ýörite awtobuslaryň gatnawy gurnalan. Hernä, ulag täzeje bolansoň, sowadyjysy işläp dur, içi salkynjak, aýnany açmak gerek däl, gaýtam howur girjek. Bizden başga ýolagçysam ýok. Bütin maşgala bolup, iň yzdaky dört kürsini eýeleýäs. Oglum, ýegenlem jagylda-jugul, awtobusyň içini bazara döndürdiler. Ýuwaşrak boluň diýsemem, gulak asanoklar, on-on bäş sekunt köşeşýärler-de, ýene kelleleri göçüp, gykylyga geçýärler. Awtobusuň sürüjisem käte aýnasyndan bulara göz aýlap, ýyrş-ýyrş edip, tüýs ýürekden ýylgyrýar. Howwa, bizem bir wagt çagadyk, mikrofon ýuwudan ýalydyk, kiçi bolsagam, sesimiz beri uly çyksyn diýýärdik. Duralgalar alagowurdy. Birgiden millet ýygnanypdyr. Awtobus hersiniň deňinde saklanýar, ýöne ulaga münýän adam ýok. Her duralgada-da ýakyp-ýandyryp barýan Güne çoýunyp duran elleri lokga torbaly aýal-ebtadyň, erkek kişileň iki-ýekesi üýşmekden saýlanyp, sürüjä söz gatýar, radiodaky aýdym-saz olaryň gürrüňini basýar, bir sözünem eşidemok, ýöne pylan tarapa barýamyň diýip soraýandyklaryny çaklaýan, sebäbi tahýaly sürüji her gezek ýok, men beýdemok diýýän terzde başyny yraýar. Men sürüjä duralgalarda uzak eglenme diýesim gelýär, onsuzam bu ot-epgegiň astynda bizden başga seýilgähe gidýän ýok borly. Durmuşyň hözirini görmejek bolsalar, gözleri gapylsyn. Meň lopbuş ýüzlüje ogluma nebsim agyrýar. Gara äýnegi bilen panamasynyň astyndan maňa naýynjar seredip, ýol ýene uzakmaý diýip, halys jowranýar, ýüregi gysýar. Awtobusda birden owadan aýdym ýaňlanyp ugrady. Gowy görýän aýdymym. Menem şäherimizi, ýodalardan ýöräp barýan nurana ýüzli adamlary, eli saýawanly gyz-gelinleri, ap-akja maşynlary, akja jaýlary, nobatçylykda duran esger ýigitleri synlap, bagşy bilen deň hiňlenip başlaýan, oglum bilen ýegenlerim bu bolşumy geňläp, jykyr-jykyr gülýärler, soňra gaýtalamasynda özlerem aýdyma goşulýarlar. Sesimiň owadandygyny kän kişi aýdýardy, ine, indi sürüjem tassyklaýar, aýdym aýdyşyma haýranlar galyp, başyny ýaýkaýar. Durmuş şeýle hezil ahyryn! Muňa düşünmeýänleriň garagy aksyn! Ahyrsoňy: – Saklanma, sürüji! – diýip gygyrdym. – Arkaýyn gaza basyber. Bu gün üýtgeşik gün. Adamlary döweläp geç welin, saklanma! Sürüjä aperin, meň diýşim ýaly edýär. Öňünden çykany kakyp barýar. Maksat BÄŞIMOW. | |
|
√ Ýalanyň gymmaty / hekaýa - 19.04.2023 |
√ Men bada-bat dörtýaşly bolup doguldym... / monolog-hekaýa - 17.05.2023 |
√ Şapalak / hekaýa (...jyk) - 24.04.2023 |
√ Ýazsam okarlarmyka? / hekaýa - 22.04.2023 |
√ Durmuşy dynnymjyklar / hekaýalar toplumy - 07.01.2023 |
√ Ýaşlyk joşguny / hekaýa - 08.01.2023 |
√ Çuňluga ymtylyş / hekaýa - 24.05.2023 |
√ Gijeki otly / hekaýa - 12.03.2023 |
√ Eddanyň öýlenişi / hekaýa - 06.01.2023 |
√ Gorkmagy öwrenmek / hekaýa - 07.04.2023 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |